...Ojakdan çykana çalymdaş hüýt-gara, eşek ýaly daýaw, gerşindäki tüýleri syh-syh, gözleri köz kibi ýanyp duran möjeksypat it, ýiti gyýaklaryny syrtardyp, gazaply hyňranyp, üstüne sürnüp, ýetip gelýärdi. Onuň haýaljakdan ädýän her ädimi bilen bogazyndan gaýnap çykýan “hyrryldy” barha güýçlenýän ýalydy. Itiň hyrryldysy onuň gorkudan ýaňa saň-gaty bolan süňňüni lerzana getirýärdi. Özüniň çaga boýundan ep-esli bolup saýlanyp duran bu allajy nägehandan elheder almakdan ýaňa, onuň hatda gözlerini ýummaga-da mejaly ýokdy. Çar ýanyny uç-gyraksyz tümlük besleýärdi. Şol bipeýan zulmatyň içinde-de tenha özi galan ol, kakasyny çagyrjak bolup şunça özüne zor salsa-da, wehimden ýaňa tüýdüge dönen bokurdagyndan ses çykmaýardy. “Kaka! Kaka jan gelsene!” diýip içinden ulili bilen gygyrsa-da, daşyndan, iň bärkisi gyryljak iňlemäge-de gaýraty çatmaýardy...Mähnet köpek bolsa eýmenç dişleri saňňaryp duran tumşugyny oňa garşy uzadyp, barha ýakynlaşyp gelýärdi. Ol dagy näme etjegini bilmän, öňküden bäş beter özüne zor salyp, kakasyny çagyrmak üçin çygyndy. Birdenem...
-Kaka!
Allaniçigsi bolup, gözlerini ýalpa açdy-da, bada-badam alagaraňky otagda ganat-goljagazlaryny özüne garşy uzadyp, tutuş kiçijik göwrejigi bilen galpyldaýan oguljygyny bagryna basdy:
-Gorkaýdyňmy, köşşäm?!
-Düýşümde uýýakan, gap-gaýa it göýdüm, kaka!
Gabat diwardaky uly aýna gözüniň gyýtagyny aýlanda, penjireden düşýän ölügsije ýagta, çärýek asyr mundan ozal aradan çykan, saçlary mazaly çalaran, maňlaýy gasyn-gasyn kakasynyň dört ýaşlyja özüni kükregine gysyp, aýnadan özüne garaýandygyny gördi...
…Şondanam başlady. Kakaly günler aýnadan bäri bakyp duran mähriban şekiliň ýüzünden, edil, geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň sessiz, ak-gara filmleriniň ýüzüne ýukajyk perde örtülene çalym edýän bulaşyk kadrlary kimin biri-biriniň yzyna sepleşip, şol geçdiler durdular, şol geçdiler durdular…
Hekaýalar