01:45 Keramatly dagdan | |
"Kökler"
Edebi makalalar
KERAMATLY DAGDAN Gadymyýetde adamlaryň agaçlara, olaryň ruhuna çokunandyklary bize belli. ”Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty” (“Dekora- tiwnoprikladnoýe iskusstwo Turkmenii”) diýen kitabyň illýustrasiýa bölüminde biziň eýýämimizden öňki ikinji müňýyllykda ýasalan gabyň suraty berlipdir. Onuň ýüzünde agajyň şekili bar. Agajyň iki tarapyna äpet şahly dag goçlary (sülgün bolmagy-da ähtimal). Geçmişde goýuna, suguna keramatly mukaddeslik hökmünde garalandygyndan ugur alsaň, onda agaç hem ýönelige çekilmändir diýse bolar. Belki, goçlaryň örüsindäki jeňňeli, tokaýy alamatlandyrmak maksa- dy bilen edilendir? Şu günki nukdaýnazardan çemeleşsek, muňa hä diýse-de bolardy. Emma örän gadymy döwürlerde adamlarda peýzažyň gözelliginden beter, juda ýönekeý görünýän şekilleriň üsti bilen öz ynançlaryny aňlatmak islegi has güýçli bolupdyr. Eger agajy aňladýan şertli belgä mukaddes daragtyň şekili diýsek-de ýalňyş bolar öýdemok. H. Zikardyň gelen netijesine görä, käbir halatda şahly sugunlar “durmuş daragty” bilen birlikde suratlandyrylypdyr. Teke halysy dokalyp başlananda toprak kakylyp “äleme” geçilmezden öň “aşyk” atly nagyş salynýar. Bu nagyşyň aşyga meňzeýänligi üçin şeýle at alan bolmagy ähtimal. Siňe seretseň ol rus elipbi- ýindäki “Ж” harpyny ýada salýandyr. Bu nagyş ýomut halysynda-da duş gelýär. Sungatşynas W.Moşkowa ony gaýma toparyna goşýar. Indi “Mif we simwol” diýen kitaba salgylanyp dowam etsek, hytaý iýeroglifinde agajy aňladýan belgi hem ruslaryň “Ж” harpy ýaly. Belginiň ýokary bölegi daragtyň üsti, aşaky bölegi daragtyň kökleriniň shematik şekilidir. Mukaddes agajyň bu zeýilli şekillendirilmesi daş asyrlarynda döräp, gadymy Ýewropadan kem-kem Hytaýa çenli ýaýrapdyr. Onuň türkmen halylaryna haçan, nädip düşendigini anyklamak biziň wezipämiz. Mesopotamiýada jennetde ösüp oturan mukaddes daragt hakynda mif döräpdir. Bibliýada ol “durmuş daragty” diýip atlandyrylýar. Dürli halkyň miflerinde “dünýä daragty” diýen düşünje bar, ol daragt Beýik Aýal hudaýyň nyşanyna öwrülýär. Türkmenler dagdan agajyna aýratyn sarpa goýýarlar. Keramat- ly dagdanyň şekilini-de ilki şu agaçdan ýasapdyrlar. Aýallaryň doga hökmünde boýunlaryndan asýan dagdany bilen Beýik Aýal hudaýyň arasynda nähili baglanşyk barka? Öňi bilen dagdana siňe seredeliň Ol size aýalyň şekilini-ä ýatladýan däldir-dä? Stilleşdirilen görnüşleri saýgarmaga endik edinenler bu sowala hä diýseler gerek. Gündogary öwreniji şahyr Olga Çugaý bu şekili hereketde görýär. Dogurýan aýalyň keşbi. Aýaklary ýokary eplenen ýylan aýakly aýal hudaýyň bu keşbi bize örän tanyş diýýär. Munuň ýaly şekil Beýik Aýal hudaýyny aňladýar, oňa neolit zamanyndan bäri bu hudaýyň hormaty ýaýran sebitlerde duş gelse bolýar. Beýik Aýal hudaý diňe asmanyň eýesi bolman, tebigata-da emrini ýöredýär diýip düşünipdirler. Ol janly jandary penasynda saklapdyr, adamlar onuň rehmine, goragyna mätäç bolupdyrlar. Türkmen sungatyna belent baha berýän syýahatçy W. Zalataýew zergäriň elinden çykan, zenanlaryň döşüni bezeýän täsin kümüş dagdana seredip, ony çägäniň üstünden haýdap barýan tomzaga meňzedýär. Gadymy Müsürde tomzagyň mukaddes jandar hökmünde hormatlanandygyna, onuň obrazynyň Günüň kulty bilen gabatlaşýandygyna ünsi çekýär. Ýöne türkmen dag- danyndaky şekil tomzagyň Müsürdäki şekilinden has çylşyrymly diýen netijä gelýär. Zalataýew dagdanda itiň, möjegiň, goýnuň şekilini görýär.Gurbaga meňzeýän dagdanyň bardygyndan söz açýar. Gurbaga bilen atlandyrylýan nagyşa türkmen halysynda-da duş gelýäris. “Bu nagyş haly we haly önümlerine salynýan ara göller. Gurbaga nagyşy “gur- baganyň gözi, gulagy, goly, aýagy, garny” diýen ýaly ownuk böleklerden ybarat bolýar” diýip S. Myradowanyň “Halyçylyk we el işleriniň sözlüginde” aýdylýar, emma gynançly ýeri, bu nagyşa näme sebäbe görä “gurbaga” adynyň berilendigi aýdylmaýar. Gurbaga türkmeniň halamaýan jandary. “Gurbagany elleseň eliňe siňňil çykar diýilýär. Belki, nagyşyň şekilinde gurbaga meňzeşlik bolany üçin şeýle at berlendir? Meňzeşlik alamaty başga-da bir- giden nagşa at bermekde ulanylypdyr. Hakykatda welin, gurbaganyň düýp manysy örän gadymy miflerden gaýdýar. “Mif we simwol” diýen kitapda, miflerde dünýäniň üç bölekden, gurşawdan durýandygy bilen baglanşykly pikirler aýdylýar. Depede elýetmez asman, aşakda ýeriň-Zeminiň syrly teýi. Dünýäniň gurluşy äpet daragt görnüşde göz öňüne getirlipdir. Onuň kökleri aşaky dünýä, şahalar asmana aralaşýar. Bu ynanç paleolit döwründen gözbaş alýar. Asmanyň esasy alamatyny guşda görüpdirler. Halklaryň birgideniniň mifine görä, ýerasty dünýä ýigrenji süýrenjiler: hažžyklar, gurbaga wekilçilik edýär. Şu ynanç bilen bagly bolsa gerek, Ýewropada gadymda-da, soňam gurbaganyň mukaddes saýylýan şekilini doga edip da- kynypdyrlar. Käbir mifde dünýä gurbaganyň ýagyrnysynda ýatyr di- ýilýär. Şu aýdylanlardan soň türkmeniň dagdanynda gurbaganyň şekilini görmek geň däl bolsa gerek. 2006-njy ýylda Moskwada “Rosspen” neşirýatynda dünýä belli litwa alymy Mariýa Gimbutasyň “Beýik Aýal hudaýynyň siwilizasiýa sy: Gadymy Ýewropanyň dünýäsi” (“Siwilizasiýa Welikoý Boginii: mir Drewnoý Ýewropy”) atly düýpli, göwrümli ylmy işi kitap bolup çykdy. Şol kitapda iňňän gadymy zamanlarda ybadat edilýän ýerde Aýal hudaýyň keşbiniň gurbaganyň şekilinde berlendigi aýdylýar. Ony mermerden, alibasradan, gök daşdan, şirmaýydan, palçykdan ýasapdyrlar. Olar täze daş hem bürünç eýýamlarynda, soňra taryhy zamanda-da dowam etdirilipdir. Gurbaganyň şekilini aýalyň ýatgysy hökmünde görkezmek Müsürden, Gresiýadan, Rimden geçip, De- mirgazyk Ýewropa çenli ýaýrapdyr. Bu yrymyň henize bu güne çen- li saklanyp galan ýerleri bar. Eýse, bularyň Beýik Aýal hudaý bilen baglanşygy barmy? Aýal hudaýyň erkinde Asman, Tebigat bar diýdik. Onuň gorawyna, pena- syna ynanýan adamlar tebigatyň aýrylmaz bölegini düzýän haýwan- laryň şekilinde Beýik hudaýyň şekilini görüpdirler. Şolaryň arasyn- da möjegiň, itiň, goýunyň, ýylanyň, sugunyň, gurbaganyň, balygyň, tomzagyň bolmagy geň däldir. Eger türkmeniň dagdanyndan Beýik Aýal hudaýyň keşbini aňan bolsak, “hany onuň ýüzi?” diýilmegi mümkin. Dogrudanam, bu ýerde aýalyň ýüzi saýgardanok. Munuň sebäbini aýtjak bolsak, ýene A. Golanyň pikirine salgylanmaly bolýarys. Neolit zamanyndan hem öň kabul edilen aýal hudaýynyň obrazy şekillendirilende onuň ýüzi görkezilmändir. Ägirt gudrata eýe bolan hudaýyň garaýyşyndan iňňän gorkupdyrlar. Onuň adamy bada-bat öldürip biljekdigine bolan yhanç dilden dile geçip, dünýä ýaýrapdyr. “Göz degmek” diýen dü- şünje, yrym biziň günlerimize-de gelip ýetipdir. Indi hasap edip otu-rylsa, bu yrymyň dörän mahalyndan bäri azyndan 25 müň ýyl geçäýen ekeni. Biz bu gün hem, göz degmekden goranmak üçin dagda- ny dakynýarys. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |