13:11 Omar Haýýam serhoş adammy? | |
OMAR HAÝÝAM SERHOŞ ADAMMY?
Edebi makalalar
1040-njy ýylyň maý aýynyň ýigrimi ikisinde, häzirki Mary-Aşgabat ýolunyň gyrasyndaky Daşrabat ady bilen tümmek bolup ýatan gadymy Dendanakan şäheriniň eteginde seljuk serkerdeleri Togrul hem Çagry begiň goşuny bilen Gaznawy soltany Masudyň arasynda bäş güne çeken agyr söweş başlanýar. Masudyň goşuny ýeňilensoň, seljuk türkmenleriniň Horasanda häkimligi başlanýar. Şondan dogry ýedi ýyl soň bag-bakja bürenip oturan Nişapurda bir çaga ýagty ýalança inýär, oňa Gyýaseddin Abul Fath ibn Ybragym diýip at goýýarlar. Bu gün dünýä ony Omar Haýýam diýip tanaýar. Omar Haýýam seljuk imperiýasynyň ýykylmagyna 26 ýyl galanda Nişapurda aradan çykýar. Onuň guburynyň üstüne gümmez galdyran ýok. Diňe 1934-nji ýylda şahyryň Amerikadaky muşdaklarynyň ýygnan pulunyň hasabyna ýönekeýje sütün galdyrýarlar. 1859-njy ýylda birinji gezek iňlis şahyry Edward Fisžerald Haýýamyň ýüz rubagysyny çap edýär. Haýýamyň rubagylarynyň türkmençä terjimesi sowet häkimiýeti ýyllarynda iki öwre kitap bolup çykdy. Şahyryň rubagylaryna gönümel düşünip, ony serhoşlygyň simwolyna öwrüp ýörenlerem gyt däl, türkmenleriň arasynda-da köp. Ol adamlar şahyryň ömründen, işinden, galyberse-de, onuň döredijiliginiň düýp mazmunyndan bihabar adamlar. Omar Haýýam alym hökmünde her minudyň hümmedini bilipdir, her gün şerapdan serhoş bolup, wagtyny bihuda geçirer ýaly ol bikär däl, tebigatyň, älemiň syryny açmaga başy bilen gümra bolup ýören adam, ylym eýesi. Haýýam öz döwründe şahyr hökmünde däl-de, alym hökmünde tanalypdyr. Onuň Mälik şanyň köşgüne ýakyn durandygyny öň aýdypdyk. Köşge golaýlaşan adamyň dessura, düzgüne berk eýermelidigi belli, oňa biziň pikir edişimiz ýaly häli-şindi serhoş bolmaga rugsat berilmejegi aýandyr. Şanyň köşgüne golaý bolmak ýiti pyçagyň üstünde ýörän ýalydyr, kalbyňdaky ylalaşmaýan pikiriňi, protestiňi ýüregiň gatynda gizlemeli bolýar. “Omar Haýýam” atly ylmy kitabyň awtorlary B.A.Rozenfild, A.P.Ýuşkewiç dagynyň pikirine salgylansaň, Haýýam köşkde aýtmaga hatarly oý-pikirlerini rubagylaryna siňdiripdir, olary gizlin saklapdyr. Dogrudanam, Omar Haýýam Gündogaryň poeziýa däplerine maýyl bolup, ony sünnäläp ýörmäge wagtam bolmandyr. Şonuň üçinem, onuň rubagylary şahyrlaryň köpüsine mahsus bir meňzeş meňzetmelerden, aňlatmalardan, owadan söz bezeglerinden halasdyr. Onuň poeziýasy pikir takyklygy, obrazlaryň sadadan takyklygy, şol bir mahalda-da iňňän durmuşylygy, aýdýan tymsalyna laýyk söz kebşirlemäge ökdeligi bilen tapawutlanýar. Şu babatda biziň Magtymgulymyz Haýýama ýakyndyr. Men bu häsiýeti olaryň durmuşa juda golaý durandyklary bilen düşündirerdim. Şahyryň poeziýasy dürli röwüşde ýalkym saçany üçin, ähli reňki bir ýere ýygnap, täsin älemgoşaryň aňyrsyndaky ýüregiň nähili niýet bilen gürsülleýändigini kesgitlemek, her kime başardyp duranok. Oňa düşünip dürlüçe-de baha beripdirler. Özbek alymy Ş.M.