07:00 Köreken / hekaýa | |
KÖREKEN
Hekaýalar
Wah, göwne ýetmegiň ýokdugy gursun! Bir zada ýetip, edinip göwnümi hoşladym diýseň, ertesi gün göwnüň başga bir zady küýseýär. Oňa-da, teý, tükenme ýok. Onda-da ýaşlykdan köp zada hantama bolup ýaşan bolsaň, hiç zadam oňarmadyk bolsaň. Dünýäň zady saňa gerek. Belki, tapylyp dursa, dünýäň zadam azlyk eder?! Oraza-ha azlyk etdi. Orazyň ýaşlygy hantamaçylykda geçdi. Gurply biriniň ogly täzeje eşik geýse, oňa gözi gitdi. Özüniňem şeýle eşik geýnesi geldi. Illeriň öýünde gazan atarylsa, öz öýlerinde-de gazan atarylmagyny isledi. Biri maşyn münüp geçse, kakasynyň hem özüne maşyn alyp bermegini isledi. Isläniňde näme?! Üýtgeýän zat ýok. O zatlara kakasynyň puly ýok. Ol gol doly çagalaryny hor-homsy etmän ekläp-saklap ýörse – bolany. Olaryňam hemmesi iýjekden-geýjekden. Oraz mekdebi gutardy. Ony okuwa ibermeli. Onuň üçin pul gerek bolar. Birki ýyldan soň aýagynam duşaklamaly bolar. Oňa-da birgiden pul gerekdir. Ondan kiçileri hem ýetişip gelýär. Oraz ýokary okuw jaýyna okuwa girdi, okap başlady. Obadan gelen ýigit. Ol bu ýerde öň görmedigini gördi, öň eşitmedigini eşitdi. Onuň ökjesi ýere degmedi. Ol diňe ökjesi ýere deger-degmez bolup gezdi. Dünýäde şondan bagtly adam ýokdy. Sebäbimi? Onuň bilen şeýle bir owadan gyzlar okaýardy. Özem onuň ýaly gözel gyzlar dünýäniň hiç bir künjeginde-de ýokdur. Ana, şeýle owadan, näzeniň gyzlaryň iň owadany Oraz bilen ýanaşyk oturýar. Şäherli gyz. Elini sowuk suwa urmandygy näzikliginden, reňklenen uzyn barmaklaryndanam, «tyrk-tyrk» edip, täsin ýöreýşindenem duýlup dur. Şeýle owadan gyza öýlenip bolsady! Onuň gar ýaly ak, näzijek ellerinden tutsaň! Mähirli, ala gözlerine tä ganýançaň seretseň! Bilýäňizmi, ol gözeliň ady näme?! Zyýada. Dogrudanam, ol ähli gyzlardan zyýada! Oraz diňe Zyýada baradaky oý-pikirler bilen ýaşady. Zaýadany düýşünde-de gördi, huşunda-da. Oňa her näme edibem bolsa ýaranasy geldi. Oturyp-turan ýerinde-de Zyýadanyň gürrüňini etdi. Ol hakda näme bilýän bolsa aýtdy. Bilýän zady judabir köpem däldi. Şonuň üçinem ol uly bolmadyk şol bir jümläni gaýtalap ýördi. – Zyýada maňa: «Oraz, gel meniň ýanymda oturaý!» diýdi. Onuň kakasy trestiň iş dolandyryjysy. Ejesi baş lukman. Zyýada kakasyna-da, ejesine-de: «Haýsy ýigidi halasam, öýe getirerin» diýipdir. Zyýada Orazyň içki pikirini aňan ýaly, oňa ýakynlaşdy. Bir gün kino gitdi, öýüne çenli bile gitdi. Bir günem Orazyň garaşany boldy – Zyýada ony kakasy, ejesi bilen tanyşdyrmaga äkitdi: – Ine, meniň halaýan ýigidim! – diýdi. Ata-ene sesini çykarmadylar. Orazyň daşky keşbini synlanlary bilen oňman, gözleri bilen onuň içine giräýjek boldular. Ata-enesiniň kimdigini, näme işleýändiklerini çintgäp-çintgäp soradylar. Institutda olar barada gürrüň etdiler. Ýigitleriň birnäçesi: – Orazyňky çüwdi! Zyýada nebsim agyrýar. Şeýle owadan, näzeniň halyna, şäherli halyna, çopanyň ogluna