16:56 Mugallym | |
MUGALLYM
Goşgular
Ak saçly gojanyñ yzyndan ýetip, Salam berdi, ýaş gujurly mugallym, Mähirli ýylgyryp salamyn aldy, - Ýagdaýlaryñ niçik gowumyñ oglum. Ýitigini tapan ýaly ýaş ýigit, Elini göýbermän saklady salym. - Şu derejä ýetirdiñiz, minnetdar! Ýaş wagtym terbiýe berdiñ mugallym. - Okuwçy wagtlarym, synpdaş oglanym, Dakynyp gelipdi owadan sagat, Gözüm gidip, gizlinlikde alypdym, Ýitirenin, size arz etdi aglap. - Kim aldy, Jogap ýok, elbetde utanç, Iküç gezek sorap, tapyp bir çäre, - Ýeriñizden turuñ duruñ nyzama, Gözüñiz ýum diýip, goýduñ hatara. Barlagdan geçirip ýekänme-ýekän, Deñime geldiñde menem barladyñ, Emaýlyk bilen meñ başymy sypap, Alypdyñ ogurlap alan sagadym. Şonda-da, maña hi:ç zat diýmediñ, Hat-da maña gazaplanyp bakmadyñ, Durmuşymda maña ullakan sapak, Beripdiñiz, Şindem... Men unutmadym. - Şeýlemi? Ýylgyrdy goja mugallym. - Ol wakany, men şol güni unutdym, Siziñ gözüñizi açmañ diýemde, Sagady alamda, gözüm ýumupdym... "Mugallym" diýen bir hekaýany okap, başardygymdam goşga geçirmek isledim. Remezan MÄMETGURBANOW. 15.11.2022ý | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||