…Teatrdan soň kafe bardylar.
Ejesiniň gujagynda mäkäm orun alan, ýaňy bazzyk-buzzuk dil biten körpeleri aýtmyşlaýyn: “biý haýta (halta) boýup”. Azady köçäň ugrundaky “Süýjüjä”.
Bir stoluň daşyna ýerleşmekden-ä agdygrak geldiler. Ýylgyrjaklaşýan ýaş, görmegeý, birmeňzeş geýnüwli gyzlar, derrew munuň alajyny tapakga, ikisini birleşdirdiler. Hyzmat edýän gyzlaryň biri haşamly tagamnamany orta goýan dessine körpäniň ýokary ýanyndaky özbaşdak, indi özüniň diňe bir garaşsyz däl-de hatda özygtyýarlydygyny hem subut etmäge howlugyp, ony hemmelerden öňürti garbap aldy. Tagamnamany açmanam, üýşüp şähere seýle çykyljakdygy belli bolan, geçen hepdesinden bäri içinden yhlas bilen syntgylap-syntgylap, sünnäläp ýören jümlesini diýmäge alňasady:
-Haýyş edýän! Bize kofäň kakasy bilen Kakaň kökesini getirseňizläň!
Ejesiniň elinde bökjekleýän körpe, tanyş sözler gulagyna ilen dessine hemişeki endigine eýerip, olary özüniň guş dilinde hetjiklemäge gyssandy:
-Köffe kakga, Kakga kökge!
Köpçülige öwrenişenem bolsa hyzmat edýän gyz ojagazyň ýeserje jümlesine güljeginem bilmedi, sargydy kabul etjeginem. Gaşlaryny gerip, maşgalabaşa soragly garady. Ol müýnlä çalymdaş ýylgyrdy-da: “nädeýin jigi, şeýle-dä, şü” diýýän şekilde egnini gysdy:
-Häzir jigim, tagamnamany okaly, onsoň sargyt etmek üçin çagyraýarys!-diýdi.
Gyz baş atdy-da, gitdi. Yzyndan sereden garagol, onuň kafeniň hasaplaşyk nokadynda oturan orta ýaşlaryndaky aýalyň ýanyna baryp, üm bilen özlerini görkezýändigini we nämedir bir zatlary gürrüň berýändigini gördi. Gyzyň gürrüň berýän zady gülkünç bolara çemeli. Ol aýalyň heziller edip gülesiniň gelýändigi, ýöne köpçülik bolandygy zerarly gaty gülmezlik üçin özüne agram salýandygy göz-görtele bildirýärdi. Oturan ýerinden olaryň näme gürrüň edýändiklerini aňşyryp bilmejekdigine düşünen oglanjyk, ünsüni sowdy-da, ýakynlarynyň nämeleri sargyt etmelidigi hakyndaky çekişmesine goşuldy. Çagalaryň süýji görse durary ýok. Hemme zady iýesleri gelýär. Iýip bilmedik zatlaryndanam dadyp görmeli. Gulpaklylar bilen tokarjalaryň arasynda öz-özünden tutaşan, nämeleri sargyt etmelidigi hakynda jedel töwerege üns bermez derejede gyzdy. Birdenem…
-Bagyşlaň…
Özi çagalaryndan beter bolup olar bilen jedelleşýän maşgalabaşy, gözüni göterende hasaplaşyk nokadyndaky zenanyň eli ullakan mejimeli öz ýanlarynda ýylgyryp durandygyny gördi. Zenan, ýylgyryşyny üýtgetmän, gapdalyndaky gyza ümledi. Gyz mejimäniň üstündäki zatlary stolda goýuşdyryp ugrady.
-Ine bally, bü-ýä kofäň kakasy…-diýip zenan süýtli kakaodan püre-pür, ullakan bulgurlary görkezdi:-Bu bolsa Kakaň kökesi bolmasa-da kofäň kakasyna gelişäýjek süýjülikler.
Maşgalabaşy biraz aljyrady:
-Bagyşlaň, biz heniz sargyt etmändik. Bü bezzadyň bolsa oýun eden bolşy şol…
Zenan pessaýja güldi:
-Arkaýyn saýlaberiň. Sargydyňyzy soň aýdarsyňyz. Bu kofäň kakasy bilen Kakaň kökesi bolsa…-diýdi-de zenan boş mejimäni hyzmat edýän gyza uzadyp durşuna beýleki eli bilen wäşi bezzadyň başyny sypady:-…bujagaz dillijä aşpezimiziň sowgady hem minnetdarlygy. Heziller edip güldürendigi üçin. Noş bolsun!
Zenan hem gyz assaja gülüşdiler-de gitdiler.
Hezillik!
Hekaýalar