...Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň birinji ýarymynyň güýzahyr bir güni...
…Ýorgana salyp, göterip getirdiler. Göterýänleriň-ä ýüzünden gar ýagýar. Gapdalyndan ýöreýänleriňem gözleriniň ýaşy püre-pür bolup, paýraýyn-paýraýynyň bäri ýanynda dyňzap dur. Gelişlerine-de sähelem säginmän içki otaga saldylar-da, töre düşek oklap ýatyrdylar. Öňem-ä üç-dört gün bäri göresleri gelip, garaşyp-garaşyp ýürekleriniň saryja ýagy üzülere gelen garaja-garamyk jübütlerem uludan-kiçi: “eje-de-eje” bolşup daşyna egele boljak boldular welin, oňa-da ýol bermediler. Kakalaram gije-gündiz ejeleriniň ýanynda – hassahanadadygy sebäpli olaryň biş-düşüne seredip öýlerinde bolýan körpe gelnejeleri:
-Hany guzujyklarym, ýörüň bakaly, biz daşaryk çykalyň. Bu mahal gelnejelere azar bermäliň!-diýip ýaşmak astyndan pyşyrdaşdyryp, ählisini içerden çykardy.
Çyksalaram-a çykdylar welin, ýetim tokly ýaly boýunlaryny burup, yza gitjeklerinem öňe ýörejeklerinem bilmän sadylla bolup duruşlaram bir giden gözgynylyk. Olara tarap seredeniň ýüregini gyýym-gyýym edip gelýär. Hasam öýde ählisiniň eziziniň ýorgana çolangy halda jahandan umydy üzülgi ýere siňip barýandygy ýada düşende.
Birdenem ojagazlar, ýapraklaryny ýere döküp, ýalaňaç şahalaryny çar ýana haçjardyp oturan garalynyň aşagyndaky kakalaryny gördüler. Hut üç-dört gün mundan ozalam, tamdyrda nan ýapýarka möý çakan käbeleri hassahana düşmänkä, gözlerine mizemez bolup görünýän, emma häzir aýagüstünde ibaly durmaga-da maý bermän çaýkanýan dünýäde ýeke-täk diregleri şol. Hümer bolşup, biri-birine gezek bermän, oňa garşy ylgaşlap gaýtdylar.
Ulular gepleşip durka goşulmazlyk, päsgel bermezlik zynharlap-zynharlap, gulaklaryna guýup-guýup ganlaryna siňdirilen endik. Bäri ýanlaryna bardylar-da, kürtdürişip duruberdiler. Aňyrsyna bakyp gepläp duran kakasy, birbada olaryň gelenini aňşyrmady. Göýä içini gysyp-gowrup alyp barýan oý-pikirlerini öňünde duran dolanan agasyna däl-de, öz-özüne aýdyp berýän dek, pessaýja geplemegini dowam edýärdi. Arasynda-da nämedir bir zat bokurdagyna tegek bolýan ýaly, sözüni bölüp-bölüp ýuwdunýardy:
-Lukmanlar:…“Möýüň zäheri eýýäm ganyň üsti bilen ähli içki agzalaryna ýaýrap, ornaşypdyr…Etjegimizi etdik, indi alajymyz ýok, alyp gidäýiň. Öz-ä çagalaryny, olaram ejesini bir görüp galsynlar” diýdiler…Ilkibaşda-ha damaryndan damjalaýyn sanjym goýberensoňlar biraz ýüzi-gözi durlanyp, özüne gelip başlanam ýaly boldy welin,…ertesi gün gaýta öňküsindenem egbarlady…Soňky iki gün bär-ä özüne-de gelmedi…Wah, möý…möý!!!…Ýeri, tamdyr, nan nämämize gerekdi diýsene?! Dükandan satyn alyp iýeniňde çörek bogazymyzdan ötmezmidi?!
-Mert bol! Gaýrat et! Tamdyrda çörek bişirmände-de boljak iş bolardy…-diýip dolanan agasy kakalarynyň sözüni böldi. Soňam onuň arkasyna ümledi:-Çagalaryň geldi.
Kakasy hyrra yzyna aýlananda onuň gara-ört bolup tamdyr gorjalýan kesewiniň ujuna dönen keşbi, garamyk-garaja jübütleriň hatda entek mana düşmez iň körpejesine çenli haýykdyrdy. Etene guşuň ýürejigi ýaly kinniwanja jigerjigi bilen bir zatlary syzandyr-da, ganat-goljagazlaryny gerdi-de, naýynjar kemşerdi:
-Kakga-a?!
-Jana köşşäm!
-Etje ýaýanok, hä?!
Kakasynyň bogazy “lyk” doldy. Öz perişan halyny çagalaryndan gizlemäge gyssanyp, ol körpejäni garbap aldy-da bagryna basdy. Ojagazyň çem gelen ýerinden ogşaşdyrdy. Bir eli bilen ony gujaklap durşuna, delmirişip duran beýleki jübütjikleriň uly-kiçi diýmän barysyny ýekän-ýekän kükregine gysyp-aýryp, ýaňajyklaryndan ysgap çykdy.
-Men…-diýdi-de dolanan agasy ýeňsesine dönüp, zoňtar sümgürindi. Göýä, olardan bir zady gizleýän ýaly, ep-esli wagt bärisine bakman, reňki biraz soluşan köne donunyň kisesinden çykaran elýaglygy bilen süpürindi. Bärisine bakyp çym-gyzyl bolup gyzaran gözlerini owkalaşdyrdy:
-Men häzir guma gitjek. Kepeläniň oýunda güýçli molla bar diýýärler. Şol ýerde prontdaşym bolmaly. Aýatda diri bolsa, tapyp alyp gaýdarys. Bi lukmançylygam lukmançylykdyr welin, şunuň ýalakyda türkmençiligiňem gaty peýdasy degýän ýeri köp bolýandyr. Okadaly. Alyp çykar. Ata-babalaram şumatky ýalaky hüjre-hüjre lukmanhanalar ýelesinde-ygynda ýok mahalam-a ýaşapdyrlar!-diýişdirdi-de, ol köçede duran ulagyna tarap ýöneldi. Gidip barşyna-da mazaly çalaran sakgalyna siňdirip hüňür-hüňür etdi:-Ýaşapdyrlaram ölmändirlerem! Belki galdyrsyn-da, Gaýtarmyş atam jan! Ýogsa, dözer dagy eder ýaly däl-ä, bi etenejelere! Beýdişip sazanaklaşyp duranlaryny göreniňden prontda depäňden boňba düşeni gowy ahyry, päheý-de welinim, diýmäýin diýsem!
Onuň yzyndan kakasynyň durky-düýrmegi bilen körje umyda öwrülip garaýandygyny gören jübütjiklerem şol ugra çiňerilişdiler.
Ulag gitdi. Olar üýşüp gelnejesiniň garalynyň aşagyndaky sekiniň üstüne atan galyň keçesine geçdiler-de, garaşyp başladylar. Nämä garaşylýandygynam kakalar-a bilýär, uluraklaram aňýar. Kiçileri bolsa köpüň ugruna garaşan kişi bolýarlar. Hemmesi bilelikde-de şu wagt tutuş dünýäleri, ähli özleri bilen syzýarlar. Hut şuş-şu mahal özleriniň “maşgala” diýlip atlandyrylýan ajaýyp-gözel dünýäleriniň abatlyk bilen berbatlygyň arasynda, haýsy ýana agjagyny bilmän hallan atyp durandygyny…
Olaryň garaşmagy uzaga çekdi. Iňrik garalýança, bokurdakdan ötürýän zatlarynyň tagamyny duýmazdan öňlerine goýlanyndan çüm-süm etmäge-de ýetişdiler, gözlerini süzüp ugran körpelerini gapdalky otaga geçirip ýatyrmaga-da. Gädiklerinde saklanan ulagyň çyrasy tümlügi böwsende, sekiniň üstünde diňe kakasy bilen nowbahary otyrdy.
Misli, şeýtmeseler, gelenler täzeden ulaga münüp gidiberjek ýaly, olar hasyr-husur turdular-da, gelenleri garşy aldylar. Agasynyň ýanynda duran, işigiň ýokarsynda asylan çyranyň ýagtysyna gözi çakgyň çüýi ýaly içiňden geçip gelýän, ýüz-gözüni iýmeşik sakgal-murt basan, orta ýaşdan agan, garadon, garatelpek adam, kakasyny tanamakçy bolýan dek siňe-siňe synlady:
-Ýaňýoldaşymy?!-diýende onuň ýakymsyza ýakyn sesi birhili jygyldyly eşidildi.
-Hawa.
-Nirede?!
-Içki otagda.
-Çakanyna näçe gün boldy?!
-Dört. Şu gün bäşilenji gün.
-Ýör onda! Aýallara aýt: “çyksynlar”!-diýip ol adam aýakgabyny çykardy-da bosagadan ätledi:-Şo gün aýdan bolsaňyz aňsat bolardy. Suw seňrikden agyberipdir. Indi müşgil bolar. Onda-da ýagşy dilegde boluň, belki Alla işimizi oňuna etsin!-diýip ol içki otaga girip barşyna närazy hymyrdady.
Girdiler. Olar girip-girmänkä törde ýatanyň daşyny alyp oturan zenanlar güsürre ördüler-de, guş sürüsi deýin bir demde pasyrra çykdylar. Molla syrkawyň başujuna geçdi. Arkasyndaky serwantyň aýnalaryna ümledi:
-Ýüzüne mata ýapyň!
Kakasy gapdal otagdan uzadylan mata bilen aýnany örtdi. Molla:
-Özüňem git! Ýanymda, ine bi, agaň galar!-diýdi. Kakasy işikden çykyp barýarka ýene-de dillendi:
-Näçe çagaňyz bar?!
-Ýedi!-diýende kakasynyň sesi gyryljak çykdy.
-Tüweleme! Onda Alla rehim eýläp, perişdeler “omyn” etse, işimiz tükel-oňyn tamamlanar. Öz ýaradan dyrnak ýalyjak bir mör-möjejigi zerarly, onça baş günäsiz bendejiklerini ýetim goýmaga emr etmez, Onuň Özi! Haýsyny nädeňde nähili boljagyny bijaý ýagşy bilýändir, Onuň Özi! Biz ýalakyň çawuşyna mätäç däldir, belki mynajatymyzy kabul etsin-dä, şepagat ganatyn ýaýyp!-diýdi-de molla goltugyndan akja gyraly ýaglyga dolanan düwünçegi çykardy. Açdy. Içinden çykaran daşynyň jildi solup giden kitaby açdy. “Henizem ötägitmediňmi?” diýýän terzde bosagada durana äňetdi.
-Bar, bar, sortduryp durma, ötägit! Bärde etjek kömegiň ýok. Gaýta içiňde turýan howur sebäpli okanymyzy terse dönderersiň. Ondan-a öýden biraz daşraga süýş-de ýagşy dileg et! Belki seniň ýa meniň dilegimiz alnyna ýetip, Ýaradanyň özi mynajatymyza gulak gabardar! Bar!
Kakasy çykyp gitdi.
Şol çykyşyna-da mellegiň iň garaňky künjüne, aýaguçlaryna basylgy odun petdeleriniň ýanyna baryp çökdi. Biraz wagt başyny aşak salyp muňalyp oturdy. Üç günüň ýadawlygy, ýarym ukusy, doýmak üçinem däl-de surnugyp ýykylmazlyk üçin aýagüstünde tapan-tupanyňy gäwüşeläýýän ýarym açlygy, gaýgy-aladasy, ýekesiremegi, “jany ýanan taňrysyna gargar” diýlenindäki ýaly özünemi, aýalynamy, tamdyramy, zäherli möýemi, belli däl, kimdir birine ýa-da nämedir bir zada ýakyp-ýandyryp gelýän gahar-gazaby, bu gün irden lukmanlar bilen gepleşendäki umytsyzlygy, çagalaryny bagryna basandaky alaçsyzlyk duýgusy…garaz, barysy birden iki gerdeninden basyp, onuň öňem mejalsyz göwresini ýere sokup gelýärdi.
Ol içindäki howry, lapykeçligi daşyna çykarjak bolýan dek yzly-yzyna birnäçe gezek owhuldap-owhuldap demini aldy. Gaýgydan doly gara başyny barha dolduryp barýan kütek biperwaýlykdan saplamak isleýän ýaly kellesini silkeleşdirdi. Hyruç bilen ýüzüni owkalady. Birdenem kalbynyň jümmüşinde dörän nähilidir bir mylaýym mähirden ýaňa dyňzap duran duýgy bilen bilelikde ýanýoldaşynyň keşbi hyýalynda ýalpyldap gitdi. Bada-badam ýigrimi ýyldan gowrak döwrüň iň ýakymly pursatlary hatar-hatar bolup, birme-bir göz öňünden geçip başlady.
…Ine ol – dördülenji ýyl ýokary okuw mekdebinde okap ýören ýaş ýigit, ejesidir-daýysynyň igeläp-törpülemeklerine çydaman, utana-uýala geljekki gaýynlaryna – babasynyň köne dostunyň öýüne, görme-görşe barýar. Bissimylla derwezeden ätlenindenem, bir jaýdan çykyp beýleki jaýa girip barýan on dokuz ýaşly gyzyň gül jemalyny, alysda galgan salgym ýaly çala görüp galýar. Emma, şojagaz, sähelçe salymlyk gözüne ilen keşp hem onuň üçin ýeterlikdenem beter artygrak düşýär. “Eý-ho, şu giden ummasyz ajaýyplyk, ahbetinem bir gün meniňki bolaýjakmyka?” diýen pikir ony tutuş bir ýyllap, tä toýy sowulýança sary-sadylla edip taşlaýar.
Ine ol – bäbekler öýüniň işiginde, gujagynda akja gundagdaky nowbaharyny saklap, ýylgyryp dur. Giň maňlaýly, alma gözli, galam gaşly, bilek ýogynlykdaky şamar saçy gizlenen goýy gyrmyzy, eldokama gyňaçly, inçe billi, syrdam boýly, kaddy-kamaty ezip içäýseň diýdirýän, perizatlaryň hüýründen owadan näzenin – onuň gelni. Ol bolsa dostlary bilen olara seredip aňk bolup dur. Şu giden gözelligiň, mähir-muhabbetiň diňe tenha özüniňkidigine ynanyp bilmän…
Ine ol – nowbaharyň yz ýanyndakyja dünýä inen, heniz alty aýlykka ýanar ot bolup gyzdyryp, gözleriniň alnynda erän ekizje gulpaklyjalaryň göwrejiklerini ulaga münüp barýan oňa uzadýanlaryň arkasynda bady-baran ýarym-ýaş bolup urunýar…
Ine olar – eýýäm üç-dört çagany daşlaryna üýşürip, teatra girip barýarlar…
Ine olar – öýlerinde bir saçagyň başynda ala-goh bolşup nahar iýýärler…
Ine ol…Ine olar…Ine ol…Ine olar…
…Munuň ýaly “ine ollardyr-olardan” onuň diňe bir durmuşy däl, dünýesi doly…Indem mundan buýana ol bolmasa nähili bolar?! Boşap galmazmy bu dünýe?! Gugaryp galmazmy bu öý?!
-Çagalary nädeýin ahyry men, eger-de Sen beýtseň, ýa Ýaradan Perwerdigärim-ä?!-diýip ol başyny göterdi-de dik gögüne garady.
Güýz gijesinde tüm-garaňky asmanyň ýüzi dup-durudy. Ýekeje übtügem bulut ýokdy. Misli, Ýaradan Biribar, özi bilen gepleşmäge çete çykan şu ýekesirän ýalňyz bendesini hiç hili päsgelçiliksiz synlajak bolýan ýaly.
Birdenem ol nalajedeýin ynsanlygyny etdi-de, edil biri agzyny ýumduryp aýtdyrmajak bolýan mysaly, gyssanyp-howlugyp diläp başlady:
-Ýa Allam, senden medet, senden gaýrat! Özüň gora, ýa Ýaradan Biribar, çagalarymy ýetim-ýesir goýma, jan Allam! Şojagaz garaja gözli garamyklarymyň hatyrasyna demine bir degme, jan Allam! Eziz Hudaýym, maňa näçe ömür beren bolsaň baryny al, hut şu duranja ýerimde janymy al, iň bolmanda meniň täleýime ýazylan ýyllaryň alar ýalysyny al-da onuň ýazgydyna öwür, ýöne goý şol ýaşasyn, goý çagajyklarymyň arasyndan aman-esen girip-çyksyn…
Onuň näçe wagt şeýle halda Allatagala mynajat edip oturandygy belli däl. Diňe howludan çagyrýanlaryny eşidende ol özüne geldi. Endamy gurşup gidendigi sebäpli “hyklap-çoklap” ýerinden turdy-da jaýyna garşy ýöredi. Ony nähilidir birhili tukat biparhlyk gaplap alypdy. Göýä, “äý, indi näme bolsa şol bolsun-la” diýip, ikujunam deňläniň göwnübirligi bilen özüni aldajak bolýan ýaly.
Diňe çyraň aşagynda duranlary alkymlanda, olaryň ýüzüniň ýagtylandygyny görüp onuňam ýüregi galkyjaklap gitdi.
“Belki Allam…”.
-Alla saňa garaşyk etdi, inim!-diýip garadere batan molla, ýetişibildiginden maňlaýynyň, boýnunyň derini elindäki desmal bilen süpürýärdi:-Çagajyklaryň hatyrasynadyr, enşalla!
-Okap bolandan soň endamyna der indi. Şu mahal rahatlanyp, özüne-de gelmän beýhuşlygy uka ýazdy-diýip agasy pyşyrdamaga ýetişdi.
-Häzir nesip bolsa,-diýip süpürinmegini dowam edýän molla, olaryň hyşy-wyşysyna üns bermän, geplemegini dowam etdi:-gelinler şol möýüň çakan ýerini mazaly arassalarlar. Injiginden sokupdyr eken, ol wäheri ýanan neşderini. Birnemejik iriň-ä çykdy özi. Erte ir bilen, Ýaradanyň özi bolsun etse, ukudan açylar. Ony-muny iýesi-içesi gelse beriň, diňe ajy-turşy-duzlydan häzirlikçe saklanyň. Agşamara şu mahallar ýene-de baryň yzymdan. Gelip okaryn. Ýene-de alty gün okamaly. Jemi bir hepde. Düşdüňizmi?!-diýip ol aga-inä çiňerildi.
Ikisem baş atmaga howlukdylar. Soňra molla, elindäki desmaly gapynyň tutawajyndan asdy-da, olaryň iki ýerden biri-birine gezek bermän aýdýan alkyş sözlerine kän bir pitiwa etmän, şol bir “bile ýalkasyn!” diýen sözüni gaýtalap, ulaga garşy ýüzlendi.
Mollanyň aýdyşy ýaly, ejeleri ertesi gün irden oýandy…
…Kim näme diýse-de, megerem, nirededir bir, hol göze görünmeýän ýokarraklarda, her bir edilýän dilegiň hasabyny gaty berkden ýöredip, işlerine juda jür oturýanlaryň jemlenen edarasy bar bolmaly.
…Inisi segsen ýaşady, agasy togsan. Özi zordan elliden agdy. “Ýerde goýsam pos bolýar, gökde goýsam ys bolýar” diýip ezizläp, ýagty jahanyň ýagşy-ýaman hiç zadyna dynnym ýalyjagam rowa görmän ýörenleriniň ählijesini ýesir-ýalňyz goýdy-da, gyzyl-ýaýyrt dökdi ötägitdi…
Gussaly!
…Soň bolsa…
…Kakaly günler gutardy-da, kakasyz günler başlady…
Hekaýalar