Şamuhammedow şeýle diýýär: “Omar Haýýam hakynda ýazmagyň kyndygy diňe onuň beýik alym, zehini daş ýarýan şahyr hökmünde çylşyrymly taryhy döwürde ýaşandygy üçin däl, bize galdyran ylmy hem çeper eserleriniň üsti bilen onuň hakyky keşbini göz öňüne getirmek juda kyn”. Kynam bolsa, synanşyk edenler bolupdyr. Haýýam hakynda ýazlan çeper eserleriň, pýessalaryň, kinofilmleriň, ylmy kitaplaryň sany sajagy ýok. Şahyryň tebigatyna düşünip, oňa çyndan hormat goýanlar onuň rubagylaryna erkin pikiriň gimni hökmünde garaýarlar. Ýene bir topar zeminiň eşretine, sapasyna bolan söýgüni hudaýa bolan söýgi diýip bilýärler. Onuň dünýä garaýyşyny inkär edýänler bolsa, Haýýamy bikär, serhoş adam hökmünde kemsitmäge, kiçeltmäge çalyşýarlar. Omar Haýýamyň rubagylaryny fransuz diline geçiren alym Ž.B.Nikola şeýle diýipdir: “Haýýam tebigatyna görä näzik, sypaýy adam, ol dünýewi durmuşyň keýpi-sapasyna gol ýapandan hudaýyň jemalyna köpräk müftele bolupdyr”. Omar Haýýamyň durmuşyndan “Ýylanlary jadylaýjy” diýen powesti ýazan özbek ýazyjysy Ýawdat Ylýasow nesillere ýüzlenýän şahyra şeýle sözler berýär: “Ýene ýüz ýyldan, müň ýyldan kimde-kim meni jümri ýa-da serhoş şahyr atlandyrsa, şol tetellileriň ýüzüne tüýkürjegimi biläýiň!”. Gündogar poeziýasynda sufizme (sopuçylyga) gol ýapýan uguryň şahyrlary üçin şerap bilen bagly duýgulary beýan etmek endigi Omar Haýýamdan öň hem, soň hem dowam edipdir. Bu babtda orta asyr arap klassyk-poeziýasynyň iň ägirtleriniň biri Ibn al Faridiň şygyrlaryna ýüzlenmek has-da ýerliklidir. Ol şerap hakynda meşhur kasyda ýazan şahyrdyr. Onuň bu kasydaky zikirlerde aýdylypdyr. Şahyr 12-13-nji asyrlaryň sepgidinde Müsürde, Kair şäheriniň golaýynda ýaşapdyr, hakyň ýoluny tutmakda, takwalykda belli adam bolupdyr. Yslamyň parzlaryny doly berjaý edip, ýalňyzlykda, namaz-doga okamak hem haýyr hakyndaky oýlanmalarda gününi geçiripdir. Ibn al Faridiň şerabyň waspyny ýetirýän kasydasynda aýdylanlardan käbirini mysal getireýin: “Eger biri ölenleriň üstüne şerap sepsedi, olar direlip gabyrlaryndan çykardylar” diýýär. Ýa-da: “Zyýarata barýany ýolda ýylan çaksa-da, şerap saklanýan ambara barýança oňa şikes ýetmez”. Ýa-da: “Biziň göwrämiz üzüm düýbüdir, bizdäki ruh-şerapdyr”. Ýa-da: ”Menden şerabyň durky näme diýip soradylar, aýdaýyn, gulak asyň: ol otsuz saçylýan ýagtylykdyr. “Ýa- da: “Maňa diňe günäli adamlar içýär diýdiler. Ýok! Bu nur saçýan ýagtylygy içmeýänler günälidir!”. Sufistik poeziýada şerabyň simwoliki manysy bardyr, eger ony içginiň durmuşda gabat gelýän alamatlary bilen gabatlaşdyrmagyň ýoluna düşsek, onda nädogry düşünjelere ýol açarys. Bu poeziýada hudaýyň jemalyna aşyk bolmakdan döreýän duýgy şerabyň berýän serhoşlygy bilen deňeşdirilýär. Emma sufizme duşmançylykly garaýan yslam ortodokçylary ony ters manyda teswirläp geldiler. Şonuň üçin hem Omar Haýýam içgä aňyny aldyran şahyr hökmünde garaldy. Hut şu garaýyş zerarly-da onuň dogduk mekany Eýranda şahy- ryň meşhurlygy dünýäniň beýleki ýerlerine garaňda peslik edýär.Şu aýdanym bilen bagly delillere Garold Lembiň “Omar Haýýam. Geniy şahyr, alym” diýen kitabyny okanymda-da gabat geldim. Lemb bu kitabyny ýazmazyndan öňinçä, geçen asyryň ortalarynda Eýrana te- lim gezek syýahat edýär. Ol Omar Haýýamyň beýle bir meşhur däl- digini soranda, oňa şeýle jogap berýärler: “Biziň, parslaryň, öz dinimiz bar. Biz, meselem aýdaly, Jelaleddin Rumynyň eserlerine hormat goýýarys, sebäbi, olar bizi hakyň ýoluna ruhlandyrýar. Olar öz pikirimize düşünmäge bize kömek edýär. Emma Omar Haýýam siziň “dinsizler” diýýän adamlaryňyza degişlidir”. Garold Lembiň ýazmagyna görä, Omar Haýýam öz ömrüniň köp bölegini Hafiz ýaly bir ýerde ýaşap geçirmändir, gezende bolupdyr. 1075-nji ýylda seljuklar imperiýasynyň şasy Mälik Siriýa ýörüş edende Omar Haýýam baş astrolog, ýagny müneçjim hökmünde onuň gapdalynda bolupdyr. Şol ýörüşde seljuklaryň goşuny Ierusalimi hem eýeleýär. Omar Haýýamyň bu keramatly şäherde bolandygyny çaklasa bolar. Mekge-Medine-de Siriýadan daşda däl. Omar Haýýamyň mazary Eýranyň Nişapur şäherinde ýatyr. Garold Lemb Eýrana aýlananda şahyryň jaýlanan ýerini bilýänleriň az- dygyny tersine, Şirazda jaýlanan Hafyzyň, Hamadanda jaýlanan Abu Aly ibn Sinanyň guburlary hakynda bilýänleriň köpdügini aýdýar. Hatda bir adam Maşada baran zyýaratçylarynyň Nişapura gidip, Haýýamyň mazaryny gözländiklerini aýdýar, eger tapan bolsalar, onuň mazaryna tüýkürjek ekeniler diýýär. Görüň-ä, dünýäde iň takyk kalendary düzmegi başaran beýik alymyň täleýini! Mälik şanyň gurduran obserwatoriýasynda düzülen kalendar şa ölen dessine ýatyrylýar. Omar Haýýamyň baştutanlygynda hasaplanan ýylyň wagt ölçegi iň takyk hasapdyr. Muny näme bilen delillendirse bolar? Biziň şu günki ulanýan dünýä kalendarymyzda ýylyň položitel tarapa artmasy 26 sekunt tarawup edýän bolsa, Omar Haýýamyň kalendarynda ol tapawut 19,45 sekuntdyr. Hudaýa şükür, bu gün Omar Haýýam dünýäde meşhurlaryň meşhury diýen sanawa girýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |