14:02 Kakaly günler / hekaýalar toplumy - Jalbar | |
…Hemmeleriň gözüne güýdüşip girendirin öýtse-de, bosagadan ätlän dessine, heniz gapy ýapylyp ýetişmänkä, ol şöhlereňk gulpajyklaryny towardyp ýeňsesinde peýda boldy:
Hekaýalar
-Geldiňmi?! Sesini çykarmady. Elindäki sebetçäni diwanyň golaýynda goýdy. Daşky eşigini çykaryp, geýimasgyja ildirdi. -Alyndyňmy?! Kemterisinden dagam, diýýämisiňem diýmän, geýimlerini çalyşmagy soňa goýdy-da, diwanda süýndi. -Näme, ýene-de alynman gaýtdyňmy? Hä?! Hamana öýde ýeke özi ýaly, jigisine üns bermän sebetçesinden kitap çykardy. Çiňarkan düşüp, gatyny açdy. Gulpaklyja ýakynraga süýşdi-de, kitabyň daşky sahabynyň ýüzündäki ýaly-guýrugy dim-dik bolup çar tarapa hažžaryp duran bedewiň hem-de eýerdäki uly başgaply, dar jalbarynyň gonjy ädiginiň daşyna goýberilen, keltesyý gursakçaly, elinde syrtmak pyrlaýan ýigidiň sarymtyk ak-gara suratyny siňe-siňe synlady. -B-A-E-Ş…Baeş…S-YÝ-Z..Baeş-syýza, A-E-T…Aet..L-YÝ…aetlyýa. Baeşsyýza aetlyýa!-diýip soňky birki hepde bäri okamagy öwrenýän gulpaklyja, sakyna-sakyna hetjikledi. Tokarja döşüniň üstündäki kitaby birneme aşak egdi-de, jigisine üstaşyr äňetdi: -Ilki düzüwlije okamany bir öwren, geçi! Tankydy parahat göterýän barmy?! Hasam ol dogry bolsa! Gulpaklyjanyň dabanyna ot basylana döndi: -Dürs okaýan-da, nämesi ters ýaňky okaýşymyň, hä?!-diýip ol eljagazlaryny bykynyna urdy-da, tokarja garşy gözlerini jüýjertdi. -“Başsyz atly” Maýn Rid, ine bolmalysy! Seniňki ýaly “Baeşsyýza aetlyýa” däl-de!-diýip äwmezeklik bilen jogap gaýtaran tokarja, jigisiniň agzyna öýkündi. Soňam dodaklaryny çöwürdi-de ýatan ýerinden gymyldaýynam diýmän üstüne goşdy:-Özüňem maňa gözüňi çüý ýaly eden bolma, geçi! Şahjagazyňy döwäýerin, edil! Gulpaklyja-da gaýduwsyzyňam barypýatany. Garadangaýtmazlygyny edip yza tesmäni ýokuş görýär. Ellerini bykynyna urup, heşşerilip durşuny birjigem üýtgetmedi: -Hä-ä! Bildim, senjagaza, ýene-de ejemiň: “jalbar alnyp gel” diýip berip goýberen puluna, şü kitabyňy alyp gelenje aga diýerler! Gulpaklyjanyň “degene gözüm menden däl” diýip gözüni ýumup atan daşy, guşuň göni baryp garagyndan-a däl, edil ýöne, görejiniňem hut garaçygyndan urdy öýdýän. Tokarja bolup ýatyşyny üýtgetmese-de onuň nähilidir birhili ýuwaşap gideni bildirdi. Muňa hasam ekezlenen gulpaklyja şeýle halatlarda köplenç bolşy ýaly ýeňişden ýaňa baş aýlanma keseline uçrady. Tokarjany gepde ýeňip gazanan kinniwanja üstünligi bilen kanagatlanyp oňaýman, hüžžerilip hüjüme geçdi: -Eden işiňi häzir ejeme bir aýdyp geleýin bakaly! Onnoň görersiň, senjagaz! Öňem-ä geçen ýekşenbede: “mekdebe geýmäge köýnek alyn” diýip berip goýberen pulunyň gylla ýarysyna kitap satyn alyp geleniňe entek bolup içi sowanok, ejemiň!-diýip gulpaklyja gözjagazlaryny haýbatly çerreldip, pert-pert suňşuryp ugrady:-Özüňe-de şu gün irden bazara iberende käkeläp-käkeläp sargap goýberdi dälmi, hä?! “Oglum, mekdebe geýýän balagyň halys tozupdyr, başga zada sowmagyn-da oňatja jalbar alyngyn. Her sapar seni bazara ugradyp durarymyz ýaly öýde üýşüp ýatan harç ýokdur. Bolýamy, balajygym?!” diýip?! Hä?! “Hä” diýýän men saňa?! Tokarja ýaşkiçiň, üstesine-de gyzjagazyň gözüni çokmaga dalaş edýän dek üstüne abanyp durmagyna çydamady. Kellesiniň aşagyndaky ýassykça ýapyşdy. Emma, hemmä mälim, geçiler biçak hüşgär bolýar. Onuň ýassykçany eline alanam şoldy welin, gulpaklyja eýýäm atylyp işigiň agzyna düşdi. Batly zyňlan ýassykça patylap aňyrsyndan ýapylan gapa degdi. -Häk, seniň bir geçi diýsänim! Bar aýt, kimiňe aýtsaň!-diýip atan “oky” sowa geçen tokarja ýene-de çiňarkan ýatdy. Şol pille-de mazaly ýaglanan gapy jygyldaman açyldy. Aňyrsyndan şöhle gulpaklyja kellejik göründi: -“Geçi-geçi” diýen bolup ýykaýdyň gyz, halys! Men geçi bolsam, onda sen goýun, goýnuňam maňy, maňynyňam akmagy, akmagynyňam güňi, güňüniňem çöňňesi, çöňňesiniňem töňňesi, töňňesiniňem iň soňkusy… Emma oglanjyk hemişe basdaş jigisine içegedenem uzyn sözüni ahyrlamaga maý bermedi: -Häk, seniň bir!-diýip hyrçyny dişläp ýerinden dikelen kişi bolan dessine, şöhle gulpaklyja kellejik: “Waý eje-e!” diýip çirkin çygyrdy-da, gözden gaýyp boldy. Kitabyna bar höwesi gaçdy. Açyklygyna gapdalyna düňderdi-de, gözüni dikmaýtaryna dikip, içini hümledip başlady. Häzir “etek alty ýeň ýedi” bolup ejesi geler. Ala-gykylyk turzar. Olam dikelip oturar-da, ýüzüni sallar. Ejesi bolsa öz gohuna özi öjügip, çem gelen ýerinden ynjydaýmaz ýalyrak edip, burup-burup almagam ahmal. Soňra biraz demi düşüşer-de zeýrenjiräp ugrar. “Aý oglum, menem saňa ýamanlyk diýip aýdamog-a” diýer, geçen ýekşenbede zynharlanyşy ýaly gowja hilli köýnek alynaýman kitapdan artanjasyna düşenini alyp gaýdandygyny, onuňam bir gezek ýuwlan dessine petiniň gidip öliň reňkinde saralandygyny eýýäm näçenji gezek ýatladar. “Bu gezek bir beýdäýmeli däl ekeniň-dä” diýer. Olam ejesiniň ähli aýdýanlary dogry bolandygy üçin jyňkyny çykarmaga het etmän dymar oturar. Soňra käýinip-nalanyp birneme ýüreginiň ýelini gowzadan ejesi hasam köşeşer. Onuň müzzerip oturşyna haýpy gelipmi nämemi, ýuwaşjadan gapdalyna geçip dyzba-dyz oturar-da, naharyňmy, soganyňmy, ýaňy tamdyrdan çykarylan çöregiňmi, bäbege emdirilen süýdüňmi…ysy gelip duran, gataňsy bolsa-da juda ýumşak hem mähirli sypalap bilýän aýasyny onuň kellesine goýar. “Beren puluňa degýärmi bir özi, alan kitabyň?!” diýip pessaýja sorar. Olam tasdanam: “Näme-aý eje, “satyn alan ýeralmaň abatmy bir, özi” diýen ýaly edip soraýaň-laý?! Kitabyňam bir, beren puluňa degeri-degmezi bolarmy-aý?! Gyzyklysy ýa-da gyzyksyzy bolar-da!” diýjek bolar. Ýaňybir rahatlanan ejesiniň, edil ýöne peltesine ot degräýjek bu sözleri aýtman, zordanjyk dilini dişläp saklanar. “Hümm” eder-de, makullaýjy terzde baş atar. Onsoň ejesi: “Wah-wah-eý, gara bagtym! Içjagazymy ýakyp-tütedipler geçjek-dä, siz meniň!” diýip jibrinip, “ah-wahlap” ýerinden turar. Öýden çykyp barýarka-da ýene-de ähli ejelere mahsuslykda: “Ynha, agşam kakaň işden gelse, onuň bilen özüň düşünişersiň-dä. Olam-a başyňdan sypar öýdemok” diýip haýbat bilen hüňür-hüňür käýinjiräp gider. Ejesi gidenden soň, olam birhili müýnürgär. Ejesiniň göwnüne degenine, ýene-de köne, tüýdülip sary giden jalbar bilen mekdebe gatnamaly boljakdygyna, özüne erk edip bilmän hökman däl zada biderek pul sarp edenine çynlakaý gaharlanar. Emma gözüniň gyýtagy bilen gapdalynda ýatan kitaba serederem welin, bar zat huşundan uçar. Ejesiniň käýinjem, kakasynyň käýejekdigem. Oňa derek her sapar täze kitaba nazary kaklyşan dessine gögele kükregini doldurýan nähilidir birhili gyssanmaç sabyrsyzlykdan doly, tolgunçly, gyzgyn alas-gopaslyk, şol kitaby tizräk okap çykmaga bolan çaksyz-çensiz höwes oýanar… Oglanjyk kellesini silkeledi-de kitabyna ýapyşdy. “Äý kakamam, hiç zadam diýesi ýok-la! Diňe bir gülümsirär-de: “Gyzyklym-aý oglum?!” diýer. Soňam ejesiniň: “Senem şularyň kä daýym eýini ýetirip durmakdan geçen, gaýta “köşşäm-oglum” diýen bolup, beleň berýäň-ä olara!” diýip igenjiremelerine üns bermän, garagolluk bilen gözuni gypar-da: “Bolanyňdan soň okamaga berersiň-dä” diýip gapdallarynda hemmeje zady eşidip duran ejesine eşitdirmän pyşyrdaýan kişi bolar” diýip ol öz ýanyndan çak etdi-de, döşüniň üstünde açan kitabynyň sahypasyna dikildi. Bada-badam onuň hyýaly-huşy bu dünýäden gaýyp bolup, elindäki kitabyň eşretli dünýäsine gark boldy… …Jalbardyr-kitaply hadysanyň dowamy bolsa tokarja bezzadyň çaklamasyna kybapdaş bolup geçip gitdi… | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||