…Girdi-çykdy. Ýene-de girdi. Kitap tekjesiniň öňüne bardy. Dörüşdiren boldy. Hiç zat alman gyra çekildi. Diwara ýaplanyp oturdy. Özüne düýbünden üns bermän, gyşaryp, äwmän-alňasaman çaý süzýän kakasynyň synlaýan gepleşigine çenden aşa ýiti gyzyklanma bilen tomaşa edip ugrady. Senagat desgalary gurlanda täze işlenip taýýarlanan gurluşyk serişdelerini howanyň has sowuk we has yssy şertlerinde ulanmagyň öňdebaryjy usullary hakynda saçy çap-çal, ýaşuly hünärmeniň berýän gürrüňlerini. Tüýs ýaňy on iki ýaşan ýetginjegi biçak gyzyklandyryp biläýjek gepleşik.
Ýetginjegiň iki gözi telewizorda. Gyzgyn çaýa maňlaýy derçiräp ugran kakasynyňky hem şonda. Ýöne arasynda, käte bir gözüniň gyýtagyny assyrynlyk bilen ogluna tarap aýlap goýberýär. Ümsümlik! Gülala-güllük!
Birhaýukdan soň kakasy çaýyny içip boldy. Onuň çäýnegiň soňuny sarkyran käsesini boşadaryna mähetdel ogly yzyndan ýagy kowalaýan dek ala-hasyrdy bolup turdy-da, çäýnek-käsäni alyp gitdi. Gapy ýapylan dessine işigiň aňyrsyndan eneli-ogluň otagyň içine eşidilmezligi üçin boguksy gepleşýän sesleri geldi. Näme hakda gepleşdiler? Düşüner ýaly däl. Äý, gerekli adam ahbetin-ä dillener-dä!
Ýene-de tirseginiň aşagyndaky ýassygyny has ynjalykly jaýlaşdyryp, gepleşige tomaşa eden bolup ýatyr.
Ýene-de girdi-çykdy başlady. Ýene-de arasynda ýaňkyja ýerine geçip çökýär-de, özi üçin öte “gyzykly” gepleşik bilen gyzyklanyp başlaýar. Ýene-de sabry suwa gaçyp, bir bahanajyk tapýar-da daşaryk ýumlugýar. Ýene-de işigiň aňyrsynda eneli-ogluň pessaýdan-pessaý hümürdileri.
Maşgalabaşynyň bolsa piňine-de däl. Ýa-da dälsirän bolýar. Ýa-da özi oýlanmyşlaýyn “gerekli adamyň ahbetin dillenjekligine” ynamynyň binýady gaty mäkämden tutulan.
Ahbetin üçülenji gezek çykylyp, üçülenji gezek girilenden soň ýetginjek göwnüne bire baglandyr-da, çekine-sakynybragam bolsa dillendi:
-Kaka?!
-Hümm!-diýdi. Iki gözem telewizorda, ellerini ýeňsesinde çilşirip, sol aýagyny sag aýagynyň dyzyna mündürip, çiň-arkan düşüp ýatyr. Söm-saýak bolup duran ýetginjege tarap iň bärkisi äňedenogam.
-Kaka…men tigrimi…nemetdim…
Ýüzüni sallap, gepledigiçe beter müzzerip barýan ýetginjege çala bir gözüniň gyýtagyny aýlaýar. “Hälden iki-baka girip-çykyp, aýagy bişen towuk ýaly zowzuldap, ýuwdunyp-ýaýdanyp ýörşüňdenem, nähilidir bir hokga goparandygyň-a aňdymam-la” diýmekçi bolýar. Emma, geplemeýär. Dymýar oňaýýar.
Bada-bat al-petinden alynmandygyna sähelçe-de bolsa ekezlenen gögele birneme merdemsiräk dowam edýär:
-Metdä berdim. Hol, Hally süpügiň ogly Meretguly çişige.
Kakasy ýene-de gözüni telewizordan aýyrmaýar.
-Berseň, getirer-dä, şonuň üçin byzbydyklap ýörmek nämä gerek?!
Ýaňy bir başy dikelip ugran ogly ýene-de müzzerýär. Burnuny çekip, myňňyldaýar:
-Ýo, men başbitin berdim…
Kakasy telewizordan gözüni aýyrýar-da biraz dikelýär. Ogluna gyzyklanma bilen garaýar. Kellesinde-de bir wagtyň özünde müň pikirdir müň hyýaldan ýeke demde emele gelen gylýal sürüsi horguryp, tapyrdap, beýnisini sarsdyryp başlaýar. “Gahar” diýlip atlandyrylýan meçewçi hem çawuşçy nökerem ýüzi “Gazap” diýlen ýazgy bilen belgilenen däriden tümmek çelegiň agzyna golundaky otly kesindini golaýladýar. “…Utdurandyr, ogurladandyr, gorkuzyp alandyrlar, aldap alandyrlar, öň özi bir zadyny ogurlandyr bilnibem öwezine berendir, satandyr, karzyna pul alyp bergisiniň öwezine berendir, etmesiz iş edip şonuň puşmanasy hökmünde berendir…”. Garaz, öňem-ä biri-birinden mojuk, oýlandygyňsaýy hasam mojuklaşyp barýan çaklamalar beýnisini gorjaýar. Arasynda-da iň bolmanda ýekejesini dagam: “şü-ýä, beýlekilerine garanyňda ibalyrak çemeli” diýip kalbyny köşeşdirmek üçin tutaryk ediner ýaly däl. Biri-birinden peslärligi ýok.
Her niçigem bolsa özüne basalyk berdi. Kelam agyz geplemedi. Diňe sorag bilen gaşlaryny gerdi.
Gögeläniň bolsa, birdenkä özüniň iki sözi bogazyndan iteläp çykaryp bilmän hymyrdap durşy janyna batdymy ýa-da “ölsem-öleýine” saldymy nämemi, aýtmalysynyň baryny bir demde eňterip goýberdi:
-Olaryň aýaguçlaryndaky odunlyk çöpleriniň aşagynda ganjyk guzlapdyr. Alty sanyjak güjüjek. Heniz doly gözlerem açylmandyr. Metdi bolsa barysyny halta salypdyr-da, zeýe gark etmäge alyp barýar. It görgülem yzlarynda gözünden boýur-boýur döküp çyňsap barýar. Ýakynlasa Metdi daşlaýar, uzaga gidibem bilenok. Çagajyklarynyň naýynjar çyňsaşmasam iýip gelýär. “Beýtme, goýber” diýsem, gaýta gülýär. “Men bu ganjyga: “biziň mellegimizde guzla” diýip ony çagyrdymmy?” diýýär, “Indi özünden görsün, indikile güjüklejek ýerini biler” diýýär. Ýenjip elinden alaýyn diýsem, ol özümden iki ýaş uly, göwresem gysyr galany üçin soýuma bakylýan sygyr ýalaky. Doganymy bolsa, çagyrýançam etjegini etjek. Onsoň ýene-de “goýber” diýdim welin, “Tigriňi ber-de, me al, onsoň näme etseň ediber olary” diýdi. Menem onsoň…
Ýetginjek, bolanja aýgydy tamamlandymy nämemi, ýene-de müzzerdi-de, pessaý pyşyrdady:
-…tigrimi berdim…dogrusy…çalyşdym…şojagaz güjüklere…
Süýr depesinde kakasynyň siňňin nazaryny duýýan gögele gözlerini göterip oňa seretmäge het edip bilmese-de, kakasynyň ýerinden turandygyny syzdy. Hasam düýrükdi. Birdenem tekiz syrylan kellesinde kakasynyň elleriniň çagalykdan endikli ýylysyny duýdy. Buýnuzagy sypalandy.
-Onsoň ojagazlary näme etdiň?!
Oglanjyk özüne temmi berilmejekdigine entegem ynanmaýan ýaly, başyny galdyrman jogap gaýtardy:
-Men neme…olary goýb…
Birdenem özüniň kakasyna ýalan sözlejek bolandygyna ýüzi gyzardy. Kellesini galdyrdy-da, mähirden doly gözlerini güldürip özüni synlaýan kakasynyň ýüzüne seretdi:
-Aýaguçda, mal ýatagymyzyň ýanyndaky boş kümä saldym.-diýdi. Bada-badam üstüni ýetirmäge howlukdy:-Kaka, olar köp zat iýmezler. Enes-ä galan-gaçan nahar bilen oňar, güjüklerem heniz diňe süýt emýärler…
Kakasy ýene-de oglunyň başyny sypady.
-Şu mahal suw-söl berdiňmi?!
-Ejem bilen berdik, kaka! Jigilemem hemmesi şu wagt şolaryň daşynda!
-Bolýar onda, söwdan-a gaýtaryp bolmaz. Süpügiň çagasy bolsa-da, erkegiň gepi gep bolar.-diýdi-de, kakasy mähir bilen gögeläniň arkasyna kakdy. Biraz oýurganyp durdy-da, üstüne goşdy:-Bar, eşigiňi çalyş! Ejeňe aýt, jigileňňem geýindirsin. Häzir dükana gidip saňa täze tigir alyp geleli. Tigirsiz bolsaň bolmaz-a Ýetginjege ganat bitdi. Göz açyp-ýumasy salymda işikden atylyp çykdy. Daşardan ejesiniň sowal berýän aladaly sesine onuň:
-Eje, kakam bilen täze tigir alynmaga gidýäs!-diýýän jaň ýaly batly owazy eşidildi.
Hekaýalar