07:16 Musa Jelile | |
MUSA JELILE
Goşgular
"Ýaşamak nähili süýji, Ne ajap ömri adamyň. Men weli häzir ölmeli, Bu aýdym soňky aýdymym." Musa Jelil. Awgust, 1943. Sen öldüňmi?! Ynanamok mähriban. Öldürdiler! Ýok, bu gury bahana. Seň aýdym geýimne girdiň,-ynanýan, Soň güneş deý, parlap çykdyň, jahana. Boz bulak deý akyp geldiň watana, Taýçanak deý çapyp geldiň watana, Kepderi deý uçup geldiň watana, Müň beladan geçip geldiň watana, Ömür-baky göçüp geldiň watana, Indi seniň aýdymlarňa ölme ýok, Indi seniň arzuwlarňa ölme ýok, Çemen baglan al güllerňe ölme pýok, Ömür süren aý-günlerňe ölme ýok. Watanyň namysyn ölüp goradyň, Şeýdip watan namysyna öwrüldiň. Watan indi näçe belende galsa, Seniň mertebäňdir, seniň ömrüňdir. Eger watan üçin ölmeli bolsa, Bizem ony gorap, ölmäge taýyn. Eý, Musa Jelili gören aýdymlar, Geliň, siziň gözlerňizden ogşaýyn. 9.05.1988. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |