…Sagat üç…
…Ýene-de bir sagatdan daň horazlar gygyryşyp başlaýar. Eýýäm ikilenji gün ýanar ot bolup gyzdyrýan körpäniň bolsa henizem jägildisi galanok.
Nämetmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da, näme etmeli?!
“Tiz kömek” eýýäm gelip gitdi. Sanjym edildi. “Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine äkideli” diýseler, özleri etmediler. Sebäbi düýn gije sanjym edilenden soňra biraz gyzgyny gaýdyşyp, rahatlanyp ýataýypdy welin, bu gün-ä, edil ýöne jynlana dönäýdi. Sallançaga-da etmeýär, süýdünem almaýar. Şol çym-gyzyl bolup, yzyny üzmän jägildäp ýatyr. Gezekleşip ellerinde huwwalanlaryny bolsa piňine-de almaýan ýaly.
Eýýäm dördünji sagat dowam edýän üznüksiz jägildi eje diýmän, kaka diýmän, ikisiniňem halys aňkasyny aşyrdy. Kakaňky ýene ýagşy, öten gije, bolmanda ýarygijeden soňam bolsa: “ertir işe gitmeli” bahanasy bilen ýatyp, garaz ýarymgöz ukusyny aldy. Gündizem öýden daşrakda, beýnisi dynçrak.
Eje görgüli näme işlemeli?!
Ikinji gijesini çirim etmeýär. Gündizem-ä jany ýaramansoň iziläp-sojap, birde gyzdyryp, birde sowap, birde ögäp, birde gaýtaryp, sähel salym kirpigini kirpigine kaklyşdyrmaga maý bermedi. Kelle diýseň ukusyzlykdan, üznüksiz jägildiden, gaýgy-aladadan, ýarym açlykdan ýaňa hum dykylan dek güwläp dur. Derden ýaňa on gezek öl-myžžyk bolup, on gezek egninde guramaga ýetişen köýnegi, ikilenji gün suw degmedik endamyny gysyp-gowrup iýip gelýär. Hammama girip-çykyp, çalşyrynaýyn diýse, şoňa-da maý bermän, gygyryp-gögerip gidip barýar.
Huwwalamak gezegi argyn ejeden ýadaw kaka geçdi.
-Hany, hany, goýaweri, goýaweri, oglum! Meň sary oglum! Meň sury oglum! Wah sen ýaraňokmy, oglum! Wah gyzgynyň barmy, köşşäm?!-diýip kakasy ojagazy iki ýana hallanladyp söýgüläp ugrady. Özüni göterýän eliň üýtgändigini duýdumy, ýa kakasynyň sesi gulagyna has hoş ýakdymy, oglanjyk sojap diňdi-de, garaja gözjagazlaryny jüýjerdip diňşirgendi.
Ejesi umyt bilen pyşyrdady:
-Weh, şunuňam senden jyny pes gelýärmi nämemi, birbada-ha sesini kesäýýär.
Kakasy “hüşş, eşidäýmesin” diýen şekilde, oguljygyny söýgülemegini goýman ýüzüni kürşerdip, gaşlaryny bürüşdirdi.
Az salymdan soň oglanjygyň jany aram tapana çalym etdi. Gözjagazlaryny süzgekledip, meýmiredi. Köp wagt geçmänkä-de uklady. Kakasy ony huwwalap, gezmeläp ýörşüne:
-Bar, gapdal otaga git-de, birsellem ukla! Häzir gowy uka gidenden soň sallançaga salyp, biraz özüm üwrärin.-diýip pessaýdan-pessaý pyşyrdady.
Ejesi oýurgandy.
-A birden ajygyp oýanaýsa?!
-Gaýnag suw bar. Gury süýtden taýýarlap bererin.
Ejesi hasam oýurgandy:
-Gidibereýinmi, onda?!
Kakasy sesini çykarman baş atdy.
Gitdi.
Kakasy şondan soňam ýarym sagatlap dagy oglanjygy gujagynda huwwalady. “Ind-ä bir gaýym uka gidendir-dä, Alla janlarym” diýen pikirde ýaňybir sallançagyň üstüne eglenem şoldy welin,…
-Wä-ä-ä!!!...
-Merez saňa, görgüsi ýaman!-diýip zähresi ýarylyp oýanan ejesi, jabjynyp içki otagdan çykdy.
Muňa-da kakasynyň girre gahary geldi:
-Näme sesiňde baryny edip jabjynýaň-a?! Kim: “çyk” diýdi, şü mahal saňa?! Ýat-da gömül-de, çagyrylýançaň!
“Ýer gaty bolsa öküz öküzden görer” diýleni, ejesem kem galmady:
-Hawa-la, siziňkä aňsat-la, dogurdýaňyz-da “işe” diýen bolup çykyp-çykyp ötägidýäňiz. Yzyňyzda dünýe ýumrulsyn, bahasy bir jinnek.
-Eý! Näme gepleýäň-eý?!-diýip, bir demde elindäkini ýadyndan çykaran kakasy gyzarylyp ugrady.
-Kaka, eje, getir, bolmasa jigimi men huwwalaýyn-la!
Içki otagdan eşidilen bu jümlä är-aýalyň ikisem aňk-taňk boldular. Öz gohlarynyň üstesine çagajygyň jägildisi zerarly gepläni sesinden tanap ýetişmedik eje-kakanyň ikisi iki ýerden, bir wagtyň özünde diýen ýaly:
-Haýsyň-how?!
-Kimsiň?!-diýişdiler.
-Men-läý!-diýip ukuly gözlerini açalak-ýumalak edip, şu ýyl mekdebe gidip başlan tokarja ýagta çykdy:-Getiriň men huwwalaýyn-la, jigimi! Ýatmanymda-da ertir mekdepde uklaman!
-Barsana, ýeriňe sokulsana, seňki näme şumat!-diýip ýanýoldaşyna kinesini dökmek üçin öýkenini howadan dolduran ejesi bar gaharyny ogluna gönükdirdi.
-Ýuwaş-how!-diýip kakasy ejesiniň al-petinden aldy:-Näme ýöne, hemme kişä çöwjäp duran bolaýypsyň-la!
Ol jägildeýäni elinde hallanladyp durşuna tokarja golaýlady:
-Bar, oglum, arkaýyn ýatyber! Jigiňi ejeň ikimiz bir zatlar edip köşeşdireris.-diýdi-de bir eli bilen onuň ýaňagyny sypalady.
Tokarja pallady-da, yzyna aýlandy. Gidip barşyna-da ukynyň arasyndamy ýa-da bilgeşleýindenmi, burnuna siňdirip, ýöne eşidiler ýalyrak:
-Onda, bir gün ýatmadyk diýip üçünji jahan urşuny turuzjak bolup ýatmaň-da!-diýip hüňürdäni kakasynyň gulagyna ildi. Ýa-da ilen ýaly boldy.
Ýene-de kelläňi iýip gelýän üznüksiz jägildi. Ýene-de gezekleşip huwwalap başladylar. Biri huwwalap-söýgüläp öýüň içinde ters aýlanýar. Beýlekisem edýän kömegi bolmasa-da, daşlarynda hozanak.
Onýança penjireden daňyň düýbüniň çyzylýandygy görnüp ugrady. Syrkaw welin henizem köşeşerli däl.
-Eje!
Başagaýlaryň ikisem birden diýen ýaly ses gelen tarapa öwrülenlerinde, tokarjalaryň körpeden ulusynyň içki otagyň bosagasynda söm-saýak bolup durandygyny gördüler. Gözünde-de uky bar-a meňzemeýär. Megerem, galmagala oýanyp, hälden bäri jyňkyny çykarman olary synlap duran bolara çemeli.
-Näme-e?!-diýende ejesi tokarjanyň üstüne topularly göründi.
Ojagaz nähilidir birhili naýynjar düýrükdi-de:
-Meňem maňlaýymy elläp görüňsene, menem şuwagtjyk gyzdyryp, ýaramajak bolup başlajak bolýan öýdýän!-diýip myňňyldady. Ejesi ýarylarly göründi. Emma kakasy oňa partlamaga maý bermedi. “Hüşş” edip hüşşüldedi-de, huwwalap duran ogluny bir eli bilen kükregine gysyp, tokarjanyň ýanyna bardy. Öňünde aşak çökdi. Ony beýleki eli bilen gujagyna aldy-da, ýaňagyndan öpdi. Çekgesinden öpdi. Maňlaýyndan öpdi. Garaja saçlaryndan öpdi. Derçiräp duranja alkymjygyny ysgady.
-Näme köşşäm, ejeň bilen kakaňy jigiňden gabanaýdyňmy?!
Henizem düýrügip duran oglanjyk kakasyna gysmyljyrady-da, sesini çykarman baş atdy.
Kakasy ojagazy gujaklap durşuna “hyklap-çoklap” zordan ýerinden turdy. Elinden körpäni almak üçin özlerine garşy imrigen aýalyna:
-Degme! Gerek däl! Ýadasam aýdaryn!-diýip başyny ýaýkady. Her elinde bir ogly, her oglunyň gulagyna nähilidir bir, diňe olaryň üçüsine mälim, ýöne juda mähirlidigi ojagazlaryň gulaklaryny üşerdişinden bildirip duran, hüwdä çalymdaş sözleri pyşyrdap, otagyň içinde iki-baka gezmeläp ugrady. Birhaýukdan soň oglanjyklaryň ikisem uklady…
Hekaýalar