08:47 Köwüş, bagjyk, kaka / hekaýa | |
KÖWÜŞ, BAGJYK, KAKA
Hekaýalar
Aşa ezizlenip, hülli-hülli saklanansoň, alty ýaşda mekdebe gidende, köwşüniň bagjygynam daňyp bilmezdi. Onsoň işe çykyp barýan kakasy, bosagada säginerdi-de, eglip, bagjygyny ikitaý gulaklyja edip daňyp bererdi. Soňam buýnuzagyndan ysgap: -Kürräm, ullakan oglan-a-how indi, sen. Özüň daňmagy öwren-dä,-diýerdi-de, çykyp giderdi. Ine indem... Kakasyny metjide äkitjek bolýar. Bu wagt ol, şo birmahalkysyndan tapawutlykda, bir eliň aýasyna sygaýjak, mürrüjek göwreli. Sykylyp-sykylyp, endamynda et-ä däl, suwam galmandyr. Ysgynam ýok. Onuň özi bolsa, çalbaş, alny gasyn atan, gözleri gussadan püre-pür – kakasynyň, şol birwagt, öz bagjygyny daňyp berýän ýaşyndakylar, indi munuň gözüne gögele. Onsoň, müjülje kakasyny, ägirt uly usullylyk bilen aşak oturdýar. Emaý bilenem, göýä, onuň dabanynda wawwasy bar ýaly, mesipisint, ýumşajyk köwşüni geýdirýär. Çygly süpürgi bilen kakasynyň köwşüni süpürip durşuna-da, bogazy “lyk” dolýar. Birmahallar gözüne, ol-a Pilmahmyt ekeni, hemme zatdanam äpet, hemme zatdanam ýeňilmez, iň edermen, iň gaýduwsyz, iň berdaşly... bolup görnen kakasynyň, müzzerip galan çümmük-göwresine hiç dözenok... Hamsygmajak bolup, zordan saklanýar. Soňam... ...ertir namaz wagtynyň bolandygyny habar berýän azan sesine oýanýar-da, düşünýär. Düýş eken. Dessine-de, özi üçinem duýdansyz hamsygyp goýberýär... Garryja kakasynyň aýagyna köwşüni geýdirip, onuň garrap gidenine haýpyň gelip, hamsygmak bagtam nesip etmedi... | |
|
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||