09:09 Kakaly günler / hekaýalar toplumy - Hamyr | |
…Üç-dört ýaşyndaky çagany gysynman suwa düşüribermeli kersene kybapdaş, uly demir jamda gara dere batyp hamyr ýugurýar. Arasynda-da eliniň hamyrdyr-undan ýaňa çyr-çyrşakdygyny unudyp, alyn derini sylýar. Şonuň üçinem ýüzi bilen eliniň biri-birinden dynnym ýalyjagam tapawudy ýok diýen ýaly. Töwereginde-de alty jübüt ululy-kiçili garaja gözler egele bolşup sarsman otyrlar. Edil ýöne oslagsyz gelen synçylaryň guda bolunjak ýeriň itine-pişigine çenli şübheli-şübheli seredişleri deýin, onuň her bir hereketine müňkürlik bilen jiňkerilişýärler.
Hekaýalar
-Kaka! -Hümm?! -Duz atmadyň-a! Ejem-ä duzam atýady arasynda!-diýip alty jübtüň meleje gulpajyklary towaryp duranja ekabyrragy dil ýarýar. Hamyry ýugurmasyny goýup, oýurganýar. Umyt bilen alty jübtüň altysynam birlaý gözden geçirip çykýar. -Dogrudanam atmadymmy-aý?! -Jukk!-edip jübütleriň kellesi tekiz syrylanlarynyň ekabyrragy agraslyk bilen başyny ýaýkaýar. Tokar kellelileriň ýaňy dil biten körpesem agasynyň “jukguldysyny” gaýtalamaga dyrjaşyp, çyr-çytyr dert-azara galýar. Emma bu kyn işiň hötdesinden gelip bilmeýär-de, diňe tüňňerilip, kakasyna gabak astyndan ýazgaryjy seretmek bilen çäklenýär. Birdenem ýaňky duz baradaky jümlede agzalan, iki gün bäri şu öýde, körpäniň gulagyna iläýjek ýerinde aýdylmazlyga çalşylýan “ejem” diýen söz ünsüni çekýärmi nämemi, onuň dodajyklary öz-özünden kemşerip başlaýar. Muny, duşman galasyny gaban ýaly edip hamyr jamyň daşyna üýşenleriň hemmesem görýär. Turýar bir tüpgen. Çünki ojagaz başyny başlaýdygy gulpaklylardyr-tokarlaryň takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowragynyň oňa goşulaýmaklarynyň gaty ähtimaldygy ikuçsyz. Körpäniň ünsüni sowmakdan ötri ýerli-ýerden, gabat gelse-gelmese onuň üstüne gelişýän-gelişmeýän soraglary ýagdyryp ugraýarlar. -Köşşäm, bu hamyrdan saňa näme bişireli?! Işleklimi, mantymy, börekmi, gutapmy, ýagly çörekmi, gyzdyrmamy, bäşbarmakmy, hynkalmy, unaşmy, pişmemi, çapadymy, byzmykmy, külçemi, kökemi?!-diýip bir demde sanaýşyna, hamyrçylaryň esasysy ýene-de eliniň çyr-çyrşakdygyny ýadyna-da salman, tüňňerilipjik duran kellejigi sypaýar. -Jigim, seniň multik göresiň gelýämi?! -Jigim, saňa erteki okap bereýinmi?! -Jigim, seniň süýji iýesiň gelýän bolaýmasyn?! Hä?!-diýip gulpaklylar topary ojagazyň dumly-duşundan ýapyşýarlar. -Eý gölejik, näme maňlaýyňy tüňňerdýäň?! Süsüşjek bolýaňmy?! Gel süsüşeli! -Eý kürre, näme-aý, sen bäbekma-aý, beýden bolup jögülejek bolup oturaryň ýaly?!-diýşip özleriniňem saly suw üstünde bolsa-da tokarlar topary dogumlysyraşan bolýarlar. Emma tüňňi tokaram atyny oka berdiräýer ýaly däl. Köneden tejribeli. Gözüni ýerden galdyrman, şuguldadyp, süýjüdip burunjagazyny çekýär-de hüňürdeýär: -Kakga?! -How oglum! -Kakga?! -“How” diýdim-ä, köşşäm! -Etje haçan geýýä?! Bir demde hamyrçylaryň hemmesiniň sesine suw sepilen ýaly bolýar. Giň otaga dym-dyrslyk aralaşýar. Hamyrçylaryň iň esasysy – ýugurýançysy uludan demini alýar-da, çyr-çyrşak eli bilen ýeňsesini gaşaýar. -Şoň-a oglum, bahymrak geleni bizlere sizlerdenem öte beterräk geregräk ýaly bolup dur göwnüme bolmasa-diýip ol, özüne dykgat bilen çiňerilişip oturanlara eşidiläýmez ýaly burnuna salyp hümürdeýär-de, birdenem ýylgyryp goýberýär:-Köşşäm, şo düýnki gören ak halatly lukmanyň bar-a?! Tüňňi tokar gözüni ýerden galdyrmasa-da özüniň eşidýändigini bildirmek üçin tassyklaýjy terzde kellejigini silkýär. -Şo aýtdy, “Nesip etse, çarşenbe güni ejeňiz bilen jigiňizi alyp gidip bilersiňiz” diýdi. Çarşenbede ertir däl-de birigün bolýa. Tüňňi tokar kellejigini galdyrman, omzap-omzap ýanyndaky tokarjalarydyr-gulpajyklylary iteleşdirip, dykyljyrap, hamyr ýugurýança gysmyljyrady. Göýä barypýatanyňam aňry ýanyndaky, juda gizlin syry aýdýan dek, onuň gulagyna agzyny eltdi-de, bütin otaga ýaýradyp pyşyrdady: -Jüýýükýisimi jüýýüksizi?! -Jigiňmi?! Tokarja baş atdy. -Düýn ejeň arlygyny açyp görkezd-ä özüň ýalysydygyny, köşşäm! Undyr-hamyrdan ýaňa çyr-çyrşak bolan posalajyk ýaňagyndan taýly gezek öpülenden soň tokarja ýene-de gül-gül açyldy. Hamyr jama garşy barmajyklaryny çommaltdy-da aýyplaýjy hem nägile äheň bilen, çürt-kesik: -Munyňdan nahaý bişiýip boýmyýa!-diýdi. Ýugurýançyň jany tüpeňiň didiwanyna mündi. -Hä näme üçin, köşşäm?! Duzuny öň atmadyk bolsagam häzir ataýarys! Şeýle dälmi?!-diýip ol daş-töweregindäki beýlekilerden haraý isläp, delmirdi. -Ýo, oň üçin dä!-diýip körpe hasam ekezlendi. -Be-e! Şü taýda şüýem menden akylly bold-a! Ýeri, onda näme üçin?! -Etje hamyý edende o “wyçjyk-wyçjyk” edýädi, senne boýsa “wyçjyk-wyçjyk” etmiýä! -Weh, baram şomy?! Ýugurýançynyň ýüzi ýagtylyp gitdi:-Ine onda! Wyçjyk-wyçjyk-wyçjyk...-diýip ol ala-başagaý bolup hamyr ýugurmaga başlaýşyna agzy bilen yzyny üzmän “wyçjyklap” ugrady. Hamyrçylar birbada düşünmediler. Gep tapman agyzlaryny öweltdiler galaýdylar. Birdenem… Adatça, gulpaklyjalar tokarjalara garanyňda ýitije, üşüklije bolýarlar-da, olaryň ortanjysy agyzjygyny aýasy bilen ýapdy-da, bar gülküsini ejesiniňkä meňzäp duran garaja gözjagazlaryna ýygnady. Özüne zor salyp saklanmaga dyrjaşýandygyny bildirip, çym-gyzyl bolup gyzardy. Emma paşmady. Sähel salymam saklanyp bilmän, pyňkyryp goýberdi. Bada-badam onuň gülküsini jübütleriň barysy alyp göterdiler. Dik göge galan birenaýy çaga jykyrdysyndan ýaňa otagyň içine alabaharda Gäwersiň düzlüginiň üstünden taýyp gaýdan, inip gaýdan näzik şemal çalana döndi. Gülleriň, mymyjak mahmal ýaşyl otlaryň ysyny özüne siňdiren ýaz ýagşynyň ysy gelip gitdi. -Kaka!-diýip gulpaklyjalaryň ekabyry gülküniň arasynda seslendi:-Agzyň bilen wyçjyklamaly däl-ä, hamyry wyçjyklatmaly! -Aý gyzym-a, bi ýöne, keýpine, mesaýy gapdalyndan dagy ötüp-geçäýseňem bäbek almaga tarap ýumlugyberýän, galjaň ejeň aramyza dolanýança, bizlere şü, agzymyz bilen wyçjyklanan hamyram ýetik bolarmyka diýip çak edýän! Soň, barymyzyň hossarymyz öýe dolanandan soň, hemmeje zady bolmalysy ýaly edilen hamyrdan bişirilen tagama-da mazaly agzymyz deger-dä!-diýip ýugurýançy gülümsiräp oturyşyna hamyr ýugurmasyny dowam etdi:-Wyçjyk-wyçjyk-wyçjyk... Hezillik! | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||