…Şagalaň-şowhun öýi göçüräýjek bolýar. Çagalaryň şadyýan gowury, olaryň ellerindäki jäjekleriň jüýgüldisi, telewizor diýseň gygyryp dur, ortada ýazylan saçagyň üsti dürli-dümenden münder-münder, “üstlerine düňderäýmesinler” diýen howatyrlanma bilen diwara golaýrak dikilen emeli arça, ýaldyrawuk oýnawaçlardan ýaňa zer-zerbap gupba çalym edýär. Munuň ýaly elpe-şelpelik haçan gören zady, ýaňy emedekläp ugran körpe tokar, saçagyň üstünde agnamaga dyzaýar. Ejesi bilen gulpaklyjalaryň ulujasam onuň yzynda “haý ýet, haý tut” bolşup, elem-tas. Ony gapyp aldym diýseler, tokarjalaryň körpeden ulusy bilen gulpaklyjalaryň körpesi, öňem-ä garynjyklary arkalaryna aýlanyp giden welin, henizem garyn doýsa-da göz doýman, elleriniň ýeten ýerinden näme gabat gelse dadyşyp otyrlar.
-Gy-y-ýw, goýuň-uw, indi! Ertirem bar şu zatlar! Gusup-gaýtaryp bar kişä iş bolýaňyz häzir!-diýip ejesi, şugundyrly işdäaçara ilk-ä çaňňalyny uran, indem aýagyny sokmaga dyzaýan körpäni gyzyna tutdurýar-da, dadyjylara garşy topulýar. Olary desterhan başyndan çekende-de:
-Eje, banan bilen çişligi garyp iýseň ýamanam süýji bolýan ekeni!-diýip tokarja agyzjygyny şapbyldatsa, “Eje, hurma bilen çorba içseň, ondanam gowy bolýa” diýip gulpaklyja barmajyklaryny ýalaýar. Şol erew-berewligiň arasynda-da özüne üns berilmeýänliginden peýdalanan kakalary nirädir bir ýere gürüm-jürüm bolýar. Onuň ýitirim bolanyna kän wagt geçmänkä-de, gapylary açylýar. Jowur ak sakgaly dyzyna ýetip duran, gyrmyzy donly, ak silkme telpegini gaşlaryna çenli çümre geýen, aýagy ak ýüň joraply, eli haşamly hasaly Aýazbaba, Täze ýyl sowgadyndan doly juw-ak haltasyny egnine atyp işikden ätleýär:
-Sugunlarym toýnak kakyp,
Geldim uzak ýollar söküp.
Balalarmy gutlamaga,
Körpelermi ýatlamaga.
Sowgat haltam hyryn-dykyn,
Geliň bäri alys-ýakyn.
Sowgat berjek goşgy aýtsaň,
Sowgat berjek aýdym aýtsaň,
Peşgeş etjek tansam etseň.
Nämäň bolsa ýaýdanmagyn,
Boş goýmaryn aýdanňy men.
Täze ýyly gutlamaga,
Uly-kiçi ýatlamaga,
Geldim alys ýollar söküp.
Bulutlardan aşak böküp,
Jaňňyr-juňňur jaňym kakyp,
Ýüzin salyp sugunlarmy,
Geldim alyp sowgat barny.
Hany meniň gyzjagazlam,
Enaýyja güljagazlam?!
Nirde durlar oglanjyklam,
Haýsy bezzat, haýsy aklym?!
Her biriňe peşgeş taýyn,
Geliň bäri, gujaklaýyn!
Geldim uzak iller aşyp,
Derýalardyr-çöller aşyp,
Gutlamaga joşup-joşup!
Emedek jan gelewersin,
Ilki berjek şonuň paýyn.
Şöhle gulpak alawersin,
Sargyt eden kümüş Aýyn.
Hany nirde tokar bezzat?!
Oňa bu gün käýýemäliň!
Ýöriteläp edip hezzet,
Peşgeşimiz aýamalyň!
Sowgatsyzam goýaýmalyň!
Hiç kim bu gün ynjamasyn,
Göge galsyn şagalaňmyz.
Ýürejikler sanjamasyn,
Begensinler çagalammyz.
Şatlansynlar ene-ata,
Gaýgy-gamlar ýatdan çyksyn.
Bagtymyzyň bedew aty,
Al-asmanda toýnak kaksyn!
Täze ýylda arşa böksün!
Täze ýylyňyz gutly bolsun!...
Gykylyk-galmagal tapba kesilýär. Ulurajyklar-a sanawajyny sanaýan Aýazbaba aňk bolup seredişýärler. Gözüni tegeleýän körpeje-de ýadyrgap, uýasyna gysmyljyraýar. Onýança ulular “Aýazbabany” tanaýarlar-da, kiçilere şowhun berip başlaýarlar.
-Wiý bulary! Boluň hany, boluň, taýýarlan goşgyňyzy aýdyp beriň! Hanha, size Aýazbaba sowgadyny getiripdir!-diýip ejesem hasyr-husur tokarja bilen gulpaklyjanyň ellerini desmala süpürişdirýär-de, olary aýaga galdyryp Aýazbaba garşy itekleýär.
Gulpaklyja tokarjadan çalt özüni dürseýär. Towsaklap Aýazbabanyň ýanyna barýar-da, donunyň syýyndan ýapyşýar. Kellejigini galdyryp, sakgal-murtdyr çümrüp geýlen telpekden ýaňa ýüz-keşbi saýgartmaýan Aýazbaba çiňerilýär:
-Aýazbabam geldiňmi?!-diýip jedirdeýär.
Aýazbaba gözlerini güldürip ýogyn sesi bilen jogap gaýtarýar:
-Ho-ho! Geldim gyzjagazym!
-Maňa sowgatjygam getirdiňmi?!
-Ho-ho! Elbetde getirdim, gyzjagazym!
-Onda men saňa ýat tutan goşgymy aýdyp beräýinmi?!
-Ho-ho! Aýdyp ber, gyzjagazym!
Gulpaklyja daşlaryna hümer bolan doganlaryndan jinnekçe myzaýyk etmän, goşgusyny bir demde tatyrdadyp goýberýär. Göwnühoş Aýazbaba:
-Berekella, gyzjagazym! Ine, al sowgadyňy!-diýip gulpaklyja sowgadyny uzadýar.
-Ho-ho! Hany, indi kim maňa goşgy aýdyp, sowgadyny almakçy?!
-Bar-da, çyk-da!-diýşip agalarydyr-uýalary ejesiniň arkasynda gizlenjek bolup çyr-çytyr dert-azara galýan tokarjany itekläp, öňe çykarýarlar. Ol gyzaryp-bozaryp, yzyna, hümer duranlaryň arasyna özüni urjak bolýar. Emma töweregini gabaýanlar oňa beýtmäge ýol bermeýärler. Gaýta, ejesi başlyklaýyn:
-Bol-da, aýt-da, näme dymyp dursuň?! Iki aý bäri günde gije iş edinip ýat tutdurdyg-a, saňa goşgyňy!-diýşip ony ýerli-ýerden çekeleşdirip, dürtekleşidirip başlaýarlar. Muňa ojagaz hasam aljyraýar. Ýaňajyklarynda heýgenek bişiribermeli bolup gyzarýar-da, ýere bakýar duruberýär. Birdenem zoraýakdan nämedir bir zatlary burnuna salyp, bir demde myňňyldaşdyryp goýberýär.
Aýazbaba-da näme, aýazyň babasy bolsa-da adam ysy bar bolara çemeli, tüňňi tokarjanyň gözgyny halyna dözmeýärmi nämemi:
-Ho-ho! Ýeri näme, bujagaz oglanjygam goşgusyny okady hasap edäýeliňmi, onda?!-diýip haltasyna elini sokýar.
Emma tokarjanyň ejesidir-doganlary doňýüreklik edip, bir Aýazbabaça bolmaga-da gaýratlary çatmaýar. “Ýok-da ýok” bolşup, ýerli-ýerden nägilelik bildirýärler:
-Ýok Aýazbaba! Gowuja aýtsyn, hiç kim eşitmedi ahyry! Näme, bütin öý bolup tutuşlygyna şunça iş edinenimiz biderek bolaýmalymy, indi?! Hany, bol, öwredişimiz ýaly ýaňlandyryp aýt, sowgat alasyň gelýäni çynyň bolsa!
-Aýrylyňsan-aý, sowgadyňyzam gerekgä, hiç zadyňyzam!-diýip çeti gyzan tokarja, nadaralygyny edip hüňürdeýär-de, urdurylyp ortadan çykmakçy bolýar. Ýene-de mümkinçilik bermeýärler. Daşyna egele bolan maşgala diwaryny böwserden ol ejiz gelýär. Bokurdagy gurap tüýdüge dönen tokarja, özüniň alaçsyzlygyny durky-düýrmegi bilen syzýar. Ýüregi gysýar. Ýeke pursatda gözjagazlary bilen çar ýanyny gyzyl-dörjük edýär. Gaçyp sypara umyt ýok. Töweregindäkileriňem hemmesinden gök ýakyn. Bir şü, birhili öte tanyş görünýän gözlerini güldürip çiňerilýän Aýazbabanyň delalaty degäýmese başga dadyna ýetip, rehimi injek ýok. Ýeri, muňa näme diýip näme aýtjak diýsene?! Öljekmi-ýitjekmi, indi ejeňden, doganlaryňdan saňa bir keseki Aýazbaba ýakyn bolýandan bolup galsa?! Ýogsa-da şu kakasy niredekä?! Hälden bäri gözüne ilenok. Şol bolan bolsa-ha şu wagt beýdip sütem etdirmese-de etdirmezdi. Oglanjyk ýene-de gabak astyndan daş-töweregini birlaý gözden geçirýär. Emma kakasyny tapmaýar. Ahbetinem depesinden inen towky-musallaty tizräk başyndan sowmak üçin diňe çar ýanyny gallaşyp, syrtaryşyp, heşerleşinişip duranlaryň talabyny berjaý edäýmese bolmajakdygyna düşündimi nämemi, guran dodajyklaryny ýalaşdyrdy:
-Onda maňa bir owurt suw bir beriň!-diýip hüňürdedi.
-Wa-ha-ha-ha…
Hamana ol gaty gülkünç bir zat aýdan ýaly, töweregindäkiler ala-pakyrdy boldular. Hatda bulgura guýup miwe şerbedini uzadan ejesem, gülküsini saklap bilmän tasdanam şerbedi dökän-saçan edýärdi.
-Nämä gülýäňiz-äý?! Özüňiz bir şunuň ýaly bolup görüň, onnoň bilersiňiz!-diýip bulgury başyna çekenden soň birneme nepesi durlanyp ekezlenen tokarja hüňürdedi. Megerem, goşgyny gaty çyndan aýtmakçy bolanyňda etmelisidir-dä, bäş deşigini bir nokada üýşürip, agras keşbe girdi. Aýazbaba dikanlady. Gözünde oky bolsa urjak:
-Aýdybereýinmi onna?!
Aýazbaba pyňkyrman zordan saklandy. Bogazyny arçan kişi boldy:
-Üh-he, üh-he! Ho-ho! Aýdyber köşş…üh-he, üh-he! Ho-ho! Aýdyber oglanjyk! Sen ýaman çynlakaýlandyň welin, goşgynyň erbediniňem iň betini çypbakaý-çynyň bilen aýdyp bermekçi öýdýän, hä, oglanjygym?!
Eýýäm içinden ýat beklenen setirleri gaýtalap başlan tokarja, Aýazbabanyň kinaýasyna üns bermedi. Baş atmak bilen çäklendi. Gowur kesildi. Hemmeler üşerilişdiler.
Emma…
…Täze ýylda Aýazbaba goşgy aýdyp bermek tokarjanyň nesibesinde başdan-burun ýok bolara çemeli. Agzyny açmaga häzirleneni hem şoldy welin, garma-gürmelikden peýdalanyp, hümer duranlaryň aýaklarynyň arasyndan itenek-çomanak geçen körpeleri, emedekläp Aýazbabanyň ýanyna bardy-da, synyndan aslyşdy. Lopbuja göwrejigini zordanjyk göterip aýagüstüne galdy. Näme, güjükleri hem emedekleýänçileri sakgal-murt, telpek-don ýa-da ýogyn ses bilen aldap boljakmy, eýsem?!
-Kakga!-diýdi-de, dabaraly gygyraga-da, posalajyk eli bilen Aýazbabanyň dyzyndanam aşak sallanyp duran sakgalyndan tutup, bir dartdy welin, öňem-ä çalamydar iltelgi duran ötürtme sakgal-murt sypba sypyryldy gaýdyberdi.
Beýlekiler-ä, hatda şöhle gulpaklyja çenli, öňem beletdiler welin, goşgy aýtmaga häzirlenen tokarja aňk-taňk boldy galaýdy. Agzyny öweldip sähel salym durandan soňam gözi bilen görýän zatlary aňyna ýetendir-dä, ýüzjagazy boz-ýaz boldy.
-Äý kakam ekenä-how! Ýok bolsa dagy, meni näme üçin beýtdiňiz-äý?!-diýip ýüzjagazyny bolşundan bäşbeter kürşertdi-de, doganlaryny iteleşdirip, içki otaga girip gitdi.
Birhili boldular. Gyzan şüweleňe suw sepilene döndi. Saçagyň başyna geçselerem hiç kimiň iýip-içip weji bolmady. Hiç zat bolmadyksyraşyp telewizora tiňkelerini dikdiler. Emma ählisine mälim. Tokarjanyň saçagyň başyndaky ornam, şatlyk-şagalaňdaky ornam ep-esli bolup oýulyp dur. Ejesi içki otaga gitmek üçin ýerinden gobsundy.
-Otur! Özüm!-diýip Aýazbabanyň eşiklerini sypyryşdyryp bolan kakasy içki otaga ýöneldi. Girdi. Alagaraňky. Diňe tutusy syrylan gaýraky penjireden aýyň ýagtysy çala düşýär. Penjiräniň erňeginde-de dulugyny dyzynyň üstünde goýup, ýeňsesini gapa öwrüp tokarja otyr. Maňlaýjygyny aýna diräpdir-de, nirädir bir uzaklara seredýär. Kakasynyň girendiginem görmeýär. Ýa-da görmedik bolýar.
-Köşşäm!
Jogap bermeýär.
Kakasy ýakynlaýar-da onuň garaja başyny sypaýar. Mizäýinem diýenok.
Kakasy usullyk bilen penjiräniň erňeginde oturýar-da, tokarjany göterip gujagyna alýar. Göterende bilgeşleýinden hykylan kişi bolýar.
-Weh! Köşşäm, kän iýipsiň öýdýän, agralypsyň birhili!
Oglanjyk pessaýja hikirdeýär-de, gozganjyrap, kakasynyň gujagynda has jaýlaşykly ornaşýar. Dymýarlar. Penjireden nirädir bir alys ýerlere seredişip otyrlar. Gaýraky köçäniň jaýlary, olaryň öňüni ýagtyldýan çyralar, köçäniň ugrundaky sütünçyralar görünýär. Ondan aňyrrakda bolsa gijeki asmanyň ýyldyzlardan doly gümmezi Zemin bilen sepleşýär. Ondan aňyrda bolsa Hudaý bilsin, nämeleriň bardygyny, nämeleriň nämeler bilen sepleşýändigini…
Birhaýukdan soň tokarja pyşyrdaýar:
-Kaka!
-Hümm!-diýip kakasy gujagyndakyjaň süýr depesinden ysgaýar.
-Dogrudanam Aýazbaba ýokmykar-aý?!
Kakasy birsellem sesini çykarman oýurganyp oturýar. Soňra dillenýär:
-Gynanaýdyňmy, köşşäm?!
Oglanjyk “jykk” edýär.
-Ýok-la, kaka! Ýöne şü ejem dagy näçe wagt bäri: “Aýazbaba aýdyp berer ýaly goşgy öwren” diýip bizar etdiler-dä! Gün bermän öwredenlerinden soňam…
Oglanjyk sakyndy.
-“Aýazbaba kakam bolup çykaýdy, biderek öwrenipdirin” diýýäňmi?-diýip kakasy gujagyndakyň agzyna salgy berdi.
Tokarja gyssandy:
-Ýo, ýo kaka! Men beýle diýjek bolamok. Ýöne birhili…
Ol ýene-de söz tapman kösendi. Birdenem kakasynyň gujagynda towlandy-da, ýüzjagazyny onuň döşüne berip, içine giräýjek bolup gysmyljyrady.
Kakasam ony has mäkäm gujaklady.
-Bolýar-laý, köşşäm! Bolanda-da bolmanda-da, ikimize näme, şo?! Esasy zat ejeň-doganlaryň bilen biziň ikimiz bolsak bolýar-da, dogry dälmi näme?!-diýdi.
-Hawa kaka!-diýip tokarja onuň goltugynyň aşagyndan bir ýerlerden boguk seslendi. Biraz soňam şol ýerden onuň jykyrdysy geldi:
-Ýöne kaka, senem-ä ýaman betje Aýazbaba bolup bilýän ekeniň-äý!
Kakasy ýylgyrdy:
-Senem-ä köşşäm, goşgyny süňk edip aýdýan ekeniň!...
Hekaýalar