20:04 Nebsin neýleýen | |
NEBSIN NEÝLEÝEN
Goşgular
Müň ýyl ömür berlen Adam Atamyz, Kyrk ýyl Dawudyna lebzin dözmeýen. Lebiz nebse sürüner, soldan hatamyz, Ynsu, jyns, melekler nebsin neýleýen. Wada, ygrar, arzuw, hyýal, hyjuw, ser, Doýarmy, dolarmy köňül heý ýeser, Bir gün soldan, bir gün gaýradan öser, Kalyp küý içinde, nebsin neýleýen. Müň ýyllar asmanda tagt örten melgun, Adam suduryna kast eýläp sürgün, Nije melekleri ters eýläp gül-gün, Allaha ant edip, nebsin neýleýen. Ar-ygrary köýen kasty kül-külde, Gaýgysyz hoş gezilen aýşu gül günde, Bi serhet bakjaly eremli gülde, Jennet bagyn tyryp, nebsin neýleýen. Melekler minnetde asmanlar gatyň, Alla ylymyn örtdi ýazylan hatyň, Zöhrä yşgy synan Harut, Marutyň, Yşga pälin bozup, nebsin neýleýen. Dünýäň küý-küýinde soltan, hanlaryň, Barça goşun ýörten arslan, şirleriň, Göreçler gum örten algyr ärleriň, Gül baglary synyp, nebsin neýleýen. Her kes nebis atynda jylawyn dartyp, Syryp çapar ýaman aýybyny örtüp, Kişi aýyby üçin gybat şer ýörtüp, Sagyndan ylym ede, nebsin neýleýen. Ataşdan eýlenen eý zalym nebis, Dogany dogandan ters eýlän lebiz, Sen nüçin süýjile, köňülde höwes, Her kes seni söýüp, nebsin neýleýen. Bu gün meni nüçin gynaýaň nebsim, Arzuw, hyýallarymy synaýaň lebzim, Halmyrat bu ömür biwagt bilsem, Nebsimden soraşýaň, ömre dözmeýen. 19.12.2023 ýyl. | |
|
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Bentler-rubagylar / Goşgular - 13.07.2024 |
√ "Göwnüňiz çökdümi eselersiňiz..." / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |