11:48 "Komsomol şahyry Pomma sözleýär..." | |
«KOMSOMOL ŞAHYRY POMMA SÖZLEÝÄR...»
Edebiýaty öwreniş
Türkmen sowet edebiýatynyň şöhratly şahyrlarynyň hatarynda tanalýan Pomma Nurberdiýew otuzynjy ýyllaryň joşgunly, hyjuwly ýazyjylarynyň hataryna goşulanlaryň biridir. Hyjuwly şahyr döredijiliginiň ilkinji pursatlaryndan başlap, biziň sosialistik Watanymyzyň wepaly aýdymçysy boldy. Onuň şol wagtky döredijiligine göz aýlanyňda, döwrüň öňe süren her bir meselesinden N.Pommanyň sesini eşitmek bolýar. Kollektiw hojalygyň artykmaçlyklaryny, emele gelen täze senagat kärhanalaryny, aýallar azatlygynyň guwançly miwesi, halkymyzyň täze bagt kanuny esasyndaky bagtly hem azat zähmeti, durmuşy bularyň hemmesi, döwürdeş şahyrlary ýaly, N.Pommanyň hem ylham çeşmesi boldy. A.Alamyşowyň, O.Täçnazarowyň, H.Çaryýewiň we käbir beýleki şahyrlaryň döredijiligine degişli bolan konkret zähmet adamlaryny wasp etmek N.Pommanyň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Ýeri gelende aýtsak, şu häsiýetli aýratynlyk onuň döredijiliginde iň soňky pursatlara çenli dowam etdi. Sowet Watanymyzyň waspy, Watanyň obrazy şahyr N.Pommanyň poeziýasynyň esasy sahypalaryny düzýär diýsek dogry bolar. Onuň hrestomatiýa eserine öwrülen «Iki kanun», «Watanym», «Illerimize», «Ilimiz» ýaly goşgulary diňe Pommanyň däl, eýsem tutuş türkmen poeziýasynyň gowy eseri hökmünde bellidir. N.Pommanyň: Goltugymdan göterip, göwnüm açdyň, Watanym, Elmydama guwanýan, arzuw eýläp ýetenim, Şöhlesini ýaýradyp, dünýä ýalkym atanym, Ýeke men däl, menleriň guwanýany, Watanym. diýen setirler bilen başlanýan «Watanym» goşgusy uçursyz baý şahyrana duýgular bilen eýlenip, sowet watançylygynyň ýokary nusgasyny ýüze çykarýar. Goşgynyň jemleme setirlerinden görnüşi kimin, watançy liriki gahrymanyň durnukly, buýsançly owazy onuň beýik Watana hemişe wepaly, dörediji, gurujy, goraýjy perzent boljakdygyny aňladýar. Çyn polatdan pugtadyr, demir gala berkimiz, Ýere-göge ýetirdik ygtyýarly erkimiz, Bardygyça görklenýär bu görnükli görkümiz, Degre-daşyň sakçyly, saklajakdyrys, Watanym! «Watan hakynda poema» diýmäge esas berýän şu eseriň öňe sürýän ideýa-mazmuny, pikirleri hem onuň awtorynyň geçen durmuş hem döredijilik ýoluna kepil geçýär. Öz döwründe Täçmämmet Suhangulyýew tarapyndan saza geçirilen bu goşgy-aýdym türkmen sungatynyň şöhratly eserleriniň biri boldy. N.Pommanyň şahsy watançylygy, şahyrana watançylyk ideýa-garaýyşlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda has aýdyň ýüze çykdy. Onuň uruş ýyllaryndaky döredijiligi-de ýowuz urşuň başlanan gününden başlanýar. Şahyr şol günden başlap duşmanyň üstüne nälet ýagdyrýar, ot sowurýar. «Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1941-nji ýylyň 24-nji iýunynda çykan sanynyň birinji sahypasynda N.Pommanyň «Biz ýeňeris» atly goşgusy çap edilýär. Ol goşgy: Watanmyzy etdirmeris ganhor oýnagy, Ganhora geýdiris otly köýnegi, Çünki Watanmyzyň bütin topragny, Dagyny, bagyny, altyn ýapragny Gözüň göreji deý eziz söýýäris, Biz diňe partiýa, Ýeňşe uýýarys. diýen başky setirlerinden başlap, tä iň soňky setirine çenli gaýduwsyz gahrymançylyk, egsilmez watançylyk ruhuna ýugrulandyr. Urşuň ilkinji güni ýazan şu goşgusy hem N.Pommanyň gazaply ýyllardaky söweş hem döredijilik programmasyna öwrülýär. N.Pommanyň döredijilik hyjuwy frontçy galamdaş ýoldaşlarynyň sesine goşulyp, türkmen sowet edebiýatynyň gahrymançylykly sahypalaryny ýazmaga uly goşant boldy. Şol hyjuwly owaz uruş döwrüniň öňe çykaran ähli meseleleriniň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Soňra P.Skosyrew bu poeziýa hakda «Uruş ýyllarynyň türkmen poeziýasy rus okyjysy üçin ummasyz uly höwes döredýär. Ak ýüreklilik, mertlik, gyzgyn watançylyk şol poeziýa mahsusdyr» diýip belleýär. Frontçy şahyr N.Pommanyň harby ýyllardaky poemasy barada gürrüň edilende, şol dogruçyl sözleri ýatlamazlyk mümkin däl. Urşuň ilkinji günlerinde, ilkinji aýlarynda N.Pommanyň sesi guramaçynyň, watançy ýigitleri söweş meýdanyna çagyrýan agitatoryň owazy bolup eşililýär. Sowet halkynyň Beýik Ýeňşine bolan çynlakaý ynam, durnuklylyk hem wepalylyk onuň setirleriniň şahyrana mazmunyna öwrülýär. Şahyr «Barýarys biz», Ýerinde», «Gyrşymyz bardyr» ýaly goşgularynda şol duýgulary okyjylaryň kalbyna guýýar. Ol wagşy duş- manyň üstünden gazanyljak beýik ýeňşe kepil geçip, öňdengörüjilik bilen 1942-nji ýylyň başynda şeýle ýazýar: Ölüme ugradyp haý-haýly göçün, Ýeňiş baýdagyny gerşimiz bardyr. Frontçy şahyryň bu ynamly, mobilizleýji sesi soňra söweşjeň esgerleriň kasamyna öwrüldi. Watanyň hem halkyň öňündäki mukaddes borç, her bir maşgalanyň namysy hem abadançylygy baradaky çynlakaý oýlanmalar şol goşgularyň özenine siňdirilýär. Şahyryň setirsaýyn barha hyjuwlanýan liriki gahrymany soňra söweş meýdanynyň ýeňiji, gaýduwsyz gahrymanlaryna öwrülýär. Ol gahrymanlar «Watanyň namysy», «Şanly baýdak», «Sözleýär Pomma», «Moskwa üçin» ýaly mähriban Watana çäksiz söýgi bilen ýugrulan, duşmana nälet okuny gönderýän goşgular bilen ýola düşüp, «Her sözi duşmana atylýan bomba» bolup söweşe girdiler. Bu babatda N.Pommanyň özi hem söweşjeň şahyryň, gyzgyn ýürekli watançynyň taýsyz nusgasyny görkezdi. Ol «Bu beýik Watanyň sarpasy üçin», «Sözüm däl, ýaragly görer özümi» diýip, söweşe çagyryp, wasp eden ýigitleri bilen birlikde duşmanyň üstüne hüjüme geçýär. Şahyr N.Pomma sowet adamlarynyň ýürekdeşligini, bozulmaz agzybirligini bütin döredijiliginde yzygider wagyz etdi. Gürrüňi edilýän gazaply ýyllarda bolsa bu mukaddes ideýa onuň poeziýasynyň esasy boldy. Şahyr halklar dostlugynyň egsilmez güýjüni sowet watançylygy bilen utgaşdyryp, ýyly mähir, kommunistik düşünjelşlik bilen wasp etdi. Munuň şeýledigini şahyryň hemmä belli «Ädigimiň ýoly» goşgusynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bu goşguda Aşgabatdan Berline çenli ýol geçen türkmen ýigidiniň buýsanjy äşgär beýan edilýär. Her ädimde oňa dostlugyň mähri kuwwat berýär. Onuň ädiminde «Kawkaz ussasynyň kakan myhlary», «Belorus ussasynyň salan oltaňy» egsilmez güýç berýär. «Ýowuň turzan gohlaryna» ýan bermedik gahrymany bolan bu goşgy sowet adamlarynyň ruhubelentligini, sowet dostlugyny-doganlygyny dogruçyllyk bilen görkezýänligi üçin, N.Pommanyň öz beren maglumatlaryna görä, ýigrimiden gowrak dile terjime edilipdir. Ýeri gelende, bu goşgynyň «batyrlyk badyndan Berline baran» liriki gahrymanynyň-daşahyryň özüne has ýakyndygyny aýtmak gerek. Ýowuz hakykatyň şaýady bolup, Aşgabatdan Berline çenli söweş ýoluny geçen türkmen esgerleriniň arasynda şahyr N.Pommanyň bolandygy indi köplere aýandyr. Bu barada şahyr R.Alyýew 1946-njy ýylda TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň plenumynda eden dokladynda Pommanyň «Watanym seni» goşgusyndan mysal getirip, onuň söweş ýoly hakynda aýratyn nygtap geçýär. Sowet edebiýatynyň ajaýyp klassygy N.S.Tihonow bolsa «Täze ýolda» diýen makalasynda türkmen edebiýatyna göz aýlap, bu hakda şeýle belleýär: «Türkmenýazyjy esgeri ýumrulan reýhstagyň iň belent çüňkleri- niň üstünde, ýeňlen faşizmiň paýtagtynyň ýokarsynda, bagtly parlaýan Gyzyl Baýdagyň gapdalynda türkmen ýazyjylarynyň atlaryny ýazypdy. Türkmen ýazyjylary özleriniň dilinden ýazylan şol sözi şu gün ödemäge, Aşgabatdan Berline baran türkmen hakynda gürrüň bermäge borçludyrlar». N.Pommanyň gürrüňi edilýän şol goşgusynyň aşagynda «9-njy maý, 1945-nji ýyl, Berlin» diýen ýazgy bar. N.Pomma Watançylyk urşy ýyllarynda ençeme ýiti mazmunly liriki goşgular bilen birlikde «Watançy garry», «Kasam», «Ýadygär» atly epiki eserler hem döretdi. Şahyr «Watançy garryda» mähriban topragy jan-dilden söýýän garry Paweliň, serhetçi leýtenant Kostenkonyň obrazlary arkaly sowet adamlarynyň hüşgärligini, duýgurlygyny taryp etse, «Kasam» poemasynda esgerler Iwanyň hem Melnigiň ýowuz günlerdäkimenlikleri, janaýamazaklyklary beýan edilýär. Awtor bu poemalarda döwrüň syýasatyna hem hakykatyna ýugry göz ýetirip, janypkeş hem watanperwer rus adamlarynyň mynasyp obrazlaryny döredýär. N.Pommanyň «Ýadygär» poemasynda «Birleşip», «Bibi» ýaly goşgularynda öňe süren pikirlerini has giňeldip, şol döwrüň asylly ideýasy bolan halk goranyş fonduny döretmek meselesine ýüzlenýär. N.Pommanyň uruşdan soňky döredijiligi-de taýsyz watançylyk hem edermenlik ideýasyna ýugrulandyr. Ýurdumyzyň söýgüli şahyry bolan N.Pommanyň döredijiligi bilen, beýleki okyjylar ýaly, bizem ilki onuň eserleri arkaly tanyşdyk. Ençeme goşgularyny ýatdan bilýäris. Soňra ömrüniň soňky on ýyldan gowrak döwründe ýakyndan gatnaşykda bolan şahyrym bilen men ilkinji gezek 1958-nji ýylyň bahar günleriniň birinde Marynyň «Lenin baýdagy» oblast gazetiniň ýanynda döredilen edebiýat birleşmesinde duşupdym. Şol wagtlar ol birleşme juda şöhratlydy. Oňa biziň edebiýatymyzyň ýaşuly wekilleriniň biri bolan Akmyrat Çarygulyýew – Erkin ýolbaşçydyk edýärdi. Akmyrat aga ýaşlary belli ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşdyrmaga uly tagallalar edýärdi. Ýagdaýyny tapsa, paýtagtdan baranlar bilen şol «birleşmeçileri» duşuşdyrýardy. Şol wagtlar Mara komandirowka baran Pommanyň biziň bilen duşuşygy hem şeýle guralypdy. Onuň öz gürrüňlerini diňlemek, okalan eserler hakdaky pikirlerini bilmek bizde uly täsir döredýärdi. Men şonda «Ýaşlyk toýunda» diýen goşgymy okadym. Goşgynyň her bendiniň ikinji setiri bäşinji setir hökmünde gaýtalanyp, bäşleme formasyny emele getirýärdi. Men goşgyny okap bolanymdan soň, Pomma «Öz-ä Gara Seýitliň formasynda ýazylan ýaly» diýip, ýumşak ýylgyrdy. Soň umuman, goşgy, goşgy formalary hakda gürrüň edildi. Soň şol goşgy komsomolyň kyrk ýyllygynda «Lenin baýdagynda» çap edildi. 1960-njy ýylyň tomsunda biz okuwa girmäge Aşgabada geldik. Şol wagtlar Akmyrat aga-da Aşgabatdady. Ol men hakda aýratyn alada edýärdi. Maslahatlar berýärdi, adamlar bilen tanyşdyrýardy. Şol günleriň birinde meni Pommalara – onuň öýüne alyp bardy. Has ýakyndan tanyşdyrdy. Şondan soň men ekzamenleritabşyryp, uniwersitete okuwa girdim. Döredijilik bilen meşgullandym. Onuň işleýän ýeri bolan «Tokmak» žurnalyna barardym. Ol tokmakçy ýoldaşlary bilen tanyşdyrýar. Şol wagt birinji kursda okaýarkam «Tokmakda» meniň iki goşgym – «Sakgal-päki gözleginde» hem «Medeniýet barada söhbet» diýen satiriki-tankydy goşgularym çap edildi. Elbetde, ol hem Pommanyň kömek bermegi bilendi. Munuň özi başlangyç edebiýatçy üçin uly goldawdy. Biz şol kömekleri hemişe hormat bilen ýatlaýarys hem ýatlamalydyrys. Pomma Nurberdiýew sözüň hakyky manysynda halk adamy, halk şahyrydy. Şonuň üçin-de, ol nirä barsa, töweregi uly mähelle bolardy. Onuň ähli ýerde tanşy juda köpdi. Kerim Gurbannepesowyň oňa bagyşlap ýazan goşgusynda: Hanha gelýär Pomma – diýseň, Garşylajak köp tapylar. Gapdalynda Pomma bolsa, Meýlisinde gep tapylar – diýşi ýaly, onuň düşegi ähli ýerde düşelgidi. Orny mähelläň töründedi. Student wagtlarym N.Pomma meni birnäçe gezek öz duşuşyklaryna alyp gitdi. Mekdeplerde, 26-njy mekdepde, şekillendiriş muzeýinde (birki gezek) bolan duşuşyklar häzir hem ýadymda. 1964-nji ýylyň awgustynyň soňky günleriniň birinde öz «willis» maşyny bilen Gäwerse tarap ýola düşen eken. Maşynyny inileriniň biri sürýärdi. Ýanlarynda-da uly ogly Begenç bardy. Men Karl Marks köçesiniň ugry bilen barýarkam, meni görüp, çagyryp maşyna mündürdi. «Bu gün dynç güni, ýör oba gideli» diýip menem alyp gitdi. Şol baran ýerimiz häzirki Gäwers raýonynyň 1-nji Maý kolhozydy. Kolhozyň başlygyna Ahun aga diýýän ekenler. Pommanyň öz kolhozlaryna baranyna begenip, edil ýitirip tapan ýaly, nirede oturtjagyny bilenokdy. Şahyryň baranyny eşidip, şeýle bir adam ýygnandy, edil toý tutulýan ýalydy. Pomma ýomak atyşdy, goşgy okady, sorag-jogap, pikir alyşdy. Adamlary gyzyl-gyran gülüşdirdi. Soňam derrew işe başlady. Guşçulyk fermasyna aýlandy. Maglumat alyp başlady. Maňa-da: «Belleşdir, jijim» diýdi. (Ol maňa hemişe şeýle ýüzlenerdi)! Soň olaryň ekerançylygyna aýlandyk. Bu hakda-da maglumat aldyk. Soň hoşlaşyp, şol ýerden kanalyň boýuna çykdyk. Pomma ýerlere, ýollarda, depe-oýlara gaty belet eken. Kanalyň raýyşyna, uly depäň üstüne çykyp, göwni göterilip, joşgun bilen ellerini salgap goşgy okady. Toprak, suw hakda söhbet etdi. Lemmer-lemmer tolkunlap akýan kanala, onuň raýyşyna, kemer-kemer bolup ýatan çäge depelerine syn edip: «Şuňa çägäniň näzi diýerler, jigim, berk belle» diýeni şu günki ýaly ýadymda. Gezelenje gidip gelenimizden soň, iki-üç hepdeden, radioda Pommanyň şol gören zatlary hakda ýazan goşguly, gürrüňli gepleşigi berildi. Soň gazetde giňişleýin makala ýazyldy. Pommany halka, halk durmuşyna ýakynlaşdyranam onuň ýaltanmazlygy, işjanlylygy bolsa gerek diýýärsiň. Biz birnäçe ýyl Pommanyň çuňňur hormatlaýan adamlary Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy, TSSR-iň ylymda at gazanan işgäri, professor Mäti Kösäýew bilen goňşuçylykda ýaşadyk. Biz tarapa şahyryň ýoly köp düşerdi. Her gezek Pomma baranda biziň gapylarymyz baýramçylyk ýaly bolardy. Ol Mäti Kösäýewe ussat diýip ýüzlenerdi. Gahrymany dürli sözler bilen hatyralardy. Onuň şeýle häsiýetleri özüni hasam beýgelderdi. Ol çagalary jan-dilden söýerdi. Çaga dilini tapmaga juda ökdedi. Biziň uluja gyzymyzy gujagyna alyp, folklor goşgularyny aýdardy. Köplenç: Gyzym, gyzym gyzasyn. Gyzym, saçyň uzasyn! Ýuwmasaň, daramasaň – Gyzym, saçyň nädip uzasyn – – diýen setirleri aýdyp, özem hezil edinip gülerdi. Kiçi gyzymyz dünýä inip, bäbekhanadan getiren wagtymyz bir sebäp bilen Pomma geldi. Gapymyz şowhuna öwrülip gitdi. Gürrüň çaga hakda açyldy. Ol näme at goýandygymyzy sorady. Entek belli bir karara gelmeýändigimizi, gadymy edebiýatda, dessanlarda ulanylýan at goýmak isleýändigimizi aýtdyk. Pomma gundagly bäbegi eline alyp: «Bu gülli ýurduň, güneşli ýurduň, gyzydyr. Muňa Gülşen» diýip at dakalyň –diýdi. Şeýdibem gyzymyzyň ady Gülşen boldy. Häzir ol onunjy klasda okaýar. Özüne kimiň at goýandygyny gowy bilýär. Pommanyň ömrüniň soňky ýyllarynda ýazan eserleriniň köpüsi bilen elýazmada tanyşmak maňa miýesser etdi. «Gatakar» romanyny ýazyp ýörkä, köp baplaryny özi okap berýärdi. Sarygülüň, Eşekgulyň obrazlarynyň jüpüne düşüşi hakda gürrüň edip, hoş bolardy. Hezil edip gülerdi. Romanyň birinjisini tamamlap, ikinjisiniň üstünde işleýärdi. Birinji kitap özi bar wagty okyjylara gowuşdy. Ikinji kitabyň ykbaly düşnüksizräk bolup galdy. Belli bolşy ýaly ýaňy tapylyp ýör. Pomma juda işeňňir adamdy. Aşgabada kanal gelensoň, oňa bagyşlap köp goşgular ýazdy. Bir gezek öýe gelende, şol goşgularynyň köpüsini aýdyp berdi. «Jijim, Lenin hem onuň kanaly hakda kyrk bir goşgy ýazdym. Ýubileýime çenli şulardan bir kitap taýýarlajak diýip, uzyn gije goşgy okap berdi. Bu hem 1968-nji ýylyň tomsudy. Altmyş ýaşynyň öň ýanlarydy. Şol gezek öz terjimehaly hakda köp maglumatlar aýtdy. Ol «Meniň hakyky adym Amangeldi bolmaly. Men bolamda kakam päleçilige giden eken. Kakasy aman gelsin diýip, şeýle at dakypdyrlar. Özem men arpa oragy düşende bolupdyryn. Muny ejem aýdardy, diýmek, men iýun aýynda bolupdyryn» diýerdi. Ýöne tokarja oglan bolamsoň maňa çagalykda Popuş diýer ekenler. Şondanam Pomma ady emele gelipdir» diýip, erteki ýaly edip, gyzykly gürrüň beripdi. Şahyr hemişe satiriki zatlaryna «Popuş» diýip gol çekerdi. Şol gezek ol W.I.Leniniň 100 ýyllyk ýubileýine bagyşlap, ýörite eserler ýazjakdygyny aýtdy. Mendenem Leniniň terjimehalynyň türkmen dilinde çykan kitabyny alyp gaýtdy. Birnäçe wagt geçensoň Pomma Karl Marks köçesiniň ugrunda gazet-žurnallaryňredaksiýasynyň gapysynda gabat geldi. «Ine, jijim, senden alan şol kitabymdan poema döredi» diýip, gazet görkezdi. Şol güň «Edebiýat we sungat» gazetinde onuň «Äýnekli adam» poemasy çap edildi. Beýik serdaryň sada adamkärçiligi, ýönekeýligi, zähmetkeş adama beýik hossarlygy hakda gürrüň berýän şol eser okyjylaryň göwnünden turan gowy poema bolupdy. Onuň şahsyýet kulty temasyna bagyşlan başga bir poemasy «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilipdi. Ençeme goşgular toplumlary bolsa gazet sahypalarynda okyjylara ýetirilipdi. Ýöne, juda gynansagam, şol eserler kitap görnüşinde okyjylara ýetmän galdy. Ýeri gelende bellesek, tanymal şahyryň şol eserleri we beýleki öň çap edilen eserleri gaýtadan çap edilip okyjylara ýetirilse, örän ýerlikli bolardy. Ýurdumyzyň meşhur şahyry bolan N.Pomma özüniň bütin döredijilikli ömrüni sowet metbugaty bilen baglanyşykly geçirdi. Şol hem oňa baý material berdi. Halk durmuşyny çuňdan bilýän, halk döredijiliginde eýlenen şahyryň ähli eserleri şeýle materiallara ýugrulandyr. Ol dürli žanrda öz güýjüni synap, gowy netijeler gazandy. Onuň «Çalşan portfel», «Ýenjilen jyn» pesalary, «Taýlak hyzzyn», «Sebäbini soň bildim» hekaýalar kitaplary, «Egri eýikmez», «Seýdi hakynda söhbet» powestleri, «Gatakar» romany, «Düýe ýuwdan bokurdak» feletonlar kitaby onuň üstünlikleridir. Şahandaz şahyryň çagalar üçin ýazan «Tapmaçalar», «Deň kakyldy jaň», «Bäş balyk», «Jadyly depe» ýaly kitaplary-da, onlarça oçerkleri-de onuň işeňňirligine kepildir. Ol haýsy žanrda işlese-de, sözüň doly manysyndaky zehinli, joşgunly şahyrdy. Şahyryň «Saýlanan eserler», «Goşgular we poemalar», «Gül dessesi» ýaly uly göwrümli şahyrana kitaplary bu hakda has doly düşündirýär. Şundan ugur alyp, şahyryň eserleri degişli derejede neşir edilse, halkyna uly hyzmat eden şahyra-da, edebi baýlygymyza-da hormat goýdugymyz bolardy. N.Pommanyň döredijiligi şeýle üns berilmeklige doly laýykdyr. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |