18:55 Meniñ roman ýazyşym / satiriki hekaýa | |
MENIÑ ROMAN ÝAZYŞYM
Satiriki hekaýalar
Basa oturyp, ýassanyp ýatybermeli küti bir roman ýazdym. Özem tüýs pajygaly taryhy temadan. Ýazyjylar birleşiginde we neşirýatda ençeme gezek ara alyp maslahatlaşdylar. "Ýok, bolanok. Gaýtadan işlemeli" diýşip, abraýly komissiýalar onlarça gezek karara geldiler. "Bu eser däl, kösär" diýşip, taryh institytynyñ alymlary aýak dirediler. Etnografiýaçy alymlar romany ýere sokdular. Maslahat uzaga çekdi. Her gezegem gaýtadan işledim, düzetdim. Maşinkada şunça sapar täzeden ýazdyrtdym. Tölän pulum ummadan çykdy gitdi. Mahlasy, men tozmak bilen, maşinistka gelin al-ýaşyl geýnip parlamak bilen. Hatda ol adamsyna "Žiguli" hem alyp berdi. Men bolsam pyýada galdym. - Şu roman ogurlyk bolaýmasyn - diýip, meni tanamaýan bir taryhçy alymlaryñ biri morta pikiri orta atdy. Ähli ganym depäme urup, ýüzüme ýaýrady. Gaýnadylan leññeje döndüm. - Nämä esaslanýañyz? - diýip, men oña soragly nazar aýladym. - Düýpli bir esaslanýan delilim-ä ýok. Ýöne weli, birnäçe ýyl mundan öñ antrasit kömri ýaly şar gara saçy ýüzüne ýaraşyp duran bir jahyl şu romany maña okamaga getiripdi öýdýän - diýip, meni edebiýat ogurlygynda aýyplaýan taryhçy alym sypaýyçylyk bilen pikirini beýan etdi. Aý berşip oturanlar pakyrda berdiler. Sebäbi näme diýseñ, birnäçe ýyl mundan öñ "kömür ýaly şar gara saçy ýüzüne ýaraşyp duran bir jahyl oglan" diýilýäni mendim-dä. Alymyñ sözüne özümem gülenimi duýman galdym. Birnäçe ýylda garrap, elime hasa almaga mejbur boldum, sekiz aýda saçym agardy, reñkletmäge ýetişmänkäm hem kelläm gyzyl üljä döndi. Saçymdan zat galman düşdi. Siñekler süýr depämde durup bilmän typyp, gaşymda zordan saklanyp galýardylar. Ýañky adam meni tanaman ogurlyk ýapýan ekeni. Soñ özi utanyp, menden ötünç sorady. Sähetli günleriñ birinde sag aýagym bilen içerden çykyp, küti golýazmamy goltuklap, neşirýatyñ baş redaktorynyñ ýanyna bardym. Ol oñat adam ekeni. Meni mähir bilen kabul etdi. - Taryhçy alymlara okatdyñmy? Jemi näçe adam okady? - diýip, baş redaktor Sapar Töräýewiç çalt-çalt gürledi. - Jemi altmyş adama dagy okatdym. Ine-de okanlaryñ spisogy. Onlarça gezek maşinkada ýazdyrtdym. Olaram okady hasap etsek, ýetmiş-segsen adam bolýar - diýdim. - Näme, her gezek bir maşinistka ýazdymy? Belli birine ýazdyrybermrli ekeniñ-dä - diýip, baş redaktor geñirgendi. - Wah, bir gezek ýazan maşinistka ikilenç golýazmany eline almasa nätjek. "Waý, kelläm ýarylyp barýa-la, gyz" diýip, özüni diwana oklaýar. Täsiri güýçli öýdýän, meniñ romanynyñ?! - Ýeri, bolýa-da. Maşinistkalary goşanymyzda ýetmiş-segsen adam bolsa, şol az däl-ä!? Özüñ beri okadyñmy - diýip, baş redaktor ýylgyryp sorady. - Men hökman okamaly däl-ä?! Özüm ýazdym ahyry. Şol azmy näme?! - diýip, men geñirgendim. - Az. Ýeterlik däl. Ýazmak bu işiñ tehniki tarapy, türküläp aýtsak döredijilik, zehin, akyl, paýgas we ş.m. Ýaşuly, golýazmañyzy yzyna alaýsañyz nädýä? Biz muny kitap edip çykaraýanymyzda-da, onu ýetmiş-segsenden köp adam okar öýdýäñizmi?! - diýip, Sapar Töräýewiç çyny bilen sorady. - Sapar Töräýewiç, kömek ediñ. Maşinka berenje pulumy bir ödedip alaýyn-da - diýip, müýnli ýalbardym. Ol oñat adam ekeni. Rehim etdi. - Ýeri bolýa-da, beýleki romanlaram okanyñda daraklygyña galdyryp, demligiñi daraldyp, hopukdyryp baranok-la - diýdi. Sapar Töräýewiç meniñ romanyny okanlaryñ uzyn spisogyna nazar aýlamaga başlady. Baş redaktora alkyş okap, tagzym edip, baýry taryhçy alymymyz Şalar Myradowiçiñ ady ýok-la?! Spisoga goşmagy ýatdan çykaraýypsyñ öýdýän?! - diýdi. - Oña-ha, dogrymy aýtsam, okatdyrmadym, Sapar Töräýewiç - diýip, ýaýdanjyrap jogap berdim. - Näme üçin? Naýbaşy taryhçymyz-a şol. Senem oña göwnüýetmezçilik edýäñmi? - diýip, baş redaktor maña seretdi. - Dözmedim. Özi zordan yra-dara gezip ýören goja kişi, çalamydar, çöpe jan bitdi diýilýänlerden. Bir müñ ýedi ýüz ýetmiş bäş sahypalyk golýazma oýun-oýunjak däl ahyry, dözmedim, Sapar Töräýewiç. Romanyñ wakasy juda agyr, pajygaly, gan atyñ üzeññisine ýetýär. Onuñ ýaly hesretli wakalary Şalar Myradowiçe okatdyryp bilmenn. Ýok, ýok, ol gowy adam. Ynsabym çatanok. Dözemok. Onuñ ýalu weteranlary biz gözüñ göreji ýaly goramaly ahyry - diýip, baş redaktora düşündirjek boldum. - Ol zatlaryñ aladasy saña galmandyr. Hökman okatdyr. Soñundan tankyt ýazjagam, görseñ, şonuñ özi bolup çykar. Dözmezçilik etme. Olar seniñ eserleriñden çigit ýalyjak nogsan tapsalar, şondan dag ýasarlar, seni aýap goýmazlar, gepiñ gysgasy. Olaryñ, hamana diýersiñ, taryhy özleri döreden ýalydyrlar, goý, görgüsini görüp özi okasyn - diýip, Sapar Töräýewiç meseläni berk goýdy. - Sapar Töräýewiç, men şonuñ betbagtlygyna sebäp bolaýmaýyn. Ýüregi çydamaz. Birden... - diýip, ellerimi owkalap ýaýdanyp durdum. - "Suw küýzesi suwda synar" - diýen söz bar. "Ýa öküz ölsün, ýa käşir gopsun" - diýip aýdylypdyr. Okatdyr. Soñy gürrüñli zat bize gerek däl - diýip, baş redaktor öz pikirini gögertdi. Soñra baş redaktor spisogy ymykly eline aldy. - Hany, ýaşuly, otur şu ýerde. Bu spisogyñda alymlardan Allaş Garaýewiçiñ ady bar-la, bu-da golýazmañy okapmydy? - diýdi - Hawa, hut özi elin okady, bar ünsüni berip, öwrenip, pikirini maña aýtdy. Gowam çintgäp, wakalary sünnälap seljeripdir. "Ýüzüniñ ugruna çap etmek bolar" diýipdir. - Dünýäden ötüp giden alymyñ howada ýaýrap giden sözüni maña aýtmasañyzam bolar - diýip, baş redaktor maña pitiwa bermedi. - Ýok, ýöne howaýy boş sözüni men aýdamok. Reanimasiýada demini sanap ýatyrka elin ýazdyryp alyp, golam çekdirdim - diýip, papkamdan ol alymyñ hatyny görkezdim. - Berekella, oñarypsyñyz, ýaşuly. Ýazmaça delillik alan bolsañ bolupdyr, ölmejek adam barrmy. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Iman baýlygyny bersin - diýip - diýip, baş redaktor perwaýsyz gürledi. - Görgüliñ iñ soñky okany meniñ golýazmam boldy-da. Hatda wesýetnama-da ýazmaga ýetişmändir - diýip, ýüzümi sallan boldum. - Saña ýazyp beren resenziýasyny wesýetnamadyr öýden bolaýmasyn - diýip, Sapar Töräýewiç güldi. - Mümkin. Ýagdaýy-ha egbardy. Ýarym-ýaş bolup, reanimasiýa otagyna sokulyp girdim. Egnim ak gar ýaly halatly bolansoñ wraçlar, medsestralar meni medpersonaldyr öýdýärler. Özüme ýörite ak kamys matadan halat tikdirdim. Meniñ golýazmamy okap ýykylypdy ol. Edil göjek degen torgaýyñ bar-da. Täsiri şonuñ ýaly güýçli öýdýän. Temasy agyr. "Dilem agyr" diýşip, maşinistkalar meniñ eserimi öwdüler. Häzir şu ýerden çykyşyma göni göz keselleri ylmy-barlag institutyna gitjek. Meniñ golýazmamy okan tankytçylaryñ biri şol ýerde iki hepdeden bäri bäbenegini potologa dikip arkan ýatyr. Operasiýa edildi. Gözleriniñ basyşy üýtgäpdir - diýip, baş redaktoryñ ýanyndan gidermen boldum. - Pikirini ýazyp beripmidi, ýañky gözüni potologa dikip ýatan?! - diýip, baş redaktor sorady. - Wah, hawa-la. Ynha ýazyp beren resenziýasy. Indi gözleri gapylaýanlygynda-da maña zyýany ýok - diýip, onuñ resenziýasynu howada galgatdym. - Onuñ añyna täsir etmän, gözlerine zeper ýetişine men haýran - diýip, baş redaktor degişme äheñinde aýtdy. - Kellede gözden başga näme bolsun. Bar zada täsir eder-dä - diýip, men güldüm. Baş redaktor uzyn spisoga seredip oturyşyna familiýalaryñ birinde saklandy. - A-how ýaşuly, bu adam dälihanada zynjyryny çeýnäp ýatyr ahyry. Aýyr muny spisogyñdan - diýip, birini çyzjak boldy. Derrew eline ýapyşdym. Hereketim gödegrägem bolsa men mamladym. - Ony aýryp bolmaz, Sapar Töräýewiç. Golýazmany ençeme sapar görgüsini görüp okan-a şol. Arasynda dünýä sygman "huw" - diýip örübem gidipdir. Meniñ romanymda üç ýüze golaý adamynuñ kellesi kesilýär. Atylýanlar, dardan asylýanlar hasabam däl. Aýallardan altysy ata süýredilýär. Şol sanda dördüsiniñ jezalandyrylyşy has üýtgeşik. Her aýagy bir atyñ ýüpüne dañylýar. Söýgülilerden iki jübüdi sañsardaş jezasyna duçar edilýär. Birini läş edip halta salýarlar - diýip öwünmek öwündim. - Ýaşuly, sizden haýyş, bes ediñ. Meniñ nerwim ekskowatoryñ trosy däl. Aslynda menem dälä ýakyn adam. Bu gürrüñler maña ýarabam duranok. Ýöne welin, çynymy aýtsam, kitabyñyzyñ okalaýmagy mümkin. Sebäbi munda waka bar ýaly. Biziñ beýleki romanlarymyzda waka ýok-da. Nokgy-nokgy, howaýy gürrüñ, ýalañaç pelsepe, takal näçe diýseñ bar. Onam oba adamlary añyna sygdyryp bilenoklar. Sygdyrjagam bolanoklar. Sen olary mejbur etjekmi, urjakmy. Eseriñde akyl satdygyñ milletiñ gyr jynydyr. Uzak giden ýeri magazin bolar kitabyñ. Okamazlar - diýip, Sapar Töräýewiç çyny bilen zeýrendi. Baş redaktoryñ ýanyndan göni Şalar Myradowiçiñ işleýän institutyna bardym. Goltugymda-da ýassyk ýaly golýazmam. Şalar Myradowiç howluda arassa "azonly" howadan ganyp, baharyñ görkünden ylham alyp ýören ekeni. Esli salym onuñ bilen bile gezmeledim. Hal-ahwalyny soradym. Käbir täzelikler alyşdyk. Emma welin düýp matlabymy aýtmaga bognum ysmady. Gowy alym-da, dözüp bolanok. Ýogsam ol goltugymdaky golýazmama öwran-öwran seretdem. Ýumşumyz düşmese salama barmaýandygymyza ol oñat düşünýärdi. - Ýañy bir kyn material işledim. Nerwime agram düşäýdi öýdýän. Edil transformatoryñ kölegesinde ýatyp turana döndüm. Kelläm güwläp dur - diýip, ol gürrüñ berdi. Men ýumşumy aýdyp bilmän, ol gezek ýöne şeýle gitdim. Soñ şenbe güni golýazmany goltuklap, Şalar Myradowiçiñ öýüne bardym. Ýaşuly başagaý bolup, üzüm kesýärdi. Ýarym sagat çemesi oña kömekleşdim. Gepiñ gysgasy, muşakgatly golýazmany oña okatmaga berdim. Özi günäkär. "Näme hyzmat, ýa keýpinemi?" diýdi-dä. - Indiki şenbede geläý. Okap, öz pikirimi ýazyp goýaryn - diýdi. Alty güni geçirip ýedinji güni ýetip bardym öýüne. - Hany Şalar Myradowiç? - diýip aýalyndan soradym. - Wah, dogan, Şalar-a: tas şa tagtyna mündürilip Watutindäki "Mikroraýona" alnyp gidilipdi. Henizem çöregi bitin ekeni. Gijeler ýatman siziñ golýazmañyzy okady. Soñ-soñlar samrap başlady. "Iç oguz bolsañ, daş ogza tarap, ura!" - diýip, üzüm kesilýän gaýçysyny alyp, gije garañka siñip gitdi - diýip, Şalar Myradowiçiñ aýaly aýtdy. - Esli wagtlap tapmadyk. Soñ bir ýerden "Ura!" diýen sesi gelýär. Özem ses, geñ görmeli, ýokardan eşidilýär. Onýança-da dañ atdy. Görsek, Şalar agañ, äteñet tikenli agajyñ çür başynda läle kakyp, hymmyl çalyp otyr. Agajyñ iñ kiçi tikeni ýüzlük çüý ýaly. Elleri, aýaklary, endam-jany gyzyl gan. "Ýarasyndan akan ganlar, gider şarlaýa-şarlaýa" diýip, aýdyma zowladyp otyr. Arasynda: "Külli türkmen barysyny, men söýermen ili bilenem" diýýär. Agaja hiç kim çykyp bilmedi. Ol agaja hatda itden gaçan pişigem çykmaga milt edip bilmeýär-ä. Gepiñ keltesi, ol agaja guşam gonanok. Edil oklukirpiniñ tikeni ýaly. Ýangyn komandasyna jañ etdiler. Ýörite merdiwanly maşyn geldi. Gaplañ tutan ýaly edip halta salyp düşürdiler. Häzirem Bekrewäniñ ýolundaky dälihanada ýatyr. Yzymdan baramda maña: "Romanyñy pikirimi ýazyp goýandyryn" diýdi. Ol meni tanamady, ikimizi garyşdyrýar. Sen ýanyna barsañ mendir öýder - diýip, Şalar Myradowiçiñ aýaly eñredi. Men golýazmamy, Şalar Myradowiçiñ ýazan resenziýasyny garbap alyp, neşirýata ýelk ýasaýdym. Bolan wakany Sapar Töräýewiçe jikme-jik gürrüñ berdim. Ol: - Wah, golýazmaña ýene ýigrimi bäş sahypa goşan bolsadyñ. Onda Şalar Myradowiç bu günlere sezewar bolmazdy - diýdi. - Ýeri, bolýa-da, romanyñyz haýsam bolsa bir taraplaýyn ýürege däl-de, nerwä täsir edip bilýär. Emma biziñ käbir kitaplarymyz iki jahan owarrasy, makulatura - diýip, baş redaktor Sapar Töräýewiç uludan demini aldy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |
| |