08:26 Men obamyñ ogly | |
MEN OBAMYÑ OGLY
Goşgular
Men türkmen perzendi, Oguz han nesli. Agam bar Görogly, Baýram han deýin. Gaty ir uçradym Watan yşkyna, Çagalykda ylgap Sumbaryñ boýun. Gaty ir düşündim käbir zatlara, Daglañ arasyna sygmady göwnüm. Ylym hiç. Käteler köp ýandym diýip, Ýalan dostlañ arasynda öwündim. Ynha, indi pikir berip otursam, Zat bilmeýän ekenim men aslynda. Adam hemme zada düşünjek bolup, Ömri geçip gidýär sähel salymda. Ökünemok, gözel obamy taşlap, Ymsynanma ak şäheriñ säherne. Dolanaryn öz jülgäme ýene-de, Öwrülip Sumbaryñ elwan baharna. Çünki, öñi bilen bir söz aýdylsa, Aýdaryn bir jümle ömrüme bagly. Meniñ bar şygrymyñ şygary şudur, Men obamyñ ogly! Sumbaryñ ogly! 2006 ý. "Balkan" gazeti, 2018 ý, N"1 | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |