13:28 Oglum | |
OGLUM
Goşgular
(Degişme) Üç ýaşlyja oglum bar, Dil çykardy, gepläp ýör, Ondan näme sorasaň, Säginmänjik jogap biýr, Gyzyklandym soradym, Oglym seni zor gördüm, Ulalaňda kim boljak, Nähili hünär aljak? Jogap berdi säginmän, Polisýa daýy boljak, Ýa adwokat, sudyýa, Bolmasa GAI boljak, Bankda işläp başarsam, Şonda hünärmen boljak, Ýa toky barlap ýören, Energonadzor boljak, Gazçy boljak, swarşik, Swýazist ýa montýor, Finotdelde barlagçy, Nalogda kontrolýor, Hiç bolmasa, söwdagär, telekeçi, biznesmen, Mehanizator, sürüji, ýa-da kerpiç örüji, Dogtor boljak. sazanda....... Nahar etjek gazanda... Mugallym bolsam gowy, ýa-da boljak bazarkom, Çopan bolsamam kem däl, Daýhan bolsaň olam kär, Boş gezmejek bolaryn.... Edinerin bir hünär. -Oglym senem ulalsaň, Meniň ýaly boljakmy? Boş wagt tapman hysyrdap, Senem işläp gezjekmi? Bir söz bilen ýok diýdi, Seniň ýaly boljak däl, Güniň geçýär, içgili, Men ony başarjak däl. Ne gaznyp getirýäň, Ne-de bir iş bitirýäň, Şat geçirip, wagtyňy, Her gün işsiz oturýaň, ....Seniň ýaly boş bolup, Goşgy ýazyp ýörjek däl, Ondan maňa ne peýda, Wagtymy boş goýjak däl. Ynha, görşiňiz ýaly, Üç ýaşlyja oglum bar, Kim öwretýär bulary, Şol. Samrap ýör, Samrap ýör. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||