10:25 Möjek ýodasy bilen / satiriki hekaýa | |
MÖJEK ÝODASY BILEN
Satiriki hekaýalar
— Atabal aga, keýpiňi sazla, zaryň-zaryň etsin dursun! Şaýoly bilen Çuňňuloýa gidýäs. Kaska ýol bilenem gije gaýdýas — diýip, Gürgen niýetini beýan etdi. «Niwa» Çuňňuloý obasyna tarap süýnüp, howany kesip ugrady. Olar baran ýerlerinde tirýegi ezip içdiler, sim gyzdyryp çekdiler, talhan edip, agyzlaryna atdylar. Gije sagat on iki. «Niwanyň» «ýüki» ýetdi. «Ýekuduni keýda, agdarybilseň peýda!» — Ýaşuly, indi bize şaýol hezil bermez. Hudaý ýol berse, Kaska ýola düşeris. Dostdan köp duşman bar. Bular Baýböwrüň aýagujyndan, garyň üstünden inýän Kaska ýola düşdüler. Kaska — gazakça möjek bolsa gerek. Gürgen «Niwanyň» çyrasyny ýakanok. Ýyldyzyň ýagtysyna, «hudaý-hudaý!» bilen sürýärdi. Uzakdan, öňde bir gara göründi. Gürgenem Atabal aga-da ýaraglaryna elini ýetirdi. «Diri ele düşmeli däl». Golaýyna geldiler. Hiç kim däl ekeni. Giden takyrda ýeke özi gugaryp galan ýalňyz ojar kibtini gysyp otyrdy. «Ýak, eýesiz, ýüregim-ä ýard-ow!» «Gaýtadan çekmeli boldug-ow!» diýşip, uludan dem aldylar. Ýeke düýp ojary tutuşlygyna pürçük bilen bezäpdirler. Şeýdilmedik bolsa olam bolmazdy. Şehitlik bolsa gerek. Şahasyndan bir köne halta asylgydy. Güne agaryp, tüýdülip gidipdir. Her kim şu ýerden mal üstüne, oduna, awa, göknardyr tirýege geçende aýdan-diýen sadakasyny şol halta atyp geçýärdi. Atabal aganyň özüniňem şunuň ýaly bäş-alty ýerde pürçükli «şehitligi» bardy. Sary mis şaýylyklardan hersine bir ýanawuç atyp goýýardy. Poçta ýaşşiginden hatyň alnyşy ýaly haltadan pul alýardy. Atabal aga ýalňyz ojardaky haltany görüp begendi. «Ýak, bissimilla, bereket!» diýip, içine elini sokjak bolup ellänem şoldy weli, bir zat «haş-ş-ş!» etdi. Gojanyň süňňi lerzana geldi. Äpet ýylan haltanyň ýyrtygyndan sogrulyp çykdy. Takyr ýere pat etdi gaçdy-da ýeňsäni el ýaly edäýdi. «Lahowla bi Alla!» diýip, goja gaýtarmyş dogasyny okady. Haltada guş janawarlar höwürtge ýasapdyr. Onuň balasyny ýylan ýuwdupdyr. Hanasy boş galypdyr. Onam Atabal aga kakdy. Bäş üç sany birlik, birneme şaýylyk döküldi. Ýaşuly onam garbap aldy. Doga okady. — Ýaşuly, eger seni ýaňy ýylan çakaýan bolsa, biziň bar işimiz biderek bordy. — Çakan bolsa ýylanyň işi gaýdardy. Neşekeşe zäher ýöreýän däldir — diýip, goja neşekeşleriň agzyna öýkünip, myň-myň edip, burnuna salyp gürledi. Sebäbi onuň keýpi zereňdi. Emma Gürgeniň ünjüsi ýok däldi. Öňde uly bir zeýkeş bardy. Onuň köprüsinden sag-salamat geçip bolsa, ondan soňkular Gürgeniň «öz bir-birleridi». Sarygamyşa baryp direýän zeýkanal äpetdi. Giňdi, çuňdy. Gije hasam elhenç görünýärdi. Mähnet-mähnet lakga balyklar kenaryna suw içmäge gelen keýikleri, doňuzlary guýrugy bilen kakyp alýardylar. Adama, gaýyga hyýal edýärdiler. «Niwa» köprä ýetdi. Köpriniň edil üstünde keserip duran maşynyň öçügsije gyzyl yşygy göründi. «Ýaşuly, iş gaýtdy!» «Näumyt bolma, Gürgen!» Maşyndan biri çykdy. Ala taýagyny ilki ýokaryk galdyryp, soň öňe uzatdy. Aşak çommaldyp, maşynyň durjak ýerini görkezdi. — Haý, bu bagty ýatan ýeke çykypdyr-ow? — diýip, Gürgen pyşyrdady. — Ýekäň çaňy çykmanjyk geçer. Alla bizlik bolsa — diýip, ýaşuly dogumly gürledi. — Gaçsag-a bu kowar, ýaşuly. — Gaçma. Sakla. Yzyny özüm oňararyn. Ýöne maşyny öçürme. Gursagy çalaja işläp dursun. Ýaşuly maşyndan atylyp çykdy. Awtoinspektor bilen elleşip görüşdi. — Ýaşuly, maşynyňyzy barlamaly boljak. Ynha-da dokumentim. — Barlap nätjek?! Şol gözleýän zadyňyz maşynda bar-da. Ýöne şopur bilmesin. Ýör, beýleräkde gürleşeli. Çagyr ýoldaşlaryňam bolsa. — Ýoldaşym ýok. Ýeke özüm, ýaşuly. «Bu bagty ýatan gazananyny ýeke özi jübä urjag-ow?» — diýip, Atabal aga pikir etdi. Bular beýik köpriniň üsti bilen ýuwaşja ýöräp barýardylar. Zeýkanal çölüň içinden agzy-burny bilen düňderilip akýardy. Balyklaryň şarpyldysy iniňi düýrükdirýärdi. Köpriniň gyrasyndaky germew ýokdy. Ýaşuly ýaňky inspektoryň yzyna düşüp barýardy. Köpriniň orta çenine ýetdiler. Kanal ýüzüp çykardan giňdi. Kenarlary kertdi. Ine-de, birden ýaşuly ýaňky inspektory bat bilen suwa itdi. Badyna tas özem başaşak kanala gidipdi. Gatyrak itäýen bolsa nätjek. Ýaşuly ylgap, Gürgeniň ýanyna geldi. Ikisi itäge-de köpriniň üstündäki maşyny kanala gapgardylar. Soňra bular ýoluň tanapyny külterläp, niredesiň oba diýip eňdiler. Awtoinspektor bolsa düýpsiz derýanyň içinde äpet lakgalar bilen ikiçäk galdy. Soň ses-üýn, habar-hatyr bolmady. Onuň milisiýa eşigindäki kezzap bolmagam mümkindi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |