09:10

Köçe / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 552 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024
Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024
Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024
Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024
Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024
Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024
Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024
Welosiped / nowella - 06.08.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Alaýabyly  
788
Okadym, erbet däl.

0
2 myhman  
732
onsoň, şeýdip ýeke-ýekeden geliberdiler.
hasap ol güne galmasyn diýdiler.

degişýän :-)

hekaýany menem erbet görmedim. başda arkadan gelen şeýtanmyka öýdüpdirin. asyl oturan...

0
3 mango  
651
Serdar kaka, minnetdardyryn.
ilki halanja ýerlerimi bellejek.

1) ...egrelip, “z” harpyna dönen göwresini zordan süýräp, howludan çykdy.
"elif" kaddym "dal" boldy diýýädimi klassikler (o wagtlar arap elipbiýi ulanylany üçin). "egrelip "z" boldum" – bu-da ajaýyp deňeşdirme, latyn elipbiýine öwrenişen современник-lerimize has düşnükli.

2) Derwezeden uzak daşlaşmanam, hasasyna daýanyp, köçäniň beton jäheginde çökdi.
бордюр-yň ýerine jüpüne düşen söz.

3) Çünki, ýollar ýöremek üçin niýetlenen.
Nirä-de bolsa...
Nähilem bolsa...
Nädibem bolsa...
Ugurdaş, garşydaş, ýoldaş...

haladym.

4) -Men, men! Nä, tanamadyk bolýaňmy?-diýip, tanyş bolup çykan nätanyş, bihaýa gözlerini hasam çerreltdi.

"tanyş bolup çykan nätanyş" owadan eşdilýär.

5) Şol pille-de, ýeňsesinden ýene-de pessaý, nätanyş ses eşidildi:
-Salawmaleýkim...

soňlama ajaýyp.
entek ol garra salam berjekler (gynansakda) kän ýaly....

----

göwnüme bolmasa ol ilki gelen ýaşuly içgili bolsa has ýiti, gyzykly bolaýjak ýaly.
sebäbi içgili adam трезвый-ka aýdyp bilmedik zatlaryny doly boşadyp bilýälerdä...

hemem, arzaçy ýaşuly näme üçin arza ýazanyny aýtmasady. diňe ejirini çeksin... aýdyp bilmesin, bize-de ony bilmek edil geregem äl, syrly bolup galanda-da ýitýän zat ýok ýaly....

Serdar kaka, ýumorsyzam ýazyp bilýän ekeniňiz.
men-ä ýumorsyz halyňy hladym.
ýene bir gezek minnetdar,

0
4 Bagabat  
43
Ýagşy sözleriňe sag bol!
Ýöne, garrynyň söhbetdeşi adam däl-de "ruh" diýip çaklasaň. "Gidip barýardym-da, ymykly geçip gitmänkäm, gözüňe bir bakyp ötäýin diýdim"...
Onsoňam garryň özem adam däl-de simwol - döwür diýip göz öňüne getirseň...
"Salawmaleýkim" - bolsa hatda şunuň ýaly gutaran ynsana-da (döwre-de) - Allanyň ady bilen saglyk dilemek - bu Yslamyň, Ylahy yşkda eremegiň ýokary derejeleriniň birimikä?

0
6 mango  
651
oň ýaly bolsa.. BEREKELLA!

0
5 Bagabat  
43
Ýumorly ýazmak-ýazmazlyk hakynda aýdamda bolsa, munuň ýaly hekaýalar men-ä ýadadýa. Bilemok, öte garaňky bolýamy nämemi...Поднастроения ýazaýmasaň, "ýazaýyn" diýib-ä kän bir ýazasyň gelip barmaýar. Okanyňa minnetdar.

0
7 Bagabat  
43
Neme ýerem, şol döwrüň bir çetjagazyn-a görüp galyp, "durmuş dereleriniň" arasynda azaşyp, ýitip gidýän soňky ýaňlarynam ençeme ýyllap "eşidip" gezendigimiz sebäpli, munuň ýaly hekaýalarda-da, kinolarda-da suratlandyrylýanlar biz üçin "çeper" däl-de "diri" bolandyklary üçin, olaryň "bolşam, gülşem, oturyşam-turşam" has ýitiräk täsir edýärmi nämemi?
Ýaşlar üçin bolsa munuň ýaly adamlar, edil biz üçin Çingiz han ýa-da Napoleon döwrüniň şahslary ýaly.
"Elbetde, bolandyrlar, ýaşandyrlar, ýöne biz üçin olar erteki" diýen ýaly garaýyş-da.

0
8 Bagabat  
43
Muny näme üçin diýýän, düýn telewizorda "Ogul", "Kakam gaýdyp geler", "Kärizgenler" filmlerinden parçalar görkezdiler. Şonda "Kärizgenlerdäki" Görogly aganyň oglunyň "öldi" hatyny aýalynyň elinden alyp, guýa çenli ýöräp gaýdyşyny synlap, estagpurulla welin, tas ýüregim durar öýtdüm...
Çagalygymda edil şol sypatdaky "Görogly aga" ýaly ýaşuly obamyzda bardy. Hemişe şol ýaşulyny, "Görogly aganyň" keşbini janlandyran Ata aga (Ata Döwletow) bilen çalşyrardym.
Baba agamyz (Baba Annanow) diňe bir türkmen ýigdiniň etalon keşbini sungata getiren artist däl, eýsem hakdan içen režissýoram, ýazyjam. "Kärizgenlerdäki" diňe şol Görogly aganyň haýdap käriziň ötügine tarap ýöräp barýan sahnasy üçinem oňa ömürbaky minnetdar bolmaly.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]