18:48 Maşgala / hekaýa | |
MAŞGALA
Hekaýalar
- Daýza, infarkt-a däl, çalaja agyrjak bolupdyr, ýöne onda-da riboksiniň sanjymyny-ha etdim. Adamçylyk, ertir “Gyzyl haça” gidiň-de, kardiologiýa merkezinde barlagdan geçäýiň.-diýip agajet adam – “Tiz kömegiň” lukmany, goşlaryny ýygnaşdyryp, çykyp barşyna aýtdy. Içki otagyň günbatar diwaryna ugurdaş goýlan kürsüniň üstünde ýarym gyşaryp ýatan Bibijemal daýza sesini çykarman baş atdy. Onuň daşynda hümer bolup oturan ogullary-gelinleri, gyzy, ýanýoldaşy ýerli-ýerden “bolýar-da-bolýar” bolşup baş atmaga howlukdylar. Lukmanyň yzyndan gapy ýapylyp-ýapylmanka-da, olaryň ählisi öňki heňlerine tutup ugradylar: - Eje, biz saňa näçe aýdýarys ahbetin?! Gal indi, işiňden, indi besdir, ýigrimi ýaşyňdan bäri otuz-otuz bäş ýyllap syryp-süpürip, arassalama keýpinden çykyp bildiň. Öýde agtyjaklaryň arasynda demiňi-dynjyňy al. Ekläp-saklap bilmeýäniň ýok. Pensiýaňa ýetmäge-de sähelçe ýyl galdy, iş stažyň-a iki essä-de ýakynlady. Besdir, bizi näme üçin ekläp-sakladyň?! Näme gerek-ýaragyň bolsa sen gazanç etmäniňde-de biz üç ogul, bir gyz bolup saňa zeruryň aladasyny etdirmejek bolarys. Han-ha gelinleriň birini hem işletmän ýörüs ahbetin, şonda-da Hudaýa şükür, hemme zadymyz üpjün, hemme zadymyz bolelin. Üstesine-de kakamyň demir ýoldan alýan aýlygy-da ep-eslije bar-diýip uly ogly “öwrendikli eşeginiň gaňňasynda” joňkardy-da, ony ýetişibildigine “hürsekläp” başlady. - Ogluň dogry aýdýar, geçen sapar ýüregiň agyranda, men saňa aýtdym, “gal işiňden” diýip!- diýdi-de, häsiýeti mydam “gümpüldemäge” çalym edýän därä çalymdaş ýoldaşy hem nowbaharynyňkyny alyp göterdi. Zanny ýumry-ýumşak, adamlar gatyrganyberse özüni oňaýsyz duýup ugraýan, şonuň üçinem hiç kesiň göwnüne degmejek bolup, kim näme diýse-de sessiz diňlemegi edähet edinen Bibijemal daýza: “Sen, bulary näme üçin ýürekýargynjyňy edip çagyrdyň?! Aýtmaly hem däl ekeniň-ä” diýýän dek, sözsüz igenç bilen adamsyna garady. - Kakam dagy dogry aýdýarlar eje, öýde bolubermeli welin…Şol tükezzibanyňa tutduryp otyrsyň. Ỳüregiň agyrýar ahbetin-diýip ýaşy otuzdan agyberen gyzy hem dillenip galdy. Gyzynyň sesine Bibijemal daýza ýüzüni ynjyly çytdy. “Wah, gyzym, meniň ýüregim işe gidýänim üçin agyrmaýar ahyry. Birine gaýky diýdiň, beýlekisine küýki diýdiň, ondan öňňesine çaýşyk diýdiň, gaýşak diýdiň, gowşak diýdiň… Indem hanha, könelen haryt ýaly bazaryň sowlup barýar… Öňler günde-günaşa işigimizi eli saçakly sawçylar açýardylar. Indi setanda-seýranda bir telpegi agan üçin ýa-da halys baran gapysyndan sözi geçmän: “şular-a habarymyzy alarlar” diýen pikir bilen paltasy daşa degen geläýmese, derwezäňe garşy garaýan hem ýok… Özüňe-de bu zatlary aýtsaň ýa gözüňi sykýarsyň ýa-da jynyň atlanyp, hüňürdäp başlaýarsyň… Wah, guzym, berýän çöregime gysganmaýaryn, ýöne bägül baldagy ýaly näzijek gyzjagazymyň gözümiň alnynda miwesiz agaja dönüp, gurap barşyna gyýylýaryn-da…” Emma içinden näçe kineli pikir öwürse-de, Bibijemal daýza endigine eýerip, kelam agyz geplemedi. - Enesi, dogrudanam, çagalaryňa “hä” diý-de, galaý indi işden! Hudaýa şükür, güzeranymyz seniň aýlygyň-a mätäç däl ahyry!-diýip gelinleriniň içinde iň mähremi hem rakyby – körpe gelni, ýanynda oturşyna ýaşmak astyndan diňe oňa eşidiler ýaly edip, pessaý pyşyrdady. “Wah, saňa döneýin guzym! Wah, “enesi” diýen diliňden aýlanaýyn, jan balam! Maňa, gelen ojagyňa, körpäme yhlasyň üçin, Päk Biribar saňa-da bir posalajyk perzentjik eçiläýsedi. Bäş ýyldyr, tördäki sallançagyň boş duranyna… Goşa gumra meňzäp, balam bilen biri-biriňize söýget bolup, bildirmedigem bolýarsyňyz welin, körpäm nobatçylyga gidip, ýeke galýan gijeleriň sedasyz sojamaň bagrymdan ok bolup geçýär, guzym! Sen bir bilsediň, seýle gijeleriň geçmeze dönüşini, guzym! Edil ýöne bolýan otagyňyzyň diwarlaryndan syzylyp geçýän ýaly çekýän perzentsizlik zaryň… Hudaý jan-eý, ynsan hasratynyň hatda assaja owazyny-da daş diwarlar hem saklap bilmejek ekeni… Ỳöne guzym, gynanma-gyýylma, berýänem Allatagaladyr, alýanam şoldur. Şu päkýürekliligiň öwezine Haktagalam size öwez ogluny berer.” - Eje, hakykatdanam besdir-le indi. Süpürijilik bir ýapyşyp ýatar ýaly kär hem däl-le! Ondan öýde oturyp agtyklaryňy terbiýeleseň, biz üçin has abraýly boljak!-diýip, geýnüwli, daýaw ortanjy ogly buýruk bermäge endik eden ýolbaşçynyň kesgin äheňinde gepläp, gürrüňe goşuldy. “Wah, boýuňdan-syratyňdan aýlanaýyn, ballym! Sypatyň-gelşigiň ýüz ogla taý ahyry, balajygym! Adyňa-abraýyňa başym sadaga, oglum! Ỳöne seniň, doganlaryň şu derejelere ýetmegine meniň şu kärim-hünärim sebäp bolmadymy?! Şonuň üçinem utanma-uýalma guzym, ejeň süpüriji hem bolsa, kakaň mydam garaýaga bulaşyp ýören demirýolçy bolsa-da, ýüzüň gyzarmasyn, çöregimizi gaty halal iýendiris, size-de aňyrsy arassa duz iýdirendiris…” - Enesi, şu gezek bir ogullaryňy diňläýsene! Halys syr-süpür edesiň gelse, öýüň hysyrdysy hem ýetikdir-le, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda iliň yzyny ardyp ýörenden, öz agtyklaryň kirini ýuwup-ardyber-diýip, ýanyp duran garçgaý bakyşly, owadanlygy bilen gözüň ak ýagyny iýip gelýän ortanjy gelni ärini goldap, ýaşmak edinen bezemen gyňajynyň astyndan töwerekdäki gaýynatasyna, gaýynagasyna, ýüwürjisine, eltileridir-baldyzyna eşitdiribräk, berkräk-berkräk suňşuryp goýberdi. “Hä, guzym, “syr-süpür” diýsene, “kesekileriň yzy” diýsene?! Äý bolýar, guzym! Oňşup, ýaşaşyp ýören ýeriňiz bolýar! Siziň bagtyňyz meniň bagtym! Birek-birege rakyp bolsaňyz, Ỳaradandan şondan gaýry bagty-sylanyşygy dilämok, men!” diýip, aňynyň iň gizlin, iň pynhan, hiç kesiň gözüne görünmejek künji bilen oýlananam bolsa, Bibijemal daýza, ortanjysynyň halaşyp öýlenen görmegeýden gelen dogumly gelnine garşy gözlerini götermäge uýaldy. Göýä, ol öz pikirlerini gözlerinden okaýjak ýaly. Birdenem, näme üçindir özüne mahsus bolmadyk gyzgyn öýke onuň dilini gijedip goýberdi. Misli: “Diýsene, bol birje gezek, ýekeje sapar, ters geplenilendigini ýokuş görendigiňi aýtsana! Kesekiler däl ahyry ol, garagöz oglanjyklar-gyzjagazlar! Okuw diýip, hünär diýip eneleriniň ganatynyň astyndan sogrulyp, alyslara uçup gaýdýarlar. Onsoň olar barada-da biri ene hökmünde alada etmelidir ahbetin! Bu nähili bolar ahyry – ynsan balasy uzak wagtyň dowamynda ene mähri bolmazdan oňup ýörse?! Ynsan kalby bir gül ýaly. Ene mähri hem şol gülüň düýbüne guýlan suw deýin bir zat ahbetin. Suw bolmasa gül guramazmy, eýsem?! Nesip bolup Alla ýol berse, ol oglanjyklardyr gyzjagazlar hem ene-atalarynyň, il-günüň bagtyna, meniňkiler ýaly görseň gözüňi guwandyrýan epeý pyýadalar bolup ýetişerler, şonda-da olaryň eziz-mähremleriniň birlän-ikilän özüm ýalysy, belki: “Zürýadymyzyň kalbynyň gülüni guratman, aýap saklan bendeleriň ählisiniň iki dünýäsinem abat edeweri, Päk Perwerdigär-ä!” diýip Ỳaradandan ýagşy dileg ederler… Bir mahal meniň çagajyklarym hem gör nirelerde okadylar, Watan goradylar, zähmet çekdiler. Şonda-da olara köňülleri ýaňy enesini tanap ugran bäbejigiň gözleri dek päkize adamlar keseki diýmän, beýleki diýmän, mähir-muhabbetlerini bagyşlandyrlar. Şolaryň yhlasy hem meniň balajyklarymyň menden alysda mähirsiz-yssysyz solup gitmeklerine ýol beren däldir. Ylaýym, şol perişde-ynsanlaryň hernä kalbynyň nury öçmesin! Sen guzym, şonuň üçin gatyrganma, “keseki” hem diýme! Beýle diýseň agzyň gyşarar! Hiç wagt ynsan ynsan üçin keseki däldir. Bu kada-kowahata sygjak zat däl ahyry, adam adama ynsanlyk yssysyny bermekden gysganyp ýörse…” Emma Bibijemal daýza hiç zat diýmän dilini dişledi. “Bolýar-la, guzym, oňşup ýaşap ýöreniňiz maňa besdir!” diýip ýene-de bir öwran öňki pikirini gaýtalap, oýlandy. - Ene-how, gaýaý-how, işden! Meni çagaýaý bagyndan aýyp gaýyp, günde meýdança äkideýsiň-how! Ỳogsa, ejem dagy meni çagaýaý bagyna beýýäýýeý-ýäý (berýärler-läý)!-diýdi-de, ulularyň ugruna gepläp galan bezzat agtyjagy, aňyrdan ylgap geldi-de, enesiniň gujagyna özüni oklady. Bibijemal daýza geplemän saklanyp bilmedi: -Bolýar, guzujygym, bolýar! Sen bir zat diýseň “ýok” diýmek günä bolar-diýip ysgynsyz pyşyrdady-da, mähir bilen agtyjagynyň pökgüje ýaňajyklaryndan taýly gezek öpdi. Şol pille-de, hälden bäri sesini çykarman töweregindäkileri diňläp oturan körpe ogly dillendi: - Eje, bagyşla bizi!... “Garagum” žurnalynyň 2010-njy ýylyň VI sany | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |