…-Jyk-jyk-jyk…
Şol yzyny üzmän ýüregedüşgünç jygyldap dur. Arasynda-da üstünde oturan bäş-alty ýaşlaryndaky gyzjagaz, haýallap ugran badyny gataltmak üçin ümzügini öňe-yza atanda hasam beter süýkdürip “jy-y-y-ýk” edip, azy dişleriň dişdamaryny üzere getirýär. Ojagazyň işiklerindäki ýeke çyranyň ýagtysyna saçy örülenje kellejigini egnine ýaplap, muňalyp, gamgyn halda oturyşy bolsa hiňňildigiň ýüregedüşgünç jygyldysyndan on esse beter kalbyňy gemrip iýip gelýär.
-Günde şeýle! Bi görgüsi ýamanlaryň birek-birekden özge hossar-howandary ýokmuka? Hä?!-diýip penjireden gabat goňşularynyň derwezesiz, alagaraňky howlusyny, köneje, daşky suwagy jaýryk-jaýryk jaýyň öňündäki posly hiňňildigi, onda ýalňyz özi boýunjygyny burup oturan gyzjagazy eýýäm näçenji gezek synlaýan kakasy hüňürdedi.
-Özüň bilýäň-ä, adamsy pahyr bolandan soň, eklenjiň ugrunda gijäň birwagtyna çenli işleýändigini!-diýip gyzlary bilen ortadaky desterhany ýygnaşdyrýan aýaly jogap berdi. Soňam gyzlaryň her haýsynyň bir zady göterip aşhana çykaryna mähetdel, üstüni ýetirdi:-Dogabitdi maňlaýy gülmedik bedibagt-da, o görgülem! Owal-a kakasy arakhor halyna, garamaňlaýyň, şü goňşulaň neşebent işigaýdanynyň yzyna düşüp, alys etrapdan şü jelegaýlara gaýdyşyny diýsene! Halys bagtyň küle çökmedik bolsa, heýem bir, ýeke dikrar halyna ene-atasynyň bagryny gara köýük edip, olary yzly-yzyna gabra sokan süpüge ulaşarsyňmy ahyry?! Ýeke gyzlary bolandan soňam-a, o gulagy göründe çüýremiş petigara, azarly çagty neşesini tapdyrjak bolup, günde-günaşa urup-ýenjip, ahbetinem-ä hanha, soňkujasyna aýagy agyrka işini gördi. Önelgesiz edip taşlady, täleýi ters gelen görgülini. Indem näme, ol ýeksurunyň ölüp özünden dyndarany bilen durmuş gutarýarmy? Bir ýerden eklenmelem, eklemelem. Hossar diýseň ýok. Äriniňkilerden bolanjalar bilenem o nekgende aýatda gezip ýörkä gapylaryndan garamaz derejede garyndaşlygyny gömüp taşlady…
Aýaly uludan dem aldy-da, ýanýoldaşynyň ýanyna bardy. Onuň egnaşyr penjireden garanjaklady.
-Dözer dagy eder ýaly däl! Wah-wah-eý, görkezmäwersin! Oglam bar gyzam, uly iliňkiň alny-bagty açyk bolawersin, il-günüň içinde biziňkilerem gorawersin-dä, hernä!
Kakasy siňe seredip durşuny üýtgetmän:
-Bolman-da, günde bärik, öýe alyp gaýdyp: “bizde garaş-aý” bir diýmeli ekeniň. Biziňkileriň arasynda güýmenerdi-dä!-diýdi.
-Wah, özüň bilýäň-ä, her zat edip görenimi, özüne-de, ejesine-de diýer ýalysyny diýenimi?! Ine-de, ýaňyja-da: “agşamlyk naharyny öýe girip iýäý” diýsem, utanyp, girmän dur. Gyzjagaz-da! Onsoň gündeki edişim ýaly daşarda, bassyrmanyň astynda gyzlar bilen özbaşlaryna saçak ýazan bolup berdim. Özümem ünsi sowlar ýaly birneme gepe güýmäýin diýip ýanlarynda oturyp hörek edinen kişi boldum. Emma gyzlaram, özümem herniçe “oturyber” diýsek-de, etmän, gündekisi ýaly “ejeme garaşjak” diýip howlularyna gitdi.
-Jy-y-y-yýk…
Şol wagt olaryň gürrüňine goşulyp galmak isleýän dek, posly hiňňildik hasam zoňtar jygyldady.
-Toba-toba, tüf-tüf!-diýip aýaly ýakasyna tüýkürdi:-Häk, şü çüýräpler ýumrulyplar galmyşyň jygyldysy dagy näteňet, edil ýöne beýniňden posly pyçak ýöredilýän ýaly edip barýar!
Soňky döwür günde gaýtalanyp duran bu jygylda öwrenişikli bolsa-da, näme üçindir ala-böle şu gezek ýanýoldaşynyň girre gahary geldi. Edil ýöne, şuş-şu mahal öýden atylyp çykaga-da, zordanjyk göterip bolýan äpet ýekedabany ulaghanadan alyp, iki bökende posly hiňňildigiň ýanyna ýetip, ony ýeke zarbada çym-pytrak edäýesi geldi.
Şol pille-de penjireden görünýän görnüş üýtgedi. Köçäniň olar tarapky garaňkylygyndan körpelerinden uluja tüňňi tokarja çykdy. Bir elinde nämedir bir zady ýere dökmejek bolýan ýaly emaý bilen saklap, hiňňildige garşy dähedem-dessemledi.
-Uw-waý, o bezzadyň elindäki näme-aý?!-diýip kakasy penjiräniň aýnasyna giräýjek bolup çiňerildi.
-Wah, köki uzamyş, garagol! Ol uýalarynyň tikin maşynynyň ýag jübtegini alyp barýar-a!-diýip tokarjanyň elindäki zady dessine tanan ejesi daşaryk ylgamakçy boldy. Emma kakasy onuň golundan tutup ýetişdi.
-Dur, dur, degme! Näme etjek bolýar-a, ol?!
-Wah, häzir uýalary göräýdikleri, o garagoluň her tikesini gulagyna döndererler!-diýip ejesi jowrandy.
Onýança tüňňi tokar hiňňildige ýetdi. Elindäki jübtegi görkezip gyzjagaza nämedir bir zat diýdi. Gyzjagaz baş atdy-da, hiňňildikden düşdi. Tokarja hiňňildigiň daşynda gowadaklap, aýlanjyrap ony ýaglap başlady.
Oglanjygyň her bir hereketini sypdyrman synlaýan kakasy maňlaýyna şarpyldatdy:
-Gör-ä muny, kyrk ýaşdan geçseňem, akylyň bäş ýaşly çagaňkyça bolmasa näme diýip näme aýtjak?!
Onýança tüňňüje hiňňildigi ýaglap boldy. Gyzjagaz mündi-de, göýä ýüregedüşgünç jygyldynyň ýene-de gaýtalanybermeginden eýmenýän dek, usully bat alyp ugrady. Jygyldamandan soň ojagazyň ýylgyrýandygy, ýüzjagazynyňam ýagtylandygy ýalaňaç çyranyň yşygyna çala saýgartdy. Gyzjagaz oglanjyga bir zat diýdi. Oglanjyk jogap berdi. Yzyna öwrüldi-de göwnühoşluk bilen öýlerine gaýtdy. Emma birküç ädim ätdi-de, bir zat ýadyna düşen ýaly yzyna dolandy. Elini jalbaryna süpürdi.
-Wah kürre! Şu günjük ýuwdum ahyry men ony!-diýip durşy bilen göze öwrülen ejesi naýynjar pyşyrdady.
-Hüşş!-edip kakasy misli özlerini tokarja bilen gyzjagaz eşidäýjege döndi.
Mazaly elini arassalan oglanjyk bolsa kisesinden birki sany köke çykardy-da, gyzjagaza tutduryp, hyrra yzyna aýlandy.
Şol günden soň hiňňildik jygyldamady…
…Birek-birege mähirli bolmak, özüň ýaly birini bagtly etmek üçin, syýrgyn doly garyndaş, akyp ýatan baýlyk ýaly beýlebir kän zadam gerek däl ekeni. Bäş ýaşlyja oglanjyk, ýagly jübtek, çala ýagy süpürilen eljagaz bilen uzadylan birki sanam köke…
Hekaýalar