12:19 Köp taraply döredijilik | |
KÖP TARAPLY DÖREDIJILIK
Edebiýaty öwreniş
Türkmen sowet edebiýatynyň uruşdan soňky nesliniň işeňňir wekilleriniň biri bolan Nazar Geldiýew edebiýat äleminde özboluşly döredijilik ýoly bilen tanalýar. Nazar Geldiýewiň täsin ykbally, durmuşyň çylşyrymly sahnalaryndan geçen gahrymanlary köp derejede onuň özüniň geçen ýollaryny kepillendirýär diýsek-de galat bolmaz. Nazar Geldiýew tebigaty boýunça sungat işgäri. Ol durmuş ýoluna sungat äleminiň üsti bilen gadam goýýar. Ýönebu ýol maksat edilişi ýaly uzalyp gidibermeýär. Beýik Watançylyk urşunyň başlanan wagtlary teatr uçilişesini tamamlan ýaş ýigit heniz ýaşy ýetmänkä söweş meýdanyna meýletinlik bilen gidip, ot-ýalnyň içinde taplanmaly bolýar. Onuň şol ýyllarda geçen ýoly, gahrymançylykly söweşleri, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna gören görgüleri geljekki düýpli eserleriň hamyrmaýasy boldy. N.Geldiýew edebiýat meýdanyna çagalar ýazyjysy bolup geldi. Ol özüniň ownukly-irili şirin dilli goşgulary, çagalar dünýäsiniň täsin syrlaryny açyp görkezýän nowella-hekaýalary bilen ellinji-altmyşynjy ýyllaryň körpe okyjylarynyň söýgüli awtory boldy. Ýazyjynyň yzly-yzyna okyjylaryna gowşan «Gyzyl galstuk», «Biziň maşgalamyz», «Batyr pälwan»,«Keçjal gyzjagaz», «Ýangyn», «Bäşimiň başdan geçirenleri» ýaly kitaplary şu gün hem çagalaryň söýgüli kitaplary bolmagynda galýar. Döredijilikde ädimme-ädim ýol geçip, barha kämillige aralaşyp giden ýazyjy ýetginjekler-ýaşlar edebiýatynda hem öz ornuny eýeledi. Bu žanra-da önjeýligoşant goşdy. Öz wagtynda ýaşlar edebiýaty üçin geçirilen edebi eserleriň respublikan konkursynda gowy orunlaryň birini eýelän «Hüşgärlik» powesti ýazyja uly abraý getirdi. Okyjylar köpçüligi-de, edebi tankyt hem bu powesti kanagatlanma bilen garşyladylar. Ýazyjynyň «Gaýduwsyzlar», «Sekizýabyň mukamy», «Söýgi ody» ýaly kämil powestleri hakda-da hut şeýle üstünlikli pikirleri aýtmak bolar. Nazar Geldiýewiň yzygider timarlanýan döredijiligi ony kämil prozaçylaryň hataryna goşdy. Nazar Geldiýewiň döredijiligi köp taraply, köp žanrly. Ol belli prozaçylygy bilen birlikde respublikamyzyň atly dramaturglarynyň hem biridir. Bu ugurdan ýörite bilimli dramaturg häzire çenli ýigrimi bäşden gowrak drama eserini ýazyp, respublikamyzyň teatr sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine uly ýardam edip gelýär. Hut şunuň özi hem bir adamyň döredijiligini häsiýetlendirmäge doly ýeterlik ýaly. Emma Nazar Geldiýew işjanlylyk bilen yzygider öz üstünde işläp, barha kämil basgançaklara aralaşýar. Soňky döwürlerde okyjylara gowşan «Ýalynly ýoda» powestler hem hekaýalar kitaby, «Ot-ýalnyň içinde» atly monumental planly romany ýazyjynyň döredijiliginiň agramly tarapy barada gürrüň etmäge mümkinçilik berýär. Ýazyjynyň hekaýa žanrynda-da ep-esli üstünlik gazanandygyny şu ýerde ýatlamak gerek. Onuň «Ganhoryň ölümi», «Portret», «Dursana, gelneje» ýaly ençeme hekaýasy durmuşyň dürli taraplary barada janypkeşlik, uly düşünjelilik bilen gürrüň berse, «Agaja dil bitiren» ýaly wakalary gyzgyn ýürekdeşlik bilen suratlandyrýan dokumental hekaýalary okyjyda dogruçyllygy bilen aýratyn täsir galdyrýar. Ýatlaýşymyz ýaly, ýazyjy Nazar Geldiýewiň döredijiligi köp taraply, dürli temaly. Ol durmuşyň haýsy tarapyna aralaşsa-da, ony beletlik bilen, süýji dillilik bilen gürrüň bermegi başarýar. Şol ýürekdeş gahrymanlar hem okyjynyň hemişelik ýoldaşy bolup galýar. Bu onuň kiçi göwrümli hekaýalarynda-da, powestdir romanlarynda-da şeýle. Her bir ýazyjynyň döredijilik usulynda haýsydyr bir temanyň oňa has ýakyndygyny duýmak kyn däl. Şu jähetden N.Geldiýewiň döredijiliginde Beýik Watançylyk urşy temasynyň gitdigiçe has kämil duýulýandygyny belläsimiz gelýär. Bu tema indi kyrk ýyla golaý wagt bäri sowet edebiýatynda her taraplaýyn işlenilip gelýär. Ownuk goşgulardan başlap, roman-epopeýalara çenli ol dogruda söz açdy. Şonuň üçin hem temadan aýratyn geň galdyryjylykly eser döretmek aňsat däl. Nazar Geldiýewiň bu temanyň beýanyna öz garaýşynyň bardygyny onuň eserleri bilen tanyş bolanyňda göz ýetirmek kyn däl. Ol bu tema girişende öz söweş dünýäsinden daşlaşman, özüne has ýakyn bolan wakalary gysgalyk, dogruçyllyk bilen gürrüň bermäge çalyşýar. Özüniň watançylyk, antifaşistik garaýyşlaryny ýazyjy hökmünde-de, geçen ýowuz pursatlaryň esgeri hökmünde-de juda sadalyk, kiçigöwünlilik bilen düşündirmäge çalyşýar. Onuň köp ýerde gahrymanlaryna prototip bolup gatnaşýanyny aňmak kyn däl. Ýöne ol özüniň şeýle uly hyzmatlaryny haýsydyr bir usullar bilen duýdurjagam bolup duranok. Hut şu pursatlarda-da ýazyjynyň tebigylygy aýdyň bolýar. Onuň hereketlerine doly ynanýarsyň hem makullaýarsyň. Bu barada söz açylanda, frontçy ýazyjynyň «Ädigimiň ýoly» atly powestine ýüzlenmek hem ýeterlikdir. Onuň bu powesti gönüden-göni biografikdir. Powestiň gahrymany Nury Garaýew ýaňy on sekiz ýaşyny dolduran ýetginjek. Ol urşuň iň gazaply meýdanynda faşizm leşgeri bilen ýüzbe-ýüz durup, sosialistik Watanymyzyň baky azatlygy, beýik mertebesi hakda, sowet adamlarynyň bozulmaz doganlygy hem agzybirligi hakda iňňän kämil pikirleri orta atyp, söweşlere girýär. Ol ýaňy on ýedi ýaşynam doldurmadyk Lýubanyň, Nadýa Çernyh ýaly merdana watançy ýoldaşlary, tanyşlary bilen duşuşyp, duşman goşunyny uly ýitgilere sezewar edýär. Powestde türkmen ýigitleriniň mysaly hökmünde Nury Garaýewiň Watançylyk urşundaky geçen ýoly, çylşyrymly ykbaly yzarlanýar. Hut durmuşyň özünde bolşy ýaly, powestde hem sowet adamlarynyň Watan ugrundaky söweşlerde bir ten-bir jana öwrülen doganlyk-dostlugynyň beýanyny okamak bolýar. Nury Garaýewiň Nadýa Çernyh bilen soňky duşuşyklary muňa kepil geçýär. Mahlasy, giň planly döredijiligiň haýsy tarapy barada näçe gürrüň etseň bolýar. Ýöne şu ýerde onuň döredijiligine agram berip duran «Ot-ýalnyň içinde» romany barada durlup geçilse, artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. Hawa, Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda frontda hem tylda sowet halkynyň gaýduwsyz gahrymançylyklary, durnukly hem edermenlikli işleri hakda çeper eser köp ýazyldy. Birbada olaryň iň gowularyny-da agzamak mümkin däl. Bu hut türkmen edebiýaty hakda aýdylanda-da şeýledir. Ýazylan, okalan şunça zatlary ýatlanyňda, göräýmäge, uruş temasynyň «ýüki ýetäýen» ýalam. Ýöne Watançylyk urşundaky ýitgilere hem jebir-jepalara, gahrymançylykly söweşlere, her maşgalanyň başdan geçiren hupbatlaryna, agyrdan agyr ýol geçip, faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşe nazar aýlanyňda welin, bu temanyň heniz-henizler edebiýatymyzyň baş temalarynyň biri bolmalydygy hakdaky pikiri goldaýarsyň. Geçen urşuň halklarymyzyň başyna salan ýowuzlyklary irili-ownukly eserleriň ençemesiniň döremegine sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, hakyky front ýagdaýy, partizançylyk uruşlary hakda giňden gürrüň berýän düýpli eserler, aýratyn hem roman žanrynyň ýetmezçilik edýändigi gizlin däl. Şol jähetden ýazyjy Nazar Geldiýewiň täzelikde okyjylara gowşan «Ot-ýalnyň içinde» romany şol ýetmezçiligiň ep-esli ýerini doldurdy diýsek, dogry bolsa gerek. Romana sözsoňy ýazan Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyň laureaty, şahyr Berdinazar Hudaýnazarow gysgajyk ýazgysynda eseriň gymmaty dogrusynda söz açyp, onuň «uruş hakdaky çeper edebiýatymyzy hil taýdan baýlaşdyrandygyny» mähirli pikirler bilen nygtamagy, biziň sözümizi doly kepillendirýär. Romanyň wakalary duşman goşunlarynyň okkupirlän territoriýasynda bolup geçýär. Eserde ýerli ilatyň, partizançylyga çykan halk köpçüliginiň faşistik talaňçylara garşy alyp barýan gaýduwsyz göreşleri janly, ýatda galyjy epizod-sahnalar arkaly suratlandyrylýar. Faşistik jellatlar gelen ýerine weýrançylyk, gyrgynçylyk, jebir-sütem getirýär. Hiç ýerde garşylaryna adam çykar diýen pikir ýok. Basyp alan ýerlerinde şol arkaýynçylyk bilen höküm sürýärler. Her demde bigünä adamlaryň ganyna ellerini boýaýarlar. Emma eserde görkezilişi ýaly, sowet adamlarynyň synmaz erk-ygtyýary welin, faşistik ganhorlaryň ähli sütemlerinden örän ýokarda görünýär. Romanda ilki bilen halkyň gaýduwsyz obrazy orta çykýar. Şol ýagdaýy ýazyjy göreşiji halkyň guramaçy ştaby hökmünde kommunist Iwan Mitrofanowiç Komaşkiniň maşgalasynyň alyp barýan juda howply hem hormatly işleri arkaly beýan etmäge çalşypdyr. Bu maşgala daşdan göräýmäge, tutuşlygyna basybalyjylaryň hyzmatynda. Ýerli ilat muňa hut şeýle hem düşünýär. Olara ýigrenç bilen seredýänleriň sany-sajagy ýok. Komaşkiniň gyzy Elza frid geýimini geýip, şolaryň beren çini bilen-faşizme hyzmat edýär. Aslyýetinde bolsa, olaryň alyp barýan watançylyk işlerini hiç bir zat bilen ölçär ýaly däl. Elza duşmanyň ynamyna girip, olaryň ähli syrlaryny öwrenip, kakasyna habar berýär. Kakasy ol maglumatlary partizanlaryň ýolbaşçysy Ýegor Stepanowa ýetirýär. Gysgaça aýdanyňda, şol işeňňir gatnaşyklar arkaly faşizm bilen gaýduwsyz söweşler alnyp barylýar. Komaşkinleriň ilkinji bir uly hyzmaty olaryň jaýlarynyň aşagyndaky ýerzeminde gizlin gospitalyň ýerleşdirilmegidir. Ýaraly partizanlara, esgerlere şol ýerde esewan edilýär. Olaryň jaýy tokaýyň gyrasynda bolansoň, maşgala bu işi harby tabşyryk, borç hökmünde ýerine ýetirýär. Şeýle wakalaryň üsti bilen hem ýazyjy sosialistik Watan ugrundaky göreşlerde sowet adamlarYnyň duş gelen ähli kynçylyklaryň öňünde mertlerçe durup, ähli tabşyryklara hut öz şahsy işleri ýaly garap, duşmana uly ýigrenç bilen ummasyz ýitgiler salandyklaryny nygtaýar. Çeper edebiýatyň esasy şerti onda ynandyryjy çeper obrazlaryň döredilmegidir. Ownuk goşgularyň liriki gahrymanlaryndan başlap, iri planly epik eserleriň gahrymanlaryna çenli şeýle bolmalydygy özünden düşnükli. «Ot-ýalnyň içinde» romany hem şu jähtden okyjylaryň ünsüni özüne çekse gerek. Romanda halkyň uly güýjüni duşmanyň garşysyna toplamakda, olarda duşmana ýigrenç, sowet halkynyň beýik ýeňşine berk ynam döretmekde taýsyz işler alyp barýan sowet adamlarynyň birnäçe şowly, realistik obrazlary döredilipdir diýmäge doly esas bar. Şeýle hem awtor faşistik ganhorlaryň näletli keşbini açyp görkezýän birnäçe nemes ofiserleriniň şekilini suratlandyrypdyr. Romanyň baş gahrymany Kasym Ataýewiň obrazy üns bererlikli obrazlaryň biridir. Leýtenant Ataýew merkeziň duşman tylyndaky otrýadlaryna baryp, uly guramaçylyk işlerini geçirmeli wekili. Ol şeýle hem edýär. Ýöne onuň hereketi ilki şowsuzlyklardan başlanýar. Bolsa-da, ýazyjy onuň nähili durnukly adamdygyny dartgynly wakalaryň içinde okyjysyna tanatmagy başarýar. Onuň içki dünýäsi, watançylyk sypatlary hem internasional garaýyşlary duşman elinde gorag edilende köp taraplaýyn açylsa, ençeme taraplary gospitalda ýaraly esgerler bilen, Komaşkinler ýilen gatnaşyklarynda äşgär bolýar. Kasym Ataýew okyjynyň gözüniň öňünde ýeterlikli syýasy hem harby taýýarlykly, her bir meseläni pähimli-paýhasly, oýlanyşykly çözýän, iňňän ownuk meselelerde-de Watanyň bähbitlerinden ugur alýan sowet ofiseriniň obrazy bolup janlanýar. Onuň bu sypatlary Elza bilen edýän gürrüňlerinde-de, tokaýda partizanlaryň arasynda alyp barýan işlerinde-de duýarlykly açylýar. Partizan otrýadlary duşmana uly howp bolup, her ädimde onuň güýjüne talaň salýar. Şol sebäpli-de faşistik komendatura ýörite toplanan güýç bilen «Tokaý operasiýasyny» geçirip, partizanlary ýok etmäge taýýarlanýarlar. Kasym Ataýewiň hem Ýegor Stepanowyň pähim-parasat bilen alyp baran guramaçylykly çäreleri duşmanyň ol planynyň puja çykmagyny üpjün edýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, Elza Komaşkinanyň barýan işleri aýratyn hatyralanmaga degişli. Onuň obrazy romanyň sýužet liniýasyny bezeýän ýakymly öwüşginli erşe çalym edýär. Ol ähli wakalaryň içinden geçip, olary biri-biri bilen käte fiziki, käte ruhy taýdan birleşdirip, hemişe işeňňir hereketdeýaşaýar. Elza heniz ýaş gyz. Ýaňy orta mekdebi tamamlap, wuzuň gapysyndan giripdir. Emma onuň gahrymançylykly işleri, gör, nämelerden habar berýär. Lenin komsomolynyň söweşjeň çleniniň çuňňur watançylyk sypatlaryny onuň ýaňyja açylan gunça ýaly nurana ýaşlygyny-da Watanyň hatyrasyna gurban etmäge taýyn bolan hereketlerinden, durnukly-çydamlylygyndan, duýgy-düşünjelerinden okaýarys. Şeýle bolmasa, polkownik Wolfyň yzgytsyz talaplaryna, wagşyýana, haýynçylykly işlerine bir minut beri çydar ýalymy?! Elbetde, onuň käte ejizleýän ýeri-de bolýar. Munuň özi tebigydyr. Ýazyjy N.Geldiýew şu duýgulary aýratyn degerli pursatlarda ýüze çykarýar. Elza ähli kynçylyklary, ýowuzlyklary öňden taýýarlanan ýaly ýeňillik bilen geçirip dursa, okyjyny geňirgendirjekdigi düşnükli. Häzirki ýagdaýda weli, okyjy onuň mertligine maýyl bolup, azap-horluklaryna duýgudaşlyk bildirýär. Onuň başga zatlaryny aýtmanyňda-da diňe jeza beriş meýdançasyndaky başdan geçiren hasratlaryny ýatlamagam ýeterlik. Dardan asylan, oka tutulan bigünä adamlaryň ölümi, wagşyçylykly süteme sezewar bolan çagaly gelniň ýürek paralaýjy nalyşy, Elza aýdýan paýyş sözleri ony howsalasyz goýup biljek däl. Ýazyjy bu meseleleriň çözgüdini olaryň özünde tapýar. Bu hakda I.Komaşkiniň gyzyna berýän maslahatlary maňzyňa batýar. Şeýle edilmegi Elzanyň öýündäki terbiýeçilik işiniň, watançylyk tälimleriniň mazmunyny düşündirýär. Bu işde Elzanyň ejesi mähriban rus aýaly Mariýa Komaşkinanyň hyzmatlary-da hormata laýyk görkezilýär. Umuman, romandaky iňňän gowy işlenilen gahrymançylykly obrazlaryň biri bolan Elza obrazy bize eýýäm geçen urşuň taryhyndan belli bolan ençeme gahryman sowet gyzlarynyň obrazyny ýatladýar. Ýaş gyzyň şeýle kämil watançylyk sypatlaryny sowet mekdebiniň, Lenin komsomolynyň, galyberse-de, kakasy kommunist Iwan Komaşkiniň beren watançylyk terbiýesi diýip düşünýäris. Romanda özboluşly häsiýetleri, hyzmatlary bilen tapawutly hereket edýän Alekseý Dubowdyr Zahar Korsakow ýaly janypkeş watançylaryň, bütin durky bilen namys-ara ýugrulan rus gelni Galinanyň obrazlary-da üns bererlikdir. Roman dartgynly wakalara baý. Onuň üçin eseriň dramatik häsiýeti güýçli. Eseriň esasy sýužet liniýasyna organiki birleşip gidýän, ýesirleri boşatmak bilen baglanyşykly demir ýol ýakasynda geçirilýän çäreler, täze ýaraglaryň saklanýan gizlin skladyny partlatmak üçin guralýan operasiýa onuň mazmunynyň çugdamlanmagyna, çuňlaşmagyna has uly ýardam edipdir. Aýratynam şol wakalaryň ugur tapyjylyk bilen guralmagyň ynandyryjy çözülmegi täsirli. Dogry, göräýmäge meseleleriň goýluşy juda agyr hem howply. Emma bütin emlägi, ene topragy faşistik zalymyň aýak aşagyna düşen halkyň gahar-gazabynyň ýanynda ol kynçylyklar hiç zat bolup galýar. Onsoňam, munça döwür geçensoň, uruş hakdaky bilýän zatlarymyzy ýatlasak, bu wakalaryň esere girizilmegi geň däl. Ol diňe ot-ýalnyň içinde söweş meýdanyny ädimme-ädim geçen türkmen ýazyjysynyň utuşly tarapy bolupdyr. Çünki türkmen edebiýatynda uruş wakalarynyň köp taraplary hakda aýdylan hem bolsa, çylşyrymly harby operasiýalar, partizançylyk söweşleri hakda şeýle tutumly, baý maglumatlar ýokdy. Bu bolsa ogul-gyzlary ähli doganlyk halklaryň hatarynda egin-egne berip, Watançylyk urşunyň gazaply ýollaryny geçen türkmen halkynyň edebiýatynda-da juda gerekdi. Romanyň esasy otrisatel gahrymany faşizm. Esasy konflikt faşistik güýjüň, onuň ideologiýasynyň garşysyna gaýduwsyz göreş alyp barýan, parahatçylyk söýüji sowet halkynyň, sosialistik sistemanyň arasynda ýüze çykýar. Milletçilikli pikirler bilen beýnileri çişirilen faşistik ideologiýanyň agzy ganly esgerleri Wolfyň, Gansyň we olaryň ýaranlarynyň edýän işlerini synlanyňda, olaryň ene süýdüni emip ulalandygyna ynanar ýaly däl. Ýazyjynyň şeýle sypatly iki aýakly wagşylary paş etmek üçin gaýduwsyz köp zähmet siňdirendigi görnüp dur. Aýratyn hem Wolfuň obrazyna köp üns berilmegi tötänden däl bolsa gerek. Şöhrat, baýlyk hem wezipe üçin hiç bir wejeralykdan gaýtmaýan bu wagşyda faşistik ýokary gatlagyň ähli sypatlary äşgär bolýar. Ol hemme taraplaýyn taýýarlanan tip. Şonuň üçin hem, haýsy meseläniň golaýyna barsa, şol bir ganhor sypaty açylýar. Onuň bu hereketlerini Marta bilen bolan gatnaşyklarynda-da, jeza beriş meýdançasyndaky edýän işlerinde-de, özüne oýanan ýigrenji üçin Marta, şowsuzlyklara uçran mahalynda öz ýalhorlaryna berýän jezalarynda-da duýmak kyn däl. Bir söz bilen aýdanyňda, Wolfuň häsiýetinde faşistik ahlagyň paş edilişiniň köp taraplaryny synlaýarys. Olary näletleýäris. Bu ýazyjynyň, gürrüňsiz üstünligidir. Şeýle güýçli otrisatel tipi paş etmek, ondan üstün çykmak üçin romana girizilen adam häsiýetleriniň, söweş usullarynyň ähtibarlygy, ynandyryjyly öz-özünden düşnükli bolýar. Faşistik ahlagyň paş edilmeginde Martanyň obrazynyň hem ähmiýeti az däl. Bütin dünýäsi bilen ahlaksyzlyga baş uran, hiç bir erbetlikden gaýtmaýan, hatda öz bähbidi üçin Wolfuň aýalyny öldüren faşist ýalhoryň aňynda, öz niýeti başa barmansoň, uly özgerişlik bolýar. Öz päldeşlerine ýigrenç duýgusy oýanýar. Olaryň garşysyna aýdýan pikirleri üçin berk jeza çekýär. Bu-da faşizm ahlagynyň bir görnüşi. Süriniň agsaksyz bolmaýşy ýaly, il arasynda birlän-ikilän ýaramaz adamlaryň bolandygyny-da, durmuşda bolşy ýaly, romanyň awtory ünsden düşürmändir. Muny ýazyjy F.Dudiniň ýaramaz häsiýeti arkaly açyp görkezýär. Biz ondan durnuksyz, namart adamynyň hakyky sypatyny synlaýarys. Eseriň ahyrlarynda «Ite it ölümi» diýlişi ýaly, jan-dilden hyzmat eden agalarynyň – faşistleriň onuň üçin oýlap tapan jezalaryny ýürekden makullaýarsyň. Hut Wolfyň özi onuň gulaklaryny, burnuny kesýär, gözlerini köwleýär. Ý.Komaşkiniň bu haýyna janygyp düşündirişi ýaly, köki çüýrük daragta penalanmagyň soňunyň näme bilen gutarjakdygyna ol köp garaşmaly bolmaýar. Şeýle meseläniň esere girizilmeginiň, şeýle çözgüt bilen gutarmagynyň uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Romanda bulardan başga-da jüpüne düşen ownukly-irili çeper çözgütli wakalar, ünsüňi çekýän epizodik gahrymanlar az däl. Şolaryň arasynda türkmen ýigitleri Sapar Nurgeldiýew, gyjakçy Nury Saryýew, gazak ýigidi Serzibaý bilen baglanyşykly wakalaryň hem olaryň özleriniň esere girizilmeginiň sebäpleri düşnüklidir. Bu Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda beýik Watanymyzyň azatlygy ugrunda bir dogan ýaly bolup jan aýaman söweşlere giden doganlyk halklaryň ogul-gyzlarynyň ýadygärligini hormatlamakdyr. Şol agyr ýyllarda M.I.Kalininiň «Biziň Gyzyl Goşunymyz – bu ýeke-täk agzybir maşgaladyr, onda hemişe halklar berk, bozulmaz dostlukda ýaşaýarlar... Bu dostluk nemes faşistik basybalyjylaryny biziň ýeňmegimiziň iň ynançly girewidir» diýip ýazyşy ýaly, Beýik Ýeňşi hasyl eden serişdeleriň biri bolan SSSR halklarynyň doganlyk-dostlugynyň miwesi hiç bir ölçege sygmaýar. Bu hakda esgerleriň öz gatnaşyklary bilen birlikde Iwan Komaşkiniň Kasym Ataýewe aýdan minnetdarlykly sözlerini ýatlamagam ýeterlikdir. Ýazyjy N.Geldiýewiň öz romanynda köp taraply uruş wakalaryny dogruçyllyk bilen görkezmäge çalşandygyny delillendirýän ýene-de bir mesele – ýaş çagalaryň düşbülik bilen alyp barýan işleridir. Faşistik wagşylaryň edýän ähli jenaýatlary çagajyklaryň gözüniň alnynda bolup geçýär. Olaryň köpüsi öýünden-mülkünden kowlan ene-atalaryň çagalary. Birnäçeleriniň bolsa özleri horluga çydaman gidýär. Hossarsyz çagalaryň durmuşy gözgyny. Bu ýagdaýlar üçin olar duşmandan ar almaga çalyşýarlar. Nataşanyň, Ýaşka şeýtanyň hem onuň «okuwçylarym» diýip atlandyrýan deň-duşlarynyň ýürek matlaplary şeýledir. Ony ýazyjy Nazar Geldiýew Nataşa bilen Ýaşkanyň partizanlaryň arasynda erjellik bilen alyp barýan işleri arkaly delillendirmäge çalşypdyr. Köplenç ynandyryjy, dogry netijelere gelipdir. Kalby ar-namysdan, duşmana ýigrençden doly rus çagalarynyň, ýetginjekleriniň alyp barýan watançylyk işleriniň kämillik bilen görkezilmegi, gürrüňsiz, eseriň peýdasyna bolupdyr. Romanyň syýasy mazmuny diýseň sagdyn. Onuň kompozision gurluşynyň, sýužet liniýasynyň berkligini ýörite bellemek gerek. Ýazyjynyň dil medeniýeti, çeperçilik serişdeleri hakda gürrüň edilende, sözsoňydaky nygtamalary ýatlap, şol pikirler bilen çäklenmek isleýäris. Tutuşlygyna biziň edebiýatymyzyň harby-watançlyk temasynda ýazylan eserlerini san hem hil taýdan ep-esli baýlaşdyran «Ot-ýalnyň içinde» romany ýalny böwsüp ýurdumyza baky ýagtylygy getiren merdana söweşijilere, frontuň hem tylyň gahrymanlaryna uly ýadygärlik bolup, okyjylaryň göwnünden turdy. Umuman, döredijiliginde kämillik ýaşyna ýeten frontçy ýazyjynyň köp taraply, giň planly döredijiligi öz dogrusynda yzygider giňden gürrüň edilmegine degişlidir. Onuň harby ýyllaryň gazaply keşbini çekýän, şöhratly söweşijileriň ýalkymly obrzyny şekillendirýän sahypalary bolsa hemişe okyjylaryň söýgüli eserleri bolmagynda galar. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |