…-Iki kiçiňä-hä özüň bir zat edäýmeseň, hanha, ikisem düşegiňi eýeleşip: “erteki bolmasa ýatjakgäline” tutuşyp, heşerlenişip ýatandyrlar! Menem-ä bi körpäni emdirip, sallançaga salmasam, gije ýaryma ýetdi. Eger-de şo ukusyna gatyşaýsa onsoň görersiňiz ertekini!-diýip aýaly otagyň işiginde säginip habar berdi.
-Bilýän-laý! Häzir barjak welin, bi olaryň ertekili kitabyna nä jähennem urduka? Ýer ýykyp gözleýän, tapamok, hä?!-diýip kellesi bilen kitap tekjesine giren kakasy jogap berdi.
-Wiý, huşum gursun!-diýip aýaly dulugyna elini ýetirdi:-Hälden ýadyma düşmändir. Saňa aýtmandyryn, gündiz ony iniň ulujasy: “Ullakan eje, şo kitabyňyzy okamaga alandyryn” diýip aýdyp gidipdi ahyry.
Adamsy kellesini tekjeden çykardy. Nägile nazar oklady.
-Hawa, hawa, huşuň gursun!-diýip aýalynyň agzyna öýkünip dodagyny çöwürdi:-Hälden aýtsaň bolmyýamy? “Agşam iş beräýmesinler” diýip bir sagat bäri öýüň ähli deşigini gyzyl-dörjük edip çykdym-a.
-Wiý, bü oglany! Men nä şony agtarýanyňy özüň dillenmeseň düýşürgäp bileýinmi?!
-Huşurgap bil, dyrnagyňa seredip bil…
Adamsy bolşundan bäş esse beter gaharlanýandan bolup, assyrynlyk bilen aýalyna ýakynlady-da, ony çüňke gysmaga synanyşyk etdi. Emma hüşgär duran zenan girisine ilmedi. Bir tesende bosagadan aňryk geçdi-de, jykyrdady:
-Tapdyň bärde Agaýunus perini! Barsana, çagalaryňy ýatyrsana. Derrew ýöne eliňi somlap ýalmanyberýäň! Sähel ýüz bererligem ýok, saňa.
-Hymh!-edip kyrk ýaşdan soň özüne “oglan” diýlenne öz-özünden monça bolan adamsy gülümsiredi. Ýanýoldaşynyň deňesinden geçende-de çagalaryň görmeýändiginden peýdalanyp, onuň iň ýumşak ýerine assaja şarpyldadyp goýberdi.
-Hiýh!-edip duýdansyzlykdan ýaňa içini çeken aýaly:-Ýüregim-ä ýardyň! Utanaňokmy?-diýip äriniň gerşinden çalaja itdi.
-Heh! Näme mugtuna utanyp?! Utananyň üçin pul berseler, onda başga gep. Onsoňam näme ýalmanybermän, ýigrimi ýyl mundan owal, ejeň başlyklaýyn külli gelneje tohumy bolup hümerlenişip, her kiläň üçin köpügine çenli gözüme basyp gaňryp alaňyzsoň, gatam ýalmanarys!-diýip hilebir iş eden ýaly göwnühoş ýyrşarýan äri ýuwaşja jogap gaýtardy.
-Näme?! “Kiläň” diýen bolup! Men nä, şoň ýaly çişikmi?!-diýip äriniň jümlesinden hut eşitmeli esasy ýerini eşiden aýaly gatyrganmaga synanyşyk etdi.
-Nähili semiz-arrykdygyň-a bilemok welin, maňa-ha bolýa şo!-diýip äri içki otaga girip gitdi. Giren dessine-de kaka öwrüldi-de, alagaraňkyda gözjagazlaryny ýyltyldaşyp ýatanja tüňňi tokar bilen şöhle gulpaklyjanyň arasyna geçdi.
-Köşşelem?! Hany aýdyň bakaly, bu gün näme işläris?! Ol “Pakyrdawuk patyşaly” ertekiňizem-ä bu günlükçe agaňyz jünäpdir.
-Kaka! Agşam işlemeli däl-de ýatmaly!-diýip gulpaklyja hemişekisi ýaly ilkinji bolup ýeserjeligini etmäge ýetişdi.
-Geçiň öň aýagy ýalaky bolup…-diýip hemişekisi ýaly geplemek gezeginde gijä galan tüňňi tokar kakasynyň çigniniň gapdalyndaky bir ýerlerden närazy hüňürdedi.
Gep alyp galsa gulpaklyja boljakmy?
-Seň özüň ýuwulmadyk çemçe!
-Men saňa: “ýuwulmadyk çemçe” diýmedim, men: “geçiň öň aýagy” diýd…
-Hany boldy, bes ediň bakaly! Ýaman aňsat, şü ikiňiziň gepden top ýasap atylmaga häzirlenip, sözden köz ýasap tutaşyp başlamaňyz!-diýdi-de kakasy olaryň ikisinem özüne ýakynrak gysdy. Köşeşdiler.
-Onda “Pakyrdawuk patyşany” özüň ýatdan aýdyp beräýsene, kaka! Ony kän-kän gezek okap berdiň-ä! Hä?!-diýip gulpaklyja ýene-de öňürtdi.
-Hawa gyzym, şonyňam-a dogry! Hany başladyk, onda!-diýdi-de kakasy biraz sesini goýaldyp, başardygyndan owazlandyran kişi bolup, ertekä başlady:
-Bir bar eken, bir ýok eken, ýok zatlar-a ýok eken, bar zatlaram köp eken. Äý onsoňam…-diýip kakasy elini tüňňi tokaryň kellejiginiň aşagyndan çykardy-da ýatan ýerinden buýnuzagyny gaşady:-Megerem, yhlas bilen agtaryp ýörseň ýok zatlaram tapylsa tapylýandyram-la, şo mahalam-a, şu mahaldaky ýaly…
-Kaka!
-Wiý! Hä gyzym?!
Gulpaklyja kellejigini galdyrdy-da eňejigini kakasynyň döşünde goýdy. Çiňerildi:
-Kaka, bi erteki ahyry, özem ertekiňem “Pakyrdawuk patyşalysy”! Sen bolsa öz dostlaň bilen gepleşýän ýaly edip, onda ýok zatlaram aýdyp berip başlaberdiň-le?!
Kakasy ýene-de buýnuzagyny gaşamaga mejbur boldy:
-Weh! Dogrudanam şeýledir-ow, köşşäm! Birden kelläm alyp gaçyp gidiberjek bolaýdy öýdýän!
-Kelle diýlenem bir alyp gaçarmy-aý?! Nä, oň özbaşyna, hususy aýagy bamy?!-diýip tokarjalaryň otagyň beýleki künjünde uklap ýatandyr öýdülse-de, henizem uklamadyk ulusy, bimaza edilýändigine nägileligini ýassygyna ýüzüni berip hüňürdemek arkaly mälim etdi. Nowbahar-da. Özünden öňňeler üçin kyýamat-magşar bolaýjak käbir zatlara-da göz ýumulýandygyna akly ýetiýipjik dur-da.
-Senden soraýan bamy, şu mahal şony?! Ýat-da basymrak! Irdenem kakam işe gidenden soň wagty bilen oýanmadyk bolup, ejeme ýüz gezek gygyrdýaň. Özüňem göle ýaly süssenekläp, günde-de mekdebe gijä galaýman gyrat ýetişýäň!-diýip kakasyna baýrynýan gulpaklyja hüňürdeýänçiniň al-petinden aldy.
-Ýuwaşrak bol, gaýynene! Özüňden ululara buýruk beriberseň, kakaň bardygyna seretmen!-diýip beýleki otagdan sallançagyň başyndaky ejesiniň sesi geldi.
Gulpaklyja lam-jim boldy-da, bada-bat kakasynyň goltugynyň aşagynda gizlendi. Howp-hatardan doly ýalançynyň hiç bir zadynyň özüne täsirini ýetirip bilmejek penagähine özüni atandan soňam, daşky dünýäde bolup geçýän hadysalardan bihabar galmazlyk üçin, ýeserje gözlerini ýyldyradyp şol ýerden jyklady. Imi-salalykdygyny görüp dursa-da janyny barlamakdan ötri, bukulan ýerinden çykdy-da, kakasynyň gulagyna agzyny eltip:
-Kaka, ejem gelenok gerek?!-diýip pyşyrdady.
-Men eşidip otyryn hemme zady!-diýip ýene-de ejesiniň sesi geldi.
-Ejem jigimi emdirip gelip bilmese-de men bärdedirin, gyz! Bes et jedirdemäňi!-diýip otagyň beýleki diwarynyň eteginden gulpaklyjalaryň ulusynyň ýarym ukuly sesi eşidildi:-Jedir-jedir edip ýatmaga goýaňok, adamlary!
-Heh! A-how keýwany: “Mundan buýankylary uklady” diýýäň welin, bi jelegaýlarda bulaň barynyň gözüne çiş kakylan ýaly-la!-diýip kakalary “loh-loh” güldi.
-Siz hüňürdeşip turzansyňyz-da, hälden-ä ýanyňdaky jübütden öňňesi ýatyrdy.
-Ýeri bolýar. Hany, erteki aýdyşýan bolsak, tizräk aýdyşyp dynalyň-da ýataýlyň. Ertirem daň bilen işdir!-diýip gülüp bolan kakasy çynlakaý hörpden gopdy. Ata bilen ogluň arasyndaky oýnuň hem çynyň tapawudy hakda öňküler bijaý jaýdar aýdyp ötüpdirler. Otaga ümsümlik aralaşdy.
-Hawa, onsoň, gadym-gadym zamanlarda…-diýip kakasy ertekiniň dowamyna başlady:-Rum iliniň orruk-ortarasyndaky…
Bu gezek tüňňi tokar öňürtdi:
-Kaka!
-Weh! Indi näme boldy, köşşäm?!
-Ýalňyş aýdýaň-a, kaka! Pakyrdawuk patyşa Rum ilinde däl-ä. “Haýsydyr bir yklymda, haýsydyr bir ýurtda” ahyry?!
-Weh! Onda dogrujasyny bilýän bolsaň, köşşäm, maňa aýtdyrjak bolup derde goýup nätjekdiňiz?! Özüňjik aýdyp beräýsene, bolmasa?! Hä?!
-Menmi?!-diýip tüňňi tokar geň galdy.
-Hawa. Hä näme?!
-Men entek kaka däl ahyry!
Kakasynyň ýylgyrýandygyny garaňkyda olaryň hiç haýsy görmedi.
-Wiý! Bolmaňda näme?! Hiç kimem ejesiniň içind…üh-he, üh-he…
Näme üçindir kakasy duýdansyz üsgürinjiräp ugrady. Dem salymdan soňam bogazyny arçandyr-da, sözüni başgaçarak dowam etdi:
-Hiç kimem göni, bada-bat, bir demde kaka bolaýmaýar. Bu mahal bolmasaňam nesip bolsa bolarsyň-da, wagty-sagady gelip ýetende. Şoň üçribem şumatdan öwreniberseň dogry bolmazmy?! Hä?!
-Şeýlemi?!
Kakasy baş atdy.
-Onda aýdybereýinmi?!
Kakasy ýene-de baş atdy.
Tüňňüje ýene-de sähel salym tyýkyrap ýatdy-da, birdenem başardygyndan sesini kakasynyňka meňzedibräk ertekä başlady:
-Bir bar eken, bir ýok eken, jin-jin…Başyndan başlabereýin-le, kaka!-diýip ilkinji gezek “kaka bolup” görmäge dalaş edýändigi üçin az-kem tolgunýan ojagaz özüne garşy gözüniň birini ýumup, diňe beýlekisi bilen burnunyň üstaşyr dykgatly äňedýän kakasyna habar gatdy. Ol baş atdy. Oglanjyk guran dodajyklaryny ýalaşdyrdy-da dowam etdi:
-…Bar zatlar-a bar eken, ýok zatlaram ýok eken, jin-jin, haýsydyr bir ýurtda jin-jin…
-Oglum!
Tüňňüje ertekisini tapba kesdi:
-Bi, ertekin-ä ýaman gowudanam beter, süňk edip aýdýan ekeniň welin, bi “jin-jiniňe” düşünmedik-le?!
Oglanjyk gep tapman müzzeriljek boldy.
Her niçik başdaş bolsalar-da, barybir bir gan-da, enaýyja gulajygyny pakgardyp ýatan gulpaklyja, jigisiniň dadyna ýetişmäge howlukdy:
-Kaka!
-Weh! Hä gyzym?!
-Ho gyzykly kinolaryň bet ýerlerinde ýaman erbet edip, hamyňy towugyň derisi ýalaky digir-digir etdirýän sazy çalýarlar-a?!
-Hawa, hawa, köşşäm!-diýip kakasy çakdan aşa ýiti gyzyklanma bildirdi.
-Anha, şo boldugy-da bu jin-jinem!
-Weh! Be-e! Asyl bi, tokarjam sen, bi aýdýan ertekiň sazynam gapdaly bilen çalyp berdigiň ekenmi, şü ýaňkyň?! Ertekini has gyzyklandyrdygyň-da onda şeýtdigiň?!
-Hawa-da, şo-da şo, kaka!-diýip ýene-de jigisine derek gulpaklyja jogap berdi.
-Weh! Muny gör-ä, sen! Gör asyl, bi eýýamyň gyzykly kinolary nähili ekeni! Gyzykly boljak bolsa “jin-jini” köp bolmaly eken-ä, asyl!-diýdi-de kakasy uludan demini aldy:-Zamanadan gaty yza galypdyrys-ow! Garraýanymyz bildirýär öýdýän.
Gulpaklyja kakasynyň äheňindäki henegi duýmady. Gaýta onuň uludan dem almasyna kiçijik ýürejigi bilen gynanyp, gyýlyp gitdi. Saçlary çalaran mähribanyna dözmedi. Ýatan ýerinden çöp ýaly inçejik eljagazlaryny onuň bilinden dolamaga zordanjyk ýetirip, has içgin gujaklady-da:
-Kaka! Sen garry däl-ä!-diýdi. Soňam bujagaz höre-köşesini az görüp, üstüni ýetirdi:-Hanha, ejemem öňňin gelnejemiň ýanynda: “Biz-ä öküz ýalaky edip, gaýta indi şo gaýraty artmyş gaýynagaňa tap getirip bilemzok” diýdi.
Gulpaklyjanyň şöhle çokuljygyndan ysgap ýatan kakasy pyňkyrman zordan saklandy. Beýleki otagdanam ejeleriniň uýaljaň hüňürdisi çala gulaklaryna ildi:
-Wa-eý, toba-toba, tüf-tüf! Gulagyna jam kakylmyşyň eşitjek ýerinde bir zat geplärligem ýok, indi!...
Dodaklary öz-özünden biygtyýar ýyrşaryp barýan kakasy, çynaberimsiz agras keşbini saklamaga çytraşyp süýrdepesini gaşady-da, eşidiler-eşidilmez hymyrdady:
-Weh! Bü-ýä ýaman birhili boldy-aý! Yssambyldan başlanan ertekimiziň ujy Mongolystandan ötüp, Çynma-Çyndyr Koreýystandanam böküp, Ýaponystana baryp ýetäýdimi, ýa?! Hä?!
-Kaka!
-Wiý! Hä guzym?!
-Özüň-ä ejem bilen bize öwredip ýörsüňiz: “dogruja gepläň, dürsje aýdyň” diýip, özüňem ýalňyş aýdýaň!
-O nähili?!
-“Ýaponystan” diýýäň, düzüwi bolsa “Ýaponiýa” bolmaly.
-Köpbilmişlik etme, gyz! Bizem bilýäs şoň şeýledigini! Diňe seň ýeke özüň bilgirdirin öýtme!-diýip tüňňi tokar kakasynyň goltugynyň aşagyndan hüňürdäp galdy.
-Bilýän bolsaň, onda näme düzetmediň?!
-Düzetmäge maý berýäňmi, nä?! Kakam bir aýtmanka üç aýdýaň-a! Ejem saňa: “eňegine jaň dakylan” diýýär-dä, şoň üçinem!
-Saňa-da: “Agzyndan bir söz alýançaň iki uklap üç oýanmaga ýetişýäň. Gepledäýýänçäň bogaz sygryň bäş guzlaýa, gyz!” diýýä dämi?! Hä?!
-Saňa-da: “Wah-wah-eý, gürläp-gürläp halys beýnimi çogdurdy-da, şü geçi! Gaýynenem pahyryň ýoklugyna-da şükür edýän, şuny görüp! Ýogsa o pahyr aýatda gezip ýörenliginde nokgy-nokgy edip ýüreginiň sary ýagyny üzerdi o bendäňem!” diýýä dämi?! Hä?!
-Saňa bolsa ýene-de: “Häk, senjagazyň bir kakaňa çeken domma damaryň gurymasyn! Kakasy ýalaky geplemän etjegini edip janymy alýar-da, şü ýaşy uzamyş!” diýýä dämi?! Hä?!...
-Gyýw, gyýw!-diýip bosagadan gujagy henizem emmesini sokjap ýatan körpeli ejeleri kellesini uzatdy:-Siz-ä “oglanly öýde ogurlyk ýatmaz” diýlenini gögertdiňiz, tünüň ýarynda! Bes ediň hany!
-Ha-ha-ha!!!
Kakasy ýanyndakylaryň aşagyndan ellerini sogurdy-da, içini tutup gülüp ugrady. Diňe gülkiň arasynda:
-Ha-ha-ha, asyl, ha-ha-ha, gör, nämeler diýýän ekeniň, ha-ha-ha, öýde ýok wagtym…hakyýt, gelniň ýanynda “öküz ýalaky” diýäýdiňm-äý, özüňem?! Ha-ha-ha…-diýişdirýän üzlem-saplam sözleriniň käbirine düşünip bolýar.
Kakalarynyň gülküsine uklan bolşup ýatan oýalaram goşuldylar. Ýaňaklaryny gülgüne öwüsdirip ejesem goşuldy. Şagalaň-şowhundan kem galyp barýan ýaly, ýaňybir ymyzganyp ugran gundagdakam birenaýy bäbek gülküjigi bilen jykyr-jykyr jykyrdap başlady.
Hezillik!
Hekaýalar