01:39

“Mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar ujy” edilmese ýagşy

Magtymgulyny öwreniş
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 833 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Moderator  
1471
P.S.: Hormatly Kakajan aga! Siziň meniiň makalamy "tankyt" etmegiň hatyrasyna ýazan makalaňyzy okap, makalamda aýtmadyk pikirlerimi size ýetireýin. Eger siz ylmy pikire ýa hakykata hormat goýýan bolsaňyz, siziň ylym düşnügi bolmadyk, diňe siziň çen-çakly pikiriňize esaslanýan makalaňyzyň her bir sözüne gaty anyk ylmy esasda jogap bereýin, kitapcy.ru saýtynyň redaktorynyň üsti bilen meni tapyp bilersiňiz. Makalaň ady mazmunyny beýan etmeli. Emma siziň makalaňyzyň ady beýik akyldaryň sözi hňkmünde goýlupdyr. Hatda türkmen dilindäki başganyň sözi goşa dyrnaga alynýar, bu kada asyl saklanmandyr, makalaň ady içi bilen asyl utgaşanok. Awtory näbelli diýip Magtymgulynyň "Menden eliňi çek dünýä" şygrynyň Magtymgulynyňky däl hasaplap, edil şonuň bilen deň derejedäki "Ýalydyr" şygryny şahyryňky hasaplamazlygyňyza näme sebäp boldy.?! Men Magtymgulynyň ýeňňesini alandygy hakyndaky meseläni oýlap tapammok, ol meselä takyklyk girizdim. Siz meniň girizen takyklygyma garşymy?! Şahyr ýeňňesini öň aýdylyşy ýaly ýitigiň ýyly geçmänkä alypdyrmy ýa nähili pikirde siz?! Şu mesele öň ylymda bar. Siz meniň şu meseläni gozgamagymyň (bu sözi gümürtik ýazypsyňyz) matlaby nämekä?! diýip sorapsyňyz. Matlabym: Magtymgulynyň maşgala-durmuş meselesine anyklyk girizmek hem okyjylara dogry maglumaty ýetirmek. Beýik akyldar Magtymgulynyň ýeňňesini alandygy ýa almandygy hakyndaky meseläni gizlemek bilen siziň matlabyňyz näme?! Ýa halkymyza diňe siziň şahyr hakynda islän maglumatyňyzy bermelimi?! Hormatly awtor, Magtymgulynyň ýeňňesini alandygy hakyndaky meseläni beýle düýpli hasaplaýan bolsaňyz, nämeüçin şu çaka çenli dymyp gezdiňiz. Mysal, men Magtymgulynyň terjimehaly meselesi bilen ylalaşmaýandygymy student ýyllarymda 1991-nji ýylda ylmy-amaly maslahatda, soňra 2008-nji ýylda şu meseläni halkara metbugatda, habar seriş serişdelerinde hem gozgadym. Hudaýa şükür. Alymlaryň teklip etmegi bilen Magtymgulynyň öň Asmandan alnan esassyz tejimehaly Türkmenistanyň Milli Lideri, şol wagtky Prezidentiň şu meselä düşünen paýhasy bilen takyklanyp, täze gelnen şahyryň doglan senesi boýunça Magtymgulynyň 300 ýyllygy dabaraly Halkara derejede bellenýär. Eger "tradision ylym" diýýäniňizde durlan bolsa Magtymgulynyň Asmandan alnan terjimehalyny gaýtalar ýörerdik. Makalaňyzda meniň aýdan pikirlerimi bölüp alyp, öz islän netijäňizi aýtmak isläpsiňiz?! Ýöne bu matlabyňyz hem edip bilmänsiňiz.. Meniň sözlerimi kesä çekmek isläpsiňiz, emma özüňiziň ýazan makalaňyzda goýberilen ýalňyşlaň hasabynam etmedim, pikir çaprazlygy her sözlemiňizde bar. Bu siziň makalany çeper höwesjeň derejede ýazandygyňyzy subut edip dur. Ýöne bilýän zadyňyz hakynda makala ýazsaňyz, siziň özüňiz üçinem gowy bolardy. Siz makalaňyzda Magtymgulynyň bir şygryna onuňky däl diýipsiňiz. Her makala ýazan şahyryň bir şygryna müňkürlik etse, Magtymgulynyň poeziýasyndan näme galar?! Magtymgula hormat goýýan bolsaňyz şu tarapy hakynda hem oýlanaweriň. Ozalam şahyryň şygrynyň gaty ujypsyz bölegi biziň elimizde. Magtymguly hakynda hakykaty bilmek isleseňiz meniň gapymyň açykdygyny size ýene bir ýatlatmak isleýärin.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW.

0
2 hanturebs  
755
Döwletmyrat aga, Abdylla dogduk obasyndan, öýünden, dogan-garyndaşlarynyň arasyndan maşgalasyny alyp alys bir ýerlere göçmäge näme mejbur edýär we nirä hyýallanypdyr? Geçen gezekki makalaňyzy okamda-da şu soragy bereýin diýip aý borla edipdim.

0
3 gerceknazar97  
1736
Siziň pikiriňizçe Türkmen halkynyň şeýle belent derejede hormat goýýan şahyryna "Magtymguly ýeňňesini alypdyr", "Magtymguly goşgularynyň hersini bir kitapdan alypdyr" ýaly sözleri ýazmak dogrumy?! Haýsy birimiziň maşgala durmuşymyzda şolar ýaly zatlar bolmaýar. Makalany ýazana ýüzlenýän! Siz öz maşgala durmuşyňyzdan şular ýaly aýyplary hubutlandyryp makala ýazyp bilermidiňiz ýa-da biri makala şolar ýaly makala ýazsa halarmydyňyz?! Biriniň halamaýan zadyny iliň ýanynda aýtmak gybat bolýar. O makala bolsa durşy bilen gybat. Beýle Magtymgulyny öwrenesiň gelse başga maglumat gytmy? Bolmanda şahyryň goşgularyna düşündiriş berip paýlaşsaňyz begenerdik.

0
4 Moderator  
1471
Hormatly okyjylar, gadyrly ýaşlar?! Ilki bilen saýty okaýanyňyza, teswir ýazýanyňyza minnetdar. Sizden teswir ýa makala ýazanyňyzda, adamçylyk mertebesine degmezligi haýyş edýärin. Mysal üçin, “ýeňňesinii alypdyr diýmek gybat bolýar” diýip ýazýan bar. Ýeňňesine dakylmak ýa almak nähili atlandyrsaňam, geçmişde halkymyzda şeýle däp boldy. Bu däp uruş ýyllarymyzda hem bolupdyr. Şonuň üçin bu däp hakynda gürrüň etmek gybat diýen kategoriýa girmez. Eger ol gybat derejesinde bolan bolsa işan-mollalar nika gyýmazdylar. Magtymgulynyň ýeňňesini alandygy baradaky mesele bolsa geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan bäri gepbaşy bolup gelýän mesele. Bilnişi ýaly, soňky ylmy netijeler esasynda beýik akyldar Magtymgulynyň terjimehaly üýtgedildi. Diýmek, Magtymgulynyň maşgala-durmuşy hem ylmy esasda täzeden ýazylmaly. Özem täzeden ýazylmaly diýlende, Asmandan almaly zat ýok. Magtymgulynyň maşgala-durmuşynda öň ýazylan zatlary täzeden gözden geçirip anyklamaly. Dogrusyny kabul etmeli. Men şahyryň ýeňňesine dakylmak meselesinde esasy aýtmaly zady aýtdym. Bir mugallymyň: “Şahyryň özi bu meselä nähili garapdyr” diýen sowalyna makalamyň içinden çykaryp şeýle jogap bermekçi: Dogry, Magtymgulynyň özi ýeňňäni almak däbini unamandyr. Emma şahyr aňyrdan gelýän däp-dessury unamasa-da, ony kabul edip alypdyr. Ýeňňä dakylmak käbir beýleki türki halklarynda hem bar. Olar arkaýyn bu mesele barada pikir alyşýarlar. Bizem okyjylarymyzy sylamaly. Magtymguly türkmen halkynyň milli guwanjy bolan beýik şahsyýet. Onuň maşgala-durmuşynda aýraçylyk, hasrat, kynçylyk bolupdyr. Emma şahyryň tutuş döredijiligini, terjimehalyny öwrenmekde bolsa hiç bir utanjam, gybatam ýok. Magtymguly türkmene utanç boljak ýekeje hereket etmändir. Ol türkmeni dünýägaraýyş taýdan birleşdiren şahsyýet. Käbir okyjylaryň şu hakykata düşünmegini ýüregimden isleýän.

Hormat bilen Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW.

0
5 gerceknazar97  
1736
Gaharly ýazan teswirlerim üçin Döwletmyrat Ýazgulyýewden ötünç soraýan. Şeýle giň göwrümli, hoşamaý, paýhasly, ylymly adamlaryň bardygy bizi begendirýär. Şolar ýaly däp-dessurlaryň bolanlygyny hatda häzirem musulman döwletlerde bardygyny bilýäris. Eger Magtymgulynyň özi unamadyk bolsa onda şol mesele barada giňişleýin gürrüň edilmese ýagşy görýän. Magtymgulynyň ömri döredijiligini jikme-jik anyklap, has giňişleýin maglumatlar ýazylsa we okamak miýýesser etse hoşal bolaryn. Magtymguly Pyragyny öwrenmek ýaly sogaply we derwaýys işiňizde üstünlik arzuw edýän.

Hormatlamak bilen Gerçeknazar Amannazarow.

0
6 Moderator  
1471
Gerçeknazar, inim! Ýalňyşyňy boýun almak mertlikdir. Minnetdar. Ýaşlaryň teklibini hökman göz öňünde tutaryn. Abdyllan6ň näme üçin göç edendigi hakynda haýyş eden inimiziňem teklibiniň üstünde işläp oturyn. Esasy zat Magtymguly biziň dünýä ýüzündäki milli guwanjymyz. Bu beýik akyldary halkymyza, dünýä ýaýmaly. Adyl tankytdan çekinjim ýok. Ýöne süýtden gan gözlenmese bolany. Hemmelere üstünlik arzuw edýän.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW.

0
7 merdan18  
1808
Magtymguly Osman imperiýasyna bir gezek sapar etdimikä? Onuň “Döwletalynyň” diýen goşgusynyň ýarysy Döwleti-Ali, ýagny Osman imperiýasy hakda dälmidir?
Oraz Ýagmyr

Çoh jahan seýr etdi ömri bolynça,
Ýaradan ýok edip, ýere salynça,
Ýalançyda ýaýlap, täki ölinçä,
Sowulmady ýazy Döwletalynyň.

...Meýdanda—gylyçly, diwanda—tilli,
Ýüze taýdyr özi Döwletalynyň.


Oraz aga ýalňyş pikir ýöretýär gerek: "Döwletalynyň" goşgusy ýa Nedir şa, ýa-da Döwletaly bege (ýa-da hana) bagyşlanan bolmaly. Sebäbi goşguda tutuş döwlet däl-de bir adam teswirlenýär. Hiç döwürde-de Osmanlydan dagynyk türkmen halkyna peýda bolmandyr-a (galanynam ALLA bilsin).

Ýaradan ýok edip, ýere salynça,
Ýalançyda ýaýlap, täki ölinçä...


Şu iki setir bir-birini gaýtalaýa gerek?

0
8 Ependi  
284
Bolup biler, çünki bu gadymdan gelýän adatlaryň biri, soň-soňlar ýatdy. Ýada, aýaly ýogalsa, aýalynyň uýasyny bermek däbem bolan. Oňa özüm şaýat. Obada, ýaňy öýlenip, çagalaryna gözi düşen mahallary, ýaş gelin çaga üstünden gitdi. Şol, gözmonjugy ýaly çagalara dözmän, "enesi öweý bolmasyn, çagalaň dili kelte bolmasyn" diýip, ýogalan gelniň ene-atasy onuň uýasyny ýoldaşyna nikalap bermäge razy boldular. Gyzam aýak depip durmady. Şu wagtam gül ýaly ýaşaşyp ýörler, bagtly maşgala.

Ýöne, "ýeňňä dakmak" däbi dogrudanam wikipediýany yzarlasaň, esasanam orta aziýa halklarynda bu adat ýörgünli eken.

(gadymy ýewreýler, hindiler, Demirgazyk Kawkazda inguşlar, türkmenler, gyrgyzlar, gazaklar, täjikler, mongollar, uýgurlar we beýlekiler) salgy: https://ru.m.wikipedia.org/wiki/Левират

Edil giňişleýin düşündirip durjak däl welin, galanny ýokarky salgymdan alaýyň. Bu däp nämäni ündeýär. Meselem, dul galan gelin çagasyz bolsun, isle bäş çagaly bolsun, oňa ýene hossarlyk etmegi inisine ýada agasyna tabşyryldygy bolýar. Şeýdibem, doganlyk sütüni, süňňi bitewiligi saklamak üçin edilen zat. Maşgalany dargatmazlyk, hossarlyk. Inisi ýeňňesini alsada, öňem aýaly bolaýsada, bu ikinjiisi bolup barmaga razylyk bildirilen. Ýöne, Magtymguly hem ýaş gyza öýlenendirem wagtynda, ony bilemok. Mümkin, gapdalyndan oňada hossarlyk etmek üçin dakylandyram. Munuň üçin, Magtymguly atamyzyň hijem gymmaty peselesi ýok, ol mydama beýikliginede galar.

0
9 Moderator  
1471
"Adat kadalarynda göz öňünde tutulan dakmak ýa-da dakylmak däbi taryh ylmynda lewirat ady bilen bellidir. Onuň manysy: dünýäden öten adamynyň dul aýalyna, inisi ýa-da ýakyn garyndaşlaryndan birisi öýlenmeli. Rewolýusiýadan ozal dakylmak däbi ildeşlerimiziň arasynda giňden ýaýrapdyr".
Gurban Rahmanow / "Türkmenleriñ adat hukugy" ("Ýaş kommunist", 1991 ý.).

(Kim gyzyklansa, makalany doly görnüşinde saýtdanam okap biler).
Şeýle-de, saýtda paýlaşylan "Gara ahun" makalasyny ünsli okasynlar:
https://kitapcy.ru/news/gara_ahun/2024-06-01-30306

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]