13:02 Keminäniñ heleýi ýaly | |
KEMINÄNIŇ HELEÝI ÝALY
Edebi makalalar
Halk arasynda ýörgünli bolan bu aýtgy XIX asyr türkmen nusgawy şahyry Mämmetweli Keminäniň (1770–1840) durmuşy bilen baglanyşykly döräpdir. Aýtgy gezegen, gybatçy, öý-hojalygyna seretmeýän aýallar babatda aýdylýar: «Keminäniň heleýi ýaly öýüne myhman, gybat tapsa başga nep gözlemeýän, nirde gybat gyzarka diýip söw-söw syryp ýörenlere guba legzan diýerdi»(«Garagum» žurnaly) . «Kemine» diýlende garyplygyna garamazdan, hemişe şoh, şadyýan ýagdaýda gezip, adamlary öz gülküli şorta sözleri bilen gyzyl-gyran güldürip ýören şahyr göz öňümize gelýär. «Ol Sagdynyň, Ependiniň, Zakanynyň we Muşfigiň satirasy bilen berk tanyş. ...Keminä Türküstanyň Hoja Nasretdin Ependisi diýýärler. Kemine we Äraly pir ikisiniň töweregi şorta sözleriň uly topary bilen gurşalgy, Kemine türkmeniň gülki hazynasy, Kemine diýen at türkmeni hemişe ýylgyrdyp goýberýär» (Nepesow T. Kemine. // Kemine. − Aşgabat: Turan, 1991, VI-V sah.). Ýöne şahyryň aýaly öýünde tapylmaýan gezegen, hapysa, gypatçy aýallaryň keşbi bolup ýatda we aňda galypdyr. Munuň sebäbi hem şahyryň adyna aýdylýan birnäçe şorta sözde Keminäniň aýalynyň erbet häsiýet-sypatda görkezilmegidir. Olaryň käbirini gözden geçireliň: «Kemine orta ýaşlaryna baranda, onuň söýşip alan başky aýaly ölüp,dul galýar. Soňra bäş-alty maşgalanyň eýesi bolan sary diş, durugşan bir aýal alypdyr. Gije ýatyrkalar, aýaly Kemineden: − Sen bir molla adam, menem indi elti bolýan, sen aýt: ertir nähili gezmeli, kime görünmeli, kime görünmeli däl? − diýip soraýar. Ol aýaly agşamara getirenleri üçin, Kemine heniz onuň ýüz keşbini görmänsoň: − Aý, gelin, entek howlukma, daň atyp, ýalançy zat bir ýagtylsyn, onsoň göreris-dä − diýen. Kemine ertir turup, aýalynyň ýüzüne seretse, onuň gözüniň çorbasy akyp dur. Soň Kemine aýalyna: − Kime görünseň görün weli, maňa bir görünme! − diýen. Oba adamlary ony gutlamaga gelýärler. Olar Keminä: − Sizi öýlenipdir diýip eşitdik, gözüňiz aýdyň! Gutly bolsun! Neneň alan adamyň oňatmy, bir oňşuk borça barmy? − diýýärler. Kemine: − Aý, hawa, taňry ýalkasyn. Bir hudaý hoş, ýumry-ýumşak, gözi ýaşly bende-hä bar − diýip, alan aýalynyň gözüniň çorbasynyň akyp durandygyny syzdyrýar. Soňra ol adamlara bakyp: − «Pyýada gözi bilen at alma, dul gözi bilen hatyn alma» − diýip, nesihat berýär» (Kemine bilen pir. − Aşgabat: Magaryf, 1982). Bu şorta sözde Keminäniň ikinji aýaly barada gürrüň gidýär. Keminäniň bir kem otuz ýyl ýaşaşan birinji aýaly Gurbanbagt aradan çykýar. Şahyr ýanýoldaşy ýogalanda «Janyň barynda» atly şygryny ýazýar: Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran, Ýar, sensiz gerekmez bu pany jahan! Kemine – bakardyň tawus dek her ýan, Indi şatlyk ýokdur dünýe barynda (Kemine. − Aşgabat: Turan, 1991). Şygryň bütin mazmunyndan belli bolşy ýaly, Kemine birinji aýalyndan nägile bolmandyr. Şahyr aýalynyň ölümine ýürekden gynanýar, ony «jana-janym, ýoldaşym», «bakardyň tawus dek her ýan» diýip taryp edýär, öýüniň hany hökmünde mertebeleýär. Diýmek, «Keminäniň heleýi ýaly» diýen erbet manyly aýtgy onuň ikinji aýaly bilen baglanyşykly dörän bolmaly. Ýöne şeýle pikir hem ikirjiňlendirýär. Birinjiden, Kemine ýaly molla, şahyr, halk arasynda sylanýan kişiniň sary diş, gözi şully, alasamsyk aýal almajagy belli. Molla Keminä aýal bolan, ýokardaky şorta sözde onuň öz dilinden aýdyşy ýaly, elti, elti eje adyny alyp (işan-mollalaryň aýalyna sylaşyk hökmünde «elti eje» diýilýär), il-halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolmaly. Keminäniň öýi bilimdar kişileriň kitap okaýan, bagşylaryň aýdym aýdan, şahyrlaryň şygyr okaşýan ojagy. Şeýle öýüň bikesi gylygy pes aýal bolmajagy belli. Ikinjiden, ýokarky şorta sözi Keminäniň hakyky durmuşy bilen baglap bolmaz. Ol ýöne Keminäniň adyna aýdylan şorta söz. Sebäbi «Kime görünseň görün weli, maňa bir görünme!» diýlen jogaply, umuman, şeýle mazmunly şorta söz Ependiniň şorta sözleriniň arasynda hem duş gelýär: «Hossarlary Ependini aldap, bir görmeksiz aýal alyp beripdirler. Toý gününiň ertesi Ependi geýnip, köçä çykmakçy bolanda, aýaly näz edip: – Ependi, men seniň garyndaşlaryňdan kime görünip, kime görünmäýin? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Kime görünseň görün welin, maňa bir görünme! – diýip jogap beripdir» (Ependi. − Aşgabat: Ylym, 2012). Şundan görnüşi ýaly, bu ýordum folkloryň göçüp ýören ýordumlaryna degişlidir. Ýene iki sany şorta sözde Keminäniň aýalynyň gezegenligi teswirlenýär. Olaryň birinde Kemine bir ýere gitjek bolanda aýaly oňa bir tegelek çörek berýär. Kemine çöregi iki döwüp, ýarsyny aýalyna berýär. «Aýaly: − Bu näme etdigiň boldy? Gelýänçäň, ajygarsyň. Hemmesini äkit − diýýär. Onda Kemine: − Äý, sen hem bir öýden çyksaň, şu öýe menden öňürti gelesiň ýok-la − diýen» (Kemine bilen pir. − Aşgabat: Magaryf, 1982). Beýleki bir şorta sözüň mazmuny şeýle: «Kemine bir gün ýadap öýüne gelýär. Görse, aýaly öýde ýok. Şol wagt goňşularynyň öýüniň kölegesinde üýşüp oturan adamlaryň ýanyna baryp: − A-how, adamlar, iller meniň aýalyma gezegen diýýärler weli, şol bir ugursyz gürrüň. Ol şeýle gezegen bolsa, biziň öýümize-de gelerdi ahyry! − diýip gülüşdirýär» (Kemine bilen pir. − Aşgabat: Magaryf, 1982). Ýokarky şorta sözlerden başga-da, şahyryň erbet häsiýetli aýallary tankyt edýän «Ak eder», «Emire meňzär» şygyrlary okyjylary we Keminäniň ömri-durmuşyny, döredijiligini öwrenijileri onuň aýalynyň sölite, gezegen, gybatçy-gepçi bolanlygy baradaky ynançlaryny has-da berkiden bolmaga çemeli. Şahyryň «Ak eder» şygryndan soňky bendi getirýäris: Garap alyň asly-zatyn, Ýamandan al boýuň satyn, Kemine diýr, selki hatyn Alyn saçyň çym-ak eder (Kemine. − Aşgabat: Turan, 1991). Şygyrda şahyryň ýaman aýallara ýakyndan beletligi, olaryň keşbini içgin suratlandyryşy we häsiýetini anyk beýan edişi «Keminäniň aýaly erbet bolan bolmaga çemeli, şahyr aýaldan oňmandyr-ow» diýen pikiri döredýär. «Emire meňzär» şygryndaky aýallaryň erbet sypat-häsiýetlerini hem çugdamlap beýan etsek: «Üýşseler emire, wezire meňzeş, gezende, gözi gap-gazanda, tapan zadyny gemirjek, gözleri ukudan açylmaýan, elmydam bimar ýaly, horan, idelmez ýere barýan, jahyl görse hyrydar, ýörişi haýýara meňeş, sypaty sygra meňzeş, eden işi iç ýakan, daş işige külün döken...» we başgalar. Bu şygyrlardaky şahyryň erbet aýallary tankytlamalary, sypatlandyrmalary we häsiýetlendirmeleri, göýä Keminäniň öz aýalyndan zeýrenmeleri ýaly duýulýar. Biziň pikirimizçe, goşgulara şeýle ýöntem düşünilmegi we şahyryň aýaly bilen baglanyşykly aýdylýan şorta sözler halkyň arasynda onuň aýalynyň erbet bolandygy hakyndaky pikir-düşünjäni döredipdir we «Keminäniň heleýi ýaly» aýtgysynyň döremegine getiripdir. Şahyr hökmünde öz döwrüniň «gözi-gulagy bolan» Kemine bütin döredijiliginde bolşy ýaly, «Ak eder» we «Emire meňzär» şygyrlarynda hem türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak derejesini terezä salýar. Türkmeniň namys tugy hasaplanan, «her öýüň adalatly hany» bolan zenanlaryň käbirleriniň ahlak-gözellik derejesiniň pese gaçmagyna ýürekden gyýylýar, olaryň ahlagynyň hemişe gözel bolmagyny isleýär. Şol isleg, şahyryň türkmen zenanlarynda görmek isleýän ajaýyp gylyk-häsiýetler «Emire meňzär» şygrynyň soňky bentlerinde öz beýany tapýar: Biri bardyr taýyn daýym, Mydam gullugynda gaýym, Kemally berse hudaýym, «Öl» diýseň, jan biýre meňzär. Biri bardyr, misli maýa, Bir görmeseň, ömrüň zaýa, Nazaryňa gelse göýä, Akylyň dagyra meňzär. Bolsa ýigidiň ýagşy aýaly, Döwlet salar saňa ýoly, Abraýyň doldyr goly, Bir sahyby-pire meňzär. Kemine diýr, bir söz bolar, Kysmatda bary ýazylar, Ýagşy gelin, ýagşy gyzlar, Mysaly gülzara meňzär (Kemine. − Aşgabat: Turan, 1991). Şahyryň ýokarda garalyp geçilen erbet gylyk-häsiýetli aýallary tankytlap ýazan şygyrlaryndaky mazmun onuň öz şahsy durmuşyna baglansa, onda Keminäniň şahyr, dana hökmündäki derejesi aşak düşürildigi bolar. Şeýlelikde, «Keminäniň heleýi ýaly» diýen aýtgynyň halk aňyna ýazylyp galmagyna garalyp geçilen Keminäniň adyna aýdylýan üç şorta söz we şahyryň iki goşgusy «günäkär bolupdyr». Halk aňyna ýazylan zady öçürmek kyn. Ylymda Keminäniň aýaly «aklansa-da», bu aýtgynyň halk arasynda aýdylmagy dowam eder. Bu bolsa, folkloryň özboluşly häsiýetleriniň biridir. Nury SEÝIDOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||