17:31 Muhammet pygamber -18: romanyň dowamy | |
3. Eý, Muhammet aleýhissalam, sen öz Belent-Taňryň ady bilen başlangyjy halynda Kurany oka, ol Taňry mahlukaty ýaratdy. Gurhan. 96-njy süre. 1-nji aýat. Bu gün Oraza aýynyň on ýedinji gününiň gijesidi. Muhammet indi telim gün bäri Hyra dagynyň gowagynda ýaşaýardy. Ol seläligini iýip, soň tä gün dogýança Ybraýym halylyllanyň mesebi boýunça doga-dilegler edýärdi. Gün dogup, asmanyň bir böwrüni boşadandan soň, ýöne-de asmana tomaşa edýärdi. Onuň süňňi, köňli päkizedi. Üst-başy öňküden hem arassady. Ol özüni juda ýeňil duýýardy. Göwnüne bolmasa, iň eziziniň, mähribanynyň didary bilen duşuşaýjak ýaly bolup durdy. Ol ýöne-de gowakdan dagyň başyna çykdy. Ýöne-de Gögüne garady. Emma göm-gök atlaz ýaly tämiz asmanda öňki gören hereketini görüp bilmedi. Asman örän asudady. Ýöne şol beýik Şamçyrag nur saçyp durdy. Geň ýeri, şol Şamçyragyň aýagujyndan tä Käbe daglaryna çenli merduwan asylan ýalydy. Kesim-kesim ak bulutlar tä asmanyň düýbüne çenli münder-münder bolup gidýärdi. Şol «merduwan» tä ikindine çenli asmandan aýrylmady. Muhammet agşam düşüp, agzaçaryň ýetip gelýändigi üçin, gowaga girdi-de, şol merduwanyň haçan sökülendigini yzarlap bilmedi. Ol barja suwy bilen süňňüni tämizledi. Gün Käbe dagynyň aňyrsyna duwlanansoň, ol agzyny açdy. Muhammet agzaçarda iki sany hurma, bir bölek arpa çöregi, gowurma hem-de sähelçejik goýun ýagy bilen garbandy. Soň Käbä garap garady-da, doga okap başlady. Ol doga okamakdan doýanokdam, ýadanokdam. Dogany näçe köp okadykça, onuň göwni açylýardy. Garaňky ýagşy düşdi. Gowagyň ol burçundan seretseň, beýleki böwri görnenokdy. Ýöne içinden daşary garasaň, bu gowak beýik älemlere çykylýan işik ýaly bolup duýulýardy. Onuň darajyk agzyndan älem-jahanyň garaňka gaplanan ymaraty akjaryp, görnüp durdy. Muhammedi ýumşajyk galpyldy gaplap aldy. Onda bir salym irkilse, dünýäsi giňäýjek ýaly duýgy döredi. Ol ýapynjasyny başyna büredi-de, ýere ýazylan donunyň üstüne gyşardy. Ýöne näme üçindir ukusy gelmeýärdi. Birden-birdenem ymyzganýardy. Ýüregindäki ynjalyksyzlyk welin gider ýerde gidenokdy. Bir täsin ýeri, ol hiç zat barada oýlanmaýardy. Köňli, göwrümi giňdi. Muhammet uka gitdi. Sähel salymdan soň bolsa erbet basyrganan ýaly boldy-da, ne ukuly, ne-de oýa halyna geldi. Gözleri ýerden asmana ýetip duran, durşuna nur bolup duran, suduryny gowagyň agzyna gapak eden zada gözi düşdi. Ol äpet zat henize çenli eşidilmedik, durudan ýakymly sesi bilen juda düşnükli özem arap dilinde däne-däne edip, azymly buýurdy: – Oka! Muhammedi galpyldy gaplady. Ol gorkudan ýaňa titredi. Ol zordan: – Nämäni okamaly! Men okap bilemok – diýip, ýuwaşja aýtdy. Gelen juda nurana, hoşamaý nazarly, ynsan keşpli äpet zat ýüzi hatly, düýrlengi zady onuň döşüne goýdy. Muhammediň kükregine äpet dagyň agyr bölegi goýlan ýaly boldy. Agramdan hem-de çekip çydap bolmajak agyrydan ýaňa onuň demi tutuldy. Ol zat bolsa oňa öňküden hem dözümli buýurdy: – Oka! – Men okap bilemok. Aýt, näme okaýyn! Muhammet hälki janyňy alyp barýan, agyr zady ýöne-de kükregime goýaýmasyn diýen gorky bilen aýtdy. Äpet, ýöne nur bolup duran sudur gepläp başlady. – Bismillähyrrahmanyrrahymi! 1. Ykra Bismi Rabbikelleziý Halaka. 2. Halakal-Insäne Min Alakyn. 3. Ykra we Rabbükel-Ekremu. 4. Elleziý Alleme Bil-Kalami. 5. Alemel-Insäne Me Lem Ýaglem. Muhammet şol nurana suduryň aýdanlaryna düşündi: 1. – Eý Muhammet aleýhyssalam, sen Belent-Taňryň ady bilen başlagyjy halynda Kurany oka, ol Taňry mahlukaty ýaratdy. 2. Ol ynsany goýy (uýan) ganlardan ýaratdy. 3. Eý Muhammet (a.s.m). Ýöne-de bir gezek Kurany oka, seniň Belent-Terbiýeçiň bolan Taňry sahylardan sahydyr, hemme hormatlylardan hormatlydyr. 4. Ol Taňry hatyň zerurlygyny bilip, kalam bilen hat ýazmagy tälim berdi. 5. Ynsana onuň bilmeýän zadyny tälim berdi... Muhammet ýüregi ýarylan ýaly bolup, titräp durşuna erbet gorky bilen gowakdan çykdy-da, ol äpet nuruň asmandan gelýän: – Eý, Muhammet! Sen Allanyň, ilçisi! Maňa Jebraýyl diýerler! – diýen sesini aýdyň eşitdi. Ol äpet nur şol durşuna, aýagyny ýere, başyny bolsa göge diräp, sarsman durdy. Muhammet nirä garasa-da, bir şony görýärdi. Ol şol äpet nura garap durşuna, doňup galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |