02:09 "Naçarlaryñ saç ýaýarlar, ah çekip" | |
"Kökler"
Edebi makalalar
“NAÇARLARYŇ SAÇ ÝAÝARLAR, AH ÇEKIP” Gözelleriň gursagyny dolduryp duran, olaryň ak alkymyna altyn-kümüşiň ýalkymyny çaýýan türkmeniň gülýakasyny synlaň. Ol tegelenip dogan güni ýada salýar, täsin şelpeleri çar tarapa hanjar kimin gezelen şöhlä meňzeýär. Onuň bezege niýetlenendigini ady aýdyp dur: Gülýaka! Gadymy manyny gözleýänler gülýakanyň Günüň simwolydygyny aýdýarlar. Bu pikire garşylygymyz ýok, gözbaşy iňňän gadymdan gaýdýan şaýlarymyza salnan nagyşlaryň manysy döwürleriň çalyşmagy, täze ynançlaryň döremegi bilen üýtgäpdir. Gülýakany synlaýanlaryň göz öňüne getirmeleriniň dürlüdigini nygtamakdan ötri, biziň şaý-seplerimiziň hakyky aşygy, rus şahyry Olga Çugaýyň ýazan setirlerini okaýarys: “Türkmen gülýakasynyň diametri 15 santimetre ýetýär. Bu diskiň ortasyndaky gül şekilli te- gelegiň daşyna, adatça, däp-dessuryň horowody şekillendirilýär, tegelegiň ikinji aýlawyny şahly öküzleriň kellesi doldurýar. Üçünji, daşky aýlawda uzyn eşikli, başlaryna şah şekilli zat geýnen aýallar ellerinde “hudaýlaryň” stilleşdirilen şekillerini saklap durlar. Ol şekiller biziň eýýämimizden bäş müň ýyl ozalky taýpalaryň ýaşan ýerinden tapylan şekilleriň ediljek özi” . Mundan hem has aňyrky döwürlere gitsek, daş eýýäminiň gra- femalarynda tegelegiň Asmanyň nyşanydygyny, bu nyşanyň Beýik Aýal hudaýyny aňladýandygyny bilýäris. Zemindäki suwlaryň bu hudaýyň emrinden dörändigine ynanypdyrlar. “Mif we simwol” diýen kitapdaky pikirlere salgylanyp dowam etsek, neolit zamanynda Ýew ropa hem Alynky Aziýa sebitlerinde ýaşan çomrularyň ynançlaryna görä, ýagyş asman hudaýynyň sowgady, eçilmesidir öýdülipdir. Gadymy adamlara mahsus obrazly aňlatma laýyklykda hudaýyň saçy ýagyşyň simwolyna öwrülipdir. Meşhur iňlis alymy E.Teýloryň “Ilkidurmuş medeniýeti” atly belli işinde beýan edilişine görä, gadymy döwürde daglara çykyp, ýagyş dileýän grek aýallary saçlaryny ýaýypdyrlar. Bengaliýada ýaşaýan taýpalaryň aýallary-da saçlaryny ýaýyp, kellelerini silkip, ýagyş hudaýynyň ýagmyr ýollamagyna garaşypdyrlar. Eger gülýakanyň tegelegini Beýik Aýal hudaýynyň nyşany diýsek, şelpeler onuň saçyny şekillendirýär diýmäge doly esas bar. Ýas ýerinde aýallaryň saç ýaýyp ses etmekleri musulmançylykda oňlanmaýar, şonda-da türkmenler aňyrdan gelýän däbi dowam etdirýärler. Magtymguly: “Naçarlar saç ýaýarlar, ah çekip” diýýär. Bu däbiň has irki köki hakynda “Mif we simwol” diýen kitapda aýdylýar. Asmanyň, bütin Tebigatyň hökmürowany Beýik Aýal hudaý diňe diriligiň çeşmesi bolman, ölümiň hem onuň erkine baglydygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçinem aýallar ýas ýerinde saçy ýa- gyşyň simwolyna öwrülen Aýal hudaýyna meňzejek bolupdyrlar. Ýasda aýallaryň saçlaryny ýaýyp aglamaklary-da şondan döräpdir. Ýas bilen ýagşyň galtaşmagyndan mysal tutup, belki, türkmenlerde merhum jaýlanan mahaly ýagyş ýagmagyny gowulyga ýormak ynan jy hem şol gadymyýetden gelýändir diýse bolar. Biziň halkymyzda saç bilen bagly birgiden yrym, däp bar. Seredip otursaň, şolar tarpdan döremändir, dünýä halklarynyň gadymyýeti bilen olaryň baglanşygy äşgär. Kyrkynjy ýyllar, biz oglankak, uly obamyzda saç goýberdip ýören erkek ýokdy, ýogsa şäherem golaýmyzdady. Keseden işlemäge iberlen adamlaryň arasynda saçlysy bolaýmasa, onuň adynyň gapdalyna “saçly” sözüni ýelmärdiler, “pylan saçly” diýerdiler. Göze görünýänçäler gyzlaryňam kellesini syrmak düzgündi. Gyzlara gulpak, oglanlara galpak goýardylar, galpak toý hem edilerdi. Biz kelle syrmagy musulmançylygyň bir zerur şerti diýip ýörsek nätjek, asyl beýle däl ekeni. Yslam dininiň dörän ýerleri Mekge-Medinede-de erkekler kileň saçly. Saçly adamlar Käbede-de namaz okap durlar, ýöne haja barlanda köpler saçlaryny syrdyrýarlar, syrdyrman gyrkyp kelteltseňem bolýar. “Mif we simwol” kitaby okanymda täsin faktlara duş geldim. Aýal hudaýynyň kultuna laýyklykda Ortaýer deňziniň, Kiçi Aziýanyň sebitlerinde antik zamanynda ruhanylaryň arasynda hudaýyň ýoluna saçy gurban etmek däbi dowam edipdir. Gadymy Müsürde, Hin- distanda ruhanylaryň kellelerini syrdyryp gezmeklerine şol däbiň täsiriniň bolandygy açyk. Katolik dindarlar bolsa, saçlaryny tegelek oýmur edip syrýarlar. Tegelek asman hudaýynyň alamatydyr. Häzi- re çenli çaga bir ýaşa ýetende onuň kellesini syrmak däbi köp halk- larda, şol sanda türkmenlerde-de dowam edip gelýär. Bu däbiň gözbaşynda-da Beýik Aýal hudaýyna gurban bermek ynanjy ýatyr. Ýene bir ýagdaýa üns beriň. Çaganyň saçyny hökman daýysy syrma- ly diýilýär. Daýy ene tarapyň wekili. Aýal tarapa artykmaçlyk berilmegi-de Aýal hudaýynyň mertebesine baglydyr diýsek ýalňyşmarys. Türkmenler oglana galpak, gyza gulpak goýýarlar diýdik. Bu däbiň haçan nähili dörändigini açyk hem aýdyň aýdyp bilýän adama duş gelmedim. Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda saç bilen bagly dünýä halklarynyň gadymy däpleri hakyndaky ýazgylary okap, be- ýan edilýän alamatlaryň bizi-de oýlandyryp biljekdigine ynandym. Umuman, gadymy ynançlara garap, saç bilen bagly yrymlaryň durnukly bolandygyny aýtsa bolar. Köp ýerde saça päki, gaýçy de- girmäge gorkupdyrlar. Saçda hudaý mesgen tutýar diýip düşünipdirler, ýa-da saça zeper ýetirip, kelledäki ruhlary bimaza etmekden gorkupdyrlar. Käbir taýpalarda duşmandan köýüp ýatan arlary- ny alýançalar saç-sakgallaryny syrmazlyga äht edipdirler. Bu ynanjyň biziň günlerimizde-de şert hökmünde öňe sürilýän halatlaryna duş gelse bolýar. Dünýä imperializmden üstün çykýança Kubanyň diktatory Fidel Kastro sakgalyny syrmajakdygyna wada berdi. Gadymy german taýpalaram duşmanlaryny ýok edýänçäler saç-sakgallaryna degmändirler. Başga bir taýpada saçlaryny syraýanlaryn- da-da, ar almaga borçludyklaryny duýdurýan nyşan hökmünde kellede galpak goýupdyrlar. Başga bir ynanja görä, bitden-sirkeden goranmak üçin çagalaryň saçyny syranlarynda galpak goýup, şol ýerde-de çaganyň ruhlaryndan biri mesgen tutmaly diýip düşünipdirler Eger ruh öýsüz galaýsa, çaganyň nähoşlajagyna garaşyber. Belki, bu ynançlaryň haýsydyr biri türkmenlere-de mahsus bolandyr? Saçdan gürrüň çykany üçin, gepiň gerdişine görä, sakgal hakynda iki agyz aýdylsa artykmaç bolmaz. Häzir yslamy çaryýarlaryň döwründäki mynasybetine laýyk dikeltmek üçin göreşe çykdyk diýýän adamlaryň daşky sypatynda sakgal parhlandyryjy alamata eýe boldy diýsek ýalňyşmarys. Owgan talyplary bolsa, sakgala päki ýa- da gaýçy degirýän adamlary dinden çykmakda aýyplap, olary jeza çärelerine duçar edip ýörler. Gadymy Müsürde sakgala hudaýlyk mertebesinden bir nyşan hökmünde garapdyrlar. Ony faraondan başga adamyň götermäge hukugy bolmandyr. Faraonam diňe dabaralarda eňegine emeli sakgal ýelmedipdir. Ýewreýleriň dini düzgünine görä, sakgaly syrmaga beýle-de dursun, hat-da sähelçejik gyrkmagam gadagan. Sakgal mukaddes- lik saýylypdyr. Köne döwürde ruslarda-da sakgal syrylmandyr. Patyşa Pýotr Birinji boýarlaryň uzyn sakgalyny zora ýanap gyrkdyranda, eýeleri gyrkylan bölegi özleri bilen bile jaýlamagy buýrupdyrlar, ol dünýäniň hökümdaryna görkezip, özleriniň bigünädiklerini subut etmekçi bolupdyrlar. Gadymy keltlerde ruhanylar sakgal goýbertse- ler-de, ony ilata gadagan edipdirler. Käbir halkda ýas günleri sakgal syrmazlyk düzgüni bar. Munuň sebäbini sakgalyň ol dünýä erk edýän hudaýyň obrazy bilen utgaşdyrylmagyndan gözlese bolar. Türkmenlerde sakgal bilen bagly göze görnüp duran ritualyň ýokdugyny meýletinlige ýol berilýändigini aýtmaly. Sakgal ýaşululyk çägine ýetilenligiň daşky alamaty. Ýaşkiçilerem isleseler sakgal goýberdip bilýärler. Gürzelek sakgal göze ýakymly görülýär. “Peşeneli ýüz” diýlende sakgalyň gelşigine hökman seredilýär. “Geçi sakgal”, “köse sakgal” halanylmaýar, bu pisint sakgally adamlara müňkürlik, ýakymsyz nazar bilen garalýar. Gep diňe sakgalyň geçiniňkä meňzeşliginde däl, gep geçiniň tüýsi, häsiýeti bilen bagly. Geçi bilen bagly gadymdan gaýdýan ynançlar barada öňdäki miniatýuralaryň birinde ýörite durup geçeris. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |