09:11 Muhammet agamyz | |
MUHAMMET AGAMYZ
Goşgular
Bu kitap ilkinji türkmen žurnalistleriniñ biri zehinli satiraçy, şahyr Muhammet Söýünowyñ ilkinji we sonky kitapçasy. Merhum M.Söýünowyň bu ýeke-täk kitabyna onuñ goşgulary we poemalary girizildi. Ýagşyny ýaýyp, ýamany ýepbeklän şahyryň kalbyndan syzylyp çykan bu eserler okyjylary biperwaý goýmaz diýen tama bar. "ÝYLLARA SYÝAHAT" Häzirki ösdürimler Muhammet Söýünowy tanamaýan bolsalar gerek. Kyrkynjy, ellinji, altmyşynjy ýyllardaky okyjylar welin oña beletdirler. Şol ýyllar onuñ satirada möwç alyp işlän döwrüdi. Şol wagtlar respublikanyñ gazet-žurnallarynda, ylaýta-da "Tokmakda" onuñ galamynyñ astynda dörän felýetonlar, satiriki hekaýalar we goşgular häli-şindi peýda bolardy. Agahan Durdyýew, Durdy Agamämmedow, Muhammet Söýünow, Nurmyrat Esenmyradow ýaly men diýen satiraçylaryñ, ýumorçylaryñ eserleri meni ýaşlykdan özüne bendi edipdi. Şu awtorlaryñ söz urşy, söz oýnadyşy, satiriki edim-gylymy meni haýranlar galdyrýardy. Belkem şolaryñ eserleriniñ gudratly täsiri bilen men satira sehine gelendirin. Men şunça köp zat ýazanam bolsam, henize bu güne çenli şolaryñ deñine ýetip bilmän, yzlarynda ýöne gybyrdyklap ýörendirin. Satiriki dilim küteliberdigi hergiz şolaryñ eserlerine ýüzlenýän. Muhammet agamyz ýakynda ýetmişiñ köküni iýipdir. Onuñ ýene-de nijeme ýyllara, onlarça ýyllara badak atyp, başyny dik tutup, ömür sürmegini tüýs ýürekden arzuw etýän - diýip, ýazan gutlagymyñ "Ýaş kommunist" gazetinde 1990-njy ýylda çykaly bäri kän wagt geçmänkä Tejenden şum habar geläýdi. "Şum habaryñ ýalany bolmaz" diýipdirler. Bu gezegem ölüm bilen baglanşykly habar çyn bolup çykdy. "Bir saglyk bolsa, Ary derýasynyñ (Tejen derýasynyñ iñ gadymy ady) boýunda oturyp, söze meýlis gurdyrys, söz mukamyny diñläp, ajap dessan eýläris" diýip göwün ýüwürdýärdi pahyr. Arman, şujagaz arzuwlarymyz suwa çökäýdi-dä. Söze ussat Muhammet agamyzdan entek-entekler öwrenjek zadymyz köpdi welin, nägehandan gelen ajal meni armanda goýdy-da gidiberdi. Goý gutlabersinler ýetmiş ýaş bilen, Ýetmiş küje, otuz ýaşly ýigit men. Hoşlaşsam-da otuz iki diş bilen, Gyraw saçly, juwan başly ýigit men-- diýip ýazan Muhammet Söýünow 1919-njy ýylda Kirow (Babadaýhan etraby) raýonynyñ Akwekil obasynda dünýä inýär. Orta bilimlikä 1938-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda oba mekdebinde mugallymçylyk edip başlaýar. Şonda tä 1990-njy ýylyñ 1-nji martyna çenli - pensiýa çykýança, magaryf sistemasynda, medeniýet ugurlarynda, metbugatda işläpdir. Onuñ ýarym asyrlyk zähmet ýolunyñ agramly bölegi (Otuz ýyldan gowrak) gös-göni metbugat bilen baglanyşykly. Onun öz aýtmagyna görä ilkinji goşgusy 1940-njy ýylyñ tomsunda "Loduryñ" diýen at bilen Kirow raýonynyñ "Kirowçy"gazetinde çap edilipdir. Mahal-mahal başga kärler-de işlänem bolsa, Muhammet Söýünow 50 ýyllap öz edebi döredijiliginden el üzmändir. Be, ýarym asyrlap galamyny ýöreden (ol 1961-1963-nji ýyllar aralygynda "Tokmak" žurnalynda hem işläpdi) adam özbaşdak ýekeje kitabam çykaryp bilmedimikä? diýen soragynam döräýmegi ahmaldyr. Muhammet aga bir oýnam kel goşgusyny gazet-žurnallarda çykardyp bilen dessine, göni neşirýatlara eñip: "Dat! Meniñ eserlerimi çykaryñ!" diýip ýörenlerden däldi. M Söýünow hakdan içen satiraçy bolansoñ birinin önünde peselmegi, ýaýaplamagy başarmaýardy. Şeýtmegi başarmandygyna-da şükür etýän, ýogsam dagy men onuñ mertebesine ýaraşyk berip biljek bu sözleri şu wagt ýazyp oturmazdym. Satiriki eser ýazmagy dünýäniñ hiç bir uniweristedinde-de öwredýän däldirler. Satira adamyn zannynda, gönezliginde bolmaly. Muhammet aganyñ hem satira ezberligini onun gönezliginden gözlemeli. Ýene bir bellemeli zat, bu ýazyjy özüniñ baş goşan žanryna tä ömrüniñ ahyryna çenli wepadar bolupdyr. Muhammet aganyn şujagaz kitabyny açyp, oña hyrydar bolan okyjylar, awtoryny soñ-soñlaram minnetdarlyk bilen ýatlasalar gerek. Aşyrberdi KÜRT. "Ýyllara syýahat" / Babadaýhan, "Kanagat"neşirýaty, 1992ý. | |
|
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |