08:55 Jüneýt hanyň Owganystandaky durmuşy | |
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER
Taryhy makalalar
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn! JÜNEÝT HANYŇ OWGANYSTANDAKY DURMUŞY! Jüneýt han onlarça atlylary we telim düýeli kerweni bilen Owganystana geçýär. Garaşylyşy ýaly, onuň yýzyna birnäçe müň Ýomut-Türkmen maşgalasy düşüp gidipdr, olar ony öz tire-taýpalarynyň hany, daýhanlaryň goragyna çykan hakyky han hasaplamaklaryny dowam etdirýärdiler. Owganystanda Jüneýt hana Eýrandakydan başgaça garadylar, ýogsam bu ýurtda Türkmeniň sany azdy. Heratyň häkimi Abdulrehim, han Jüneýde Heratyň 25km günbatarynda ýerleşýän «Kefter han» obasynda mekan tutmaga rugsat berýär. Sowet hökümti Jüneýt hana howandarlyk eden owgan häkimiýetlerine aýgytly protest bildirýär, onuň güýçlerini owganystanyň has jümmşine/içerki ýerlerine çekmegini talap edýär, diýmek, Hanyň güýçleri ep-esli bolup, olar Sowet hökümetini howsala düşüripdir. Owgan hökümeti SSSR-iň basyşy esasynda Abdulrehim handan, hut olaryň- ruslaryň- bildirýän talabyny ýerine ýetirmegini isläpdir, Jüneýt hanyň özüni bolsa Kabula ýollamagyny sargapdyr. Ýöne Abdulrehim, arassa paýhasly adam bolansoň, öz başlyklarynyň hiç bir görkezmesini ýerine ýetirmändir, ol, daşary işler ministrligine: «Jüneýt han hiç hili kanun bozulmalara ýol bermedi» diýip, telegraf arkaly jogap beripdir. Jüneýt han ýurtdan çykyp gaýdansoňam, Garagumdaky göreşler köşeşmändir. Gozgalaňçylar hökümet goşunlaryna garşylyk görkezmeklerni dowam etdiripdirler. Sowet häkimiýeti adam güýji, ýarag, tehnika bilen, diňe bir basmaçylaryň düşelgelerini däl, eýsem gozgalaňçylary goldaýan maldarlaryň goşlaryny-da bombolaýar. Uçarlarynyň agdyklyk etmegine garamazdan, Sowet hökümeti uzak wagtlap gozgalaňçylar hereketini basyp ýatyryp bilmeýär. 1929-njy ýylyň iýun aýynyň ortasynda serhediň aňyrsyndan gelen atlylar topary we ýurduň içindäky gozgalaňçylar hereketlerini ýaýbaňlandyryp ugraýarlar. Şol ýylyň 15-nji iýunynda Jüneýt hanyň ogly Eşi hanyň ýolbaşçylygynda 700 ýigit Türkmenistanyň serehetinden geçip, Akrabat serhet postinyň üstüne hüjüm edýärler, ýöne söweşde köp ýitgilere sezewar bolup, yza çekilýärler. Belki-de, munuň özi atyşyk arkaly razudka/jasusi geçirmekdi, çünki, Eşi han soňra-da serhetden birnäçe gezek geçip, Türkmenistana çuň aralaşyp, tiretaýpa serdarlary, ýerli baýlar, ruhanylar bilen duşuşypdyr. 1931-nji ýylyň maý aýynda Eşi hanyň, Horezm ýaýlasynda, Garagumyň demirgazygyna, Daşhowuz etraplaryna gelip-gitmegi has ähemiýetlidir. Ol bu ýerde öz atasynyň tabşyrmagy bilen, ýerli gurbaşy Ahmat beg bilen duşuşyp, Jüneýt hanyň ygtyýary bilen ony han diýip yglan edýär. Bu sapar Eşi hanyň soňky gelip-gidişi bolmaly. Ol şonda watandan ýüzden gowrak düýeden ybarat kerweni, sekiz sany arassa tohumly Türkmen atlaryny, her biri dört kilogram bolan 45 kümüş tokgasyny, iki halta kümüş şaýlary we pullary, köp mata- marlagy, halyny hem-de ýüze golaý dürli kysymly we sistemaly tüpeňi alyp gidýär. Bolşewik, ÇK-istleri Jüneýt hany Owganystanda-da öz gününe goýmadylar, ony serhetden yýzyna geçmäge, Türkmenistana dolanmaga iterjek bolup, çyr- çytyr ýapyşdylar, olaryň makesady ýurda öwrülen badyna ony tutup, gozgalaňçylar hereketiniň görnükli liderinden belli-külli dyýnmakdy. «ÇK-nyň agentlerinden, gelip-çykyşy ermeni bolan, özi-de soňra, 1937-nji ýylda Stalinyň gazabyna uçrap Fransiýada ýok edilen Georgi Sergeýewiç Agabekow, Türkmenlere garşy eden jenaýtlary, Enwer paşanyň ýok edilmgi bilen bagly we Türkmenistandan, Owganystana geçen bosgunlary yzyna getirmek üçin eden işleri dogrusynda Parise sygnan mahaly ýazan ýatlamasynda[1] şeýle maglumat beripdir: «Owganystana sygynan Türkmenleriň ýagdaýyny öwrenmek üçin Amiderýadan geçip, ýörite ilçi hökmünde Kabula bardym. Bu döwletde näçe müň Türküstanly bosgun maşgalasy, şol sandan müňlerçe hojalyk Türkmen bosguny ýerleşipdir. Türkmenleriň sany 30 müňden aşýardy. Men Türkmenler bilen duşuşyp, olary yzlaryna dolanmaga çagyryp, dolanyp baranlara bolsa hiç hili azar berilmejegi bilen ynandyrdym. Şol wagtyň özünde Türkmenistanyň «GPU»-synyň başlygy «Biliski»ä hat ýollap, gaýdyp baranlary oňat garşy almagyny tabşyrdym. Moskwa, Türkmen hanlarynyň dolanyp barmagyny islemeýärdi, sebäbi olaryň ýene-de gozgalaň turuzmagyndan howatyr edýärdi. Sowet hökümeti olaryň diňe ýok edilmgini maksat edinýärdi. Howanyň gowlaşmagy bilen bosgunlaryň ilkinji topary Amyderýadan aşyp, Türkmenistana barýar. Emma Biliski namartlyk edip, öwrülip baranlary rehimsizlik bilen tutup, mal-garalaryny alýar. Bosgunlar ýene Owganystana dolanyp, gelen batlaryna bolsa: ― Asla ruslara ynanmaň adamlar-diýp jar çekýärler... meniň misýam bolsa şowsyz tamamlandy. » 1932-nji ýylyň ýanwarynda «GPU» Owganystana ozal Jüneýt hanyň egindeşi we ynamdar adamy bolan birini hakyna tutma agent/jasus edip iberýär. Oňa Jüneýt hanyň we onuň golaýyndaky adamlaryň niýet-maksatlaryny bilmek bilen hem kanagatlanman olary Türkmenistanda hökümte garşy çykyşlaryň bişişýändigine, olaryň hereket edýän anti-Sowet gozgalaňçylar guramasy tarapyndan taýýarlanandygyna, guramanyň hökümtiň ähli şahalarynda, şol sanda milisiýalarda-da/polis, sowhozlarda-da daýhanlarda, edaralarda-da öz adamlarynyň bardygyny, ykrar edilen serdaryň- Jüneýt hanyň- ilkinji çagyryşy boýunça Sowetlere garşy çykyş etmäge taýýardyklaryny ynandyrmagy-da tabşyrdylar. Hamala, häzir gozgalaň götermek isleýänlere tire-taýpa serdarlary we ruhanylar ýolbaşçylyk etmäge taýýarmiş, ýöne olara diňe Jüneýt han ýaly has at-abraýly şahsyýetiň baştutanlyk etmegi gerekmiş, onuň üçin-de ony öz gözleri bilen göresleri gelýärmiş, goý, ol Türkmenistana gaýdyp gelip, bu mukaddes işe ýolbaşçylyk etsin. Bu prowokasiýon pyrryldagy öňe sürýänler, Jüneýt han özleriniň toslan «rowaýatyna» ynanyp, duran ýerinden Türkmenistana eňer öýdüp, umyýt edendirler. Ýöne han, hile çeňňege düşmändir, ýa ol öz ozalky pikirdeşine ynanmandyr ýa-da ýaşynyň soňunda ata çykyp, ýaraga ýapyşmak islemändir, bu oňa ýeňilem düşmezdi. GPU-nyň, ýüzüne gozgalaňçylar hereketiniň missarynyň/ilçisiniň/ perdesini geçip giden agenti Owganystandan gaýdyp gelenden soň, Jüneýt hanyň jogabyny aýdyp beripdir: «Şunça islesem-de, men gozgalarňçylara ýaragly kömek edip bilmerin. Özüm-a garradym, öýden çykman otyryn. Oglum (Eşi hany göz öňünde tutýar) bolsa söwda bilen meşgullanýar. Meniň özüm bu ýerde hiç hili häkimlige eýe däl, başga döwletleriň işine goşulmak islämok. Men bir el_garama adam, bu ýeriň häkimiýetleriniň erkine boýun synýan. Bu işe (gürrüň Jüneýt hanyň Türkmenistana baryp, ÇK-istleriň toslan hereketine ýolbaşçylyk etmegi hakynda) ýapyşmaga mende güýç-kuwwat, mümkinçilik ýok, bu işe men baş urman...» Jüneýt hanyň we oglunyň öz gün-güzeranlaryna ulaşmaklary bilen Türkmenistanda gozgalaňçylar hereketi togtamady. Ol täze güýç bilen tutaşdy. Onuň hatarlaryna totalitar rejim bilen mäşi bişişmedik täze göreşijiler gelýärdi, ol rejim bolsa hilegärlik bilen başgaça pikirlenmäniň köklerini köwýärdi, oppozisýany basyp ýatyrýardy, oňa Sowet häkimiýetine garşy söweş yglan etmek üçin guramaçylykly işleri alyp barmaga mümekinçilik bermeýärdi. Owganystana geçen wagtlarynda Jüneýt han 66 ýaşynda eken. Ýerli häkimiýetler han we onuň ýanyndakylary Owganistanyň watandaşlygyna (raýatlygyna. S.G) kabul edip,1936-nji ýylyň27-nji aprelinde /7sur 1315-de olara watandaşlyk dokumentini gowşyrýarlar. --------------------------------- [1] Agabekowyň ýatlamalary. Lomaten gazetiniň neşrinden. Paris 1938 Arne GOLI Taryh ylymlarynyň kandidaty | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||