durmuşa çykjak bolýar – diýdi. Olaryň bolşuna ýagşydan-ýamandan zat diýmän ýylgyranlaram boldy. Olar nämä ýylgyrdy? Näme üçin ýylgyrdy? Ol ýylgyryşlarda nähilidir bir syr bar ýalydy. Ýöne ol nähili syr? Ol syry biljek bolanam tapylmady, bilenem aýtmady. Oraza onuň, asyl, geregem ýokdy. Oňa diňe Zyýada gerekdi. Toý güni ýakynlady. Orazyň kakasy, ähli zada kaýyl ejesi bu toýuň tutulmagyny göwnemediler. Ata-ene iki ýerden: – Oglum, her kim öz deňini gaşasa ýagşy. Seniň göwün beren gyzyň saňa taý däl, guda boljagymyzam bize taý däl. Ol gyza är bolmak saňa başartmaz, oglum. Ol şäherli. Näme, oňa mynasyp ýigit şäherde ýokmuka? Sen obaly, sada ýigit. Saňa onuň bilen ýaşaşmak gaty kyn düşer. Goý, ol çagalykda bile oýnap-ösenine durmuşa çyksyn. Saňa-da obadan belläp goýan gyzymyz bar. Şoňa öýermekçi – diýdiler. Oraz öýkeledi: – Ogluňyzyň bagtyna guwanman, gynanýaňyz. Maňa Zyýadasyz bir günem ýaşaýyş gerek däl. Ol meniň üçin hemme zat. Eşidýäňizmi, hemme zat. Şoňa öýlenmesem, özümi öldürerin. Alla kessin, çynym, özümi öldürerin. Men oňa nädip ýetdim, bilýäňizmi siz?! Bileňzok. Siziň göwnemeýändigiňizi eşitse, ol näme diýer? «Ata-eneň-ä samsyk eken» diýer. Ýok, ýok. Şu günüň özünde sawçylyga baryň. Zöhre daýza: «Galyň gerek däl» diýdi. «Toýy welin gowuja geçireris, özem restoranda» diýdi. Eşidýäňizmi, toýa Zyýadanyň kakasynyň, ejesiniň ähli tanyş-bilişleri barar. Bilýäňizmi, olar nähili beýik adamlar? Zyýada olar bilen arkaýyn gürleşip bilýär. Hiç çekinenogam. Olar Zyýada: «Zoýa, okuwyňy gutrdygyň, seni hökman ministrlige işe alarys» diýýärler. Zyýada-da: «Men ýeke däl» diýýär. Zyýada olar bilen arkaýyn, çekinmän gürleşýär. «Seniň adamjygyňa-da ýer taparys» diýip, degişen bolýarlar. – Wah, oglum, o gelnimiz biziň obada ýaşap bilmez ahyryn. – Biziň obada nä körümiz bar? Zyýadanyň özem şeý diýýär. «Tozana garylyp ýörüp bolmaz» diýýär. Goý, oba adamlary oba gowy diýip, öz göwünlerini asyrlarboýy aldasynlar ýörsünler. Nämäniň gowudygyny özümiz gowy bilýäris diýýär. Zöhre eje-de: «Toýdan soň size hökman kwartira alyp bereris» diýýär. Biziň aýratyn jaýymyz bolar. – Näbileýin-dä – diýip, Ýolbars aga uludan demini aldy. – Hana, Gurban garajanyň ogly sekiz ýyl şäherde kwartirant bolup otyr. Jaýly bolmak kynmyş şäherde. Gurban garajanyň oglunyň öz agzyndan eşitdim. – Nämäniň gürrüňini edýäňiz-aý, kaka. Zyýadanyň kakasynyň nirede işleýändigini bilmeýän ýaly gürrüň edýäňiz. Ýolbaşçy adamlaň ýanynda o zatlar dagy «witjik». Zyýadanyň kakasynyň dostlary: «Zoýa, geregiň jaý bolsun!» diýşip durlar-how. Zyýadanyň özem: «Aýratyn jaýymyz bolmasa ýaşamarys. Mamaş dagy hökman jaý tapyp bererler» diýýär. Onsoňam Zyýada ýene bir zat diýdi. – Goý, goý, gürleme – diýip, Ýolbars aga elini daldalatdy. Nämedir bir zada gahary gelen bolarly, esli wagtlap içini hümledip oturdy. Wagty bilen köşeşip bilmedi. – Adama maňlaýyna ýazylandan gaçyp gutulma ýok. Maňlaýymyzda näme bar bolsa, görübereris. Toý güni Ýolbars aga ähli dogan-garyndaşyny ýygnap şähere gitdi. Ýöne olary toý gidip duran restorana goýbermediler. – Obadan aryp gelensiňiz. Onuň üstesine-de oturgyçda oturmak sizi ýadadar. Şonuň üçinem, sizem bir ýerde isleýşiňizçe, obada edilişi ýaly edip toý tutuberiň – diýdiler. Ýolbars aga saklanyp bilmedi: – Oglumyz bilen gelnimizi bir göreliň ahyryn hiç bolmanda. – Olara häzir turmak bolmaýar. Toý ýaňy başlandy. – Dünýäde bolmaýan zat ýok. Gelsinler! Oraz geldi: ol gaharyna ýarylaýsam diýýärdi. Ýolbars aga muňa ümsem berip durmady: – Hany, gelnimiz? – Şeýle boljagyny öňem bilýärdim. Masgara ediň meni! Zyýada-da: «Kakaň dagy masgara edäýmese» diýýärdi. Aýdyşy ýaly-da boldy. Näme, beýle sürlenişip dursuňyz? Restoranda oturara ýerem ýok. Siz gaýdaýsanyzlaň. – Biz indi oglumyzyň toýuna-da gatnaşmaly dälmi? – Gatnaşmaly. Ýöne üst-başyňyz nähili? Şo çölde geýýän eşikleriňiz bilen gaýdyberipsiňiz. Restorana galstuksyz goýbermeýärler. Aý, masgara etjekdigiňizi bilýädim-le. – O nähili masgaraçylyk? Bu näme diýdigiň seniň? Köp aýtdyň-la şol bir sözi? – Men-ä sizi kakam, hossarlarym diýip görkezmäge-de utanýan. – Ýolbars, gel, darykma. Bir ogluňy şäherlilere ogullyga beräýenmişiň-dä. Jany sag bolsa bolan ýeri. Käte-käte aýlanar durar – diýip, Orazyň daýysy Ýolbars aga töwella etdi. – Tüweleme, Durdy jan hem ýetişip gelýär. Şoňa obada toý ederis. Hany, giňräk bolsana! Giň boldular. Ýolbars aga dagy yzyna gaýtdy. Orazdan habar bolmady. Ol, asyl, ýetişiksiz gara gündedi. Ony ylmy institutlaryň birine işe aldylar. Ol bir gün oba geldi. Onuň gelendigini eşidip, oba adamlary ýygnanyşdy. Begenişdiler. «Ynha, görseňiz, biziň obamyzdanam şäherde ýaşap, abraýly ýerde işläp ýören bar» diýişdiler. Orazyň gürrüňini diňlediler: – Meni oba iberjek boldular. Zyýadanyň kakasy göni rektoryň ýanyna bardy. Ol ikisiniň arasyndan gyl geçenok. Dost olar. Toýumyzda-da bardy. Rektor gelip Zyýadanam, menem gutlapdy. Ana, onsoň, Zyýadanyň kakasy rektora göni: «Orazy şäherde galdyrmasak, bolmaz. Ol meniň giýewim ahyryn. Senem ony oba iberjek bolup durmuşyň. Bu nähili beýle bolýar?» diýipdir. Rektor nä Zyýadanyň kakasyna ýok diýip bilýärmi? Ýok diýse, ol köp zat ýitirjek. Onsoňam ol Zyýadanam gowy görýär. Rektor: «Dost jan, o zatlaryň gürrüňi bolmaz. Nirä ugrat diýseň meniň bilen. Seniň işiňi bitirmesem, meniňem adam bolmadygym» diýipdir. Ana, onsoň, Zyýadanyň kakasy ylmy instituta işe ýerleşdirdi. Ylmy işgär. Zyýada-da: «Şu işiň erbet däl» diýýär. «Soňunam görüp gelen ýok. Häzirlikçe şu ýerde işläber» diýýär. Jaýam aldyk. Gaýynatam-a: «Bizde ýaşaberiň» diýdi. Maňa sen giçgiýew diýdi. Ýekeje gyzym bar. Ondan aýry düşmäli diýdi. Zyýada: «Ýok, kaka, ýagşy görýäniň çynyň bolsa, bize şu ýakyndan jaý alyp ber» diýdi. Göni aýtdy şeýle diýip. Gaýynlarym Zyýadanyň aýdanyndan çykyp bilenoklar. Näme diýse, ylgap ýörler. Maňa-da: «Näme ýumşuň bolsa aýdyber» diýýärler. Aý, men-ä bizar edip duramok. Käte öümize myhman gelýär. Zyýadanyň işdeş ýoldaşlary: «Zoýa, bizi äriň bilen tanyşdyrsana» diýýärler. Zyýada-da: «Siz erkek adamlar, özüňiz tanyşyberseňizläň» diýýär. Soň oturýas, tanyşýas. Hemmesi şahandaz adamlar. Gülşüp, gijä çenli oturýas. Olar Zyýada bilen nädip tanyşandygymy soraýarlar. Men olara institutda bileje oturandygymy, okuwdan soň öýüne çenli ugradandygymy, käte bile kino gidendigimi gürrüň berýän. – Bu aýdýan zatlaryň dogrudyr, hany, sen şäheriň ýagdaýyny aýt. Şäherde azyk ýagdaýy nähili? Et, mesge tapdyrýarmy? – Aý, ol zatlaryň gürrüňi ýok. Zyýadanyň ejesi adyny tutan zadyňy tapyp berýär. Onuň şäherde tanamaýany ýok. Zyýadanyňam tanamaýany ýok. Haýsy dükana barsak: «Zoýa, seni hoş gördük! Näme gerek bolsa aýt, ýer gazyp tapyp bermelem bolsa, biz taýýar» diýýärler. 21-nji sentýabrda Zyýadanyň doglan güni. Şony bellemek üçin et gerek boldy. Etem haýsy dükana barsam, ýok. Onsoň Zyýadanyň özüne aýtdym. Ol elime hat ýazyp berdi-de: «Ataşyň ýanyna bar» diýdi. Onuň aýdan zawmagynyň ýanyna bardym. Ol haty okap: «Etiň gürrüňi bolmaz!» diýip, sygryň jylka ýerinden bäş kile mugt berip goýberdi. – Bu aýdýanyňam dogrudyr. Hany, sen aýt, ýegen, ýolumyz düşüp şähere barsak, myhman alyp biljekmi? Muny soraýanymy geň görme – diýip, Orazyň daýysy gobsundy. – Allanäme toý tutduňyz. Onda arkaýyn oturyp, tanşyp bilmedik. Biziňem gelnimizi synlasymyz gelýär. Ony özüňem getirenok. Arada ejeň ýüküni tutup, siziňkä gitdi. Şo günem dolanyp geldi. «Näme boldy?» diýsemem, aýdanok. Ýöne aglap otyr. Ýeri, biz barsak, myhman alyp biljekmi? – Ejem tualetde nähili oturmalydygyny bilenok. Muňa Zyýadanyň gahary geldi. «Daýza, bu ýeri oba däl. Gaty arassaja boluň. Obanyň samsyk adamlaryna meňzäp ýörmäň» diýdi welin, ejem şony gaty görüp, zut gaýtdy. Zyýada dogry aýdýar. Şäherde özüňi gaty medeniýetli alyp barmaly. Obadaky ýaly däl. Tamy dolduryp oturan adamlaryň kän oturyp mazasy bolmady. Hersiniň bir işi ýadyna düşdi, hoşlaşyp, turmak bilen boldular. Oraz olar bilen hoşlaşyp, ýene gürrüňe başlady: – Bir gün Zyýada bilen dükana bardyk... – Hany, ogul, bir saklan. Saňa maslahat bar – diýip, öýde del adam galmansoň, Ýolbars aga ogluna ýüzlendi. – Sen şeýdip ýörjekmi? – Nädip? – Oba dolanaýsaň nädýär? Önüp-ösen ýeriň. – Zyýada razy bolmaz. Ol: «Goý, obada tozana bulaşyp, garader akdyryp, şonam özlerine uly bagt hasaplan samsyklar ýaşasyn» diýýär. – Sen näme diýýäň, sen? – O nähili «sen»?! – Gelnimiziň näme diýýänini-hä eşitdik. Seniňem pikiriň bardyr ahyryn. – Kaka, size gelşiksiz bolubam eşidilmegi mümkin. Sebäbi siz köne adamlar. Şonda-da göni aýdaýyn: Zyýada ikimiz bir adam. Ikimiziň ýüregimizem bir, pikirimizem. Biri-birimizi hiç bir zat aýra salyp bilmez. – Gelnimizem şeýle pikirdemi? Ýa bu diňe seniň pikiriňmi? – Näme diýjek bolýandygyňyza düşünmedim. – Be, meniň hugum çykaýdymykan? Men şeýle düşnüksiz gürleýänmi? Men diýýän: «Gelnimizem sensiz bir minut oňup bilenokmy?» – Ol maňa Orazçik diýýär. Nirä gitsek, goltuklaşyp gidýäris. – Oraz-a biziň goýan adymyz, onuň yzyndaky «çiki» näme? – Meni gowy görüp diýýär-laý. – Bolubilýär... – Ýolbars aga «haşş» etdi. – Şu ýyl iniňem-ä okuwyny gutarýandyr. Onuňam maksady okamak. Özüň göz-gulak bolarsyň-da. – Kaka, dogrusyny aýdaýyn, maňa-da hiç kim kömek etmedi. Okuwa özüm girdim, ýerleşdim, öýlendim. Gül ýaly günüm bar. – Onda, senden goldaw ýok-da? – diýip, ejesi öýkeledi. – Kömek edip ýörseň, ondan gowy adam çykmaz, eje. Zyýada: «Adam öz göbegini özi kesmegi oňarmalydyr. Öz göbegini özi kesip ulalan, abraý alan adam hiç ýerde-de hor bolmaz» diýýär. – Gelnimiziň şu aýdany dogry – diýip, Ýolbars aga baş atdy. Orazyň inisi hem agasyna ýük bolup durmady. Öýünde öwredip goýberişleri ýaly etdi. Ol okuwa girip, agasynyň gapysyny kakdy. Gapyny Oraz gaçdy. Ony içeri saldy. Zyýada bilen tanyşdyrdy. Durdyny boýdan-başa synlan Zyýada ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, öz otagyna gitdi. Oraz çaý goýdy . Zyýada ony öz otagyna çagyrdy. Ol basymam dolandy: – Durdy jan, biz-ä bir ýere gezelenje gitmeli bolduk. Sen ertir geläýsene. Arkaýynçylykda oturarys. Çaý içeris. Agşam bizde ýatarsyň. – Men oba gidip barýan. Aýtjak zadyň, sargajak zadyň bolsa eşideýin diýip geldim. – Şeýlemi? Okuwa girib-ä oňarypsyň. Gutlaýan! Zyýada-da begendi. Oba aýtjak zadym ýok. Gitseň, salam aýt. Akgamdan mes adam ýok diý. Gül ýaly ýaşap ýör diý. Ýöne oba baryp geleninden soň hökman aýlan. Oturaly. Ikimiz dogan ahyryn. Sen meniň ýalňyz doganjygym. Ikimiz biri-birimize gaty ýakyn bolmaly. Eşidýäňmi? Birek-biregimize kömek bermeli. Gollaşmaly, düşünýäňmi, maňa? – Düşünýän akga, düşünýän. Men seni gowy görýän ahyryn. – Sag bol onda – diýip, Oraz doganyny mähir bilen gujaklady. – Meniň mähriban doganjygym. Obadan gelen günüň hökman gelgin. – Gelerin, aga, gelerin. Durdy gelmedi. Ol bäş-alty aý geçensoň geldi. Onda-da örän aljyraňňydy. Agasy aşhanada nahar bişirip, garabaşyna gaýdy. Myhmanjaýda bolsa bäş-alty sany adam, iki-üç sany zenan nämedir bir gyzykly wakanyň gürrüňini edip gülüşýärdiler. Durdy agasynyň ýanyna baryp oturdy. – Zyýadamyň işdeş ýoldaşlary geldi – diýip, Oraz inisiniň oňaýsyz ýagdaýdadygyny aňyp dillendi. – Gelende näme, nahary sen bişirmelimi? Aýalyňmy – goý, özi bişirsin. – Inim, obanyň köne pikiri saňa berk ornapdyr-ow. Birek-birek bilen arkalaşmasaň bolmaz ahyryn. Meniň ýanyma myhman gelse, men myhmanlarym bilen oturaryn, Zyýadam hyzmat eder. Ras, Zyýadamyň işdeş ýoldaşlary geldimi – men hyzmat etmeli. Öwren arkalaşygy. – Seniň ýanyna işdeş ýoldaşlaryň gelýärmi? – Hökmanmy olaryň gelmegi? Men olaryň gelmeginem islämok. – Orazçik, Orazçik! – diýip, Zyýada gygyrdy. – Häzir barýan – diýip, Oraz howlukdy. – Boşan tarelkalary ýuwuşdyr. Soňam bize kofe taýýarla. Klýonkanyň üstünem arassala. – Derrew Zyýadam, derrew – diýip, Oraz tarelkalary ýygnaşdyrmaga durdy. Olary aşhana getirdi. – Inim, ýör, senem kömekleş. Klýonkanyň üstüni süpürişdir. Oňa çenli men tarelkalary ýygnaşdyraýyn. – Heleýiňde el ýokmy? – diýip, Durdy gyzardy. – Samsyk bolmasana, doganjygym! Bolýa, oturybersene. Hemme işi özüm ederin. Aýdyşy ýaly özi etdi. Onuň işe eli gelşip dur. Ökdeläp gidipdir. Ol Zyýadanyň ýumşuny derrew bitirip, inisiniň ýanynda oturdy. – Orazçik, salfetka getir. Şony dagy öňünden äberäýmel-ä – diýip, Zyýada gygyrdy. Oraz ýeňil gopdy. Inisiniň ýanynda oturdy. Onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi: – Dokuzjyk, menden gaçyp ýörsüň. Geläýmeli ahyryn. Meniň seni juda göresim geldi. – Göresiň gelse, özüň baraý. Nirede ýaşaýanym-a bilýäň. – Wah, baraýyn diýip her gün pikir edýän. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, her gün bir bahana tapylýar. Hiç bolanok. Hany, aýt, okuwyň, okaýşyň nähili? Näme kem zadyň bar. Agaňdan näme kömek gerek? Häzir meniň abraýym uly. Elim uzadan ýerime ýetýär. Haýsy mugallymdan baha geregem bolsa aýdaý. Oňararyn. – Işim düşüp geldim, akga – diýip, Durdy sümügini çekdi. – Näme iş?! – Sessiýa gutardy, ekzamenleri tabşyryp boldum. Ýöne oba gidere pulum ýok. Düýn trolleýbusda ogurlatdym. – Agzyňy açyp ýörseň, ogurladarsyň-da. Samsyk. – Pul berjekmi ýa ýok? – diýip, Durdy gahar bilen ýerinden turdy. – Mende pul barmy näme? Aýlygymy getirip Zyýada berýän. – Men karzyna soraýan. – Zyýadanyň ýek ýigrenýäňi adama karz pul bermek. – Bermeseň berme, men gitdim – diýip, Durdy gapa gönükdi. – Dur, samsyk bolma. Häzir sorap göreýin. Oraz Zyýadany başga otaga çagyrdy. Iş bitmedik bolarly, Oraz başyny aşak salyp geldi: – «Soň ol bermez» diýen bolýar-laý. Men: «Getirip berer» diýýän. Ol bolsa: «Myhmanlaryň ýanyndan alyp gaýdyp aýdýan sözleriňem şumy? Meniň oturyşlygymy bozjak bolýaňmy? Näme, Durdy oturyşlyk gutarýança garaşyp bilenokmyşmy?» diýýär. Dur, dur! Nirä barýaň? Myhmanlar gidýänçä garşaýsana. Gitseň gidiber, pul tapmasaň, barybir, ýene gelersiň. Gör, bu doňuzjygy! Hem minnetini çekmeli, hem pul bermeli. Oraz saklanyp bilmedi. Ýatdy-turdy. Aýalyna ýalbaryp, pul aldy-da, ýarygije inisiniň ýaşan gapysyny kakdy. Inisiniň giden bolmagyndan gorkdy. Onuň inisini, näme üçindir, juda göresi gelipdi. «Ony gördügim, gujaklaryn» diýip ýolboýy pikir edipdi. Inisi gözlerini owkalap, daşary çykdy. Ony beýleräk alyp çykdy. – Gidäýdiňmikäň öýdüp gorkdum! – diýip, Oraz inisini gujaklady. – Bolşuň nähili-aý? – Sen maňa düşünmersiň, inim. Sen gaýdansoň juda içim gysdy. Ynanaý. Seni göresim geldi. – Akga, bu ýerde beýdip ýörmesene. – Nädip ýörün men? – Sen meniň öňki akgam-a däl. – Göwnüňendir. – Oba gideli, akga. Şäherde ýaşap ýörenlere nebsim agyrýar. Gapyrjagyň içinde ýaşan ýaly-laý. Oba dünýä ýaly giň. Köpleriň ölüp-ýitip şäherli boljak boluşlaryna-da janym ýanýar. – Sen muňa düşünmersiň, inim. – O nähili men düşünmezmişim?! Dünýäde meniň düşünmejek zadym bolmaz. Men hemme zada düşünýän. Sen ol it ýaly heleýiň nämesini söýýäň? – Beý diýmesene, inim. Onuň kimiň gyzydygyny bilýäňmi? Sen olaryň nähili abraýly, sözleriniň nähili geçginlidigini, nähili baý adamdyklaryny bileňok. Öýlerine bir baryp görsediň. Ä-eý, çynym, hak-gyt çynym, köşge girdimmikäm öýdersiň. Öýleri durşuna daşary ýurt mebeli. Her otaglarynda hem üýtgeşik telefonlary bar. Sen entek onuň ýaly telefonlary kinoda-da gören dälsiň. – Olaryň maňa nämä geregi bar? – Ana, Zyýadanyň kakasy oturan ýerinden ähli meseläni çözüp otyr. Seni haýsy ýere işe ýerleşdirmeli. Jaň etdi gutardygy. Pullary weşeň-weşeň. Zyýada käte baryp mamaşyna: «Mamaş, garnitur aljak. Üç tegelegi okla!» diýýär welin, gaýyn enem dört tegelek oklaýar. Şu ýyl iýulda kurorda gitdik. Zyýadanyň mamaşy iki tegelek oklady. Şeýle bir dynç aldyk. Edil hindi kinolaryndaky ýaly bolup gezdik. Hezillik-laý! Zyýadanyňam tanamaýany ýok. Onuň elinden gaty köp zat gelýär. Käte ýigitler oňa degişip: «Şeýle gözel halyňa oba ýigidine durmuşa çykyşyňa gaty geň galýas. Bu Orazçigiň gaty bagty çüwüpdir!» diýýärler. Ýene biri: «Gawunyň ýagşysyň şagal iýr diýrler» diýip degişýär. Oturýarlar gülşüp. – Senem hyzmat edýänmi? – Arkalaşmaly-how! Sen şäher durmuşyny bileňok. Meniň ýanyma myhman gelse – Zyýada hyzmat etmeli, onuň ýanyna myhman gelse – men hyzmat etmeli. Onsoňam-how, aýallary ezip ýörmeli däl. Olary hormatlamaly, aýamaly. – Men-ä öýlensem, ölsemem tarelka ýuwmaryn. Klýonka-da süpürmerin. – Maňa gyjalat berjek bolýaňmy? Men Zyýada üçin ölmäge-de taýýar, düşnüklimi? – Bor onda, ol arzylyň ýanyna gaýt. Men ertir ir turmaly. «Akgam salam aýtdy, jany sag» diýerin. – Men saňa pul getirdim. Ýaňy öýkeläp gaýtdyň. Men myhmanlar gidensoň Zyýada göni aýtdym: «Durdy meniň ýalňyz doganjygym. Şoňa on manat pul gerek: oba gitjek bolýar. Oba atar ýaly puly ýok» diýdim. Berdi. Seniň maňa gözüň öwrenişipdir. Sen meni şol öňki Oraz hasaplaýansyň. Indi meniňem elimden köp zatlar gelýär. Me, pul. Ýene gerek diýseň alyp bereýin. Seniň üçin hemme zada taýýar. Özümi oda-suwa urmalam bolsa men bar. Alsana! – Akga, sag bol! Senden tamam hem şeýle. Ýöne indi onuň maňa geregi ýok. Men oglanlardan karz aldym. Biledem aldym. Ertir ir bilen gidýän. – Al diýlende al. Kimden karz alan bolsaň, muny şoňa ber. Men barkam, adam ogluna ýüz tutma. Eşidýäňmi? Zyýada meni gowy görýär. Menem – ony. Ol meniň aýdanymdan çykyp bilmez. Näme diýsem eder. «Inime pul gerek» diýdim – berdi. Şeýle-de bolaýmaly. Ýöne ol: «Myhmanlaryň ýanynda azar berme» diýýär. Dogry aýdýar. Myhmanlaryň ýanynda azar bermek gowy däl. Zyýada göwün açmagy gowy görýär. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||