21:01 Köşeş, ýürek, köşeş | |
KÖŞEŞ, ÝÜREK, KÖŞEŞ
Goşgular
Käte tötänlikde aýdylan bir söz, Daşa öwrülýär-de degýär ýürege. Köşeş, ýürek, köşeş, tolgunma biraz, Düşünjek bolaly birek-birege. Belki ol söz, däldir seniň salgyňa, Belki ol ýürekden aýdylan däldir. Köşeş, ýürek köşeş, biraz tolgunma, Bagyşlap bilmeklik, bu ýagşy päldir. Ýöne käbir sözüň salýan ýarasy, Biterden has agyr, has çökder gelýär. Bozulýarda iki dostuň arasy, Ýürek daşdan beter, agramyn salýar. Ýüregimizem daşa dönüp gitmezmi? Beýdip, gursagmyzda toplap ýörsek daş. Dosty dostuň günäsini ötmezmi? Tolgunma, eý, ýürek, sen biraz köşeş. Parhy ýok, dostuňmy ýa-da nätanyş, Her sözi oýlanyp sözlemek gerek. Mylaýym söz bilen gazansaň ýeňiş, Şonda, şatlyk dolup, ynjalar ýürek. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |