21:22 Muhammet ibn Musa al-Horezmi | |
YLYM ÄLEMINIÑ ŞÖHLEZAR ÝYLDYZY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen parasatly sözleri bize uzak asyrlaryň taryhy gatlarynda ylmyň, medeniýetiň ösmegi üçin uly işleri alyp baran şahsyýetleriň ylmy-döredijiligi hakynda söhbet açmaga ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, Daşoguz topragy özünde ýaşap geçen Nejmeddin Kubra, Zamahşary, Abu Aly ibn Sina ýaly ençeme şahsyýetleriň atlary bilen bütin dünýäde şöhratlanan gadymy toprakdyr. Ol şahsyýetleriň iň görnüklileriniň biri-de beýik alym, matematik, algebranyň esasyny goýan, analitik geografiýanyň düýbüni tutujy Muhammet al-Horezmidir. Arap halklarynda Al-Horezmi, Ýewropada Algoritmus ady bilen meşhur bolan beýik matematik, astronomiýa, lukmançylyk, geografiýa-geodeziýa, taryh ylmyna uly goşant goşan Muhammet ibn Musa al-Horezmi mälim bolan maglumatlara görä 780-nji ýylda Köneürgenç topragynda dünýä inýär. Beýik alym bütin ömrüni ylym-bilime baglapdyr. Ol ýaşlygyndan başlap öz döwründe bar bolan ylymlaryň hemmesi bilen deň derejede gyzyklanypdyr. IX asyrda Merw Orta Aziýada, şeýle hem tutuş Gündogarda medeniýet ojaklarynyň iň meşhur merkezleriniň biri bolupdyr. Horasanyň paýtagty Merwde şol döwürler hemişe arap halyfatynyň wekili oturýar eken. Horasanyň halyfatdan bölünip aýrylmagynyň öň ýanynda halyf Harun Raşidiñ ogly Mamun ibn Raşit Merwe wekil bolup gelipdir. Ol bu ýerde işlän mahalynda öz töweregine beýik alymlary ýygnap başlapdyr. Şol alymlaryň biri-de beýik matematik Muhammet ibn Musa al-Horezmi bolupdyr. Öz ylmy garaýyşlary bilen ady meşhur bolup ugran Horezmi medeni ojakly, baý taryhly Merwiň kitaphanalaryndan, obserwatoriýasyndan ýeterlik derejede peýdalanypdyr. Merwde dünýä meşhur alymlaryň okap bilim almagy, ýaşamagy onuň dünýägaraýşynyň ösmegine, özgermegine düýpli täsirini ýetiripdir. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merw şol zamanlar birnäçe halklar bilen medeni we ykdysady gatnaşygy saklapdyr. Bu gatnaşyklar Merwe Eýran, Hindistan, Hytaý, Gresiýa ýaly ýurtlardan dürli ugurlara degişli kitaplaryň gelmegine mümkinçilik beripdir. Şol döwürde Harun Raşyt «Paýhas öýüni» döredipdir. «Paýhas öýüniň» wezipesi kitaplary terjime etmek, olary aýawly saklamak, edebi-medeni gatnaşyklary ösdürmek bolupdyr. Mamunyň halyflyk eden döwründe «Paýhas öýüne» Horezmi ýolbaşçylyk edipdir. Netijede, Aristotel, Gerodot, Platon, Arhimed, Gipparh, Gippokrat, Galen, Ptolomeý ýaly dünýäde meşhurlyk gazanan we gymmatly eserleri bilen özüni tanadan ýunan alymlarydyr akyldarlarynyň ençemesiniň işleri arap diline terjime edilipdir. Beýik alym ol ýerde işlän mahaly öz eserleriniň köpüsini bu özboluşly ylymlar akademiýasynyň baýdagy astynda döredipdir. Muhammet Musa al-Horezminiň 818-nji ýylda özüniň ýakyn egindeşleri — astronomlar, matematikler bilen bilelikde şol döwrüň wajyp meselesi bolan Ýer togalagynyň ululygyny ýeterlik takyklykda kesgitländikleri aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Beýik alymyň adyny asyrlardan-asyrlara geçirip, biziň günlerimize çenli ýetiren, esasan, üç eseridir. Şol eserler akyldaryň IX asyryň birinji ýarymyndaky iň beýik alym hökmünde ykrar edilmegine esas döredipdir. «Hindi hasaby hakynda», «Algebrawe almukabala hasaplamalary barada gysgaça kitap» we «Trigonometrik tablisalar» atly ol işler matematika ylmyna düýpli täzelikler girizen eserler hasaplanypdyr. Alym özüniň näme üçin astronomiýa hem-de matematika ylymlaryna köp üns berendigi hakynda şeýle ýazgylary galdyrypdyr: «Men arifmetikanyň ýönekeý hem çylşyrymly sowallaryny öz içine alýan, algebrany hem almukabaly hasaplaýan kiçiräk kitaby ýazdym. Çünki bu kitap miras paýlaşylanda, kazyýet işlerinde, söwdada we dürli ylalaşyklarda, şeýle hem ýerler ölçenilende, ýaplar gazylanda, amaly gurluşyk geometriýasynda we şular ýaly dürli işlerde adamlara kömek bolar». Bulardan başga-da, beýik alymyň «Algebra bilen hasaplama hem garşy durma hakda kitap», «Astronomiki tablisa» (zij), «Hindi hasaby», «Astrolýabiýany gurmak baradaky kitap», «Astrolýabiýanyň kömegi bilen täsirler baradaky kitap», «Ýeriň suraty hakynda kitap», «Gün sagady baradaky kitap», «Taryh kitaby», «Saz kitaby» ýaly uly göwrümli eserleri dünýä ylmynyň ösmeginde ägirt uly çeşme bolup hyzmat edipdir. Meselem, alymyň «Ýeriň suraty hakynda kitap» atly eserinde 537 sany möhüm ýer atlary, 209 sany dagyň geografik beýany berlipdir. Derýalaryň, deňizleriň, ummanlaryň şekilleri, olardaky adalar hakynda möhüm maglumatlar görkezilipdir. Beýik alym bu eserleri bilen IX asyryň birinji ýarymynda arap halyflygynyň garamagyndaky ýurtlarda, XII asyryň başlaryndan soň bolsa, Ýewropanyň alymlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Beýik alym astronomiýa ylmynyň ussady hökmünde hem taryha giripdir. Ol tä Ulugbegiň zamanasyna çenli astronomiýany birnäçe asyr öňünden standartlaşdyrypdyr. Şunlukda, 829-njy ýylda beýik alymyň özüniň gatnaşmagynda uly obserwatoriýa açylypdyr. Muhammet ibn Musa al-Horezminiň ylym äleminde bitiren ägirt uly işlerine ser salanyňda özünden öň ýaşan alymlaryň goýup giden ägirt uly tejribesini özleşdirmek hem-de zamanasynyň gazananlaryny jaýdar peýdalanmak arkaly ylmyň geljekki röwşen ýoluny ýagtylandyrandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu işler şu ajaýyp ylym-bilim eýýamynda has-da uly ähmiýete eýedir. Asmanda nur saçýan ýyldyzyň Zeminiň ähli ýerini öz nury bilen gurşaýşy ýaly, al-Horezminiň miras goýan ylmy hem asyrlaryň aňyrsyndan ýalkym saçyp, ylym älemine şöhle saçyp dur. Munuň özi düýpli açyşlary özünde jemleýän ylmyň asman ýyldyzlary mysaly bakylyga eýedigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe OrtaAziýanyň dürdänesi gözel Aşgabadyň «Ylham» seýilgähinde beýik şahsyýetleriň heýkelleriniň hatarynda Muhammet ibn Musa al-Horezminiň heýkeli hem seleňläp otyr. Munuň özi halkymyzyñ beýik söz ussatlaryna, dünýä ylmynyň ösmegine uly goşant goşan beýik şahsyýetlere goýýan bimöçber sarpasynyň nyşanydyr. Azat GYLYJOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |