00:05 Manadyň başdan geçirenleri | |
MANADYÑ BAŞDAN GEÇIRENLERI
Mistika we fantastika
Manat çölüň içi bilen köp ýol sökdi. Manat özine kiçijek bir oba gözleýärdi. Uly ýollardan we söwdä kerwenlerinden çetde duran bir oba. Ýöne obaň adam sany hem az bolmaly däldi. Her bir iki aýdan bir çaga iýip boljak oba. Iň esasy zat, obaň çetde bolmagydy, hiç bir uly şäherler oba täsir etmeli däldi. Manat uly şäherlerde ýaşap görüpdi, ýöne ol ýerlerde çaga iýip bolanokdy. Ol ýerleriň öz arwahlary ýetikdi, şol sebäpden Manat özine kiçijek oba gözleýärdi. Öz wagtynda Manatyň kakasy şeýle edipdi we ol emeliň bar düzgünlerini Manata öwredip gidipdi. Iň soňunda Manat öz diýýän obasyny tapdy. Çölüň jümmüşinde bir oba, üstinden agyr ýol geçenok, obaň adamlary uly dünýäň bardygyndan bihabar. Iň wajyp zadam, bu obaň adamlary entek Hudaýyň kimdigini bilenokdylar. Manat obaň içinde kän gezdi we oba adamlaryň dünýä garaýşyny öwrendi. Manat hiç ýerik howluganokdy, ol adaty adamlar bilen deňeşdireňde, diýseň uzyn durmuş ýaşaýardy. Iň soňunda manat, obaň çetinde bir adamy saýlap aldy, ol adamyň kellesi düzüw işlänokdy, şol sebäpden hem ol adam obaň çetindedi. Şeýle adam Manada diýseň gerekdi. Manat ol adamy diýseň çalt ele aldy. Manat ol adamyň gulagyna geň pikirleri pyşyrdap başlady, wagtyň geçmegi bilen, ol adam diýseň köp zatdan habarly boldy. Manat asmanyň birinji gatyna göterlip, ol ýerden gelejekde boljak zatlary bilip gaýdýardy we şol adamyň gulagyna pyşyrdaýardy: Ýene plança günden plan çopanyň plan sany goýny haram öljek, plan gün güýçli ýagyş ýagýar we ýel turýar, planyň ogly planyň gyzyny alýar we obada plan adam ogruçylyk edýär. Manat yzyny üzmän asmana gatnaýardy we gelejek baradaky ähli habarlary ýere getirýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, ol adam obada güýçli bilgiç adyny aldy. Ol adamyň gowy adyny, Manadyň hut özi goraýardy. Kimde kim ol adam barada ýaramaz pikir edip başlasa, Manat ol adama garşy elinden gelenini edýärdi. Obaň ähli adamlarynyň pikirleri we dünýägaraýyşlary, indi Manadyň elinde-di. Wagtyň geçmegi bilen manadyň penakärligindäki adam, Pygamber derrjesine ýeten ýaly boldy, obaň ähli adamlary, oň ýanyna maslahat üçin barýardylar. Şu ýyl näme ekseň gowy hasyl getirer, şu ýyl goýunlary haýsy oýa sürmeli, şu ýyl ýagyş kän ýagarmy az ýagar. Plan obadan gyzymy gudaçylyga sorap geldiler, bersemi ýa-da bermesemmi? Bu soraglaryň barsyna jogaby Manat diýseň gowy bilýärdi. Sebäbi adam ykballary asmandan gelýärdi. Manat bolsa birinji gat asmana çenli uçup bilýärdi we şol ýerden bar zady öňünden bilip gelýärdi. Dogrusy birinji gat asmany soň beklediler, asmanyň beklenjegi barada gürrüňler, epesli öň peýda bolup başlady. Ýere bir Pygamberiň gelmegi bilen asman baky ýapylmalydy we şonluk bilen arwahdyr jynlaryň güýji gaçmalydy, ýöne entek welin çaga etini iýip görmäge umyt bardy. Wagtyň geçmegi bilen, manadyň garamagyndaky adam, örän uly abraýa eýe boldy, ol adam indi tutuş obany dolandyrýardy. Ol adamyň eýýäm 12 sany aýaly bardy. Sanalgyja ýyllaryň içinde, ol adam diýseň beýik derejeler galdy, ol adamy pygamber hasap edýänler hem bardy. Wagtyň gelendigini Manat düşündi, indi täze dini döretmegiň wagty gelipdi. Ol din otparaz dini bolmalydy, adamlary oda çokunar ýaly etmelidi, bu hereketlere bolsa, ýene bir näçe ýyl gerekdi. Indi gelejek baradaky habarlary, adamlara mugtyna aýtmaly däldi. Gurakçylyk ýyllaryň öň ýanyndan, öz ilçiň üstinden, adamlara size Manat hudaýyň gahary gelýär we size betbagytçylyk ugradýar diýmelidi. Şeýle usul bilen adamlaryň ýüreginde gorky ekmelidi. Bol elinlik ýyllaryň öň ýanyndan bolsa, adamlary Manat hudaýyň şanyna, sadaka bermekligi ündemelidi. Şeýle usul bilen, öz özünden bolup duran hadysalary, Manat atly täze hudaýyň hasabyna ýazmalydy. Elbetde adamlary şeýle durmuşda bir näçe ýyl ýaşatsaň, olaryň Manada bolan ynamy artjakdy. Eger bar zatdy, Manadyň kakasynyň düzen programmasy esasynda amala aşyrsaň, bu obaň adamlary öz çagalaryny Manadyň şanyna gurban edip başlajakdylar. Elbetde şeýle edip biljek adamlaryň üstinde aýratyn zähmet çekmeli boljakdy, şeýle adamlary edil gözüň göreji ýaly edip goramaly boljakdy, eger çaga etini iýesiň gelýän bolsa, şonçada azap çekmelidi. Öz çagasyny gurban eden adam, öz getiren pidasynyň miwelerini görmelidi. Manat atly hudaýyň şanyna, öz çagasyny gurban eden jennedi görer diýip ýasama pygamber yglan etdi. Çagany diriligine oda oklamaly bolýady, Manat şeýle tomaşa garaşýardy. Çaga kösenip jan berýän wagty, diýseň tagamly şöhleler, daş töweregi doldurýardy. Çaga näçe kösendigiçe, Manat şonçada şat bolmalydy, hamala çaga, özindäki ähli gowy zatlary zeminden taşlap gidýän ýalydy, Manat bolsa ol gowluklara eýe bolýar. Manat entek çaga etini iýip görmändi, ol diňe iýýän arwahlaryň gapysynda hyzmat edip görüpdi, ýöne entek özi dadyp görmändi. Manadyň kakasy bolsa dadyp görüpdi. Adamlary öz çagalaryny gurban eder derejä ýetirip bilýän arwahlar kän däldi, şeýle kuwwatly arwahlar geçmişde galypdy, olar özlerine hudaýlar diýýärdiler. Manat hem beýle derejelere barmazdy, ýöne çölüň jümmüşindäki adamlar, diýseň sadadylar, olary aldamak aňsatdy. Emma geçmişdäki arwahlar, tutuş şäherleriň we halklaryň başyny aýlap bilýärdiler. Wagtyň geçmegi bilen arwahlaryň hem güýç kuwwady gaçýardy. Asmandan täze habarlary almak gün günden kynlaşýardy. Ine hä diýmän asman hem ymykly ýapylmalydy, onsoň nireden habar getirjek, nädip adamlary aldajak? Obaň jöhütleriniň biri ýasama pygamberiň ýanyna maslahata geldi we öz agtyklarynyň birini gurban etjek bolýanyny aýtdy. Ol adam haçan gurban etseň bolýanyny sorady. Manat bolsa asmana göterildide, iň soňky täzelikleri bilip geldi. Ýakyn wagtda gün tutulma bolup geçmelidi. Çaga gurban edilmegi, şol güne gabat getirmelidi. Manat öz ýasama pygamberiniň gulagyna, gerekli senäni we gerekli sözleri pyşyrdady, jöhüt razy bolup öýüne gaýtdy we aýdylan güni öz oglan agtygyny gurban etmäge taýýarlandy. Şol gün we şol sagat, asmanda gün tutulmalydy, obaň adamlaryň ýadynda beýle hadysa ýokdy we ol hadysa barada olar hiç zat bilenokdylar. Tutuş oba bir ýerik jem boldy we gurban etmeli oglanjygy agaja daňyp getirdiler we oduň üstinde diriligine ýakdylar. Manat ömründe birinji gezek meý içen ýalak boldy, hiç haçan özini şeýle oňat duýmandy. Çaga jan beren badyna günüň ýüzi tutuldy, ýasama pygambe ses edip gygyrdy: —Serediň, serediň, asmandan size Manadyň özi seredýär, ol size öz rehmetini indirýär, adamlar serediň. Asmanda bolsa gün ýüzü tutulupdy, ýöne adamlar bu babatda hiç zat bilenokdylar. Şu günden başlap, öz çagasyny gurban etjek köpeljekdi, elbetde Manat beýle süýji şerbeti öň dadyp görmändi. Ýöne şeýle şerbetiň yzynda durmak hem gerekdi. Öz çagasyny gurban eden adamlar, Manatdan aýratyn rehmete garaşýardylar. Manadyň oba aýak basan güninden, ilkinji çagaň gurban edilen günine çenli laýyk 9 ýyl geçipdi. Bar zat edil Manadyň kakasynyň aýdyşy ýaly bolupdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |