11:48 Kör köri garañkyda-da tanar / satiriki hekaýa | |
KÖR KÖRI GARAÑKYDA-DA TANAR
Satiriki hekaýalar
Gümmezli diýen obada Gürgen palaspuruş diýen peýdakeş bir adam bardy. Ol Ahal sebitlerinden nah halylary arzan alyp, ýüň diýip, gözboýagçylyk bilen Hywa etraplaryndaky gurply adamlara bäş esse bahadan ýelmärdi. Gürgen palaspuruş ilatyň gözüne çöp atmaga juda ökdedi. Onuň ilden üýtgeşik jaýy bardy. Günlerde bir gün Gürgen palaspuruş ygyp ýören Atabal agany hormat bilen öýüne çagyrdy. Kör köri garaňkyda-da tanar diýleni dogry boldy. — Bu köşk Hywa hany Ispendiýar Bahadurda-da ýokdy — diýip, Atabal aga Gürgeniň köşgüni magtady. Sebäbi Gürgen onuň keýpini mazaly kökläpdi, öňünde konýak, tirýek, göknar goýdy. Beňli çilim ýasandylar. Gapylary içinden mäkäm petikläp ýapdy. «Bizi öýde ýok diýersiň» diýip, Gürgen çagalaryna berk tabşyrdy. — Atabal aga, bir döwletli maslahat bar. Sizden rugsat bolsa, aýtjak, ýogsam aýtjak däl, oňaýjak — diýip, Gürgen ýaramsaklyk bilen söze başlady. — Pajalyssa, pajalyssa, Gürgen jan! Onuň ýaly bolsa, dawaý, aýt — diýip, Atabal aga garym-gatym gürledi. — Aýtsam, sen meniň öýümde ýaşaber. Köwüş-mesiň, dondur telpegiň könelse, iňňeden çykma täzesini alyp bereýin — diýip, Gürgen kiçijik bulgurlara konýak guýdy. Sözüni dowam etdirdi: — Mesiňi gara kremden mazaly doýur. Ýüz görülýän aýna ýaly lowurdasyn dursun. Ýüzüne seredip sakgal syrybermeli bolsun-da, garasaý. Sakgalyňy şampuna ýuw. Ýene-de ösdür. Guşaklygyňa ýetsin. Ýöne murtuňy ösdürme. Özüňem arassa türkmençe ýa sap özbekçe geple. Garyşdyrma. Diliň dürüşdemi, tirtmi, winegretmi, belli däl. — Ýok, ýok, Gürgen, inim, maňa mollaçylyk et diýmäweri. Gerek däl. indi metjitler açylýar. Ylymly mollalar bar. Oňarman. Bu obada musulmançylyk galmandyr. Tüweleme, medeniýetleşipsiňiz. Obaňyzda her dürli millet bar ýaly. Onsoňam, sallah adamdan molla bolmaz. Il maňa gelin-gyzyny ynanmaz-a. — Ýogsam saňa gelin-gyz ynanmalymy? Göwnüň Kap dagynda-ow! — Gürgen jan, maňa mollaçylyk et diýme. — Diýmen, Molla bolmaga gowy adamlar köp. Honha metjit gurdular. Indi il ikimiz ýaly kezzaba ynanmaz. Atabal aga, seniň molla sypatyna gireniň maňa gerek. Sygyr geçen köçe ýaly ýüzüň çaňjaryp durmasyn. Men seni gowja bakaýyn. Ep-esli wagtyň geçmegi bilen Atabal aga tüýs molla sypatyna giriberdi. Mäş-bürünç, sakgalyny şampun bilen ýuwdy weli, birneme agaran ýaly bolaýdy. Ýüzüne çig gaýmak çaldy. Gara krem çalnan mesi gün bilen çakyşýardy. Dogrudanam, mesiniň ýüzüne seredip, sakgalyňy syrybermelidi. Edil aýnaň bar-da. Gürgen bilen Atabal aga «Gaz-24» «Wolga» münüp, Horezmiň obalaryna tarap sürüp ugrady. Atabal aganyň sakgalyny şemal darap geçýärdi. Maşynyň bagažy bolsa halydan dolupdy. Olar nah, seçegi ýüňden edilen galp halylardy. Ýüň diýlip satylmaly harytdy. Ol halylar daşary ýurt bazarlaryny ýapyp gaýdan halylardy. — Atabal aga, şu sapar satylan her bir haly üçin bir ellilik aklygyň bar — diýip, Gürgen palaspuruş kesgitli ýatdy. — Enşalla, Alla bizlik bolsa, onuň müşgili bolmaz, dorogoý Gürgen Ýunus ogly — diýip, Atabal aga elindäki tesbisini çalt-çalt herekete getirip oturyşyna dilini aýnatdy. — Oňarýaň, ahun işan, oňarýaň. Bilip goý, men saňa il ýüzüne ahun işan diýjekdirin. Ýöne weli, «pajalyssa», «dawaý» diýen ýaly sözleriňi agzyňdan sypdyraýmagyn. Bar işi bulaşdyrarsyň. Garym-gatym dürüşdäňi agzyňa almagyn. Türmede öwrenipsiň öýdýän. — Aý, eýesiz, endik-dä, ladno, pajalyssa! — Ana, ýene... Özüňem sadagasy boldugym üç ýüz altmyş gerçekleriň müjewüri bolup hereket etgin. Gürgen uludan demini aldy-da şeý diýdi: — Men seni ile goşjak bolup özüm ilden çykmaly borun-ow? — Ilden çykjagyňa gynanma. Bagtyň daş ýardygy. Enem-atam meni ile goşjak bolup, oňarman ölüp gitdiler, bože moý! Gülüşdiler. Maşyn wazlap barýardy. Ýolda awtoinspektor «jürt» etdirdi. Leýtenant oglan, özbek ýigidi ýuwaş-ýuwaş ädimläp, maşyna golaý geldi-de: — Milisiýanyň leýtenanty Joraýew — diýip ytagat etdi — Dokument? — diýip, elini uzatdy... — Ol zatlar sazdyr, jijim, ortak leýtenant Joraýew. Ilki sen ahun işanyň keramatly elini al. Adam ýaly görüş — diýip, Gürgen ýeserlik bilen ýylgyrdy. Horezm oblastynyň adamlary örän mylaýym, medeniýetli. Özlerem doganlyk-dostluga diýseň sarpa goýýar. — Essalawmaleýkim, ahun baba! — diýip, Joraýew Atabal aga bilen ikelläp görüşdi. — Waleýkim essalam!.. döwletiň artsyn. Tüweleme, tüweleme. Alla zyýat etsin! Halal süýt emen musulman perzent ekeniň! — diýip, Atabal aga başlady ýuwhalyga. — Men, sadagasy boldugym, üç ýüz altmyş gaýyp ötgen erenleriň müjewüri. Alla kabul kylsa, Soltan Weýis baba zyýarata barýarys. Hudaýoly sadaka aýdan diýenleriňiz bolsa — diýip, Atabal aga gedaýçylyga ýüz urdy. Leýtenanta ýüzlendi: — Jan başyna degişli piträňizi kime berýäňiz? — diýip sorady. — Gyşlagymyzdaky metjitde öz mollamyz bar — diýip, leýtenant aljyrady. — Ol mollaňyz, täretli, namazly, pitiwaly kişimi? — Bilmedim, ahun baba. Buharanyň «Mirarap» medresesini gutaryp gelen. Gürgen Atabal agany dürtdi. Awtoinspektor Atabal aga bilen hoşlaşmak üçin egildi weli, burnuna spirtiň ysy hapylap urdy-da. Organ işgärinde kärine kybap üşük güýçli bolýar. Ol duýdy. — Ortak sürüji, maşynyňyzda spirtli içginiň ysy bar-la?! — diýip, awtoinspektor ýaýdanjyrap sorady. — Maşynyň arak içmejegi-hä belli zat — diýip, Gürgen ýeserlik bilen güldi. — Joraýew, oglum, ýaňy ýolda bir serhoşy mündürdük. Maşynyň içine ögedi. Düşürdik onsoň — diýip, Atabal aga ýüzüni sowdy. — Bolýa-da. Indikile pýan mündürmäň. Siz gardaşlyk Türkmenistandan ekeniňiz. Tolona bellik etmäýin. Ýoluňyz ak bolsun! — diýip, Joraýew çest berdi. Bular sag-aman ýola düşdüler. Awtoinspektor Atabal agany içýändir öýtmedi. Hawa-da, sakgally-sarmykly adam arak içse, geň-taň görüljek-dä. Atabal aga awtoinspektoryň duran postundan ugran badyna yzyna gaňrylyp seretdi. Gürgen käýindi. — Ýaşuly, yzyňa seretme, duýlarsyň. Men saňa elli manat berýän diýdim-ä. Sen bolsaň awtoinspektordan aklyk, nezir-nyýaz ýonjak bolup dursuň-aý. Ol oglan, belki, bizden hantamadyr. Ol häsiýetiňi goý, ýaşuly. Sag-aman sypsak, besdir şol. Ynsap ýagşy. — Lepbeý, tagsyr, sluşaýus! — diýip, Atabal aga sag elini gulagynyň ýanyna eltip çest berdi. Öz bolşuna özi hezil edinibem güldi. — Atabal aga, ýene bir gezek haýyş edýän. Bir-ä ýaňky orusça sözüňden ägä bol. Senden häli-şindi sypyp dur diýdim-ä. Ikinjem, ýene ir gezek aýdýan, awtoinspektoryň ýanyndan ugramyzsoň yzyňa gaňrylyp seretmäňi goý. Olarda professional üşük güýçli bolýar. Sähel ýerde galplyk duýulmasyn. Tirýekdir göknar agdarýandyr öýderler. Bular az ýöräp, köp ýöräp, Akkermen diýen bir oba bardylar. Galp halylary öýme-öý aýlanyp görkezip başladylar. — Alyň ýagşy haly. Durşy bilen ýüňdür. Işan babaňyzdan teperik! — diýip, Gürgen zowladyp gygyrdy. — Sadagasy boldugym, üç ýüz altmyşdan geldim. Zenanym Bibi Merýemiň, gyzlarym Äşe-Patmanyň elinden çykan zatdyr — diýip, Atabal aga sesine bat berdi. Halylardan birini alarman boldular. Söwda oňdy. Pul sanalyp dur. Şol wagt öý bikesi hem-de goňşy aýallar halynyň daşyna üýşdüler. Sapagyndan birini ýolup alyp görmekçi boldular. Halynyň bolsa ýeke seçegi ýüňdi. Beýleki ýerleri tutuş diýen ýaly nahdy, sintetikady. Puluň ýarysy diýen ýaly sanalypdy. Haly satan Gürgen howlugýardy. Aýallar halynyň bir sapagyny alyp eýýäm aşhanadan otluçöpem getirdiler. Söwdanyň yzyna gaýdaýmagy gaty mümkindi. Üstesine-de masgaraçylyk. Minutlar ýyla döndi. Şol wagt Atabal aga naw gaýdan ýaly bolup halynyň üstüne ýykyldy. Daýaw göwre tas aýallardan birki sanysyny maýyp edipdi. Dilini dişläp, abat gözüni agdaryp, haram ölen öküz ýaly bolup ýatyr. Dem-de ýok, hereketem. Galagopluk başlandy. Halyny alanlaryň reňki ak tam boldy. Satanyňam gorkudan ýaňa süňňi lerzana geldi. Derrew puly çalak-çulak sanap alyp, Gürgen Atabal agany maşyna tarap süýräp ugrady. Atabal aga uly gurçuk, Gürgen garynjady. Daýaw, pil ýaly pyýada ejize ejir baryny berdi. Şo barşyna Atabal agaň telpegi başyndan gaçdy. Gürgen ony kakyp aldy. Sebäbi ýene täze telpek alyp bermek Gürgene gymmat düşjekdi. Ahyry ýaşulyny maşynyň ýanyna süýräp diýen ýaly getirdiler. Köpçülik ony maşyna zordan dykdy. Öýden ýigrimi bäş-otuz metr geçip-geçmänem Atabal aga yzyna bir gaňrylyp seretdi. Öýüň öňi märekeden doludy. Galplyk duýuldy. Gürgen gaza basdy. — Ýykylanym üçinem ýene bir ellilik eçilmeli bolarsyň, dorogoý Gürgen han?! — diýip, Atabal aga güldi. — Onuň gürrüňi bolmaz, ýaşuly. Ýöne yzyňa seretmäň bolmady. Onsoň hem ýykyljagyňy maňa öň ýolda duýdurmaly ekeniň-dä. Sen menem gorkuzdyň. Häzirem süňňümi saklap bilemok. Ezraýylam tüýs baryp ýatan namart eken-ow. Edil şu ýerde gelmesi nämekä diýip oýlandym. — Birden kelläme ideýa geldi-de. Ýogsam söwda küşat boljak däl görsem. Soň Gürgen şol oba baranda halynyň gohy-galmagaly ula turupdyr. Gürgenem ýeser-dä: — Şol ahun kişi, molla babaňyz kazalandy, wepat boldy. Jynazasyna dört müň adam durdy. Daşkentden Baba ahun ýaly ulamalaram geldi — diýip aldatdy. Käsi «Ýagşy kişidi» diýip, gynanýan kişi boldy, käbiri sesini çykarmady. — Şol kişiniň ýene bir halysy bar. Alyň. Kyrkyna harjy ýok — diýip, Gürgen çyna berimsiz edip ýalan sözledi. Emma kör hasasyny ýeke gezek aldyr diýlişi ýaly, adamlar soňunda aldanmadylar. Soň bir anna güni Soltan Weýis baba diýlen öwlüýä zyýarata baranlara Atabal aga «gudrat» görkezýär. Ol ýerde bir mollasumak ili aldap pul ýygnap oturan ekeni. — Men Daşkendiň dini edarasyndan. Hany dokumentiň? — diýip, Atabal aga ýaňky mollasumagy gyssaýar. Olam sypjak bolup: — Biruniň raýkomy bar-da göz-gulak bol diýdi — diýýär. Atabal aga heşelle kakýar: — On sekizinji ýylda ýoldaş Lenin partiýadan, döwletden dini aýyrdy. Hany gönel. Goý, şu ýerde ýygnan puluňy. Mollasumak ýeňsäni ýel ýaly edýär. Atabal aga güýçlendirip okamaga oturýar. Pul ýagyp başlaýar. Ýöne weli, şol haly alan adam aýaly, çagalary, goňşulary bilen zyýarata gelen ekeni. Ýeke gözi tanadylar. Ökjäni götermeli boldy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |