14:51 Namys / hekaýa | |
NAMYS
Hekaýalar
Goşa çynar boý alaly bäri onuň kölegesi asla adamsyz bolmandy. Ýan-ýana ekilen çynarlaryň gollary ýaýbaňlanaly bäri onuň kölegesinde iň azyndan iki süri goýun ýatarlyk bolupdy. Goýy kölege, üstesine-de, çynarlaryň aşagyndan akyp ýatan Bagandar çeşmesiniň jana tenakär sowujak suw, bu golaýlarda ýaşaýan hemmeleriň dilinden düşmeýardi. Goşa çynara okuw dynç alyşynda okuwçylar her ýekşenbe diýen ýaly gelýärdiler. Hat-da öten ýyl çokgaja sakgally bir suratkeş hem gelip bu ýerde çadyryny gurup, iki hepde ýaşap gidipdi. Ol goşa çynary we aşagynda akyp ýatan çeşmäni surata geçirip gidipdi... Ol suratlarynda aý aýdyň gijede, çynarlaryň aşagyndaky söýgülileriň duşuşygyny hem çekipdir. Aý, garaz, bu çokgaja sakgally suratkeşiň çeken suraty oba arasynda häli-häzir hem uly gürrüňdi. Birisi çynaryň aşagyndaky gyz oglany nakgaşyň hyýaly diýse, ýene biri ony obadaky gyzlara meňzedip uly gürrüň edýärdiler. Ýöne bu suratda hakykat barmy ýa-da ýok ony çokgaja sakgally suratkeş özi bilen gizläp alyp gidipdi. Goýy kölegesinde dynç alýan şahyrlar-ýazyjylar hem bardy. Olar öz döreden eserlerinde hem hökman çynary agzap geçýärdiler. Sowujak suwly Bagandar çeşmäni hem şygyr setirlerine goşup göýberýärdiler. Oba oglanlaryň biri paýtagtda film ýazan senariçi bolup ýetişensoň, 1-2 ýyllykda bu çynaryň aşagynda urşa gidip gelmedik ogluna garaşýan enäni suratlandyryp filme düşüripdiler. Ine, biziň obadaky goşa çynar bilen sowuk suwly çeşme şeýle bir at-owazalydy. Ýöne bu çynary kim ekipdir, näme üçin ekipdir, asla bilýän hem ýokdy. Çynarlaryň goşa gujak göwresinde obanyň hemme adamlarynyň ady ýoýulyp ýazylypdyr. Hat-da kimdigini diňe özleri bilýän gowuşan ýa-da gowuşmadyk söýgüleriň baş harplary hem Ç+Ş ýa-da G+S görnüşinde ýazgydan doludy. Goşa çynaryň äpet bir göwresinde kiçijik sallançaklar ýa-da ällemler sallam-sajakdy. Bu ynsanlaryň yrym edip dakan mata bölekleridi. Kimisi çagasy bolmasa-da yrym edip bu ýerde sallançak gurupdyr. Megerem olar şu çynar ýaly gögereýin niýetinde bolan bolsalar gerek. Aý, garaz, bu çynar hem öwlüýä, hem medetkär, hem syrdaş, dost-söýgüli bolup, gör, näçe ýyllap ýaşap ýördüler. Ine, günleriň bir güni çynaryň bir goly guramaga başlady. Beýleki çynaryň hem başyndan bir dert göründi. Gelen gidenler "bu nämäniň alamatyka" diýip oňa köp hemaýat etjek boldular. Muny diňe çynarlaryň özleri bilýärdi, hem-de olaryň aşagynda akyp ýatan çeşme... Iki aý mundan ozal hemmeleriň oba adamlarynyň hemmesiniň işli wagty bu ýere gelen ak maşyndan düşen döşleri gyllak adam bilen towlanjyrap çykan gelinden soňra bu çynarlaryň derdi başyndan agdy. Iki çynar özara gürrüň etdiler. - Şu wagta çenli beýle wejeralygy görmändik. Biziň saýamyza söýgüliler gelipdi. Olaryň her haýsy birimiziň aşagynda durup gepleşerdi. Ýadyňa düşýärmi, urşuň başlanan güni urşa gitjek Mäti aganyň ogly öz söýgülisi Sülgün bilen hoşlaşypdy. Ahyrky we ilkinji duşuşykda hem oglanyň hem gyzyň galpyldysy bize eşidilýärdi. Şonda gyz oglana biziň birje ýapragymyzdan ýolup beripdi. Olaryň duşuşmasy üçin biz belki gyzdan hem köp garaşypdyk. Emma, haýp, oglan uruşdan gelmedi. Gyz bolsa, bäş ýyldan soňra başga birine durmuşa çykaryldy. Ol kejebesinden düşüp gelip, bizi gujaklap aglapdy. Onuň näme üçin beýtýändigini bilmedik garry ýeňňesi: - Goý gyz obaňy göresiň gelse häli şindi geler durarsyň- diýipdi. Emma bu gyzyň ýürek syryny bir biz bilýäs birde özüdi. Beýleki çynar söze goşuldy: - Ýadyňdamy? Galtamanlar oba çozjakmyş, diýen gürrüň oba ýaýrapdy. Ana, şonda Garamergen biziň çür başymyza çykyp obany gözetläpdi. Galtamanlar uzakdan görünenden oba oglanlaryna tüpeň atyp habar beripdi. Özi bolsa biziň gür ýapraklarymyzda gizlenip atyşmak atyşypdy. Ine, meniň sag golumda şol ok yzlary häzir hem bardyr. - Ok yzlary ýa-da biziň göwsümize pyçak bilen ýazylan gizlin söýgüleriň atlary hemmesi biziň üçin tyg ýarasy däldi. Olar ýöne biziň bilen syrlaşýardylar. Ýöne ine ak maşynly erkek bilen aýalyň syrlaryna şaýat bolup görenimden agyr iş başyma düşmändi. Çeşme söze goşuldy: - Ine, men ömrüm boýy akyp ýatyşym. Menden dag keýikleri suw içerdi. Suwsap gelen mergenler, ýadap gelen çopanlar, hat-da bir gezek iň soňky demde jan berjek bolup duran hassa hem menden suw içmek üçin getirilipdi. Özümi derman bilýänlerden hoşaldym. Ine, şol ak maşynly bilen ýylan gelin geleli bäri meniň hem ugrum gaçdy. Suwum azalyp ugrady. Meniň ömrüm sizden hem köpdür. Sizi ekeni hem gördüm. Näme niýet bilen ekenini hem bilýän. Emma ol görgüliniň päk söýgüsi hatyrasyna ekilen goşa çynaryň hapa-bet niýetli ynsanlaryň hem özüne pena edinjegini bilse-di, asla sizi ekmezdi. Men şoňa gynanýan. Çynarlar bilen çeşme gijesi bilen özara pyşyrdaşyp oturdylar. Şondan bäri hem oba adamlary çeşmaniň akmasynyň azalandygyny we çynarlaryň hem gurap barýandygyny gördüler. Olary guradanyň sebabini bolsa bir üçüsi bilýärdi... Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY. | |
|
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||