MERTLIK
Körpeje baldyzy Tawus gara bermese Gülnabadyň ýüregi gysýardy. Ony oba arasyna çykarypdylar.
Tawus çaga ýaly sadady, gülekdi. Gülnabadyň haňlaşyp duran giň jaýlary Tawus geldigi onuň gülkisi bilen dolýardy. Onsoň gelnejesi ony wagty bilen goýberesi gelenokdy. Ýöne baldyzynyň ýeňňesine eden şeýle uly ýagşylygy üçin, tas ýeňňedir baldyzyň arasyna tow düşüpdi. Durmuşda garaşylmadyk öwrümlere sebäp bolýan wakalar hem bolaýýar ...
Bu gün-erte bäbekhana gitmeli, toýly Tawus hemişekileri ýaly ala öýmejigini galgadyp mähriban gelnejesiniň gapysyndan ätledi. Gülnabat ony sypdyrjakmy? Saçagam dürli-dümen zatlardan doldyrdy. Şol wagtam:
– Tawusyň sesi barmy gyz? – diýip Gülnabadyň eltisi gapydan girdi. Saglyk amanlykdan soň ol, mürähet etseler-de saçak başyna geçmän, aýak üstünde elindäki tahýany eltisine uzatdy. Gülnabadyň ýüzi üýtgäp gitdi. Kirden ýaňa täzeje tahýanyň keşdesi görnenokdy. Ol kellä däl-de edil aýaga geýlen ýalydy.
– Ýüzüňi turşutma eltibaý. Şeýtjegiň-ä öňem bildim. Çagadyr-da, geýse, kirleder-dä? Kirläni bilen syrçasy synmaz. Aslyşyp duranyň ýok, ýuwaý. Ýogsa-da getir bärik, özüm ýuwaryn. Gülnabat tahýany bermedi. Eltisi gapa ýöneldi:
– Toba eý, bir tahýa geçmedik. Adamçylyk ýok sende, Gülnabat, ony ýedi ýada geýdireňok. Entek dünýä inmedik çagaň aladasyny edip, goş basyp otyrsyň. Olam entek injekmi, inmejekmi?
– Küpür geplemesene gelneje! – diýip Tawus gatyrgandy. Onýança ýeňňesi çykyp gitdi.
Durmuşa çykyp gelenine bäş ýyldyr Gülnabadyň perzende ýüzi düşenokdy. Tahýa bolsa Sülgüniň jigisine niýetläp getiren, ilkinji sowgadydy. Sülgün Tawusdan ulusydy. Ol aýatda ýokdy. Çaga üstünden ýogalypdy. Solmaz eltisinden ol tahýany oguljygyna toýda geýdirmek üçin bir günlük diläp alypdy. Ondan bäri bir hepde geçipdi. Ýeňňe baldyzyň keýpine sogan dograldy.
– Gelnejemiň bolubilişi-dä. Soňuny saýman diýip goýberýär. Sen ondan göwün-garyn edip durma, sen geçiriml-ä gelneje jan – diýip Tawus sypaýçylyk etdi. Özüniň welin ýeňňesindenem beter ýüregi çişdi. Gelnejesiniň ýoknasyz sözleri soňam gulagyna geldi durdy. Onuň doganynyň bolşundanam göwni suw içenokdy. Ol sähel zada bahana arap Gülnabada azar berýärdi. Şäherde işlänsoň, yzyna köwlenmeýän günlerem ýok däldi. Onuň şäherde jaýy bardy, özem bir uly aýakgap fabriginiň ýolbaşçylarynyň biridi. Jübüsi pulluja bolansoň, jalaýlyk etmekdenem gaýdanokdy.
Başda Kerim Gülnabady şähere alyp gitmekçi boldy. Emma ejesi ony goýbermedi. Kerim onuň körpesidi. Ol mellekden özi üçin şaraňlap duran köşk ýaly jaý saldyrypdy. Agalarynyň hersi öz melleginde özbaşyna bir hojalykdy. Kakasam aýatda bolmansoň, ejesi körpe gelni bilen ýaşaýardy. Gülşen ejäniň mährem, ýürekdeş elli-aýakly gelnini ýanyndan goýberesi gelenokdy. Gülnabat bir günlüjek atasy öýüne gitse-de, onuň ýüregi gysýardy. Kerim Gülnabady alyp gidibilmese-de, ony dört diwardan daşaryk çykarasy gelmedi. Dogrusyny aýtsa, nirede bolsa-da, näme işlese-de, onuň örki Gülnabada örklenendi. Birki gün şäherde bolsa, dessine ony küýseýärdi. Şäherde ýüz gelniň, ýüz gyzyň arasynda bolsa-da barybir oňa Gülnabadyň mähri ýetenokdy. Dogrysyny aýtsa, ýigit Gülnabada kynlyk bilen ýetipdi. Sebäbi gyzyň ene-atasy Gülnabady Kerime rowa görmediler. Şol wagt olaryň gapysyndan sawçylaryň biri gelip biri gidýärdi. Kerimi eginlerine atyp gitjek obanyň „men” diýen ýigitleri näzijekden mährem, mylakatly, aý parçasy ýaly Gülnabada ýetip bilseler armanlary ýokdy. Emma Gülnabat Kerime göwün beripdi. Ene-ata ýalňyz gyzlarynyň raýyny ýykyp bilmediler.
Gülnabat adamsynyň göwnüni görüp, öýden çykman otyrdy. Emma işe werziş bolan gelin bu ýagdaýa soňabaka çydamady. Elinde bökjekläp oturan çagasam bolmandan soň, haňlaşyp ýatan jaýlar ony gysyp-gowrup başlady. Ýogsam gapyda mal-gara-da bolansoň hojalygyň hysyrdysam ýetikdi. Onuň elindenem dür dökülýärdi.
Gülnabadyň dokaýan halylaryna bolsa dünýä hyrydardy. Biri zähmetden bagt tapsa Gülnabadam tapmalydy. Zähmet onuň ömrüniň manysydy.
Fabrikde Garaşsyzlyk baýramyna läheň haly dokamakçy boldylar. Dokmaçylaryň arasynda Gülnabadyňam ady bardy. Ol ýaýdandy, ýöne ýaýdansa-da boýnuna aldy. Sebäbi onuň küýsegi uzak ýyllar bile işleşen ýoldaşlarydy hem onuň zähmetine sarpa goýulýan ýeridi. Gitmese gadyr bilmezlik bolýardy. Ol şolara zar bolupdy. Gülnabat gaýnenesi hem Tawus bilen maslahatlaşdy-da bir gün ir bilen turup işe gitdi. Agşamlyk weli öňünde bir tupanyň barlygyny syzýan ýaly ýaýdana-ýaýdana öýlerine geldi. Gülnabat gaýynlarynada sowulman göni öz jaýlaryna ýöneldi. Gapynyň açyklygyny göreninden, onuň ýüregi gopdy, Kerimiň öýdedigini duýdy. Birbada içerik girmäge aýagy çekmedi, yzyna gaýtmagyňam ugryny tapmady. Gapydan girip, törde çiň arkan düşüp, telewizora tomaşa edip ýatan adamsyna salam berdi. Kerim onuň salamyny almady-da dikelip otyrdy.
– Nirä gitdiň?
Gülnabat sesini çykarmady.
– Lal açdyňmy?
Gülnabat aýgytly pursatyň gelenini duýdy. Heniz adamsyna „şunyň däl” diýmedik gelin, başyny galdyrdy-da:
– Maňa haýbat atyp durma, men işe gitdim. Ýene-de gitjek öýde ýüregim gysýar. Özüň-ä islän wagtyň gidýäň, islän wagtyň gelýäň. Öňýeteniň yzynda selpäp namysymy depeläp ýörsüň. Şonda-da bir gezegem ýüzüňe gelmedim.
– Gelmersiňem! Men saňa hasabat bermeli däl. Işe-de gitmersiň. Eger gidäýseň şu ýerden garaňy saýla – diýip, Kerim laňňa ýerinden galdy. Ýogsa-da şujagaz günüňe kaýyl bol-da geziber. Miwesiz agaç kime derkar?!
Gülnabat adamsy çykyp gidenden, jaýlary bitýänçä gaýnenesiniň özlerine niýetläp beren bir otagly jaýyna zerur goşlaryny alyp göçüp bardy. Şähere giden Kerim bir hepdeden soň dolanyp geldi. Alty ýyllap öz çagasam bolman, emma „häýt” sözüni eşitmedik Gülşen eje, oglundan juda gaty gördi. Öýüň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören, ýüpek ýaljak gelinjiginiň göwnüne degilmegini ol özi ynjadylandan pes görmedi.
Kerim jaýlaryna girip, aýlanyp çykdy-da, ejesiniň ýanyna geldi. Salam berip, töre geçip otyrdy. Ejesi oglunyň salamyny alyp, soň bir agyzam gürlemän, onuň öňünde çaý-nahar goýdy. Eglendiňem diýmedi. Ejesi ýüz bermänsoň, Kerim uzak oturmady. Ol çykyp barýarka ýaýdanjyrap, ejesine ýüzlendi:
– Gülnabat bir ýere çykdymy?
– Eneň diri gezip ýörse, gelnim şu tünekden çykmaz. Sen ilden utanmasaň, göwnüň söýen ýerinde entäber!
Ýigit gapydan uzaklaşman yzyna dolandy. Bosagadan ejesine bir petde pul uzatdy. Bu ýagdaý Gülşen ejäniň hasam göwnüne degdi.
– Biz seň puluňa mätäç däl, han ogul. Hudaýa şükür, hökümet sylap, ekläp otyr. Gülnabat jan işläp ýör. Agalaryňam daşymda – diýip, ol oglundan ýüzini sowdy-da, işi bilen bolyberdi. Kerim birhili bolup çykyp gitdi. Ýigidiň şähere aýagy çekmedi. Ejesiniň göwnüne degenine, gelnini ynjydanyna gynandy. Ony küýsedi. Yrsarasa-da Gülnabat onuň kalbyndan, dünýäsinden gitmedi. Petde-petde pullaram mährem gelniniň ýerini tutup bilmedi. Gülnabadyň balkyldap duran gara gözleri oňa uzakdan öýkeli seretdi. Beýle ýagdaýda ol özüne hiç ýerde orun tapmady.
Bir gün ir bilen Tawusyň gapylarynda duranyny görüp, sygryny sagyp gelen gelnejesi geňirgendi:
– Öýüň-iliň ýokmy Tawus jan, horaz gygyrmanka, kişiniň gapysyny kakyp ýörsüň – diýip, ol degişip baldyzyny öýlerine saldy. Gülnabat onuň özüne nämedir bir möhüm zady aýtmakçy bolýanyny aňdy.
– Eýgilikmi Tawus jan – diýip ol baldyzyny saçagyň başyna geçirip dillendi.
– Eýgilikdir gelnejem jan! Tawus ýylgyryp gelnejesiniň ýüzüne seretdi:
– Näme diýsene gelneje, men utansamam bir gowy habar bilen geldim. Bäbekhana bile gidýäris. Nämämiz bolsa, ol siziňki. Polat ikimiz ejeleri bilenem maslahatlaşdyk. Ol çagalaryňyzyň başy bolar.
– Waý, ýo-geý, Tawusjan – diýip, Gülnabat ör gökden geldi. Öz göwnüňizi ýykyp, bize beýle ýagşylyk etmek gerek däl. Serediň bulara, üç ýyllap garaşyp, perzende ýüzleri düşende-de bize berjeklermişler. Ýo-ga, ejeňem etdirmez. Ilkinji perzent ýürege ýakyn bolarmyş. Sylanyňyza taňryýalkasyn!
– Biz ony ýada beremizok, gelneje!
– Şeý diý-ä, özümiň-ä oňarjak zadym däl. Ýüregiňi berip bolar. Hat-da janyňy ynanyp bolar, ýöne ... ýo-geý! Men hossarlarymy, il-günümi depäme täç etmäge taýynam bolsam, hiç kime beýle ýagşylygy edip bilmerin. Beýle töwekgellik edip bilýän, merdiňem merdidir. Ondan ýokarda adamkärçilik bardyr öýdemok Tawus jan, mende beýle mertligem, beýle gaýratam ýok. Ýa perzende zarlygymdanmy, bilemok?!
– Gelneje jan, sen beresiň gelmese berme, men welin berjek. Tawus öz gelen netijesine düýbünden garşy bolsa-da gelnejesine uzak ýalbaryp durman, çykyp gitdi. Gelin gaýnyna içini dökdi. Ol esli wagt sesini çykarman, halynyň ýüzüni sypap otyrdy. Soň ulydan demini aldy-da:
— Wah jan gelnim, agzybirje, gül ýaly ýaşap ýörenligiňizde Tawus janam oda-köze düşmezdi. Gaýynlaram razylyk bermezdi, adamsam. Duýmasaň duýýan dälsiň, aýtdym weli araky gykylygyňyzdan soň çagajygym zowzyldap, şol gatnady durdy. Dogry aýdýar, Tawus jan, döwletli ojagyňyz çagşamasyn balam! ol gylyň üstünde dur. Sen ýöne „hä” diýäý.
Tawusyň oguljygy boldy. Bäbekler öýünden çykarylmaly güni hossarlary bilen gelnejesem bardy.
Tawus bäbejigi göni doganynyň öýüne salmak isledi. Gülnabat ylalaşmady.
— Meniň ýüregim daşdan däl Tawus jan! Bäbekhana gidip, heý öýüňe-de boş girip bolarmy? Tawus dawalaşyp durmady. Bäbejigi öýlerine getirip sallançagyna saldylar. Soň Tawus ak gundaklyja akja bäbegi gelnejesine uzatdy yzyndanam güldi-de çyny bilen:
— Imrinmänkäm, aljak bolsaň häzir al, gelneje, soň ony bermerin! — diýdi.
Dünýäden bihabar çagajyk myslapjyk uklap ýatyrdy.
Toý pişmesi Gülnabatlaryň gapysynda bişýärdi. Bäbejigi alyp, üýşüp olara gitdiler. Dogan-garyndaşlar, dost-ýar, goňşy-golam, toý märekesi az bolmady. Diňe bu şagalaňda Kerim ýokdy. Ol iş sapary bilen bäş-alty aýlyk daşary ýurda gidipdi. Bäbejige üýşülip at dakyldy. Gelnejesi ýalbaryp duransoň oguljygyny emdirip bermäge Tawus razy boldy.
Entek uly haly ýüwürdilmänsoň, Gülnabat öýdedi. Iki aýakly iki günde. Oguljygy özüni tanap başlandan, Tawus gelnejesiniň Begenji özünden gabanýandygyny duýdy. Birki gezek uklap ýatyr bahanasy bilen Gülnabat Tawusy gapydan yzyna gaýtardy. Sebäbi Tawus gapydan girdigi Begenç eljagazlaryny gerip ýylgyrjaklap, oňa owsun atyp, elde-aýakda durmaýardy. Ýogsam gelin-gaýyn ony ellerinden düşirenokdylar. Kerimem juda çagaçyldy. Doganlarynyň, iliň çagalarynam göterer ýörerdi.
Begenç üç-dört aýlyk bolanda, oňa çaga üçin niýetlenen iýmitleri iýdirip başladylar. Soň Tawus gelmesini haýallatdy. Soň gelse-de Begenje görünmän gitdi. Ýöne ol çagajygyny küýsäp, ýere-göge sygmady.
Bir gün Tawus duýdansyz gapydan girdi. Ol baldyzyny çykarýarlar-da toýa çagyrmaga gelipdi. Begenç ortarada aňyrsyny bakyp oýnawaçlara güýmenip otyrdy. Onyň gysgajyk balajygyndan pökgije aýajyklary çykyp durdy. Ýeňsizje köýnejiginiň içinden görünýän akja goşarjygy eginjigine düşüp duran garaja galpajygy bir enaýyjady. Tawus doňan ýaly bolup, çagajygy synlap durdy. Ol dulda aş kesip otyran gelnejesiniň özüne bir zatlar diýenini eşitse-de, näme diýenini aňşarmady.
Çaga Tawusyň sesini eşidip, birden ýalpa yzyna seretdi. Şol bada-da oýunjaklarynyň hersini bir gapdala zyňyp, özüni dünýä beren ejesine tarap hasanaklap, emedekläp gaýtdy. Ol howlygyp birki gezek döşjagazyny ýere berdi. Tawus çagajygy garbap gujagyna aldy. Begençjik göýä biri onuň elinden alyp barýan ýaly, aglap iki eljagazlary bilen onuň boýnundan gujaklady. Bulara tomaşa edip otyran Gülnabadyň bokurdagy doldy. Tawus gelnejesiniň gapdalyna geçip oturdy. Begenç aglamasyny goýup, gözjagazlaryny balkyldadyp ejesiniň ýüzüne şeýle bir täsin seretdi weli, Tawus aglaman, zordan saklandy. Ol bakyşda „Eje, sen menden uzakda nirede gezip ýörsiň?”diýen sorag bardy. Şu pursatda balasynyň gül keşbinden gözlerini aýyrman otyran baldyzynyň gözlerinde, Gülnabat entek özüne nämälim bolan şeýle üýtgeşik mähiri gördi.
Şol gün baldyzy gidenden soň oguljygyny diňdirip bilmän özem bile aglady. Begençjik gapa seredip-seredip aglaýardy.
„Alla jan, balajygym özge mähri küýsemez ýaly maňa enäniň mährini ber. Men Begenç jany ene mährinden mahrum edýän. Ol aýylganç, geçirilmez hata, Taňrym Begenç janam horlama, menem. Ýatsa ýanymda, tursa gujagymda, sähel asgyrsa, üsgürse ýüregim ýarylyp barýar. Aglatmajak, ynjytmajak bolup üstünde ganatymy gerýän. Öwret Alla jan, men dagy nähili bolaýyn”?!
Gülnabat gussasyny gaýyny bilen paýlaşasy geldi. Unamady. Dagy näme? Ol ýene şol bir aýdan sözüni gaýtalar. „Çagany yhlas bilen emdirseň, göwsüňe süýt inermiş. Edäý-ä diýenimi, emdir Begenç jany”.
Bir gün Gülnabat Begenji gujagyna alyp, ony emdirmekçi boldy. Begenç ilki bilen „bu nä boluş” diýýän äheňde, Gülnabadyň ýüzüne seretdi. Soň onuň göwsüni alman, itip-itip goýberdi. Gülnabat çagajygy boýun egdirmek isledi. Emma ol kellejigini iki tarapa ýaýkap, Gülnabadyň emmesini almady. Gülnabat bu ýagdaýy irginsiz gaýtalady. Ahyr bir gün çaga ony emdi. Emma onda süýt bolmansoň, tüýkürip çykardy. Gelin ýene synandy. Çaga barha öwrenişdi, keýpine emmäge başlady. Agyzjygy tagam tapdy-da, soňam Gülnabady sypdyrmady.
Ahyrda Gülnabat öz göwsüne süýt inendigini duýdy. Ol begenjinden uçaýjak bolup, çagajygy bagryna basyp, buşlamaga gaýnynyň jaýyna bardy. Gülşen eje gelnindenbeter begenip, „indi bäbege garaşyber balam” diýdi.
Iş saparyndan gelen Kerim daşarda, ejesiniň elinde akja posalajyk çagany görüp, ony gujagyna aldy. Çagajyk onuň ýüzüne içgin-içgin seretdi. Soň bolsa dodajygyny bir enaýyja kemşirdip, eljagazlaryny enesine uzatdy.
— Tawusyň oguljygymy?
— Ýok, Gülnabat janyň oguljygy — diýip, Gülşen eje ogluna buýsanç bilen jogap berdi-de, çaga elini uzatdy. Kerim ony yzyna bermedi. Çaga ýene ýadyrgap onuň ýüzene seretdi, kemşerdi.
Kerim Begenji mallaryň ýanyna alyp gitdi. Owlajygy, gölejigi görkezip, ony güýmäp özüne öwrenişdirdi. Onuň çagajygy elinden goýasy gelmedi.
Gülnabady haly fabrigine çagyrypdylar. Ol işden gelende gapyda adamsyny, gujagynda-da Begenji görüp, ýüregi gopdy. Ol ilki kürtdürip durdy. Emma onuň ýarym ýyllap garasyna zar bolan ýary bilen salamlaşmaga zenanlyk buýsanjy ýol bermedi. Ol sessiz-üýünsiz jaýa girip gitdi. Ýöne gelniň göwnüne, ençe ýyllar egninde göteren agyr ýüki aýyrlan ýaly boldy.
Kerim şähere birki günden soň gitdi. Agşamlyk Gülnabat öýüne girende törde duran sallançaga gözi düşmedi. Ony eltisi ýa gaýynenesi alyp gidendir oý etdi. Tawus ýaly alçajyk Begençjigi eltisiniň gyzlaram elinden düşürenokdylar. Emma olar almandyr. Gülşen ejäniň sallançagy ýaňja üwräp öýüne girişi eken. Gaýyn gelin howsala düşüp, yglap daşaryk çykdylar. Kerim Begenji göterip, daşarda gezip ýördi. Gelin-gaýyn geňirgenşip, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler.
Sallançagy sen alyp gitdiňmi? — diýip, Gülşen eje ogluna ýüzlendi.
– Howa — diýip, Kerim uzakdan jogap berdi. Jaýy dar gördüm.
Kerim sallançagy uly jaýlaryndan çykartmady. Ertesi Gülnabat ýokka onuň ähli goşlaryny yzyna uly jaýlaryna çekdi. Gülşen eje ogluna „Näme edýäňem” diýmedi, ýöne „Balamy yzyna dolan bala” diýip, Begenç jany ogşap-ogşap, gözýaşlaryny gyňajynyň çowy bilen süpürdi. Bu begenç ýaşlarydy. Şol gün Kerim Begenç aglasa-da, Gülnabadyň özi barýança ony getirmedi. Gülşen eje gelnine ýalbardy:
— Onuň bilen deň bolma gelnim, „Bir ýazykdan är ölmez” diýipdirler. Sen ondan öýkeläp ýörme, geçirimli bolaý – diýdi. Gülnabat sesini çykarmady, ýöne onuň şol jaýa aýagy çekmedi. Emma, häzir onda Begenjik özüne garaşýardy. Ol adamsyny küýsemedim diýip biljek däldi.
Aradan esli wagt geçenden soň, Gülnabat özünde nämedir bir üýtgeşiklik bardygyny duýdy. Heniz beýle ýagdaýda bolup görmänden soň, birhili biynjalyk boldy. Ol bir kesele ýolugandyryn öýdüp, gorkdy. Lukmana ýüz tutdy. Lukman Gülnabada göwresinde ekiz çaganyň bardygyny aýtdy. Duýdansyz habardan doňup galan Gülnabat öz gulaklaryna ynanmady. Onuň ýüregi gürsüldäp, lukmanyň beren soraglaryna-da oňly jogap bermän, ol ýerden atylyp çykdy. Öýmesini galgadyp göni Tawuslara ylgady.
Tawus indi bulara haçandan bäri gelenokdy. Gülnabat ony küýseýärdi. Tawus öýde eken. Ol gelnejesini gapyda garşylady. Hem birhili öýkeli gürledi:
— Geleweri gelnejem jan, men barmasam siz-ä meni ýatlajagam däl! — diýip gelnejesini öýe saldy. Gülnabat demi-demine ýetmän, buşlamaga howlukdy. Emma bir bada bu habary nähili aýtjagyny bilmän, hem utanyp baldyzynyň ýüzüne seretdi. Soň:
— Tawus jan, ýör öýe gideli, ejeňe bir hoş habary buşlaly! – diýdi.
Ol nähili hoş habar gelneje! — diýip, gözlerini tegeläp Tawus ýeňňesine aňaldy.
Gülnabat utanjyrap:
— Näme diýsene Tawus jan sen ejeňe şeý diý: „Gelnejem bäbege garaşýar” diý!
— Ol niräň bäbegi?
— Öz bäbegim.
Tawus begenjinden uçjak bolup, gelnejesini gujaklady. Soň howlugyp, ejesine, Kerime buşlamaga ylgap gitdi.
Tawusyň ejesi begenjine ylgaşlap gyzynyň buşlugyna onuň egnine bir owadan ýaglyk atdy. Kerim hoş habara howada gaýyp ýörşine sowgat getirmek üçin şähere ylgady. Bada-da dolanyp gelip, doganyna altyn sagat sowgat berdi, ýene birinem ol Gülnabada uzatdy. Utanyp çym-gyzyl bolan Gülnabat sagady almajak boldy. Emma Kerim baryp, emaý bilen sagady gelniniň eline dakdy we:
— Nesip etsin! — diýip, ýuwaşja dillendi.
Gülnabadyň ekiz çagasy boldy. Biri oglanjyk, biri gyzjagaz. Muňa uly il begendi. „Bir gytçylygyň bir bolçulygy” diýip, Kerim gülümsiräp, Gülnabada degdi. Özi welin onuň daşynda hozonak boldy.
Begençjik ekizleri Gülnabatdan gabandy. Ejesini olara ýakynlaşdyrmajak bolup nadaralyk etdi. Ejesi olary eline alsa, döşlerinden itip-itip goýberip, özi Gülnabadyň dyzynda oturdy. Gülnabada gaýnenesi kömege ýetdi.
Begençjan çagaka mysylar ýatardy. Bular beýle däl – diýip, bir gün Gülnabat oguljygyny diňdirip bilmän, özem bile aglady. Çaga yzyny kesmän aglaýardy. Çagasy elinden gidip barýan ýaly, ol gorkusyna daşynda elewläp, ilki gaýnyny, soň lukmany çagyrdy. Oglanjygyň içini ýel gapan eken.
Oguljygy köşeşenden soň, ony gujagynda yralap oturan Gülnabat bir wagtky wakany ýatlap, erbet gyýyldy. Özi ene bolup, şonda ilkinji gezek mähriban baldyzynyň göwnüne erbet degendigine düşündi. Bu şeýle bolupdy.
Içeriden çaganyň çirkin sesini eşidip, oguljygyny küýsäp gelen Tawusyň zähresi ýaryldy. Ol kürsäp içerik girdi. Ortarada Begençjik arkan-arkan gaýşyp, şeýle bir aglaýardy, sebäpsiz çaga beýle çabalanmaly däldi. Çagany diňdirip bilmän, Gülnabat gaharyna Tawusyň gözüniň alnynda oňa birki şarpyk çaldy. Çagajygyň birden Tawusa gözi düşdi. Ol eljagazlaryny gerip, Tawusa owsun atyp öňküdenem beter çyrlady. Turup, ýörejek bolubam iki ädip ýykyldy. Bu ahwala ýüregi gyýym-gyýym bolan Tawus, çagany garbap gujagyna aldy.
— Muňa bir zat bolýandyr gelneje, ýogsa çaga beýle aglamaz – diýip, Tawus çaga bilen aşak oturdy.
— Senem bir zat diýäýýäň Tawus! Bu çaga sen beletmi ýa men? Ýap-ýaňja-da sagdy. Şerraýlygyndan edýär. Sen bir gezek gelip gitseň, Begenç maňa eýgerdenok, sakladanogam.
Gelnejesinden garaşmansoň, onuň bu sözi baldyzynyň ýüregini agyrtdy.
Ýöne bu mahal öýke-kinäniň wagty däldi. Begenç elden-aýakdan çykyp barýardy. Onuň gözjagazlary gyzaryp, ýüzi güp ýaly çişip gidipdi. Aljyrap, näme etjegini bilmän, Tawusam içine ýel gapandyr öýdüp onuň arkajygyny owkalamak üçin köýnejigini çykardy. Çykardy-da içini çekdi. Begençjigiň köýnejiginiň içine ary giren eken. Ony birki ýerinden çakyp, arkasyny persala edipdir. Oguljygyny köşeşdirip gaýdan Tawus dünýä sygmady. Şondan soň Gülnabat baldyzynyň göwnüni ýykanyna gynandy ýördi. Bu gün weli ol özüni Tawusyň ornuna goýup görüp, ýüregine sygman, gaýynynyň ýanyna bardy. Sebäbi ol gynanç Gülnabady barha gysyp gowurdy. Ahyry ony bir aýgyda getirdi. Ol baldyzynyň göwnüne degmedik bolsa, beýle aýgyda gelmese-de gelmezdi. Sebäbi Gülnabadyň ýagdaýynda kesekiniň çagasy bilen perzentli bolup, guwanşyp, ýaşaşyp ýörenler gyt däldi. Onsoňam Tawusyň çagasynyň ýene arasy açyk boljagydyr-da, aradan üç ýyl geçse-de ol heniz perzende garaşanokdy.
Gülnabat gaýnenesine sala saldy. Gülşen eje bu meselede gelnine maslahat bermäge ýaýdandy. Onuň bir diýen zady:
– Tawus jan ýene-de ynjar, gaty görer, beýtme – diýdi. Diýse-de ol janserek gyzjagaşyna dözmedi.
Gülnabat bu pikiri aňynda uzak ölçerip dökdi. Sebäbi ol özünden ara açyp barýan baldyzynyň göwnüne ýene degesi gelmedi. Nädende gowy boljak, onam bilmedi. Ol ahyrynda töwekgellik etdi. Aý näme diýse eşidäýjek”, diýdi-de ekizlerini gaýynlaryna, goýup Kerimdenem haýyş edip, ýöne oňa maksadyny aýtman Begenjem alyp Tawuslara gitdi.
Tawus tamdyryň başynda çörek bişirip duran eken. Iň soňky çöregini goparan Tawus gelnejesidir agasyny görüp ýylgyrjaklap, olara tarap ýöneldi. Onýança ejesine gözi düşen Begenç Tawusa garşy owsun atyp, şeýle bir dyzady welin, Kerim ony elinden gaçyrman zordan saklady-da, ýere düşürdi.
Begenç düwdenekläp ejesine tarap ylgap gitdi. Ol Tawusyň bäri ýanyna baryp, birdenem yzyna gaňryldy. Ol näzijek eljagazlaryny galgadyp olara „hoş” diýen yşaraty etdi-de, baryp mähriban ejesiniň gujagyna doldy. Bu pursady beýan etmek mümkin däl.
Bu ahwala Gülnabatdyr Kerim bir ädimem ätmän, duran-duran ýerlerinde doňup galdylar. Soňam Tawusyň çakylygyna-da garaman yzlaryna dolandylar.
Juwanlar ojaklaryna döwlet getiren Begençjiklerini goýup gaýdaslary gelmedi. Nätjekd-ä, ýagşylygy gaýtarmaga-da mertlik gerek-dä.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar