00:57 Kylyçdarogly üçin endişelenýän | |
KYLYÇDAROGLY ÜÇIN ENDIŞELENÝÄN
Publisistika
Kylyçdarogly prezidentlige talaşgärmi? Hepdäniñ ahyrynda geçiren Maltepe mitinginde "talaşgärligini üsti örtülen ýagdaýda duýurdy" diýilýär. Soñky günlerde bolýan etniki gelip çykyşy boýunça çekişmeler bu pikiri güýçlendirýär (Kylyçdaroglyna etnosy sebäpli "Türkiýäniñ Obamasy" diýip bilerismi?) Nirä barsam Kylyçdarogly "talaşgär bolmalymy ýa bolmaly däl" çekişmesi bar. Galyberse-de, saýlawlara bir ýyl galanda bu çekişmelerden çetde durmak mümkin däl ýagdaýa öwrüldi. Hemmeleriñ ünsi bir soraga gönükdi diýen ýaly: "Kylyçdarogly üstün çykarmy?" Olaryñkam dogry. Syýasat - netije bilen kesgitlenýär. Düýp maksady - üstün çykmakdyr... Men bolsa sowala ters tarapdan çemeleşýärin. Şeýle: Aýdaly, 2023-nji ýylyñ 18-nji iýuny. Sandyklar açyldyp, sesler sanaldy. Netije belli boldy: Kylyçdarogly üstün çykyp bilmedi! Agzalaçylygyñ, bölünişigiñ ýetjek derejesine ýetjek, ýetiriljek saýlawlaryñ netijesinde Kylyçdarogly ýeñiş gazanmasa näme bolar öýdýäñiz? Şübhesiz, Kylyçdarogly üçin bu saýlaw hemişeki saýlawlar ýaly däl: –Ekmeleddin Ihsanoglyny talaşgärlige hödürledi, ýeñibilmedi. –Muharrem Injäni talaşgärlige hödürledi, ýeñibilmedi. Üstünlik gazanybilmedik saýlawlaryny we referendumlaryny agzabam durjak däl... Indem öz talaşgärligini goýmagyñ öñüsyrasynda dur... Ýeri, 2023-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda Kylyçdarogly ýeñilse näme bolar? Serediñ: Ýazýanlarymdan çak urup Kylyçdaroglynyñ talaşgärligine garşydyr öýtmäñ. Tüýs ýüregimden ýazýaryn: Kylyçdarogly talaşgärligini goýup, ýeñen ýagdaýynda onuñ Türkiýedäki agzalaçylygyñ, bölünişigiñ soñuna çykjakdygyna, ýurdy salyhatlygyñ gurşap aljakdygyna ynanýaryn. Hususanam onuñ soñky wagtlardaky neoliberalizme garşy çykýan sözlerine berekalla diýýärin.. • IÇIMI GEMİREN SOWAL Hawa, Kylyçdaroglynyñ RHP-niñ başynda bolmagynyñ jemgyýetçilik agzybirligi üçin peýdaly boljakdygyna ynanýaryn. Kylyçdarogly ynsanperwer, hukuk, ahlak gymmatlyklaryny hemişe öñe tutýan, beýgeldýän syýasatçydyr. Sylanşykly. Dogruçyl. Gönümel. Işeññir. Düşünişip bilýän adam. Hemişe ejiziñ ýanynda... Eger saýlanan ýagdaýynda özara garpyşyklary ezberlik bilen kiparladyp bilýän ukyby bilen sowukganly güýç bolup Türkiýä bähbitli bolar. Emma... Ine, şu sowal hemişe içimi gemrip iýip gelýär: 2023-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda ýeñiş gazanmasa neneñ bolar? Göni syýasy karýerary-ha tamamlanmaz. Emma her dürli kemsidilmelere, agressiw hüjümlere uçrar. Agyr töhmetleri, myjabatlary atarlar. Birnäçe ýyllap dowam etjek komplimasiýa teoriýalarynyñ jümmüşinde ýer alar. Agyr ýitgileri çekmeli bolar. Durmuşy bulam-bujar bolar... Şeýle netijeleriñ bolmagynyñ sebäbi-de, ýurduñ şu günki gelen, getirilen syýasy trawmasydyr! Agam ýaly gowy görýän, ýurdumyza peýda getirip biljei syýasatçymyzyñ beýle ýagdaýa düşmeginden endişe duýýaryn. Muny hiç kimse görenokmy, duýanokmy? Kimseler diñe kürside oturmagyñ yşkyndamy? Şu ýeri hakykat: Ekmeleddin Ihsanoglynyñ ýerine 2014-nji ýylda öz kandidaturasyny goýup ýeñilen bolsa, munuñ netijesi 2023-nji ýylyñ saýlawynyñ ýeñlişi ýaly bolmazdy. Ýagdaý indi has başgaça... Kylyçdaroglynyñ görkezen talaşgärleri hemişe ýeñildi. Partiýasynyñ seslerini-de onçakly artdyryp bilmedi. Gynansak-da, bu ýalñyşlyklar zol gaýtalandy durdy! Hem 2023-nji ýylda simwol bolan Erdoganyñ garşysynda ýeñilse, munuñ döredip biljek psihologik göwnüçökgünligi sil bolup dolup-daşmazmy? Şol sebäpli-de diýýänim: syýasatyñ rehim-şepagaty ýokdur, Kylyçdarogly bu gezek bagyşlanmaz, mümkin däl. Hatasynyñ jezasy kyýamata çen çekdiriler... 2023-nji ýylyñ saýlawlary hemişeki saýlawlar ýaly däl, RHP-niñ saýlawçylarynyñ mysalynda oppizisionerler üçin "bolmak ýa-da bolmazlyk" saýlawy ýaly baha berilýär! • IÑ AGYR SYNAGY Pikirim şudur: Türkiýä öñümizdäki döwürde Kylyçdarogly ýaly tejribeli, möhüm lider gerek. Onuñ RHP-niñ başynda galmaga dowam etmegi ýurduñ peýdasynadyr... Beýleki bir ýandan: Prezident saýlawlarynda ýeñilen ýagdaýynda diñe RHP saýlawçylary däl, syýasat hem uly urgy alar, oppizisionerleriñ saýlawlara bolan ynanjy ýiter, demokratiýa ýara alar, hatda partiýasy-da dagap biler... Ýagny, 2023-nji ýylyñ saýlawlarynda diñe prezident saýlanmaz, mysal üçin, oppozisiýanyñ pikirine görä ýurduñ gelejekki ykbalyna ses beriler... Şular ýaly kyn prosesde Kylyçdarogly özüni öñe çykarmagynyñ hasabyny mazaly ölçäp-biçmegi herek. Bu onuñ üçin haýat-meat (ölüm-dirilik) meselesidir. Ýanyndaky birküç sany adama ynanyp özüni oda atmasyn. Ol öz kellesine gelenine görä hereket edýäniñ ýalñyşlyklardan gutulyp bilmejekdigini gowy bilmelidir! Sözümi jemlär bolsam: Umyt edýärin, men ýalñyşýandyryn. Umyt edýärin, RHP-niñ esasy düzümi ýalñyşýan däldir. Men bu duýduryşy ýazmaga borçly, tersine bolanda dymyp, agabeýime garşy ikiýüzlilik etdigim bolardy. Bu diñe Kylyçdaroglyna dogan pendidir, ahyrky kararynу berende şu ýazanlarymam göz öñüne tutar diýip umyt edýärin... Şuny-da sözüme goşaýyn: Ýazanlaryma seredip hiç kim "eýle diýjek bolýar, beýle diýjek bolýar" diýip, içimiñ pikirini bilendensiremesin. Meniñ galamymam, agzymam, düşünjämem şo bir zatdyr... Hemişe bolşy ýaly özüme zyýan boljagyny bilsemem, ynanýan zatlarymy ýazdym. Ýalçyn Küçügiñ şu sözi meniñ ugur görkeziji çelgimdir: "Hakykatyñ ugrunda ylgamak - bir uruşa girmäge razy bolmaklygy añladýar". Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |