08:44 Asman seýisçiligi | |
ASMAN SEÝISÇILIGI
Edebi makalalar
Asman seýisçiligi — ýyldyzlar arkaly atlary seýislemekdir. Bu juda hupbatly, şonuň ýaly hem ýakymly ýörelge. Onuň üçin ilki bilen janly tebigatyň diline düşünmeli. Indu köp-köp ýyllardan bäri sary sähralaryň içinde bir aýdym ýaşaýar. Ol bedew atlar hem ýyldyzlar barada: Daň ýyldyzy gözün ýuwsun, Ülker ýyldyz ýüzün ýuwsun. Aralygy ýolda görgün, Üç ýyldyzy ilde görgün, Ýaldyrak seň düýnüň bolsun, Ekiz owlak müňüň bolsun, Kerwengyrany görmegin, Akmaýada sürmegin, Ömür zaýa hemra bolgun, Zöhre gyzy mydam görgün... Asman seýisçiligi — ýyldyzlar arkaly atlary seýislemekdir. Bu juda hupbatly, şonuň ýaly hem ýakymly ýörelge. Onuň üçin ilki bilen janly tebigatyň diline düşünmeli. Asman seýisçiligiň ilki dörän ýerinde, gum ilinde oglanjyk dünýä inende, onuň göbegini atyň guýrugyna daňyp şeý diýerdiler: «Atyň üstünde ösen çaga enesiniň dilinden öňürti janly tebigatyň dilini öwrensin...» Şeýle sözi aýtmaga olaryň ýaşaýan durmuşlary, çölüň ýowuz şertleri mejbur edýär. Sary sähralykda ýaşajak bolsaň, sen tebigatyň ähli syryny bolmalysyndanam köp bilmeli. Gök asmandaky ýyldyzlary, asman hatlaryny okamagy başarmaly. Kim okamagy başarsa, ol ertekiniň döreýşini, adam akylyndan has daşdaky ýörelgeleri görýär. Gumlular ýyldyzlaryň dogup-ýaşyşyndan many tapyp, özleriniň ähli edim-gylymlaryny çöl bilen baglap ýaşaýarlar. Hatda olar hamyr ýugranlarynda-da, kersene uny Akmaýanyň ýoluny görüp salýarlar. Gumlular we ýyldyzlar hakdaky gürrüň — uzak gürrüň. Ony ýekän-ýekän beýan etjek bolsaň, gyşyň uzyn gijeleri kelte boljak. Sebäp asmanda näçe ýyldyz bar bolsa, megerem, şonça-da syr bardyr. Ýyldyzlar arkaly atlaryň ýetişdirilişi hem gaty uly gürrüň. Gum ilinde göze görünmeýän, gyla daňylan ýaly, belli bir wagtda dogup-ýaşýan ýyldyzlar bar. Ýyldyzlar arkaly aty seýislemegiň «bissimillasy» Ülker, Aralyk, Üçýyldyz, Ýaldyrak ýaly ýyldyzlardan başlanýar. Sebäp ady agzalan ýyldyzlaryň dogjak wagtyny ilki sarç atlar syzýar. Tebigatyň diline düşünýän seýis atdaky üýtgeşikligi bilýär. Şol pursat — ýyldyzyň dünýä gelşini gören atyň ýüregi näme küýseýär? Oňa ot-suw gerekmi ýa-da ýalyny şemala ykjadasy gelýärmi? Belki, toýnagynyň hezilini göresi gelýändir. Ýa onuň şöwür çekesi gelýärmi? Ýyldyzlary kemsiz bilýän seýis atyň ýüregine düşünýär. ■ At nähili owadan bolýar? Olam janly tebigat bilen bagly. Aprel aýynda dogan ýyldyzyň astynda, leýsan ýagşynyň täsiri bilen kimýa diýen ot gögerýär. Kimýany iýen ene baýtal uçursyz owadan taýy dünýä berýär. Taýyň gözi arassa çeşmäniň suwuny içen jereniňki ýaly dury bolýar. ■ Ýyndam at nähili döreýär? Sährada gezýän ene baýtal göwresinde taýy göterip ýörkä, edil ynsan ýaly aş saýlaýar. Ol otdan-suwdan däl-de, hut janly tebigatyň özünden saýlaýar. Eger ene baýtal ýyldyrymdan, çasly ýagyşdan, güýçli şemaldan aş saýlasa, dünýä geljek taý edil şolar ýaly çakgan, çeýe, okgunly, ýyndam bolýar. Ýyldyzlar arkaly seýislenen atyň ýene bir täsinligi ol öz synasy bilen özüni seýisleýär. Seýsi ýeten atyň guýrugynyň iň uzyn taryny guşak hökmünde boýnunyň inçelýän ýerine orap görmeli. Eger ol laýyk bolsa, atyň ýyldyzlar arkaly seýislenendigi. Şol guşaga «Zünnar guşak» diýilýär. Ir döwürler şeýle guşak bilen zenanlaryň billeri ölçenipdir. Öz syratyny saklap bilen zenan dünýäniň iň bagtly zenany — şa aýaly bolupdyr. Ir döwürler gum iliniň adamlary jöwher gylyjy ýiteldenlerinde, ýyldyzlar bilen seýislenen atyň gerşinde ýiteldipdirler. Ýeke-täk şol sarç atlaryň gerşinde şeýle gylyjy howanyň ýüzünde, daňdanyň çygynda ýiteldip bilipdirler. Bir zady bilmeli. At saňa golaý boldugyça, öz haýwanlyk duýgurlygyny ýitirýär. Näçe sährada erkin boldugyça, özüne mahsus bolan häsiýeti güýçli ýüze çykýar. Umuman, taryhy eserlerde diliň dürli serişdeleriniň üsti bilen türkmen taryhy şahsyýetleriniň daş keşplerini, olaryň gamyşgulak ahalteke bedewiniň häsiýetini, türkmeniň gözel tebigatyny, gahrymanlaryň beýleki özboluşly aýratynlyklarynyň ýazyjynyň ýa-da başganyň dili bilen häsiýetlendirme usulynda hakykatdan daş düşmän beýan edilmegi juda buýsançlydyr. Azat GYLYJOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |