…-Eje, onyň-a top oýnap başagaý! “Ejem bahymrak gidip gel” diýýä, diýsem, gaýta: “Toza, şu mahal şu taýdan çalt! Gözüme görünme!” diýip gygyrýa!-diýip üçünji ugradan çaparam iş bitirmän gelenden soň, hamyr ýaýyp oturan ejesiniň girre gahary geldi. Şol durşuna, bili öňlükli, hatda elindäki oklawyny goýmagam ýadyndan çykaryp, köçä tasady.
Ala-goh bolşup ýeltopuň yzynda iki ýaňa ýelk ýasaşyp ýören sekiz ýaşdan on-on iki ýaşa çenli oglanjyklar oňa üns bererli däl. Oýna kelleleri gyzypdyr. Hasam olaryň arasynda hekemsiräp ýören on ýaşlaryndaky dogumlyja tokarjanyň gohy dik asmana galýar:
-Eý salpygulak, jyzmaň-ow! Ýaňy ol üşän oýunçyňyz derwezäň öňünde topy elledi. Biz on bir ädimlik depmeli, indi! Şeýle dämi, ýa?!-diýip garşydaşlarynyň ekabyrraklary bilen ütmeleşip başlabermegiň bäri ýanynda hüžžerilişýär.
-Gyýw-gyýw!-diýip ejesi tokarja gözüne ilen dessine onuň ünsüni çekjek bolup gygyrdy. Onuň welin piňine-de däl. Ýa eşitmeýär. Ýa-da eşitmedikden bolýar.
-“Gyýw” diýýän men saňa, “gyýw” bolman galan “gyýw” bolman galmyş!
Ejesiniň çypbakaý çynydygyny, beýdip ähmiýet bermedik bolup, ony başyndan sowup bolmajagyny aňynda aýlandyr-da, oglanjyk galmagalyny goýdy-da, içiýangynlylyk bilen ejesine bakdy:
-Näme-aý?!
-Merez-äý, saňa! Zäher-aý, saňa!
Tokarja bäş deşigini üýşürip ejesiniň ýanyna golaýlady.
-Näme boldy-aý, şumat?! Samalýot gaçdymy öýmüze?! Hä?!
-Gyýw, men saňa haçan: “tüňňürleri alyp, git-de düýeçal alyp gel” diýdim. Üç gezek yzyňdan sawçy ugratdym-a?! Hä?! Näme “hä” bermediň, “hä” bermän galan?! O uýajygyňa näme üçin gygyrdyň onnoňam, gygyrman galan?! Hä?!
Näçe gygyrsa-da, näçe käýese-de bar gahar-gazaby, gykylyk-käýinji kakasynyň ýeke alarylmasyna degmeýändigi sebäpli, ejesinden dynnym ýalyjagam howy basylmaýan tokarja, özüniň nägileligini bolşundan bäşbeter edip görkezmekden ötri gaşlaryny bürüşdirip hüňürdedi:
-Näme-aý ýöne, köçäni ýaňlandyryp gygyryp dursuň-aý?! Häzir gider gelerin-dä. Bir bolgusyz zat üçin uly gykylyk etdiňiz-äý! Walalaýlap ýatman adam ýaly aýtsaňyzam bolýa, hälden gidip gelerdim! Onnoňam gyzlaňňa buýurmaly dämi-äý, şuň ýaly gyz işiňi, hä?!
Bezzadyň bu apaň-apaň gepine ejesiniň agzy öweldi galaýdy.
-Wah, senjagaz bir! Kakaňka çeken şerebeli diliň guramasyn, dili guraman galmyş! Saňa näme dagy adam ýaly aýdylmadymy, eýsem?! Gyz jigiň üç-ä gatnady yzyňdan! Onnoňam näme, “gyz işi” diýen bolup, näme işiňem aýaly-erkegi bamy, hä?! Nahar iýmeli boland-a “gyzlaň bişireni” diýip iýmän oňaýmarsyň, agzyna goraba guýulman galan! Hä?!-diýip ejesi elýeterine gelen oglanjygyň çem gelen ýerine elindäki oklawysy bilen agyrtmaz ýalyrak edip dürtgeleşdirdi:-Gör-ä, muň tapýan gepini! Erkeksirän bolýaňmy, heniz ýerden ýeke garyş saýlanmadyk halyňa?! Onnoňam, indi köçäni örüzýän men boldummy, hä?! Men boldummy?! Me saňa, köçäni örüzýän bolsam!
-Wäk-laý bir, nädip otyrsyň-aý, eje?!-diýip tokarja jinnek ýaly agyrtmasa-da oklawynyň dürtülen ýerlerini sypalaşdyran boldy. Burnuna salyp, ýöne ejesine eşidiler ýaly hüňürdedi:-Dürtüber dürtseň, ýene-de derman çalyp, ýapgy ýapyp agşam kösenjek özüňsiň-dä! Maňa näme?!
-Gepleme diýýän, gepläpler galmyş! Kakaňa içer ýaly çal getirip bermegiň näme aýyp-utanç ýeri bar, hä?! Ýöre özüňem, tizräk! Saňa gümra bolup, eýýäm hanha, agşam naharam gijä galyp barýar!-diýip ejesi tokarjany silteşdirip-çekeleşdirip, öňüne salyp alyp gaýtdy.
-“Nahar-pahar” diýip ýykaýýaňyz-aý halys! Ýeriň ýüzünde külli adamzat tohumy üçin nahardan başga wajyp zat ýok ýaly, hamana! Hanha, o köçelileň topary iki utuk bilen utup ýatyrlar bizi! Men düýeçalyny alyp gelýänçäm biziňkileň “allowhöpberini” okarlar häzir. Ölüp-ölüp zordan on bir ädimlik jerime gazandyk. Onam-a, hanha, “düýeçal” diýen bolup kaputladyňyz. Bu köçäň iň gowy on birlik depýänçisem men dämi, hä?!-diýip tokarja oýundaşlaryna gaňryla-gaňryla barşyna hüňürdeý-hüňürdeý gitdi.
-Hüňürdeme diýýän, men saňa! Hüňürdäpler galan hüňürdäp galmyş! Gallaç galan garyp öýüň garrysy ýalaky bolup, näme hüňürdeýäň?! Günde seni çal-çapyra iberjek bolsaň, jüllügiň kesiljege dönderip, gyzyl-gyran urşup, küren oba wejera boluşmaly boldy-la, gyz?! Meň nä gara görgim, gyz?! Häzir gelenden soň kakaňyza aýdaýyn, onsoň näme etse maňlaýyňyzdakyny görüberersiňiz-dä! Halys sizi goraglap, oňa kelam agyz-a geplemän, özümem üstüňize düwläp, araňyzda janserek bolup, ölüpler galdym-a, men! Näme, şo çal-nahar maňa gerekmi diýsene?! Iýýän-içýän-ä özüňiz ýene! Bir zat “et” diýseňem dar agajyna dartylyp barýana dönäýýäňiz, eddiljek ýöne! Onnoňam, şü kakaňa-ha, dil ýarmag-a beýle-de dursun, hatda gaşyny gymyldatdygam demiňizi almaly däl ýeriňizden alyp, diýen ugruna eňiberýäňiz, derrew-derrewdenem çalt! Ejeňiz bir zat diýse-de ulyňyz-kiçiňiz hüňür-de-hüňür!
Ejesi jibrine-jibrine öýlerine girip gitdi. Tokarja tüňňerilip tigriniň ýanyna bardy-da, tekerlerini gysyşdyryp, ýelini barlady. Yzkysy biraz gowşapdyr. Ýel bermäge oturdy. Onýança öýden gyz jigisi iki sany tüňňüri alyp çykdy. Uzatdy.
-Näme maňa somlaýaň, geçi?! Bar, şahyndan as-da!-diýip tokarja onuň al-petinden aldy.
Gulpaklyja endişe bolarly. Ýüzüniň alynmagyna myzaýyk edip durmady. Parahatlyk bilen tokarjanyň daşyndan aýlanyp geçdi-de elindäkileri tama söýelgi tigriň şahyndan iltedi. Yzyna döndi. Işikden girip barýarka-da:
-Özüň-ä iki saparam geçi! Kakam bir işden gelsin bakaly, ejemi gygyrdanyňy aýdyb-a bir ýençdirerin welin, maňa ýaňkyja diýeniňem aýdyp iki ýençdirerin! Bä-ä-ä!-diýip jedirdedi-de tokara dilini çykardy. Onuň ýerinden turmaga häzirlenýänini görübem bir towsanda içerik girip gitdi.
-Häk, seň bir geçi diýsänim!-diýdi-de, tekerine ýel berip bolan tokar dikeldi.
-Hüş-şüw!
Mellek tarapdan eşidilen sykylyk tokarjany düýrükdirdi. Ol ilki bir, ýaňy ejesine edişi ýaly eşitmediksiräp, tigrine ýapyşaga-da ötägitjegem boldy. Emma sykylygyň eýesi bilen bujagaz oýnunyň geçmejekdigini kellesinde aýlan dessine pälinden gaýtdy. Sakga togtady-da mellege seretdi. Ýer depip ýören agasy, oňa ilk-ä ýumrugyny görkezdi. Soň sag eliniň başam barmagy we süýem barmagy bilen öz dodaklaryny gysdy-da, aýasyny açyp iki ýana talawlatdy. Ol ýeke agyz geplemese-de tokarja agasynyň ümüne ýalňyşsyz, jikme-jik we doly hem gyşarnyksyz düşündi.
“Ejeme eşitdirmejek bolýar. “Meniň göwnümemi ýa-da birhili artygrak gepleýän ýalymy, sen?!” diýýär. Ýene-de “Ýummaly ýerinde agzyňy ýumman, ejemiň bir aýdanyny iki gaýtalatsaň, üstesine-de jigilerimize azar beriberseň, kakama ýetirmen. Özüm işiňi görerin.” diýýär. Ýene-de “Ýa, şeýle boljagyna şübhäň köp bolsa-da aýt şumat! Belki barlap görersiň?! Hä?!” diýýär. Ýene-de “Ýeňsäňi el ýaly et çaltrak, meň gözümiň ýetýän jelegaýyndan! Häzir kakam işden gelse naharyň ýany bilen içmäge çal ýok öýde!” diýýär. Ýene-de “Ýa, aýdylanlarda düşünmedik zadyň bolsa-da, şumatjyk, edip duran işimi taşlap, ýanyňa baraýyn-da, derrewjik ähli zady aý dogan ýaly edip berip gaýdaýyn!” diýýär”…
Tokar bezzat agasyndan nazaryny sowmaga milt edip bilmän çiňerilip durşuna: “Düşündim-how, bar aýdanlaňňa! Gelmek gerek dä, işiň bilen bolubersene!” diýýän terzde baş atdy-da, tigrini şakyrdadyp çykyp gitdi.
Gidişin-ä-gidişin içi-bagry tütäp gitdi welin, hatda, çally tüňňürlerini şalkyldadyp dökän-saçan edäýmezlik üçin emaý bilen çarhyny aýlap gelşine-de içi sowamady. Çatrykdan köçelerine sowlanda top oýnaýanlaryň düw-dagyn bolandyklaryny görüp hasam bir ýerlerine ot ýapyşdy. Tuduň düýbünde ýaprak syrmaga çemelenip duran deňdeşiniň deňesine ýetende, sägindi:
-Näçe-näçe boldyňyz-eý?!
-Lüt utuldyk-laý!-diýip gürrüňdeşi keýpsiz halda elini silkdi.
Tokarjanyň gulagynyň ýeňsesi lowlap gyzdy.
-Aýtdym-a men: “Gitdigim häzir lütjek galýalar” diýip!
Ol hüňürdedi-de janyýangynlygyndan ýaňa dodajyklaryny jebis gysyp, özüniň näme edýändigine-de düşünmän, sen-de ýok, men-de ýok, tigriniň şahyny deňdeşine tutdurdy:
-Sakla hany, şuny!
Ol tigri tutan dessine-de şahyndan tüňňürleri garbap alyp, ýerde goýdy. Biriniň agzyny açdy. Gowuzrak. Megerem döküläýmeginden howatyrlanyp gyrma-gyr eden däldirler-dä. Ýoluň gyrasynyň elenen una çalymdaş tozap ýatan ýumşak topuryna çaňňalyny urdy-da bir gysym aldy. Gysymyny tüňňüriň içine eňterdi goýberäýdi. Tigri tutaklap duran deňdeşi öz görýänine ynanman öwran-öwran gözlerini gyrpyldatdy. Onýança tokarja :
-Içiberiň, noş bolsun! Indi mundan buýana gyk-wak edip meni düýeçal getirmäge ibermänjik geçersiňiz, siz!-diýip hüňürdäp, ikinji tüňňür bilenem ýaňky hereketini gaýtalady.
Soňam öz-özünden göwnühoş, tüňňürlerini öňküje ýerine jaýlaşdyrdy-da, hiç zat bolmadyk ýaly öýlerine ýöneldi. Onuň yzyndan aňk bolup garap galan deňdeşi bolsa: “ediberşin-aý!” diýip, guwançly pyşyrdady.
...Agşamara kakasy naharyny iýip otyrka oňa düýeçalam alyp berdiler. Uly uýasy çally şakäsäni getirip, ortadaky saçaga goýan badyna hälden bäri jyňkyny çykarman naharyna güýmeň-samaň edip oturan bezzat, hasyr-husur turakga, işige gyssandy.
-Nirä barýaň-how? Heniz naharyňam-a iýip bolaňok! Hä?!-diýip kakasy ýüzlenende, ol bir kürtdürjek ýaly etdi-de, ýüzüniň ugruna çykalga tapdy.
-Kaka, men häzir gelýän. Burnumy boşadyp geljek.
Kakasy sesini çykarman çally şakäsä elini uzatdy. Tokarjanyň gapydan nädip çykanynam saýgaryp ýetişip bolmady. Ine, edil şu pillejigem bosagada durdy, birdenem…Gözüňi bir gyrpýaň welin, ol eýýäm zym-zyýat.
Kakasy geňirgendi. Çaldan owurtlaman şakäsäni elinde saklap oturyşyna öýüň bikesine habar gatdy:
-Näme bolýar-a, munyň-a?! Näme ýa “burnumy boşatjak” diýip üşäp dagy edipdirmi?!
-Näbileli biz-ä, gyz! Şü öýleden soň düýeçala gidip-geleli bäri bir jyn-a urdy, şonyňy! Ilk-ä gündekisi ýaly gygyra-bagyra ölümiň öýünde ugratdyk o taýa. Getirenden soňam jigileri-doganlary diýmän: “içmäň entäk, agşama çenli tükedersiňiz” diýip tüňňürleri hiç haýsymyza elletmän, garawullady ýördi!
Saçak başyna jem bolan gyzlarynyň arasynda körpelerini naharlamak bilen garabaşynagaý aýaly edýän işinden ünsüni sowman jogap gaýtardy.
-Heh!-diýip hemişekisi ýaly oýurganan kakasy, çaldan hopurdadyp uly owurtlady. Bada-badam gözlerini petredip, şakäsesinem goýman daşaryk ylgady. Maşgalabaşynyň bolşuna ilki bir aňalyp galan beýlekilerem sähel salym geçirmän yzyndan topuldylar. Çyksalar, kakasy suwly kündükde agzyny çaýkap dur.
-Gyýw, näme gopdy beýle? Topulyp turuberdiň-le! Turşapdyrmy, ajapdyrmy?
-Ogluň gopdy çalyňa!-diýip kakasy hüňürdedi-de çalyny serpenden soň şakäsäniň düýbünde galan çökündä siňe-siňe seretdi:-Gummy, çägemi, içine bir zad-a guýupdyr!
-Wah, ütülmänler galan ütülmänjik galmyş bezza-a-a-t!-diýip süýkdiren aýaly iki dulugyna elini ýetirdi:-Şü gitmejek bolup çabalanşyndanam bir zat edäýmesin diýip çak urdum-la! Wah, ýeksurun diýse, diýmäýin diýsem! Şü “indikile ugratmasynlar, pökgi kowalamaga päsgel bermesinler” diýip edendir, o topuna tiken çümmüş!
-Eje, tüňňüriň-ä ikisiniňem düýbi läbik!-diýip şu ikarada aşhanadaky çally tüňňürleri barlamaga ýetişen uly gyzy habar berdi. Gyzynyň sözleri öý bikesiniň peltesine ýag damdyrdy. Uly ogullaryna gykylyklap başlady:
-Häk, pökgüsi partlamyş! Gör-ä oň saçaga çal getirilenden gürüm-jürüm boluberşini! Hany, tapyň şony! Nirä sumat boldy şumat?! Tigrem söýelen ýerinde ýok welin, gör, onuň köpbilmişdigini!-diýip ejesi iki ýana ýaltaklady.
-Üh-he, üh-he!
Gülmän saklanmaga dyrjaşyp düwnen kakasy, üsgürinjiräp ugrady. Emma başarmady. Uly sesi bilen “loh-loh” gülüp goýberdi. Güldi-güldi-de:
-Ýeri bolýa-la, degme! Goý, gitsin, ahbetin-ä dolanar! Özem indi şony ugratma-da, düýeçal getirmäge! Gyzlaryň biri gidip geläýsin-le, beýlebir daş ýere gitmeli däl-le!-diýip kakasy elini salgady:-Hany, ýörüň öýe, beýdip söm-saýak bolup durmaň. Naharymyzy buza dönderdi, bi kürre! Gör-ä munuň edýän zadyny!
Içerik girip barýarka-da kakasynyň:
-Ýeri, çal daşamak islemeseň şeýdäýmelimikä? Äý hawa-da, beýtmese-de kim oňa gulak gabardýa?!-diýýäni eşidildi.
Hekaýalar