MONJUKLY DEPE
Baharyň hoştap howasy beýniňe dolup, köňülde nähilidir bir ýakymly duýgulary oýadýar. Şeýle pursatda şäheri etekläp oturan ak baýyrlara çykmagy halys endik edipdirin. Ine, ýene-de men şol ak baýyrlaryň üstünde. Hatara ekilen arçalaryň töwerek-daşy gyzyl çog. Ýalpyldap açylan gülälekleriň ýukajyk perleri ak-sary güller bilen gatyşyp, owadan bir dünýäni döredýär. Şol ajap dünýä aşyk bolmazlyk, eliň sypyndygy ak baýyrlara çykyp, bu gözelligi synlamazlyk, meniň düşünişime görä, külli günä bolsa gerek. Ýöne men bu gezegem ak baýyrlary, şol gelinçekli, jümjümeli meýdany gözläp geldim. Ýitigimi tapmasamam, hemişeki endigime görä, belent baýyrda, gök otlaryň üstünde dyz epdim.
Şol ýerden elwan gülleriň üstünde perwaz urýan akja kebelekler, guşlaryň şadyýan jürküldisi, çalajadan öwüsýän şemala başyny yrap oturan goňurbaşlaryň ygşyldysy üýtgeşik bir mukamy gulaga getirdi. Ony diňlemek, ondan ganmak durşuna lezzetdi. Men aňymda orun alan gelinçekli meýdany gözläp gelen-de bolsam, ak baýyrlaryň bu günki görnüşem köňüllere gözellik çaýmakda kem galar ýaly däldi. Şol ajaýyplygy synlap oturyşyma, göwnüme bolmasa, gülälekleriň üstünden öwüsýän şemal Amangeldi Gönübegiň “Goňurbaş mukamyny” gulagyma getirýän ýaly boldy. Diňşirgendim. Dogrudanam ho-ol alysdan pessaýja mukam eşidilýärdi. Geň galyp, töweregi synladym. Adam-gara görnenok. Men öz-özüme düşünmejek bolýan öýdýän. Ýeri, bu baýyrlykda, özüňden başga iňlär siňegiň ýok ýerinde mukam näme işlesin diýsene! Belki, bu owaz sergin sähralaryň süňňünden syzlyp çykýandyr? Giň sahra belki, öz eý görenine şeýdip, kalbynyň mukamyny diňledýändir. Owaz weli, bir peselip, bir beýgelip, henizem ýaňlanyp dur.
Men bu owaza imrinip, ak ýaýlanyň gözelliginden gözümi aýryp bilmän oturyşyma, ýerimden gymyldamaga-da het edip bilemokdym. Ýerimden galsam, töwerek-daşymdaky güller ynjajak, mukam kesiläýjek ýalydy. Şabram şelpelerden çykýan owazyň özüne maýyl edişi ýaly, ak sähranyň çalýan mukamy-da göni kalba dolýardy. Men şeýdip sähranyň owazyna daňylyp näçe oturanymy bilemok. Bir seretsem ho-ol aňyrrakda iki juwan görünýär. Şu çak olar dünýäden bihabar bolup , bahar gözelligini synlaýardylar. Megerem, olaram gülälekli sähranyň owazyny eşidendirler. Belki-de. şu çak olar özlerini bagtyň çürbaşynda duýýandyrlar. Sebäbi sähranyň hoşnyt ysy baharyň mylaýym howasy bilen birleşende, söýýän ýürekeriň ýerinden gozganmagy hem adaty zat. Muny goşa juwanyň baharyň gözelliginden ganmak üçin gülleri ysgap ýörüşlerinden hem duýmak bolýardy.
Bahar gözelligi! Bahar mylaýymlygy. Bu gözelligk ýeke meni däl, özüne aşyk kalplary şäherden alyp çykana meňzeýär. Anha, indi giň sähranyň gujagy körpejelerden doldy. Elini gyzyl gülälekden dolduran gyzjagaz gapdaljygyma geldi-de:
-Gelneje, şu gülleri saňa getirdim. Ho-ol, aşakda çigildem kän eken ýene ýygyp getireýinmi? – diýdi.
Garaja gözlerini ligirdedip duran enaýyja gyzjagazy bagryma basdym-da, posalajyk ýaňaklaryndan taýly gezek öpdüm:
-Saňa döneýin, balajyk. Gülüň üçin sag bol. Sen kim bilen geldiň?
-Ejem bilen, ol ho-ol aşakda. Ol kakam bilen çaý içýä.
Men aladalandym:
-Olar seni gözlemezmi?
-Ýok, men ejeme seň ýanyňa gaýdýanymy aýtdym.
Oň ýaly bolsa, zyýany ýok. Seň adyň näme ,ballym?
-Maral, siziň adyňyz kim?
-Menem Maral. Atdaş ekenik. Gel, ikimiz aýdym aýdaly.
Maraljyk gözjagazlaryny mölertdi.
-Nämäni aýdaly?
-Nähili aýdym bilýäň?
-“Eý, mekdedim lana-jany” aýdaýaly.
-Sen näme mekdebe gidýäňmi?
-Ýok. Ýone şonda-da bilýän-dä.
-Hany başla onda.
Maralyň näzijek owazy giň gollardan aşyp, ýene bize dolandy. Onsoň onuň sesi hälki owaz bilen garyşyp, ýüregime aýratyn joşgun bolup ornady. Şol pursat Maraljygyň näzijek owazyny alyslara aşyryp, onuň giň sähra dolan tolkunlary kalbymy humarlatdy. Men näme üçindir häzir şol birmahalky ýaly şu pursatyň hiç mahal soňlanmazlygyny isledim. Şu pursatda Maraljyk meniň üçin aýratyn bir dünýä öwrüldi. Indi men bujagaz gyzjagaza perişdä sereden ýaly seretdim. Eýsem giň gollaryň, gülälekli ýaýlanyň içinde, ak baýyrlaryň üstünde, şeýle perişdä gabat gelmek gudrat dälmi näme? Men ony ýene-de bagryma basdym, näzijek ýaňaklaryndan taýly gezek ogşadym. Olam maňa gysmyljyrady.
-Maral jan, sen maňa gyz bolaý.
Ol aýdymyny kesdi-de gözlerini tegeledi.
-Ejem näme? Ol gynanar-a. Men barmasam, ýüregi gysar, aglar.
Çaga başyňa döneýin, Maral jan, ejeňden bir aýyrmasyn Alla, seni.
Maral garaşmadyk zadymy dile getirdi:
-Men seni gowy gördüm-dä, gelneje.
Menem seni gowy gördüm, Maral jan. Saňa erteki aýdyp bereýinmi?
Ertekini gije aýtmaly. şonam bileňokmy?
Wiý, ýadymdan çykaýypdyr, Maral jan, bol onda sen ýene-de aýdym aýt menem hezil edip diňläýin.
Sähel salymdan Maralyň näzijek sesi ýene-de giň sährany doldurdy. Maralyň garaja galpaklaryny sypap, onuň mekdep baradaky aýdymyna maýyl bolup oturyşyma ýaşlyk ýyllarym göz öňümde janlandy.
…Şonda-da edil şular ýaly baharyň bir günüdi. Taryh mugallymymyz mekdebimiziň ähli okuwçylaryny alyp, obamyzyň ilersindäki Ýelken depä gezelenje alyp gitdi. Ol ýerde mugallym bize bu depäniň taryhy barada gyzykly gürrüň berýärdi. Ýöne mugallymyň gürrüňini diňleýän ýok diýen ýalydy. Her kim başagaý bolup, monjuk gözlaýärdi. Oba adamlarynyň aýtmagyna görä şu depeden monjuk tapan adamyň ähli arzuwlary hasyl bolýarmyş. Şol monjuklaryň jadysynyň bardygyna ynanjymyz juda güýçli bolarly, hemmämiz küýze döwüklerini gyzyl dörjük edip, başagaýdyk. Sebäbi ählimiz jadyly monjugy tapmagyň aladasyndadyk. Biziň bolup ýörşümizi gören oglanlaram monjuk gözlemäge başladylar. Birdenem çagşap ýatan küýze döwükleriniň arasynda bir ýalpyldy göründi. Meň elimi uzdanymam şoldy weli, küze bölekleriniň üstüne bir desse gelinçek garyşykly jümjüme düşdi. Başymy galdyryp seretsem Nurly ýylgyryp dur. Monjuk bilen arama düşen gelinçege, ony duýdansyz oklan Nurla gaharym geldi. Ýöne gaharyma bäs gelip, çemeni beýläk goýdym-da, haýdap ýaňky ýylpyldyny gözlemäge başladym. Meniň gelinçege üns bermeýändigimi gören Nurly öz başyna hüňürdedi.
-Gülden monjuk gowy boldumy indi.
Nurlynyň gözüne gözüm düşenden aljyrap başlaýan halyma häzir oňa üns berjegem bolmadym. Dogrusy, şu pursat men başga bir zadyň yşkyndadym. Meniň bar küýüm-köçäm monjuk tapmakdy. Şol jadyly monjugy tapsam, ahli arzuwlarym hasyl bolaýjak ýalydy. Birdenem Nurlynyň ýyly demi ýüzüme degdi. Oňa çenlem nämäniň-nämedigine düşünmänkäm, Nurly ýalpyldap duran monjugy maňa uzatdy. Men begenjimden ýaňa böküp turanymam, Nurlynyň elindäki monjugy nädip alanymam bilmändirin. Edil şol bada hem gyzlar daşymyza hürre üýşdüler-de monjugy biri-birinden öň görjek bolup itenek-de çomanak boldular. Men weli, indi monjugy gysymyma pugta gysyp durşuma Nurlynyň gözlerine siňesim gelýärdi.
Meniň şatlygymy duýýan Nurlynyň hem begenmegini isleýärdim, onuň nazaryndan nähilidir bir ýylylyk gözleýärdim. Meň onuň dünýäsine dolasym, köňül köşgünde mekan tutasym gelip, ýüregim agzymdan çykyp barýardy. Öz ýanymdan hyýalymda şol bagtyýarlygy boýlap, bir pursat bagtyň çürbaşyna çykdym. Men bir tarapdan, monjuk tapanymyza begensem ,ikinjiden, ony hut Nurlynyň tapyp, maňa berenligi kalbymy heýjana salýardy. Indi Nurlynyň maňa biparh däldigine-de name üçindir çynym bilen ynandym. Şonuň üçinem gelinçekli çemen indi meň gözümiň öňünde üýtgeşik bir gudrata öwrülipdi.
Meniň gözüme, onuň her bir ýapragy Monjukly depäniň monjugy bolup görünýärdi. Şol pursatdaky şatlygym göýä bütin ömre ýetäýjek, Nurly meniň söýgimi duýaýjak ýalydy. Sebäbi monjykda biziň ykbalymyzy birleşdirjek güýjüň bardygyna tutuş süňňüm bilen ynanýardym. Şol ynanjym meni aldar öýdemokdym. Arman, monjuk ykbalymyzy birleşdirip bilmedi. Mekdebi gutaranymyzdan soň, durmuş biziň herimizi bir ýerden çykardy. Daş ýurtlara okuwa diýip giden Nurlydan derek bolmady. Ondan bir habarjyga garaşa-garaşa monjugyň gudratyna-da yanamym gaçdy. Ýöne ony şol arzyly hem arzuwly günden ýadygar hökmünde henizem apalap ýörün. Nurlynyň gelinçekli çemeni duýdansyz uzadyşy, soňam monjuk tapandaky bakyşy ýüregimde hemişelik oryn alypdy. Belki, onuň şol pursatam maňa üýtgeşik garan däl bolmagy ahmal. Meniň şol nazardan, şol bakyşdan öz görmek isleýän zadymy agtaran bolmagym hem daş däl. Ýöne Nurla bolan söýgim hem öňde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, özümizi söýeni söýmän, söýmedigi söýüp azara galmak boldy. Ondan bäri duşumyzdan ötýän ýyllaryň kerweni ýüküni telim täzelänem bolsa, şol ymtylyş, şol pursat, Monjukly depäniň gelinçekli, jümjümeli meýdany gözümiň öňünde. Men heniz-henizlerem şol gelinçekli, jümjümeli meýdanyň gözlegindedim. Göwnüme bolmasa, şol meýdany tapaýsam, Nurla-da, paşmadyk söýgime-de, birmahalky ötüp giden ýaşlygyma-da dolanaýjak ýaly bolup durun. Ine, birdenem Maralyň mylaýym sesi tapba kesildi-de, ol ýerinden böküp turdy. Şobada-da gujak açyp, aşakdan gelýänlere tarap ylgady.
-Eje, kaka, meni Maral gelneje gyz edinjek diýýä.
Kakasy Maraljygy gujagyna aldy-da, onuň ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady. Soňam nämedir bir zatlar diýdi. Olar golaýlaşyberenlerinde Nurlyny tanadym. Eý Alla, bu bolýan zatlary görsene! Ine, ýene ak bahar meni Nurly bilen duşurdy. Nurly-da meni görüp, doňup galdy. Menem Nurlyny görüp, ýerimden laňňa galaýypdyryn. Biz biri-birimize seredip esli durduk. Belki, olam bu ýerlerde maňa duşaryn öýden däldir. Bu duşuşyk ikimizem haýran etdi. Nurly gyzyny goltugyndan düşürdi-de şol birmahalky ýumşaklygy bilen maňa salam berdi, soňam:
-Senem görmek bar eken-ow, “Ölme-de ýit” diýenleri-dä. Şunça ýyldan soň, tötänden duşmak, onda-da baharda, gülälekleriň arasynda. Ýöne arman Monjukly depede däl-d- diýip birgeňsi ýylgyrdy..
Men onuň bu sözleri nähili äheňde aýdýanlygyna düşünmek üçin sözüň üstüni ýetirdim:
-Hawa-da, jadyly monjuk bilen Monjukly depe ýok-da...
-Öten ýyllar hemmesini alyp gidäýen ýaly-la.
-Dünýäde bihasap zat ýokdur, ýöne sen ilki meni gelniň bilen tanyşdyr, ondan galanlaryny soň görübereris, kim ýitipdir, kim galypdyr, kim gaçypdyr…
Nurlynyň gelni sesini çykarman, bize seredip durdy. Göwnüme bolmasa, olam Monjukly depeden habarly ýaly göründi. Birdenem onuň boýnundaky monjuga gözüm düşdi. Şobada nämäniň nämedigine aň ýetirdim. Men öz ýanymdan Nurlynyň ahyny çekip, söýgi oduna tutaşyp ýörkäm, ol eýýäm başga bir gyzyň boýnuna şol jadyly monjugy dakan eken. Men weli söýginiň ýylpyldysyna aldanyp, onuň toruna özümi oklapdyryn. Gyzyl gülälekli baýyrdan aşak eňip barýan bagtyýar maşgalany gözüm bilen ugradyp durkam, nirelerdendir bir ýerlerden “Goňurbaş mukamynyň” şirin owazy gulagyma geldi…
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar