11:46 Oba kethudasynyň saýlanyşy hakda rowaýat | |
OBA KETHUDASYNYÑ SAÝLANYŞY HAKYNDA ROWAÝAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gadym döwürde bir obanyň kethudasynyň kazasy dolup, dünýeden ötüpdir. Obaň adamlary täze kethudany saýlamakçy bolanlarynda, haýsydyr bir kişini bijebaşy etjeklerini bilmän, ilkibada ikirjiňlenip, soň, obanyň iň abraýly ýaşulylarynyň üçüsiniň birini saýlamaklygy karar edipdirler we tekliplerini yglan etmek üçin saýlanjak dalaşgärleriň ýanyna öz wekillerini ugradypdyrlar. Oba kethudalygyna mynasyp saýylan ilkinji ýaşuly ýylgyryp, anyk jogap beripdir: –Sylagyňyz-hormatyňyz üçin minnetdar, agalar, iniler! Men bir gezende, söwdagär-täjir adam. Söwdamyň küşat bolmagy üçin harydymy, malymy mahabatlamaly bolýan. Mahabat gabahat bolamasa-da, öz göwnüme munda az-kem galat bar ýaly. Iliň öňüne düşjek adam dogryçylrak bolmalymyka öýdýän. Onsoňam, men bir hepde öýde bolsam, bir aý obany terk edip gidýän, dolannanymdan soň hem, döwlet iş-ä beýlede dursun, obamyň gatnaşyp bilmedik toýuna-ýasyna görünip ýetişsem zor boldugym—diýip, teklipden boýun towlapdyr. Wekiller ikinji dalaşgäriň—obanyň iň baý adamlarynyň biriniň öýüne baryp, oňa-da hem oba adamlarynyň teklibini aýan edipdirler. –Bizi sylan Alla sylasyn! Obamdan aýlanaýyn! Hudaýa şükür! Başardygymdan ata-babamyň gazanan at-abraýyny ýere salman gelýän, we kowumyňam şu ýoldan sowulman gitmegini herwagt dileg edýän. Inilerim, Meň bir aýagym çölde, bir aýagym öýde. Çöle, mallarymyň ýanyna baramda, gök maýsalykda agyp-dönüp ýören dowarlaryma nazarym düşende gözlerim dokunýar, eneleriniň yzynda bökjekläp ýören owlak-guzylary göremde agtyjaklam ýadyma düşüp, kalbym şatlykdan dolýar, ýigdelen ýaly bolýaryn. Meniň adymy “pylan baý” diýip tutanlarynda, buýsanjymdan depäm göge ýetýär. Meň malym köpelenogam, kemelenogam. Rysgalymy kemmän-kesmän berýän we mallarymy guş-gurtdan penalaýan Biribara sygynýan we dowarlarymyň baş sanyny saklap berýän çopanlaryma Alla kuwwat bersin! Şu güne çenli obamyň ody bilen girip, küli çykdym: entäni goldadym, ejize gol uzatdym, sadakamy ýoksula bagyşladym, mätäje nan berdim, her ýyl zekatymy berdim—baýa mynasyp borçlarymy başardygymdan ýerine ýetirdim. “Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler, obamyň ilaty şular ýaly jogapkärli wezipäni maňa ynanýan bolsalar, men hem ýüz öwürsem, çatak iş etdigim bolar, eger-de siz bilen ylalaşsam öňküje rahat günümden dynyp, başymy gowga saldygym bolar. Mal-mülkimi dolandyrmaga wagtym bolmaz, rysgalym uçar we öňküje haýyr-sahawat işlerimden galaryn. Gardaşlarym, menden aýyp-syn görmäň, obada maňa görä has mynasyp adamlar hem bardyr. Wekiller baýyňkydan gaýdyp, obaň mirabyna ýüz tutýarlar. Mirap olary üns bilen diňläp: –Obada müňden gowrak ekin ekýän hojalyk bar, bularyň hemmesine-de suw gerek. Ekinleriň köp suw içýäni bar, kada bilen içýäni bar. Daýhan bir ýyl bir ekin ekse, ikinji ýyl başgasyny ekýär, ana şonda daýhanyň ýüregi agyrsa, mirabyň kelleagyrysy gozgaýar. Düzgün boýunça, suw tutmak nobatyňda, ekiniň doýsun-doýmasyn, bir serkarlykdan başga mirabyň garyndaşy bolsaňam artyk paý berlenok. Öýlenen ýigidiň atasy, toýuň ertesi, täze çatynjalaryň yrsgalyny aýyrýanlygyny yglan edip, haýat alamk üçin arçyna ýüz tutýarlar, ana olary hem suw nobatyna goşmaly. Daýhan gyş aýlary az-owlak dem-dynç alsa, miraba bu hezillik nesip etmändir: noburyň haşalyny ýygdyryp, gazdyrmaga haşarçylary ugrukdyrmaly; mesene ýaby beýige galdyrtmaly. Ýyl gurak gelende-hä, mirabyň aladasy iki esse köpelýär: ene ýabyň suwyny tarazlap, deň-derman paýlajak bolup, öz obaň adamlaryna ýigrenji bolýaň. Ýyl ýagmyrly bolanda, bugdaý urydan agyp gidýär, gurak gelende bolsa, urbalyk un hem hylalla bolýar. Henizem, daýhanlaryň käbiri ätiýaç edip, düme bilen sürmeki ekýär, ýogsa, Hywa argyşa gidenleriň sag-aman dolanaryny diläp oturansyň... Men razylygymy berýäýemde-de, mirabyň ornuny tutjak kim bar? Wekilleriň hiç birinden jogap bolmansoň, mirap jogabynyň üstüne goşupdyr: —Men özümi bilelim bäri halkyň hyzmatynda, kynçylykdan ýa jogapkärçilikden gaçýandyr öýtmäň, halk arçyn bol diýse arçyn bolaryn, kethuda bol diýse kethuda bolaryn, ýöne meniň düzgüne düzüp giden işimi dowam etdirip biljek adam tapsaňyz razylygymy bereýin. Wekiller mirabyň teklibine jogap tapyp bilmänsoňlar, obaň iň uzak ýaşan ýaşulysy, paýhasly gojadan maslahat soramagy müwessa bilipdirler. Goja obadaşlarynyň matlabyny diňläp, biraz oýlanandan soň, peşeneli ak sakgalyny sypalap: — Meniň pikirimi diňleseňiz diňläň, emma, bu wajyp meseläni çözmeklik obadaşlarmyzyň ygtyýarlgyndadyr. Eger, siziň teklip eden adamlaryňyz razylygyny bermedik bolsalar, obada iň päkýürekli, ygrarly, diňe halal iýip-içýän, edepli-ekramly asylzada maşgaladan doglan oglanjygy kethuda saýlaň. Çaganyň kalbynda kir-kimir bolýan däldir. Asylzadaň maşgalasynda önüp-ösen, ýagşy gylykly ata-enesiniň terbiýesini alan çaga ulalanda ile ýaramly adam bolup ýetişer. —Ol çaga ulalýança oba kethudasyz ýaşamalymy? —Obamyz baştutansyz galmaz, onuň gamyny iýmäň. Kethudalyga saýlanan çaga ýigit çykýança, kethudanyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şerti bilen onuň ornuna kimi göwnüňiz islese, şony belläň. “Töwekgel işini Taňry oňarar” diýipdirler, eger ugur alla bilen hereket etseňiz, halkyň arasynda birdir-ikidir kethudalyga höwesjeň tapylaýmagy hem ähtimal. Wagtlaýyn saýlanan kethuda, obadaşlarynyň ynamyna girjek bolyp, äk ýürek bilen, yhlasly işlär. Işini oňarmasa, başga kişini ýene wagtlaýyn saýlap bilersiňiz, sebäbi obaň kethudasy eýýäm saýlanan. Belki, kethudanyň ornuna wagtlaýyn bellejegiňiz oňat adam bolup çykaýady. Käwagt wezipäň özi adamyň hüý-häsietini tämizläp, ony ýagşyzada öwürýän wagtam. Kakajan BALKANOW. 2022 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |