19:51 Kakalar gününde Tatlysesiñ dramatiki başdan geçirmesi | |
KAKALAR GÜNÜNDE TATLYSESIÑ DRAMATIKI BAŞDAN GEÇIRMESI!
Jemgyýetçilik tankydy
Düýn “Kakalar günüdi”. Tanşym Süreýýa Üzmez bir hat ugradypdyr. Hatda: “Kakasy barlar durmuşda 1:0 öñde barýar” diýilýär. Dogrudyr, emma... Çaga bar, çaga bar! Kakalaryny başyna täç edýänleriñ bar bolşy ýaly, olara azar ýamanyny berip, kakadygyna puşman etdirýän dogman geçenlerem bar. “Kakalar güni” bolan düýn gazetlerde meşhur bir kakanyñ dramatiki başdan geçirmesi bardy: Habarda Ybraýym Tatlysesiñ “Oglum maña azar berýär! Heniz-ä göremok welin, ýanynda ýaragy-da bolup biler” diýip polisiýa bölümine arz edendigi aýdylýardy. Ata bilen ogluñ arasyna käbir birnäçe bähbitler (pul we ş.m.) ara düşse, birentek çagalar kakalarynyñ üstüne, ynha, şeýdip çöwjäberýärler! ■ AH, ŞU PUL… “Bular nähili perzent bolýa, allajanlarym?” diýip, agzyñyz uçuklar, emma gatam bir geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok. Taryhda häkimiýeti ýa-da hazynany ele geçirmek üçin patyşa-şa-korol-soltan-han-beg diýmän kakalarynyñ ganyna galyp, häkimiýet kürsüsinde oturan perzentleriñ sany azmy näme? "Korkusuz" gazetiniñ habar bermegine görä, Ybraýym Tatlyses öz eýelik edýän ýigrimi ýaşaýyş jaý binasynyñ satuwy sebäpli, ogly Ahmet Tatlynyñ azar berýändigini aýdyp, polisiýa bölümine şikaýat edipdir. Onuñ arzasynda şeýle jümleler bar: “Şu arzany ýazmak bilen men, oglum Ahmet Salim Tatlysesiñ üstünden arz edýärin. Elinde ok atýan ýaragynyñ bardygyny anyk bilemok, emma bardyr diýip güman edýärin”. Kakalar gününde iññän gynançly ýagdaý bu... Emma Nazym Hikmet we Jan Ýüjel ýaly ussat şahyrlar dürdäne goşgularynda (hemmeler deý) ata söýgüsini açyp görkezipdiler. Okap göreliñmi: ■ "MEN HASAM KAKAMY SÖÝÝÄN" (“EN ÇOK BABAMI SEVDİM”) Garamyk deý ýerden biten çagajyk, Çyrpy aýaklañ misli ýolnaýjak bolýar... Ylganylşy ýaly döwüñ yzyndan Jalataý kakamy ýüregim söýýär… Ýogsa bilenokdam ýaşaýan ýermiz, Oturmaz, hemişe gyssagly işi! Karta esederdim nirä gitdi diýp, Döwrüñ iñ ajaýyp magaryf şefi... Şeýdip öwrenişdim ýaban ýatmaga… Begenip uçardym başym syzlasa. Gyzgynym geçäýse kyrkdan ýokary, Çagyrardylar ony tiz Stambula. Yrzalaşmak gelişmezmi ogula? Keselkäm başardym bu yşk oýnuny. Iñ soñky barlagna gidýänçä geýnip, Ohh diýp gursagna gömdüm burnumy. Ol uçmaha giden döwüñ yzynda, Özümi unudyp selpäp ýörşüme. Başga-başga yşklar, mähir-muhabbet Açyldy nepesim, pikirim, dünýäm, Durmuşda men hasam kakamy söýýän! Jan ÝÜJEL. ■ DIÑE ELIÑ ÖPMEK ÜÇIN BAŞYM EGILER ("YALNIZ ELİNİ ÖPMEK İÇİN EĞİLİR BAŞIM”) Kaka! Her Täze ýyl Saña aýtjak Kelam agyz sözüm bar: "Seni hernäçe söýsemem, Şeýle bir köp bolsun Ömrüñden geçen ýyllar…" Kaka! Kakam, agam, dostum, gardaşym! Ne zulum, ne ölüm, ne gorky başymy egip bilmez! Diñe señ eliñ öpmek üçin egiler başym. Nazym HIKMET. ■ HENEK: "Eşekler we güller!" Iki eşek çaýyrlyk meýdanda otlap ýörşüne özara gürrüñ edýärlermiş. Olaryñ biri: - Walla, şü adamlaryñ bolşuna haýran galýaneý! - diýipdir. - "Bilbil, bilbil" diýip, şuny dagy arzylap, hil bir guş ýaly edýärler. Düýn dañ atýança bilbil saýrap meni ýatyrmaga goýmady. Näme many alýarkalar şunuñ sesinden? Beýleki eşek başyny yrap, ony makullaýarmyşyn: - Şony aýtsana! Otüki bilbil diýdiler, gül diýdiler, näme many alýarlar, men-ä bilemok... "Gül, gül" diýip dünýäni gowurýarlar, men düýn bir topbak gül iýdim, bir gram duzy-tagamy ýok eken, walla! ■ GÜNÜÑ SÖZI “Bir ata ýüz perzende sereder, ýüz perzent bir ata seretmez!” Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||