23:06 Magtymgulynyň parsça ýazan şygyrlary hakynda | |
MAGTYMGULYNYÑ PARSÇA ÝAZAN ŞYGYRLARY HAKYNDA
Magtymgulyny öwreniş
1855-nji ýylda “Russiýa hakyndaky ylmy maglumatlaryň arhiwi“ diýen nemes dilinde çykýan žurnalyň dördünji sanynda Magtymguly barada gysgajyk makala çap edilip, Günbatar Ýewropada okyjylaryny beýik türkmen şahyry bilen tanyşdyrypdyr. Ynha, şol makalanyň sözme-söz teksti: “Biz öz okyjylarymyza entek Ýewropada belli bolmadyk beýik türkmen şahyrynyň adyny habar bermek isleýäris. Onuň ady Magtymgulydyr. Ol barada bize Dosmuhammede (Dosmuhammet 1838-1842-nji ýyllarda iňlis agalygyna garşy owganlaryň gozgalaňyna ýolbaşçylyk eden harby serkerde. D.Ý.) garşy uruş wagtynda iňlis ştabynda gulluk eden nemes çinownigi gürrüň berdi. Magtymguly ýarym asyr gowrak mundan öň ýaşapdyr. Onuň goşgulary arap hatynda ýazylypdyr. Emma öz lirizmi hem hoş labyzlylygy bilen akylyňy haýran edýär. Magtymgulynyň goşgularyny Kabulyň, Kandagaryň, Peşawaryň, Hyratyň, Şekiniň, Şirwanyň, Tähranyň adamlary ýatdan bilýärler. Nebsimiz agyrsa-da, biz şahyryň durmuş ýoly barada hiç zat bilmeýäris. Biziň orientalistlerimiz ýakyn geljekde Magtymguly hakda birin-birin gürrüň bererler diýip umut edýäris”. “Russiýa hakyndaky ylmy maglumatlaryň arhiwi” diýen žurnalda Magtymguly hakynda gysgajyk ýazylan makalany kimiň ýazandygy görkezilmändir, makala redaksiýanyň adyndan gidene çalym edýär. Makalada Magtymguly baradaky maglumatyň iňlis ştabynda 1830-njy ýyllaryň aýaklaryna, 40-njy ýyllaryň başyna gulluk eden nemes çinowniginden alnandygynyň bellenmegi käbir netijelere gelmäge esas bolýar. Şol ýyllarda Owganystan iňlisiň-Beýik Britaniýanyň tabynlygynda ekeni. Makalada bellenilişi ýaly, owgan-pars halklary Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan bilýär eken. Şolaryň üsti bilenem Magtymgulynyň goşgularyny Ýewropada ilkinji bolup, iňlisler bilipdirler. Hatda iňlisler özlerinde işleýän beýleki Ýewropa halklarynyň wekiline hem Magtymgulynyň döredijiligi hakynda gürrüň berýärler eken. Magtymguly barada nemes žurnalynda çykan makalada beýik akyldaryň goşgularyny Owganystanyň, Eýranyň esasy şäherleriniň adamlary ýaly Zakawkazdaky Şekin, Şirwan şäherleriniň adamlarynyň hem ýatdan bilýändigi nygtalypdyr. Bu maglumat bize henize çenli doly belli bolmasa-da, beýik akyldarymyzyň pars dilinde hem örän köp goşgy ýazandygyny şertlendirýän ýaly bolup dur. Çünki owgan-pars halkynyň raýatlary köpçülikleýin ýagdaýda Magtymgulynyň goşgularyny bilýän bolsa, onda şahyr pars dilde hem döredijilik eden bolmaly. Magtymguly her bir goşgusyny pars dilinde-de ýazandyr ýa bolmasa, beýik akyldar pars dilinde goşgy ýazyp, bu dilde goşgy ýazmagyň ussatlyk derejesini görkezendir diýjek bolamzok. Ýöne türkmeniň milli şahyry hökmünde Magtymguly pars dilinde goşgy ýazyp, dost-doganlygy, söýgi temasyny wagyz eden bolmagy mümkin. Türkmen alymy Gandym Gurbanow 1983-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynda “Magtymgulynyň parsça şygyrlary” atly makala bilen çykyş edip, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň başga dilde goşgy ýazandygyny bilmek üçin onuň öz adyndan daşgary Pyragy, Pyrak lakamlaryny ulanan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Bu halypa alym Magtymgulynyň goşgularynda ahyry gaf harpyna gutarýan, aýralyk manysynda gelýän Pyrak sözünden bolan Pyragy lakamyny köp ulanadygyny belleýär. Alymyň tasyklamagyna görä, şahyryň 1959-nji ýylda çykan “Saýlanan eserlerindäki” goşgularda Pyrak-Pyragy sözi, esasan, aýralyk manysynda gelipdir, diňe bir goşgusynda bolsa rahatlyk, asudalyk manysyny aňladypdyr. Umuman, alym Gandym Gurbanowyň ýazyşy ýaly, Magtymgulynyň ähli döredijiligini–türkmen, pars we beýleki dillerdäki hemme goşgularyny bir ýere jemlemek üçin, ilki bilen şahyryň döredijiliginde ulanan lakamlaryny, tahalluslaryny, lakamlarynyň aňladýan anyk manysyny kesgitlemeli. Magtymgulynyň parsça ýazan şygyrlary meselesine dolansak, halypa alym Gandym Gurbanow 1911-nji ýylda daşbasma usulynda çykan Daşkent neşiriniň 91-nji sahypasyndan şahyryň şu goşgusyny mysal getiripdir: Aşykam, aşygy–mesti men, Dameni ýar desti-men, Magtymguly diýr, dosty-men, Görmedim mähri gana. Şahyryň bu bir bent goşgysynyň başky iki setiri parsça. Ol iki setiriň manysy bolsa şeýle: “Aşyk men yşkdan mes; Ýaryň erki meniň elimde. Magtymgulydan parsça mysal alan bu iki setirimizi şahyr türkmençe ýazyp bilmezdimi, elbetde, ýazyp bilerdi. Bu ýerde Magtymguly türkmen şygrynda parsça sözleri ussatlyk bilen ulanyp bilýändigini görkezipdir. Gandym Gurbanow Täjigistanda ylmy saparda bolanda, 532-nji bukjada saklanýan golýazmada Pyragy lakamy bilen 1287-nji hijri ýylynda ýazylan üç gazaly göçürip alypdyr. Gandym Gurbanow bu gazallaryň parsça tekstinem, onuň türkmençä terjimesinem makalasynda beripdir hem şol gazallaryň Magtymgulynyň galamyna degişlidigine şübhelenmeýändigini hem aýratyn nygtapdyr. Alym Gandym Gurbanow Magtymgulynyň parsça şygyrlary hasaplaýan üç gazalyny beýik akyldaryň ýazandygyny şeýle delillendiripdir: “Elýetermizdäki çeşmeleriň maglumatlarynda orta asyrlardan bärki döwürde Orta Aziýadan ýetişen şahyrlaryň arasynda “aýralyk” manysyndaky Pyragy tahallusy bilen şygyr ýazan şahyryň adyna duşmaýarys.Ggalyberse-de, ýokarda ady agzalan şahyrlaryň (Orta asyrlarda Pyragy tahallusly şahyrlar hakynda. D.Ý. ) köpüsiniň eserleri biziň günlerimize gelip ýetmändir. Gelip ýetenleri hem ruhy-stili boýunça bu gazallardan düýpgöter tapawutlanýar. Bu bir. Ikinjiden, gürrüňi edilýän beýaz (Magtymgulynyň parsça şygyrlary göçürilip alnan golýazma. D.Ý.) 718 sahypadan ybarat bolup, kagyzynyň, hatynyň, syýasynyň alamatlary boýunça Buharada düzülipdir. Onda 150 şahyryň, şol sanda Enweri, Hapyz, Jamy ýaly ussatlaryň gazalyndan başlap, beýazyň düzülen wagtyna çenli Buharada, Samarkantda, Hywada şygyr döreden, edebiýat meýdanynda gaty bir adykmadyk şahyrlaryň şygyrlaryndan hem nusgalar ýygnalypdyr". Soňra alym Gandym Gurbanow beýik akyldarymyz Magtymgulynyň Hywada okan ýyllarynda parsça ýazan şygyrlarynyň halkyň içine ýaýrap, ady agzalan beýaza girizilen bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Alym şahyryň parsça ýazan şygyrlarynyň söňra bir sebäp bilen ýiten bolmagyny hem belläpdir. Iň esasam, Magtymgulynyňky diýip ýazylyp alnan şol üç gazal Magtymgulynyň türkmençe şygyrlary bilen ruhy, stil taýdanan ugurdaş. Bu bolsa alym Gandym Gurbanowyň şahyryňky diýip, Täjigistandan getiren parsça üç gazalyтнň Magtymgulynyňkydygyna şübhe goýmaýar. Biz Magtymgulynyň parsça şygyrlary hakynda ýöriteleýin has giňiş söhbet etjekdigimiz üçin, häzirlikçe ol şygyrlary mysal almakdan saklandyk. Alym Gandym Gurbanowyň Magtymgulynyň parsça şygyrlaryny Hywada okap ýören döwri ýazyp, soňra ady agzalan beýaza ýerleşdirilendir diýen pikiri bilen ylalaşmak kyn. Biziň pikirimizçe, Magtymguly parsça şygyr ýazmagy edil türkmençe şygyr ýazyşy ýaly kesp edinmese-de, köplenç ýazandyr. Sebäbi 5-10 sany parsça şygyr ýazmak bilen Owganystanda-Eýranda goşgularyňy ýat tutduryp adykmak mümkin däl. Şonuň üçin Täjigistanyň 532-nji bukjadaky 718 sahypalyk beýazda ýerleşdirilen Magtymgulynyň parsça şygyrlaryny şahyryň haýsy ýyllarda ýazandygyny anyklamak beýle aňsat iş däldir. Emma bir zat belli: Owganystanda, Eýranda, Azerbaýjanda şygry ýatdan bilnip meşhur bolan akyldar Magtymgulynyň parsça hem ussatlyk bilen şygyr ýazandygy anykdyr. Elbetde, şahyryň parsça ýazan şygyrlaryny tapyp, halka ýetirmek geljegiň işi. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |