10:10 Nesliň göterer | |
NESLIŇ GÖTERER
Goşgular
![]() Ýüz ýyl mara balu tagam eýleseň, Zäher-zakgun bilen jogap göterer. Bigadyra yhlas gadyr söýleseň, Yhlasyň köýdürer sogap ötürer. Hyýalyň paş etseň görüp, haýýatla, Gep açsaň dogana, ýetir ýan gurtla, Derdinseň her ýeten erkek sypatla, Dert aýybyňy ýaýyp, ile ýetirer. Baýlykda gam bassa il-gün ýetişer, Garyp galsaň dost-doganyň ötüşer, Bir namarda ýörseň ýoluň küteşer, Mert göwnüňi tapar, işiň bitirer. Ogra ynam ýörtseň malyň tükeder, Kezzaba iş ötrseň adyň bok eder, Bihasap pul bäş gün seni dok eder, Dogandan daş eýläp, dosty ýitirer. Ýalandan ýaýylsaň yzy paş bolar, Hoşlukdan öwünseň adyň boş bolar, Ýagşylykda ýörseň ýaman daş bolar, Ýamanlyk gam dertdir, oda atarar. Ýagşy hatyn garyp çatmaň gül eýlär, Ýaman hatyn ömrüň köýdür, kül neýlär, Bozuk zenan azdyr, göwne hoş söýlär, Imanyň ýakyban lola iterer. Halmyrat bil bu az ömür uzak ýol, Päliňe dogry bol, ýagşydan daýal, Ýamandan ýüz öwür, ne bolsa hyýal, Adyňa ýazylar, nesliň göterer. 16.01.2024 ýyl. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |