17:50 Kim näme ýazýar / satiriki hekaýa | |
KIM NÄME ÝAZÝAR
Satiriki hekaýalar
Men edebiýatymyz we sungatymyz ugurdan uzak ýyllap eser ýazyp önjeýli iş bitirýän biri bilen hem söhbetdeş boldum. - Soñky ýyllarda uzak basa oturyp, öz ugruñyzdan önjeýli işler bitirýändigiñiz barada gulagyma degdi. Elbetde, ol zatlar köçe gürrüñi ýa-da bolmasa çaýhanadaky myş-myşlar däldir-dä hernä? - diýip, oña sowal berdim. Durşuma gulaga öwrülip oña berjek gürrüñime garaşdym. Ol begendi. Joşgun bilen söze başlady. - Halk aýtsa, galp aýtmaz diýenleri dogrudyr. Men soñky on-ýigrini ýylyñ dowamynda diýseñ ýokary ideýaly eserleri halkyma hödürledim. Ölmez-ýitmez eserleri ýazdym - diýip, ol buýsanç bilen aýtdy. - Geljekki nesiller üçin ajaýyp eserleri ýazypsyñyz-da?! - Ýazdym özün-ä. Ýöne weli, olar ajaýypmy ýa-da dälmi, oña halkyñ özi degişli bahasyny berer diýen tamam bar. - Özüñiz ýaly, işine ussadyñ elinden çykan eserleriñ erbet bolmaga asla haky ýokmukan öýdýärin. - Olam mümkin. Öz ýazan eserlerim özüm-ä ýaraýar. Kä ýerlerine özümem tolgunýan. Gülýän pursatlarym hem bar. Gaharymy getirýän tiplere-de duşýan. Gahrymançylykly hereketlere buýsanýan. Diñläp otyrkam arasy üzülse gynandyrýar. - Eşidişime görä, siz söýgi temasyna dalaş edýän bolmaly. - Hawa. Esasy temam söýgi. Özem pajygaly geçmişiñ gözýaşly söýgüsi. Il-halkyñ ar-namysyny goramakda edilen söweşlerdenem sowlup geçemok. Onuñ ýaly eserlerem ýazýan. - Iñ oñat ýazan eserleriñiz haýsylar? - "Gül-Bilbil" dessany. - Gutlaýaryn! Adynyñ özi her zada degýär. Ýanyñyzda duran söýgi bolsa gerek?! - Sag boluñ! Eseriñ ady özi bilen geldi. Gül - magşyk Bilbil - aşyk. Bu dessanda söýgem bar, gahrymançylygam gytlyk eder ýaly däl. Diñleýji munda fantastika-da duş geler. - Käbir, has täsirli pursatlaryny gürrüñ beräýseñiz, hoşallygymyzyñ çägi bolmazdy?! - Turan welaýatyndaky Nasyr şanuñ ogly Bilbil kakasynyñ daçasyndaky serhowzuñ başynda uklap ýatyrka Gül diýen perizada aşyk bolýar. - Ýogsam, Bilbil galyñ töletdiribem öýlenip bilerdi?! Şanyñ ogly ahyry ol. - Dogry aýdýañyz. Men Bilbil obrazyny şonuñ üçin gowy görýän. Käbir züwwetdin ýaşlar ejelerine gysmyljyrap oturýarlar. "Eje, kakama aýt, pylankeslerde gowy gyz bar", "Weý, jan oglum, o ýaşdan soñ kakaña gyz nämä gerek?! Ol elli müñ ýyl mundan ön öýlendi ahyry". "Wah, eje bagrymy tütedýäñ-ow! Düşün ahyry, gyz maña gerek". Ine, döwrümiziñ jalaýja, murtluja, diplomly, boýny gitaraly "aşygynyñ" sözi. - Diýmek, Bilbil galyñsyz, hakyky söýginiñ aşygy-da?! - Hawa, ol öz dostlary Zelili, Sala dagy bilen uzak ýerlere, Gülüñ gözlegine gidiberýär. - Hawa-da. Söýgi üçin hökman göreşmeli. - Dogry aýtdyñ. Göreşmeli. Onda-da bek göreşmeli. "Zöhre-Tahyr" diýen bir dessan ýazdym. Şonuñ baş gahrymany Tahyr söýgi üçin derýada ýedi ýyl derýada akdyrylýar. Suwuñ içinde guragyryly bolsañ bolaýmaly. Ol zamanda suwlar arassa ekeni. Häzirki suwlar iýiji aşgar ýal-a. Gämiñi gemrip iýýär. Emma Tahyr söýgüden ýüz öwrenok. Häzirki ýaşlaryñ käsi diñe Gurtly kölüne gidip arak içýärler. Çüýşäni döwüp suwa oklaýarlar. Ine, meniñ ýazan başga bir dessanymda Garyp diýen bir ýigit bar. Ol Şasenem diýen gyza aşyk bolýar. Garyba-ha ýetim oglan diýseñiz boljak. Bir kör ejesi bar. Hatda Abadan ejäniñ pensiýasam ýok. Şasenem bolsa Diýarbekiriñ patyşasy Şaapbasyñ gyzy. Oña Şaweledem aşyk. Häzirki döwrüñ dili bilen aýtsak: Garyp bilen Şawelet alternatiw. - Aşyk-magşuklar maksatlaryna ýetýärlermi?! - Diñe göreş bilen ýetýärler. Ýa almaly, ýa-da ölmeli diýip topulýarlar. Öñde goýlan problema elhenç. Gylyjyndan jülp-jülp gan damyp duran, agzyndan çykýan otly demi bilen armatura kebşirläbermeli, şeýle gazaply, şir ýaly Şaapbasyñ garşysyna ilki bilen ol mähriban gyzy Şasenem çykýar. Ol öz söýgülisi Garyby dardan asjak bolanlarynda şeýle diýýär: "Şasenem Welede barar oýlama, Garyp ölse, meni galar oýlama. Atam, şu gün ahyrzaman eýleme, Goýberiñ Garyby, öldüriñ meni". - Ýazýan dessanlaryñyzda goşgam bar eken-ow?! - Hawa, gahrymanlar öz içki duýgularyny goşgynyñ üsti bilen beýan edýärler. Aýdym-saz ýazýan eserlerime liriki fon, sterefoniki öwüşgin berýär. - Biziñ gyzlarymyzam, Şasenem ýaly, özleriniñ matlabam şol ahyry! Emma biziñ käbir gyzlarymyz öz galyñyny özleri galñadýarlar. "Men pylanynyñ yşarat, bedroý gyzyça ýokmy?" diýýärler. - Haladynyñ spisogyny hut özi gyz hem barmyş. - Wah, hawa-la! Bäş kişilik gurultaý mata, iki sany owgan halysy. Eşiden bolsañ, gepden gep çykanynda bir zady aýdaýyn, men "Leýli-Mežnun" diýip bir tragiki dessan ýazdym. Ana şonda Leýli diýip bir gyz obrazy bar. Ärmämmmetdigini bileýin, sen şoña spisok ýazdyrsañ. Takga jany çykaýar. - Siziñ ýazdym diýen dessanlaryñyzdaky aşyk-magşuklar gyzyl diş oturtjak diýibem dyzytdyryşyp duran däl bolsalar gerek?! - Ýürejigim bolduñ, gardaş! Gaýtam olar, hesret çekişip, otuz ikilerini ýar ýolunda, söýgi ugrunda döküp bulamak ýalamaga taýýar. Ah çekenlerinde agyzlaryndan ýalyn çykýar. "TU-104" reaktiw laýneriñ dwigatelini gözüñ öñüne getir. - Saman kepbeler, odun-çöp üýşmekleriniñ, ýandak küdeleriniñ, harmanlaryñ, nebit we gaz ýataklarynyñ ýanlarynda: "Hormatly aşyk-magşuklar! Şu ýerde ah çekmek gadagan, ýangyn howpundan ägä boluñ!" diýlip ýazylypdyr. - Edil özi. Ol aşyk-magşuklaryñ agyzlary edil marten pejiniñ körügi ýaly. Häzirki käbir aşygyñ agzyndan aragyñ ysy gelýär. Beñli çiliniñ ysyndan ýaña añkap dur. - Biziñ şu günki aşyk-magşuklarymyzyñ käsiniñ kabinetuniñ duşundan geçip barýarkam, derejesinden tüsse zogdurylyp çykýan ekeni. Ýangyndyr öýdüp bardym. Görsem, bir ýigit bilen bir gyz nebir abat dişlerini çarha tutduryp otyrlar. "Gyzyldan diş saldyrtjak. Basym ZAGS-a barýas!" diýdiler. - Siz ýazan dessanlaryñyz barada aýtmadyñyz. Şu günler näme ýazýañyz?! - Men şu günler uly bir epopeýa ýazýan. Garalamasyny gutardym diýen ýaly. Entek işi örän kän. Timarlamaga başladym. Ýöne pikir lentasyna çolaşyp otyryn. - Döwri, temasy, ady?... - Döwri geçmiş, temasy gahrymançylyk, ady "Görogly". Özem uly epiki eser. On bäş şahadan ybarat. Göroglynyñ döreýşinden başlanýar, ölüminde-de gutarýar. Ýeri, ölüminde-de gutarmasynmy diýsene?! - Söýgi barmy? - Bar. Harmandäli diýen bir gyz obrazy maña juda ýarady. Ol galyñsyz söýginiñ tarapdary. Özem pälwan gyz. Sport bilen söýgüni kompleksleýin alyp barýar. - Diýmek, söwüşlik sekiz sany semiz goýun getir diýip duran gyz däl-dä?! - Ýok, beýle däl. Onuñ söwüşi başgarak. Ilki ýigit bilen göreşýä. Ýykylsañ özüñi söwüş edäýýär. Ýat onsoñ göwräñe gök siñek üýşür-de. - "Görogly" eposyny ýazýan wagtyñyzda galaba haýsy kynçylyk çekýäñiz?! - Pikiri montaž etmek, başgaça aýdanyñda sazlaşdyryp seplemek işi diýseñ gaty kynçylyk döredýär. Sebäbi eposyñ gahrymany Görogly sada türkmen, serdar adam. Ol käte paýyş sögäýmänem hiç zatça görenok. Soñundan maña düzetmek iş bolaýýar. Ýogsam, men "Saýatly-Hemra" we "Hüýrlukga-Hemra", "Gül-Senuber", "Nejep oglan" ýaly dessanlaram ýazdym. Emma onça kynçylyk çekmedim. Dogry, Hysrow patyşa diýen bir tip gaharymy getirdi. Düýşünde Bilbilgöýä diýen guşy görüp, şony getirip beriñ diýýär. Toty, bedene, garga diýse ony tapmak itiñ añsady. Halkyna çörek bermeden geçen Bilbilgöýä gerek diýýär. Holodilniklee bolsa boş. Şol Bilbilgöýäniñ sesini ýazmak maña juda kyn düşdi. Onsoñam, "Gül-Bilbildäki" aždarhanyñ obrazyny, ýagny haşşyldysyny döretmek maña añsat düşmedi. Menem oña derek, irden ylgaýan eti agyr goñşymyzyñ haşşyldysyny ýazaýdym. Şowly boldy. - Beren gyzykly gürrüñleriñiz üçin köp sag boluñ! Bagşylaryñ dilinden magnitli lenta ýazyp alan sterefoniki ýazgylaryñyzyñ radioda we telewizorda beriljek günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşyberiñ! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |