NEDIR ŞA TÜRKMENMI?
Taryha, jemgyýetiň, döwletleriň ösüş ýoluna ser salyp görseň, haýran galaýmaly pursatlar bar. Olaryňa ykbaly adamyň, şahsyýetleriň ykbalyna meňzäp dur. Mahal-mahal olaryň arasynda tapawut hem bardyr öýdeňok. Häkimiň döremegi jemgyýetiň zerurlygyna baglymy, jemgyýet özüne gerek häkimi saýlap tutýarmy ýa-da häkimlige dalaş edýän şahsyýet jemgyýete nämäniň zerurlygyny öz islegine baglap, şonuň berkarar bolmagy üçin göreşýärmi? Eger taryhyň ösüş ýoluna önjeýli täsir eden häkimler, meselem aýdaly, Aleksandr Makedonskiý, Çingiz han, Napoleon, Lenin döremedik bolsa, adamzat başgarak ýol bilen gidermidi? Anyk bir jemgyýetiň syýasy hem ykdysady gatnaşyklaryny öwrenseň, islendik häkimiň döwlet başyna gelmegini delillendirjek sebäpleri tapsa bolar. Şol zerurlygy hudaý hem duýýan ýaly, geljekki häkimi her dürli tötänliklerden başybitin saklamaga çalyşýan bolsa gerek. Iki mysal. Teýmirleňi, ýagny agsak Temiri bilýänsiňiz. Türkmenler onuň adyny Emir Temir diýip tutupdyrlar. Emir Temir Turany, Eýrany, Kiçi Aziýany basyp alan häkim. Onuň bina eden dinastiýasysy ýüz elli ýyl häkimlik sürdi, Gündogaryň ösüş ýoluna täsirini ýetirdi.
Akademik Bartoldyň “Türkmen halkynyň taryhyndan oçerkler” diýen kitabynda ýazylyşyça, 1362-nji ýylda Argun şanyň ogly Aly beg döwründe Murgap türkmenleri häkimlik üçin göreşip ýören Timury ele salýarlar. Ol Mahan obasynda (häzirki Mary etrabynyň “Täze oba” kolhozynyň golaýlary) 62 gün bendilikde oturýar. Aly beg ony boşadýar, ýöne azyk-owkat, ulag bermeýär. Sanjar taýpasynyň hany Mübärek ony kyn ýagdaýdan çykarýar. Soň Emir Temir türkmenleriň bu taýpasyna, onuň baştutany Mübärege köp-köp sylag-hormat edýär. Aly begi bolsa, 1382-nji ýylda ele salyp, Fergana iberýär, bir ýyldan soň ony şol ýerde öldürýärler.
Eger Teýmirleň şol gezek Maryda ölüme sezewar edilen bolsady Emir Temirem, onuň dinastiýasam bolmazdy, onuň zarbyndan şäherler ýykylmazdy, ýurtlar tozmazdy, paýtagty Samarkantdaky gözel ymaratlar bina edilmezdi diýip pikir edýäris. Biziň bu pikirimiz agyr dertden ölen adam hakynda wah, derde uçuramadyk bolsa ýaşap ýörerdi bende diýen ýaly bir zat bolýar.
Aýdyp otursaň, Nedir şanyň başyna düşen ahwalatam az däl. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, ol 1704-nji ýyl töwerekleri Horasana çozuş eden özbeklere ýesir düşýär, alty ýaşlaryndaky Nediri ejesi bilen Horezmine alyp gidýärler. Ejesi ölýär, 1708-nji ýylda ol ýesirlikden gaçýar, ölmän ýene Abiwerde (Bawert hem diýýärler) dolanyp gelýär. Abiwert häzirki Kaka şäherjiginiň günbatar tarapynda haraba bolup ýatyr. Bu gadymy şäherde Nediriň häkimlige tarap ýoly başlaýar. Abiwerdiň häkimi Baba Aly begiň gyzyna öýlenýär, goşuna serkerdelik edýär. Soňra takdyr ony ýene bir ölüm howpundan dyndarýar. Nediriň üç tomluk taryhyny ýazan Muhammet Kazymynyň maglumatyna görä, şol döwürlerde Nediriň dogany aradan çykýar. Deregezden 20 km aralykda, dogduk obasynda doganynyň aş-suwuny berip, Abiwerde dolanyp gelýärkä, ýomut atlylaryna sataşýar, nökerleri bilen olaryň girisine düşýär. Goluny baglap alyp gidýärler. Ýomut ýigitleriniň gazaply duşmany gaýgyrmajaklary belli ekeni. Ol Abiwerdiň häkimine habar ýetirýär. Ýomutlaryň yzyndan kowgy iberilýär. Nedir boşadylýar. Şu waka bilen bagly soňra Nediriň serine gelip biläýjek pikirleri men “Gara ýyldyrym” romanymda beýan et- dim. Nediriň asly türkmen. Awşarlaryň garakly tiresinden Ymamguly begiň ogly. Awşar Oguzhanyň 24 agtygynyň biri, Ýyldyz hanyň ogly, Günhan, Aýhan, Ýyldyzhan içoguzy düzýär.
Awşarlar gyzylbaşlaryň ilkinji şasy Ysmaýyl Hataýyny tagta çykaran esasy ýedi sany türkmen taýpasynyň biri. Häzirki zaman eý- ran taryhçysy Rezazade Şefag Reşideddiniň hekaýatlaryna salgylanmak bilen, awşarlar öňden Etrek çöllerinde ýaşap gelipdirler, Oguz hanyň goşunynda gulluk edipdirler, taryhçylary awşarlary türkmen hasap edýärler diýip ýazýar. Bu ýazgyda Nediriň ömür ýoluny beýan etmek meniň wezipäme girenok. Nediriň ömür ýoly, onuň döwleti- niň taryhy türkmen halkynyň taryhynyň uly babyny düzýär. Biziň öňümizde bu taryhy şahsyýetiň ömrüne, maksadyna hiç hili tarap tutmazdan çynlakaý çemeleşmek zerurlygy durýar. Biz bu çaka çenli Nediriň türkmendigini hem aýdyp bilmedik diýip zeýrenip ýörmän düýpli işe başlabermeli. Onuň türkmendigini ykrar edenimiz bilen Nediriň tüýsüniň üytgejek gümany ýok. Eýsem-de bolsa, onuň döwlet syýasatynyň XVIII asyr türkmen taýpalaryna eden täsirini haky- kata laýyk ýazmak, baha bermek türkmen taryhçysynyň, jemgyýetlik pikirini öwrenijisiniň öňünde duran jogapkärli wezipe.
Şu gune çenli türkmen alymlary Nedir şa bilen bagly ylmy işler ýazdylarmy diýilse, ulurak iş hökmünde taryhçy Oraz Amantyýewiň “XVIII asyryň birinji ýarymynda Türkmenistan hem türkmenler” atly monografiýasyny görkezmeli bolar. Alym esasan Muhammet Kazymynyň “Älemiň bezegi Nedir barada nama” diýen üç tom ýazgysynyň birinji tomuny derňäp geçýär, onuň esasy ýerleriniň terjimesini berýär. Amantyýewiň aýratyn birinji toma üns bermeginiň sebäbini bilmek üçin sowet alymy N.D.Mikluho-Maklaýyň sözlerine salgylanmak hem ýeterlik. Ol şeýle ýazýar: “XVIII asyryň başky üç on ýylyna degişli Türkmenistanyň, aýratynam Merw şäheriniň taryhy üçin Muhammet Kazymynyň eseriniň birinji tomy esasy çeşmedir diýsek ulaldyp aýtdygymyz bolmaz”.
Sowet alymy P.I.Petrow “Muhammet Kazymynyň terjimehalyna düzedişler hem goşmaçalar” atly makalasynda Kazymynyň Merw-de doglandygyny, kakasynyň Nediriň dogany Ibragymyň hyzmatynda bolandygyny, taryhçynyň özüniň-de ýarag skladlarynda hasapçy bolup işländigini aýdýar. Kazymynyň hut gözi bilen gören wakalarynyň beýany üç tomluk golýazmanyň sekizden birini tutýar, galany eşidilen zatlar esasynda düzülipdir. Döwlet işlerinde, aýratynam, harby taýýarlyga gezek gelende Nediriň emeldarlardan berk hasabat sorandygyny Maşadyň golaýyndaky Hasanabat obada bolan duşuşygyň üsti bilen berilýär. Merwden hasabat depderlerini göterip baran emeldarlaryň arasynda Muhammet Kazymynyň özem bar eken. Bäş ýüz müň tümenlik işiň hasabaty bilen şanyň öňünden geçmeli bolnupdyr. Bäş-on tümeniň hasabaty eýläk-beýläk bolaýsa, Nedir jogapkäre iňňän ýowuz darapdyr, agyr jeza buýrupdyr.
Şanyň taryhçylarynyň wakalary häkimiň isleginden ugur alyp teswir edendikleri bize belli. Şanyň emrine boýun synmaýan adamlaryň ýa-da bolmasa, halklaryň matlabyna, islegine düşünjek bolmak ol taryhçylaryň wezipesine girmändir. Durmuşa, döwrüň wakalaryna şanyň gözi bilen garap, onuň islegine görä-de baha beripdirler. Bu babatda Nediriň köşgünde resmi taryhçy hökmünde bellenen Mähtihan Astrabatlynyň kitaby has-da parhlanýar. Onuň “Ja-hanguşa-iý-Nadiri” diýen eseri I.Petruşewskiniň baha bermegine görä, şany mahabatlandyrmak islegi bilen ýazylan çeper esere çalym edýär. Ol şany, şanyň tarapdarlaryny asmana göterýär, garşydaşlaryny, erkinligi, garaşsyzlygy üçin göreşýänleri pisleýär. Taryhy haýsydyr bir şahsyň, toparyň isleginden ugur alyp beýan etjek bolmak, eýýäm taryh bolmaýar. Ýöne Mähtihan Astrabatly Nediriň asly gelip çykyşynyň türkmendigini aýdypdyr. Nediriň türkmendigine onuň taryhynyň türkmen topragyndan başlanýandygyna garamazdan, biz ol hakda örän az bilýäris. Öwrenjek bolsak, elbetde, taryhy materiallar azlyk edenok. Soňky 50 ýylyň dowamynda Tähranda pars dilinde-de birnäçe kitap çykdy. Awtorlaryň arasynda Goddusy, Rezazade, Şefag Meýmendi Nejat Huseýn, Nurolla Larudi ýaly taryhçylar bar. Bu ýerde rus, sowet, daşary ýurt alymlarynyňam, telim kitabynyň adyny tutsa bolardy. Biz welin, Nedir diýilse halkyň arasynda galan rowaýatlara salgylanyp mydar etdik, şolaryň äheňine görä-de baha bermäge çalyşdyk.
Nedire taryhda tutan ornuna görä, hakyky faktlaryň ýowuzlygynda baha bermeli. Nediriň-ä asly türkmen ekeni diýip, onuň etmi- şini nähilidir bir alamatlar bilen ýumorlajak bolmak, ýa-da türkmen taýpalaryna gazaply darapdyr diýip ýigrenmek meýline baş ursak, beýle halatda biz hakyky taryhy ýazyp bilmeris. Nediriň durmuş ýoly, maksady häkimligiň çür depesine çykmaga baş goşan adamyň ýoly. Häkimligiň ýolunda ol özüne päsgel beräýjek zada iňňän ýowuz daraýar, halkynam, ildeşlerinem, dogan-garyndaşlarynam gaýgyryp duranok. Kim oňa boýun bolmasa, hyzmat etmese, ol adam onuň duşmany. Bu häkimligiň aňyrdan gelýän ýoly, şol ýoluň gazaply düzgünine Nedirem boýun bolýar. Bu ýol häkimleriň özüni-de gaýgyryp duranok. Bir mysal. Geçen asyrda ýaşan görnükli rus gün- dogarşynas N.Hanykow “Horasana ekspedisiýa” atly kitabynda Maşat şäheriniň taryhy bilen bagly maglumatlar berýär. Günbatar derwezäniň öňünde, şäheriň içinden geçýän kanalyň boýunda, hijri hasabyndan 1032-nji ýylda bina edilen Apbas şanyň metjidiniň, edil şol metjidiň garşysynda birmahal Nedir şanyň mawzoleýiniň bolan- dygyny ýazýar. Diýseň gymmatbaha, kaşaň bina şanyň diri mahaly salnypdyr. Soňra Agamuhammet şa mawzoleýi ýykdyrýar. Nediriň läşini äkidip Tährandaky köşgüniň baş derwezesiniň bosagasynda gömdürýär. Her günde ony dabany bilen basgylap, düýnki gazaply duşmanyndan ar alyp içini sowatmakçy bolýar. Nedir şa onuň kakasy Fath Aly hany Demirgazyk Mazenderanyň türkmenlerine daýanyp pitne turuzandygy üçin Maşatda heläkläpdi, Agamuhammedi bolsa, Nediriň ýegeni Adyl şa biçdiripdi. Hedir öz oglunyň hem gözüni oýdurýar. Güýje, diňe güýje daýanýan häkimligiň ýolunda bu zeýilli aýylganç ahwalatlar geň däldir.
Nedir şanyň deminiň dag ýarýan mahaly-da türkmen taýpalaryny tutuş özüne bakna etmek oňa başartmandyr. Ol aýratynam ýomutlar, tekeler bilen duşmançylykda bolupdy. Türkmeniň bu iki ili-de, XVIII asyrda san taýdanam, güýç taýdanam öz köplügi bilen parhlydy, aglaba çarwadarlyk bilen meşguldylar. Mekany hatap galasynda bolansoň, salgymy yzarlan ýaly, olary tutmak juda kyndy. Ýol-ýodasyz gazaply çölüň jümmüşine aralaşmaga-da şanyň agyr leşgeri milt edip bilenokdy. Şu babatda alaçsyz şanyň oýlanmalaryny men ýokarda ady tutulan romanymda beýan etmäge çalşypdym.
Köpetdagyň eteginde mesgen tutunan ýemreli, garadaşly, alili, mehinli ýaly oturymly illeriň ýagdaýy başgarakdy. Nähili-de bolsa, ýerleri, suwlary bardy. Ýer kümelerde, kepbelerde, pahsa jaýlarda ýaşaýardylar. Çarwalaryňky ýaly gara öýüňi düýä ýükläp, malyňy sürüp gidibermeli däldi. Ilatyň ykdysady ýaşaýyş şertlerine eserdeň garap baha bermeli. Eger oturymly iller ýurtlaryndan jyda düşmezlik üçin egilşige giden bolsalar, Nedir şa salgyt tölän bolsalar, bu syýasatdan namartlygyň alamatlaryny gözlejek bolmak, olar babatda adalatsyzlyk bolmazmy? Onsoňam, taryhy şertlere üns berip görüň. Türkmen taýpalary dagynykdy, her il öz gün-güzeranyny görmegiň aladasyny edýärdi. Milli döwlet bolmany zerarly, milli bähbit taý- palaryň ýokary bähbidine öwrülmändi. Olaryň birleşmeginden he- der edýän Nedir şa ýaly häkimler agzalalygyň dowam etmegini is- leýärdiler, şoňa ýardam edýän syýasat alyp barýardylar. Tekelere göz üçin, Nedir özüni oturymly türkmen illerine howandar görkezmäge çalyşýardy. Nedire hä diýmeseler mekanlaryndan, ýerden, suwdan mahrum boljakdyklaryny, taýpalar bilip durlar-a! Nirä gitsinler? Olarsyzam Garagumda tekeler belli mesgen tutunybilmän heläk bolup ýörler. Olara-da ýer gerek, suw gerek.
Gaňryşlaryna gaýdyberseň türkmen ekeniň diýip sylap durjak däller. Olar san taýdanam, güýç taýdanam zyýat. Olaryňam agyr ýagdaýyna düşünse boljak. Ýöne düşünineniňe görä, her kimiň islegini kanagatlandyryp bolsady diý. Hany oňa mümkinçilik barmy? Ýene-de bir ýagdaý: teke ýaly güýçli iliň dag eteginde arkaýyn ornaşmagyny Nedirem isläp baranok. “Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer”, tekeler Nediriň garşylygyna, oturymly türkmen taýpalarynyň onuň garşysyna baş götermeýändiklerine gahar edip, suwy, ýeri güýç bilen almakdanam gaýtjak däller. Şuňa düşünen taýpalar Nedirden pena gözlejek bolýarlar.
Eger biz taryhy obýektiwlige üns bermesek, şol döwrüň anyk syýasy hem ykdysady şertlerinden ugur almasak, ýalňyşlyga ýol bereris. Aýdaly, tekeleriň Nedir şanyň syýasatyna garşy göreşini esasy ölçeg, kriteriýa bilen baha kesjek bolsak, meniň pikirimçe, bu synanşyk bizi birtaraplyga alyp barar. Şu ýagdaý eýýäm şol döwürde ýazylan käbir çeper eserde ýüze çykdy diýsegem ýalňyşmarys. Şol döwrüň türkmen taryhyna diňe Nedir şa bolan ýigrenji ölçeg edip garaman, emele gelen obýektiw şertlerden ugur alyp garalsa, her iliň taryhy, durmuş ýagdaýy hasaba alynsa, diňe şol tutumda biz ählitürkmen taryhyna kybapdaş netijä gelip bileris.
Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny jar etdi, sowet ideologiýasynyň synpylyk garaýyşyndan halas bolundy diýilse-de, biz taryha birtaraply çemeleşmek endiginden halas bolup bilemzok. Men şu ýagdaýy işeňňir ýaş alym Öwez Gündogdyýewiň “Türkmenleriň taryhynda beýik orta asyr serkerdeleri” diýen kitapçasyny okamda-da duýdum. Öň Nedir şany ýepbekläp gelen bolsak, indi ony bimöçber mahabatlandyrmagyň ýoluna düşmek bilen oňa “Gündogaryň Napoleony” diýmekden hem gaýdamzok. Napoleon küje, Nedir şa küje! Indi Nedir türkmeniň garşysyna ýarag galdyrmadyk ýaly. Asyl indi Keýmir kör bilenem dogan boldy duruberdi, ölüm howpuna düşenlerinde biri-birini halas edip ýören bolsalar nätjek! Hezil, pylan ýerde pylan hili rowaýat bar diýäýmeli. Rowaýat diýen närsäni döretse-de bolar, her et-hesip et türkmen bolany üçin Nediri arşa göter, rehimdar et. Türkmenler birek-biregi gyrypdyr diýip bolmaz-a!
Ine, şeýle mahabatly garaýyşlar ýene bizi birtaraplyga, taryhy galplaşdyrmaga alyp barýar.
Tirkiş JUMAGELDI.
Taryhy makalalar