03:44 Ömür ýoly | |
Ýowuz ýyllaryñ ýatlamalary
Ýatlamalar
ÖMÜR ÝOLY Meniñ gürrüñini etjek bolýan ýaşulym Meret Gazak ogly Türkmenistanyñ belli seýsi Amanýazyñ agtygy bolmaly. Merediñ çagaka babasy Nogaý molla ogullyk berlendigini, onuñ elinde sowat öwrenendigini bilsem-de, ol barada agyz dolduryp aýdara oñly bilýäm zadym ýokdy. Şonuñ üçin onuñ bilen söhbetdeş boljak bolup Çaldagyñ gujagyna gysylyp oturan Öýleguşluk obasyna bardym. Bagtyma ol obada eken. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Öýe girdik. Gök çaýyñ başynda Meret aga: - Biziñ döwrümizde ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli bikär oturan bolmazdy - diýip, gürrüñe başlady. - Naçar oglan-uşak dañ atandan tä garañky düşýänçä dyz epmän işlärdi. Öýde gelin-gyzlaryñ, eneleriñ-de işi ýetikdi. Dañ bilen ýowşana gidip, ýygyp, arkalap getirmeli. Meşikläp suw getirmeli, goýun-geçi sagmaly, sargan gaýnatmaly. Süýt bişirip, ýogurt basyrmaly. Ýanlyk ýaýmaly, egin-eşik ýuwmaly. Un üwemeli. Hamyr ýugrup, çörek bişirmeli. Saçlaryny diñe ýassy mahaly daramasalar, uzynly gün elleri degmezdi. Erkekleriñ-de işi başyndan agdykdy. Tañrynyñ beren günj kerwen gurap geçer durardy. Azaply aýlar aýlanardy. Düýeli düme ýer ekiler. El bilen orak orular. Ulag bilen döwek döwüler. Garaz, ýaşaýşymyz şeýleräkdi. Ene topraga mañlaý derini siñdirenler baýamak bilendi. 1928-32-nji ýyllar, esasan-da, ahun-mollalary, barly adamlary "çöpläp" başladylar. Gezek babama ýetdi. Goluny baglap, at öñüne saldylar. Men garama-gara yzlaryna düşüp gitdim. Gyzylarbada eltdiler. Tussaghana saldylar. Men jaýa arkamy berip oturdym. Meni-de jaýa saldylar. Ýaş görendirler-dä, üç günden boşatdylar. "Gaçan gutular, duran tutularlap" obamyza eñdim. Ilki goýun bakdym. Ýolda gelýärkäm ilkinji gezek otlyny gördüm. Agyr ýüki çekip barýanyna haýran galdym. Maşinist bolmagy maksat edindim. Entek başym ýaşdy. Demir ýol ýakasyna gelmäge çekinmän duramokdym. Mollanyñ ogly diýip basarlarmyka diýip çekinýärdim. 1939-njy ýylda "Gazanjyk" garakölüçilik" sowhozynyñ "Öýleguşlukda" üçünji fermasy açyldy. Şol fermada dört aý işledim. Näme bolsa, şo bolsuna salyp, Gazanjyga gelip, iş soradym. Dokuz aý işledim. 1940-njy ýylyñ mart aýynda Aşgabat demir ýolunyñ Gazanjykdaky deposyna şägirt edip aldylar. Maşinistligi öwredýärdiler. 1940-njy ýylyñ sentýabrynda maşinistiñ kömekçisi boldum. 1943-nji ýylda arzuwyma ýetdim. Gazanjyk-Jebel, Gazanjyk-Bamy aralygyna gije-gündiz diýen ýaly agyr ýükli gatnardyk. 1954-nji ýylyñ maý aýy bolsa gerek. "Gazanjyk" sowhozynyñ direktory, raýonyñ alyjylar jemgyýetiniñ başlygy öýüme geldi. Olar: "Öýleguşlukdan magazin açmakçy. Adamlar gerek-ýarak zatlaryny Gazanjyga gelip, alyp gitmeli bolýarlar. Çopan-çoluk maşgalalary güzap baryny görýär. Maşinist bolup döwlete köp kömek etdiñ. Indi oglanlykda ýaşan obaña hyzmat etmeli" diúip aýtdylar. Otudym pikir etdim, ýüzden geçmek kyn. Söýgüli käriñ bilen hoşlaşmak has kyn, "nesip bilýär" diýip, açyk jogap berip bilmedim. Ertesi işe baranymda, deponyñ başlygy ýanyna çagyrdy. Ol hem şolaryñ sözüni gaýtalady. Garaz, nesip çekendir-dä, 1954-nji ýylyñ sentýabrynda magazin müdiri bolup işe başladym. Alyjylar magazine gelenlerinde birin-birin kime näme gerekdigini ýazyp alardym. Bir ýük maşyna ýeter çen edenimde, Gazanjyga gidip, raýon alyjylar jemgyýetiniñ skladyndan sargalan zatlary alardym. Sowhozdan bökdemän, maşyn bererdiler. Halk menden razydy. Saçy çalaranlar häzir bu güne çenli hoşaldyklaryny aýdýarlar - diýip, sözüni soñlady. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |