NAW HAKYNDA HEKAÝAT
Susup aldym hekaýalaň içinden,
Bu dana söz galyp boldy göwnüme.
Ajap zat hemişe ajaplygynda,
Parh goýlup durmaly onuň döwrüne.
Uly welaýatyň uly soltany,
Minara saldyran beýikden – beýik.
Belent başy ýyldyzlary guçupdyr,
Durşuna gözellik lybasyn geýip.
Ülkäniň bezegi minara üçin,
Bir naw gerek bolan gönüden – göni
Boýy hem minara bolmaky boýdaş
Beriljek baýragyň ýokmuşyn çeni.
Soltanyň serpaýy,
Hem şöhrat üçin,
Nawyň gözlegine çykan köpmüşin.
Alys – alys menzillere aýlanyp,
Getireni ýaramandyr köp kişiň.
Biri gysga bolan, birisi egri.
(Dört barmajyk keltelerem bolupdyr).
Serpaýdanam beter kör şöhrat üçin,
Sessiz aglap,
Köpler saçyn ýolupdyr.
Iň soňy tapylan şeýle ajap naw,
Ýylanyň agzyndan çykan mysaly.
Şeýle bir jemagat gelip synlapdyr,
Isläniňçe ýazmak bolar o sany.
Söýünjä baranlar beýik soltana,
Weziri, wekili üýşen mahaly.
Soltan gelip,
Synlaý-synlaý diýipdir:
“Bu nawyňyz hut minara bahaly”.
Bu ýagdaýy geňläp bir dana kişi,
Nawa sorag beren maňlaýyn goýup.
“Sen niçik bagtly,
Geň ykbally sen,
Bilmedim kesäňden guwanyp – doýup.
Hemmeler soltanyň huzurna barýar
Görýäňmi soltanda illeriň gözi.
Bu ne gudrat boldy?
Aýdyp bersene?
Seň gaşyňa geldi soltanyň özi”.
Şonda şeýle bolan nawyň jogaby:
“Men galat sözlesem – ölüligimdir:
Soltany gaşyma getiren gudrat –
Bu meniň ýönekeý gönüligimdir”.
■ DAGDA ÝAZYLAN GOŞGY
Daglar ýeriň myhydyr,
Depe özün dag saýar.
Magtymguly.
Bu şygry men daga çykyp barýarkam,
Kötellerde dyz epemde düzüpdim.
Her daşyň ýüzünden bir sözün alyp,
Bentlerini depä çykyp düzetdim.
Dagyň eteginde şineläp ylham,
Belentlige çykdygyňça boý alar.
Mergenleriň, çopanlaryň aýdymyn,
Gulak salsaň, gaýtalap dur gaýalar.
Birçak mundan geçip giden şahyryň,
Ak gaýaň ýüzünden okadym şygryn.
Durmuş ýodasy deý daglaň kemeri
Öwrüm-öwrüm bolup,
Üýtgedýä ugruň.
Bu ýollarda näçe aýdym, goşgy bar,
Basan ýeriň taryh bolup sözleýär.
Ýaňaklarna gasyn salan gaýlary
Goja daglar mertlik bilen gizleýär.
Buldurap dur nabat deýin çeşmeler,
Şondan ýasap bolsa goşgy bentlerin!
Durna gözli,
Abyköwser çeşmeler,
Siz bilen gözeldir oba – kentlerim!
Dürli aýak yz bar çeşmäň başynda,
Şu pikiri döretdi meň görenlerim:
Ýyrtyjy möjegem içýändir şondan,
Içýändir şu suwdan dag jerenlerem.
“Güne gargyş eden sary kelpezäň”,
Üstünden asyrlar aşmadyk ýaly.
Öňki deýin aýaklaryn galdyryp,
Daglary demine dartmak hyýaly.
Äpet-äpet agaçlardan ýonulyp,
Pürüs ýasalşyny görüpdim özüm.
Ussaň körüginde, öýleň peçinde,
Synlap çoýunypdyk kerkawyň közün.
Ol gün dagda gördüm,
Otyr ýene olar.
Ömür – ömür palta degmedik kimin.
Bir ses geldi:
“Daglar sepin bildirmez”
Bu bir uşak zatlar geň görme, inim!
Alkyş alyp bolsa, dagdan almaly,
Giňlig-ä öwretjek özleri deýin.
Daglarda bakylyk bardygyn ozal,
Men şäherli şahyr nirden bileýin!
■ LIRIKI ÝATLAMA
Assa ýöräp, daş düşelen köçeden,
Geçip tagta köprüsinden Murgabyň.
Gidip barýas şol owadan gijede,
Ganat berýär şol owadan jogabyň.
Bir gez ösdüm, artyp şonda höwesim,
Gidip barýas – durmuş doly lirika.
Nädip galkynmajak göwün syrdaşyň.
Iň arzyly marallaryň birikä?!
Şol pursaty ýatlamaýyn diýsemem,
Ejiz ýürek asla diýen edenok.
(Çagyl düşürýänleň pillerniň sesi –
Hem çawuşlaň gulagymdan gidenok).
Mundan aňyrsyna şygra saljak däl,
Biziň ýaly ownamasyn şygrymyz.
Oglanlykda dörän ownuk kineden,
Ömürbaky yza çekýär bagrymyz.
Gezdim men arada Murgap boýunda,
Şol ýerlere seredip, kän seredip.
Seniň ynjyklygyň,
Şol ynjyklygyň,
Gylyç ýaly ara düşdi keserip.
Aýyp däl bu syry aýan etmegem,
Ýöne galybersin mukaddesligne.
Şoň üçin hem muňa durmuş diýilýär,
Ähli kişi ýetäýýärmi islegne?!
Bu ejizlik däldir,
Kiçelmek däldir.
Dyza çökmek däldir ykbal öňünde.
Gaýrata bagly däl, söýgi diýen zat,
Jedelleşjek kim bu hakda öwünse.
Kimse päsgel görýär töwerek – daşdan,
Kimler nalap gezýär dogan – gardaşdan.
Erkinlikde biz iki paý ekenik.
Galat bolar, biz nalasak durmuşdan.
Ýöne ýagşy-ýaman ýaşlygmyz hakda,
Ýatlara bir zat bar,
Şolam etbet däl.
Ynjyklygyň üçin ynjansyň senem,
Menem beýdip ýatlamazdym, elbetde.
■ SEN GEREK
Gül gerekmesdir maňa,
Gülçähre gülzarym derek.
Mollanepes
Bu goşgy ýazyldy seniň şanyňa,
Sen gerek,
Sen gerek,
Diňe sen gerek.
Göwnüm güler gülüp gelseň ýanyma –
Sen gerek,
Sen gerek,
Diňe sen gerek.
Geň görýärler Aýa-Güne deňeseň,
Häzir welin şoňa laýyk diňe sen.
“Sözleriňde galat bardyr” diýme sen –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Gözel zat dörese – yhlasadan dörär,
Ýeter menziline yhlasly ýörän.
Söýgi diýilýän dert – agyr dert örän –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Kyrkyň alkymynda çal sepen başym.
Gurban bolsun diýsem, aýyp bor, düşün.
Keşgin deň çekmäge baharyň – gyşyň –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Bir goşguda öwýän tozuň aýagyn,
Bir goşguda öpýän gül deý ýaňagyň,
Aýdym bolan şol söýgini aýagyn –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Güller bezegidir baglaň, ekiniň,
Siňer goşgularma gül deý şekiliň.
Diýerin men “özge gyzlar çekiliň” –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Bagtlydyr söýülen ozalda-başda,
Keramata uýsaň – ynan şu goşga.
Nähili deliller tapaýyn başga –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Nirelerde, niçik halda bolsaň-da,
Güleniň göreýin,
Görmaýin gamda.
Dilim söz saýlaýar, elim galamda –
Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek.
Hemmä miýesser däl, wasp etmek ýaryn,
Men saňa bagş etdim zehiniň baryn.
Ýene şol sözlermi gaýtalaýaryn –
Sen gerek,
Sen gerek,
Diňe sen gerek.
■ GOJANYŇ GÜRRÜŇI
Agaran başyma seretme siňe,
Köp manyly,
Gürrüňlidir her tary.
Gara reňki bilen hoşlaşdy käsi,
Ýürek bilen ýigrenemde myrtary.
Gaýgy – hasrat az bolanok adamda,
Käbirisi çuw-ak boldy şo günler.
Begenç, şatlyk artyk bolsa çykandan,
Saçlar şol mahalam agar ekenler.
Depderleriň reňki ýokdy käsine,
Saçlara kär etmez eken hiç syýa.
Alysdan-alysa aşmaly boldum,
Ýol ýörmände soldy gitdi käsi – hä.
Agaran başyma syrly seretme,
Indi nokat goýjak sözüň yzyna.
Hawa, gitdi menden gara saçlarym,
Olary bagş etdim ogul – gyzyma.
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular