KANAGATLYLYK
Adam balasynyň at-abraýyny, mertebesini beýgeldýän häsiýetleriň biri-de kanagatlylykdyr. Muny şükürlilik şekilli kelamlar bilen hem aňladyp bolýar. Türkmen ummasyz dil baýlygyna eýe millet. Belki, ony gaýry ugurdaş sözler bilen-de aňlatmak mümkindir.
Meniň beýleki ajaýyp häsiýetliler bilen birlikde aýratyn sarpa goýýanym kanagatly adamlardyr. Olar ýöne-möne adamlar däldir. Beýik Taňrynyň nury, nazary siňen tapylgysyz ynsanlardyr. «Älem-jahandaky bar zatlar meňki bolsun, başgalar kör bolsun» diýip, ynsanperwerligi, arkalaşygy unudyp, diňe özüni bilýänleriň köçesinden geçmeýän, olara gözi gitmeýän, ymtylmaýan, imrinmeýän kanagatly adamlaryň öňünde çal başymy egýärin, bakyýete göçenleriň bolsa päk ruhlaryna doga-dileg edýärin. Olar baý däldirler. Ýöne beýle bendeleriň garyp bolmajagam köre hasadyr. Sebäbi beýik Alla bir eli bilen alyp, beýleki eli bilen berýän jomart, hamrak, rehimdar, pähimdar kişilere penakärlik, howandarlyk edip, hemişe hemaýat goluny uzadyp durýandyr. Sabyrly, şükürli adamlaryň, elbetde, ýaşaýyşda hemme zady ýeterlik bolman, ýetmezlik edýän zatlary bardyr. Muny Magtymguly akyldarymyz şeýle nygtaýar:
«Dokuzyny düzüw edenler,
Idän barmy dünýäde».
Emma olar günlerinden razydyrlar.
Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat –
- diýip, Magtymguly atamyz kanagatly adamlara göwünlik berýär. Kanagatly adamlaryň baýlygy mal-mülk bolman, pul bolman, il-ulsudyr. Degre-daşyndakylar şat bolsa, olaram şatdyr. Olar gam-gussada bolsa, olaram şeýle hupbaty başdan geçirýändirler. Gysga bolmadyk ömrümde kanagatly adamlaryň onlarçasyny gördüm, olar bilen söhbetdeş boldum, iş salyşdym. Türkmenbaşy etrabynyň «Jebel» sowhozyna telim ýyllap ýolbaşçylyk eden Gurbanmämmet aga üýtgeşik kanagatly adamlaryň biridi. Gurbanmämmet aganyň guramaçylyk ukybyna, adamkärçilik häsiýetine bil baglap, ýokarda ady tutulan etrabyň Oglanly obasyndaky şol wagtky «Komsomol» sowhozynyň düýbüni tutmagy ynanypdylar. Ol gijesini gündiz edip işläp, sowhozy öňdebaryjy dowardarçylyk hojalygyna öwürdi. Bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, bu sowhoza tanymal baştutan Gurbanmämmet aganyň adyny dakdylar. Ol aşa pespäl, sabyr-takatly, şükürli adamdy. Sözüne bat berip, uly-uly gürlemeýärdi. Ol ilden üýtgeşik geýnip ýörmezdi, elpe-şelpe günde ýaşajak bolup, nebsiniň guluna öwrülmedi...
Mekdepde bilim, terbiýe beren ylym atam, soňra kärdeşim, halypam bolan Taýly mugallym ýadyma düşende, ozaly bilen, onuň kanagatlylyk häsiýeti göz öňümde peýda bolýar. Ol obada iki otagly jaýy bilen motoryndan başga kaşaň jaýa-da, gymmat bahaly ýeňil awtoulaga-da meýil etmedi. Ýogsam onuň aýlygam, mal-garasam ýeterlik bardy. Ol çagalarynyň doýa garyn iýmitlenmegine, edep-ekramyna, terbiýesine, bilimine uly üns beripdi. Şeýle hem obadaşlarynyň, kärdeşleriniň aladasy bilen ýaşapdy. Olar gülse gülüpdi, aglasa aglapdy. Taýly mugallym mekdebe hemmämizden ir gelerdi, gijem giderdi. Bir gün ikiçäk durkak, ol elindäki «Balkan» gazetinde çap bolan giň göwrümli makalany görkezdi-de:
– Ýalançydan umydyňy üzeniňden soňra, yzyňda şeýdip ýatlanýarkaň, gözüňi ýumanyňa gyýlybam ýörmeli däl – diýdi. Onuň bu sözi maňa kakdyrylyp aýdylan ýaly boldy. Çünki ol makalanyň awtory mendim. Makalada dostum, Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde bile okan ýoldaşym, taryh ylymlarynyň doktory Aman Begjanow hakynda gürrüň berilýärdi. Hudaýa şükür, mugallymymyzyň wesýet hökmünde aýdan ol sözüni wysal etmek maňa soňra nesip edipdi. Soňra onuň özi hakynda hem «Taýly mugallym» atly makalam welaýat gazetimizde çap bolupdy.
Kanagatly adamlaryň işi mydama oňunadyr. Durmuş bize muny aýdyň görkezýär. Şonuň üçin-de şeýle kişilerden görelde alalyň!
Hojagylyç NAZAROW,
«Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy»
Pedagogika we edep-terbiýe